TÜRKMENISTANYÑ ”AGZYBIRLIK” DEMOKRATIK HALK HEREKETINIÑ İÜZLENMESI

Esger geımini geıen ıigitlere welaıatara bölünişik, ejizeganymlyk, gullukdaşynyñ üstünden atasyramak ıaly pis gylyklar ıaraşmaz!

2006-05-22



Türkmen Helsinki Fondunyñ soñky ıaıradan maglumatynda Türkmenistanda öz hökmany gulluk borjuny berjaı edıän esgerleriñ arasyndaky dowamly agzalalyklar, özara uruşlar, ejizeganymlyk, esgerleriñ welaıatara bölünşikleri, Milli Goşunda kök urıan atasyramak (dedovşina) ıaly ıaramaz hadysalar hakda anyk faktlar arkaly habar berilıär.

Bu habarda goşun gullugyndaky türkmen esgerleriniñ biri-birini urup horlayandyklary, öz gullukdaşlaryna agyr ten hem göwün ıarasyny salıandyklary habar berilıär.

Milli Goşunda hökmany gulluk borjuny berjaı edip ıören esgerleriñ özara agzybir däldikleri, olaryñ welaıatara bölünişip, özara uruşıandyklary, öñden gulluk edip ıörenleriñ atasyrap, soñky gelen ıaş esgerlere azar berıändikleri dogrusyndaky maglumatlar öñdenem az däldi.

Bu faktlar her bir türkmenistanlyda gahar-gazaby oıarman bilmez. Sebäbi beıle ıaramaz ıagdaıyñ goşun bölümlerinde ornaşmagy türkmen milli goşunyny içinden opurar we howply günde ata Watany ejiz we goragsyz galdyrar. Özara jet esgerlerden söweşjeñ goşun düzüp bolmaz, beıle goşunyñ söweşjeñlik ukyby pesdir. Dynçlykda welaıatlara bölünişip, garpyşyp, gyrlyşyp ıören esgerler Watanyñ üstüne howp abananda ol howpuñ öñünde durup bilmezler. Beıle goşuna, agzala esgerlere öz ykbalyny ynanan il, ıurt, döwlet agyr günde duşmana ıal bolar.

Eıse agzalıan meselede ähli günä esgerleriñ özündemi? İok, elbetde, bu beıle däl. Milli Goşunda harby düzgün-nyzam diıseñ gowşak. Serkerdeler we komandirler öz gulluk borçlaryny sowuk-sala ıerine ıetirıärler. Goşundaky umumy düzgün-nyzam halys gowşak. ”Agzybirlik” Demokratik Halk Hereketiniñ toplan maglumatlaryna görä, goşun gullugyndaky esgerlere berilıän iımitiñ hili soñky döwürde aıratyn pese gaçdy, esgerlere çalşyrgyç içki eşikler wagtly-wagtynda berlenok, esgerler wagtly-wagtyna hammama eltilenok. Bu bolsa goşun bölümlerinde antisanitar ıagdaıyñ, hapaçylygyñ döremegine getirıär.

”Agzybirlik Demokratik Halk Hereketi Türkmenistan döwletiniñ berkararlygyny üpjün etmeli örän möhüm ugurda işleriñ özakymyna goıberilendigine ünsi çekmek bilen Türkmenistanyñ hökümetinden we ıurduñ prezidentinden Milli Goşundaky bidüzgünçilikleriñ tiz soñuna çykmagy talap edıär!

Özüne ynanylan harby bölümde esgerleriñ arasynda agzalalyga, uruş-sögüşe ıol berıän komandirlerlerden we beıleki harbylardan berk jogap soralmalydyr! Gullukdaşyna ten we ahlak ıarasyny salıan esgerler harby Düzgünnama görä jogapkärçilige çekilip, degerli temmisini almalydyrlar.
Goşun gullugyna alnan türkmen esgeriniñ birine-de dynçlykda nähakdan ıara düşmeli däldir! Goşun gullugyna sagdyn çagalaryny ıollan ene-atalar olary sagdynlygyna-da garşylamalydyrlar!

Türkmenistanyñ ”Agzybirlik” Demokratik Halk Hereketi Türkmen Milli Goşunynyñ serkerdelerinden we komandirlerinden, şeıle-de gullukdaky esgerler bilen syıasy-terbiıeçilik işlerini geçirıän jogapkär adamlardan Türkmen Goşunynda kök urmaga synanyşıan özara agzalalyklary, welaıatara bölünişikleri we özara uruşlary günübirin ıatyrmagy talap edıär!

Biziñ bu çagyryşymyzy goşun gullugyndaky türkmen esgerleri-de eşitmelidirler. Türkmen esgerleri, siz masgaraçylykly özara uruşlardan çetde durmalysyñyz! Esger geımini geıen ıigitlere welaıatara bölünişik, ejizeganymlyk, gullukdaşynyñ üstünden atasyramak ıaly pis gylyklar ıaraşmaz!

”Agzybirlik” Demokratik Halk Hereketi goşun gullugyndaky esgerleriñ arasynda ıaıran özara uruşlary, atasyramagy, tarapgöılügi we welaıatara bölünşigi berk ıazgarıar!

”Agzybirlik” bu masgaraçylykly ıagdaıyñ öñüni almagy öz syıasy-jemgyıetçilik işleriniñ iñ aktual ugurlarynyñ biri diıip yglan edıär we bu ugurda ilat arasynda güıçli düşündiriş işlerini ıola goımagyñ örän zerurdygyny öz ıerlerdäki bölümleriniñ we agzalarynyñ dykgatyna ıetirıär.
 

TÜRKMENISTANYÑ ”AGZYBIRLIK” DEMOKRATIK HALK HEREKETINIÑ DAŞARY İURT BÖLÜMI