AZAT EUROPA WE AZATLYK RADIOSYNYÑ İOLBAŞÇYLYGYNA

 

AÇYK HAT

 

2008-05-10

Türkmen halky we türkmen medeniıeti XX asyrda stalinizmden agyr zulum gördi. Öz ilat sanyna görä gatnaşykda alanyñda, Türkmenistan stalinçilik repressiıalardan SSSR-de iñ köp adam ıitgisini çeken respublikadyr.

Millet hökmünde biziñ ıitgilerimiz diñe munuñ bilen çäklenmeıär. Stalinizm türkmenleriñ ruhy gymmatlyklaryna-da agyr talañ saldy. Orta asyrlardan bäri arap elipbiıini ulanyp gelen türkmenler 1927-nji ıylda meıletinlikde latyn elipiıine geçdiler. Netijede 30-njy ıyllaryñ ahyryna çenli Türkmenistanda ylym-bilim giñişleıin kök urdy. Türkmen-latyn ıazuwynda ıüzlerçe kitaplar, gazet-jurnallar çap edildi. Sowatsyzlygyñ esasan soñuna çykyldy.

Emma soñra 1940-njy ıylda Staliniñ buırugy boıunça, ähli türki dilli respublikalar, şol sanda Türkmenistan hem, ors grafikasynyñ esasynda döredilen elipbiıe zor bilen geçirildi. Bu bolsa, ıurtda ıañy ıola düşen okuwa, bilime agyr urgy boldy. Halkyñ sowatlylyk derejesi aşak gaçdy.

SSSR ıykylyp, 1991 ıylyñ 27-nji oktıabrynda Türkmenistan öz döwlet garaşsyzlygyny yglan edensoñ, öñdebaryjy türkmen intelligensiıasynyñ tagallasy bilen türkmen hat ıazuwy gaıtadan latyn grafikasyna geçirildi. S.Nyıazovyñ rejimi bu progressiv çäräni amala aşyrmaga mejbur boldy. Netijede türkmenleriñ ıaş nesli eııäm 15 ıyl bäri mekdeplerde we ıokary okuw jaılarynda latyn-türkmen elipbiıinde sowat öwrenıärler.

Komputer eııamynda, çylşyrymly Günbatar tehnologiıasynyñ durmuşa we önümçilige barha giñden, çuñdan ornaıan döwründe Türkmen ıazuwynyñ latyn grafikasyna geçirilmegi oñaıly ädim boldy. Aıratynam türkmen ıaşlary bu reformadan uly utuş gazandylar. Sebäbi olar üçin komputerleri we komputer tehnologiıasyny özleşdirmek, ulanmak has añsatlaşdy.

Türkmenistanda latyn grafikasyna geçilmegi diñe bir Türkmenistanyñ öz halky üçin däl-de, eıse tutuşlygyna dünıä türkmenleri üçin hem örän peıdaly boldy. Çünki latyn elipbiıi olar üçin umumy elipbiıe öwrüldi. Bu bolsa, dünıä türkmenleriniñ arasyndaky medeni gatnaşyklary has añsatlaşdyrdy we ıygjamlaşdyrdy.

Emma Türkmenistanda bu özgerişi yzyna gaıtarmaga synanyşıan güıçler bar. Olar merhum diktator S.Nyıazovyñ döwründe latyn elipbiıinde kitaplaryñ az çykarylanlygyny tutaryk edinip, türkmen ıazuwyny ıene-de kiril elipbiıine geçirmegi maksat edinıärler.

Bu adamlar türkmen milletiniñ geljegine töwerekleıin däl-de, eıse öz dar egoistik bähbitlerinden ugur alyp çemeleşıärler. Iñ erbedi-de, olar öz öñe sürıän şowakör ideıalary amala aşsa, türkmen milletine, medeniıetine, diline nähili agyr urgy boljakdygyny düıbünden göz öñünde tutmaıarlar. Emma dil we edebiıat ugrundan bilermenleriñ tassyklamagyna görä, häzirki wagtda Türkmen ıazuwyny kiril elipbiıine gaıtadan dolamak – bu Türkmenistanda sowatlylygy uzak möhletleıin ıok etmek bilen barabardyr!

Muña garamazdan, şeıle ideıany yzygiderli öñe sürıän adamlar bar. Olar dürli derejelerde öz pikirlerini geçirmäge synanyşıarlar. Hut şeıle çykyşlaryñ biri ıañy-ıakynda, ıagny 2008 ıylyñ 30-njy aprelinde we 1-nji maıynda ”Azatlyk” radiosyndan efire berildi. Nazar Hydaıberdiıewiñ taıynlan gepleşiginde hiç bir alternativ ıa-da tankydy belliksiz çykyş etdirilen Aşyrguly Baıryıew kiril elipbiıini öwüp, latyn elipbiıini ıerliksiz tankytlady. Haısydyr bir ”adyny aıtmakdan saklanan” näbelli adamlara salgylanyp, ol türkmen-latyn elipbiıiniñ ähmiıetini peseltmäge synanyşdy. A.Baıryıewiñ sözlerine görä, türkmen-latyn elipbiıi adamlaryñ kellesini agyrdıarmyş, kirill elipbiıi welin, beıle dälmiş. Nazar Hudaıberdiniñ şeıle häsiıetdäki çykyşlary efire berşi ilkinji gezek däl.

Bu ıagdaı ıurduñ içindäki we daşary ıurtlardaky türkmen intelligensiıa wekillerini, şol sanda bizi hem, ynjalykdan aıyrıar. Çünki Türkmenistan ıaly söz, metbugat azatlygy ıok ıurtda beıle ideıanyñ öñe sürülmegi örän howpludyr. Türkmenistanyñ prezidenti G.Berdimuhammedova ıakyn aradan ıetirilen şeıle nädogry pikiriñ ıol alyp, türkmen ıazuwyny gaıtadan kirile geçirmeli diıen ıalñyş netijä gelinmegi ahmaldyr.

”Azatlyk” radiosynyñ tribunasynyñ şeıle ters maksatlar üçin ulanylmagy bizi uly alada goııar.

Hormat bilen: 

Dr. Berdi Ahangari
Dr. Hangeldi Ownuk
Ak Welsapar, ıazyjy
İusup Kor
Bibi Sara Atamuradi
Taşli Kor
Annadurdy Hajyıev
Täjigül Begmedova, adam hukuklaryny goraıjy
Hajy Muhammed Kor
Rahmanberdi Agaıev
Merjen Kor
Aman Beşarati
Sukhan Kor
Täji Talibi
Juma Wahedi
Dawut Agzamov
Shahpour Davadji

Yakob Garagol
Naz Mohammad Fasihi
Anna Rahmanova, şahyr
Şamyrat Gulamov
Mäti Wakili
Timur Kor, turkmenkultur.com-saıtynyñ müdiri
Pendi Akmämmet, hudojnik
Wekil Teke