İURDA DOLANALYÑ!

2004.11.27

Eziz Türkmen kowmum, Türkmen ilim!

 Seniñ  üstüñe şu gün agyr howp, ölüp-ıitip gitmek howpy abanıar. Hiç haçan Türkmen şu günki düşen agyr güni ıali güne düşen däldir. Hemişe onuñ duşmany daşynda bolup, ol öz kimligini, mertebesini, ıerini, suwuny, malyny, mülküni hiç kime aldyrman, keseki güıçlerden gorap geldi. Hiç bir duşman onuñ topragyna girmäge milt edip billmändi. Hiç bir keseki onuñ gelin-gyzyna gabak galdyryp, göz gyzdyryp bilmändi. Bu gün onuñ duşmany içinden döräp, Türkmeniñ başyny iıip gutaryp barıar. Ne gaırasyndan, ne ilersinden, ne gündogaryndan, ne-de günbataryndan gelen duşmanyna boıun egmedik Türkmen, bu gün bir nadana dañylyp, nadip ondan başyny gutarjagyny bilmän otyr.

Galkyn, silkin, Türkmen! Dyzda gurbat, bilde kuwwat galan bolsa, soñky güıjüñi, gaıratyñy ıygna-da aıaga gal! Ady Türkmen bolan, Türkmen adyny göterıän her kes häzir özüniñ niredeligine, haısy ıurtdalygyna garamazdan, özge aladalary bir ıana goıup, bar ünsüni öz  asyl ıurduna, topragyna – Türkmenistana bermelidir! Türkmenistan howp astynda. Halk paıhyn bolup, yurt eıesiz galyp barıar. Soñky on üç ıylyñ “özbaşdaklygy” halky igledip, gedaı güne saldy, nadanlyga, nalajedeıinlige duçar etdi. Bu gün itde san bar, bizde san ıok diısegem öte geçdigimiz bolmaz. Bu ajy hakykat, muny aıtman oturmak bigaıratlyk bolar.

Türkmeniñ baılygyndan baıan, onda-da ıöne bir baıamak däl, milliarderlik derejesine ıeten daşary ıurtlylaryñ atlary barmak basyp sanardan köp. Olar Orusıetde, Ukrainada, Türkiıede, Ysraıylda, Amerikanyñ Birleşen Ştatlarynda, Fransiıada, Angliıada, Germaniıada, GDA döwletlerinde, Argentinada, gepiñ gysgasy, tas dünıäniñ ähli ıerlerinde derilerine sygman, şady-horram bolup gezişip ıörler. Türkmenler bolsa, bir döwüm çörege zar bolup, kime ıaranyp bir ıerden iş tapyp bolarka diıip ters aılanıarlar. Şeıdip olar gözgyny ıagdaıda çagaçyklarynyñ garynlaryny doıurjak bolıarlar, olary nadanlykdan, neşekeşlikden gutarjak bolıarlar. Türkmeniñ “Türkmenbaşysy” bolsa, agzynda aş gatyklap, Türkmene wada yzyna ıetişdiginden yzy gelmez wadalary berip, boş sözler bilen onuñ açlykdan ıellenen garnyny, hum ıaly çişen kellesini oñküden-de beter çişirıär. Türkmene bu gün jan gaıgy, Nyyazovyñ bolsa, puldan gözi doıanok hem özüni öwdürmekden başga aladasy ıok.

Oppözisiıada durıan güıçleriñ kabirleri Günbataryñ  demokratiıasyna, hasam beter Amerikanyñ Birleşen Ştatlarynyñ demokratiıasyna, Ynsan hukularyny goraıan Halkara guramalaryna bil baglap, Türkmenistana demokratiıany getirmäge kömek ederler diıip, tama etdiler. Käbirleri bolsa, kömege Orusıetden garaşdylar. Kömek gözlap, oppözisiıanyñ ıüz tutmadyk ıeri galmady. İöne hiç bir ıerden degerli kömek bolmady. Nyıazov ölmese, Türkmenistana barybam bolmaz, baranyñ bilenem iş bitmez diıip, Nyıazovyñ ölümine garaşyp oturanlaram ıok däl. Kömegiñ bolmanlygynda biz başgalary günälemän, özümizi günalemelidiris. Özüni oñarmaıana, özüne kömek edip bilmeıäne daşyndan biri gelip kömek etmez. “Nyıazov haçan ölerkä” diıip garaşyp oturmak hem uly ıalñyşlyk. Bir gün ölmelidigine Nyıazovyñ özem, onuñ golasty töweregem düşünıändir. Nyıazovdan soñky boljak döwre  Nyıazovyñ özem, onuñ golasty töweregem taıynlyk görıändir, olaram iki elini gowşuryp outran däldirler.

Oppozisiıa hiç ıerden kömege garaşman, Nyıazov haçan ölerkä diıip, onuñ ölümini diläp oturman, ıurda dolanyp, öz etmeli işini edip başlamaly. Özem ıurda näçe tiz dolansa, şonça-da onuñ işleri tiz rowaçlanar. Halk Nyıazovdan halys irdi. Häzir halkyñ oñüne düşüp, oña ıol gorkezen gerek. Elbetde, ıurda dolanmak hatarsyz däl. İöne öz janymyzdan gorkup otursak, biziñ bitiren işimiz bolmaz. Watan jandan ezizdir. İurda dolanalyñ!

Avdy Kulyıev