Ak Welsapar, türkmen ỳazyjysy

 

1956 ỳylda Türkmenistanda doguldy.

1973 ỳylda türkmen mekdebini,

1979 ỳylda Moskva Döwlet Universitetiniñ jurnalistika fakultetini,

1989 ỳylda Moskvanyñ Edebiỳat institutynyñ Ỳokary edebiỳat kurslaryny bitirdi.

1979-85 ỳyllarda Türkmen televideniỳesinde redaktor,

1985-86 ỳyllarda ”Magaryf” neshirỳatynda uly redaktor,

1986-87 ỳyllarda Türkmenistan Ỳazyjylar guramasynyñ rus dilindäki ”Aşhabad” jurnalynyñ proza we publisistika bölüminiñ müdiri.

 

1982 ỳyldan SSSR Jurnalistler guramasynyñ,

1987 ỳyldan SSSR Ỳazyjylar guramasynyñ agzasy.

 

”Kepjebaş” romany ỳazyjynyñ onunjy kitabydyr. Belli eserleri: ”Gawunkelle”, ”Ahal aỳak ỳeterde”, ”Böwsülen tümlük”, ”Egri gylyç”, ”Tilkiler tiresiniñ ary”, ”Mülli Tahyryñ hudaỳlygy”, ”Halkyñ haky” we beỳlekiler.

 

Türkmen çagalarynyñ we eneleriniñ agyr ỳagdaỳy, pagtanyñ monokulturasy, ỳurtdaky kommunistik diktatura garshy makalalary, söz, metbugat, demokratik azatlyklar we adam hukuklary ugrundaky çykyshlary sebäpli 1993 ỳylyñ 25-nji awgustynda Türkmenistan Ỳazyjylar we Jurnalistler guramalaryndan çykaryldy. Resmi häkimiỳetleriñ uzak yzarlamalaryndan, ỳanamalaryndan soñra ỳurdy terk etmäge mejbur boldy.

 

Ỳazyjylaryñ Halkara Pen-klubynyñ hormatly we Sweden Ỳazyjylar guramasynyñ agzasy. Erkin döredijiligi üçin Halkara amerikan grantyna we edebi stipendiỳalara mynasyp boldy.

 

 

 

1