Aman Esen

İOL HADYSASY

 

                  Ol sürüp barıan “Źiguli” awtomaşynynyñ radiosyny işledip goıberdi. Radiodan prezidentiñ şykyşy eşitdirilıärdi. “Gizlejek bolup durmalyñ, biziñ bu günümizi görüp bilmeıänler bar…bizi keçe telpek hasaplap, demokratiıanyñ nämedigini öwretjek bolıanlar bar. Bize emeli partiıalar gerek däl, öıkelänlerden bäş-on adam toplap, partiıa döretjek bolıanlar tapylar”...

                 Ol maşyny seresaplyk bilen sürüp barıardy, sebäbi gijäniñ birwagty bolmagyndan hem başga, çalaja çisñeıän ıagyş ıoly typançak ıagdaıa getiripdi. Şol wagyt onuñ gapdalyndan bir awtomaşyn gaty tizlik bilen öñe geçip gitdi. Ol kellesini ıaıkap “serhoşmy, namemi, sürüşi dagy nähili-aı” diıdi. Öñe düşen maşyn bolsa, biraz ara açanyndan soñ ala-şakyrdy bolup ıoluñ gyrasyndaky garyma düñderilip gitdi. Maşynyñ birnäçe gezek agdarylandygyny görüp ol allaniçiksi boldy we ıol hadysasynyñ bolan ıerine baryp maşynyny saklady. Radiodan bolsa çykyş dowam edıärdi, hamana hiç zat bolmadyk ıalydy. “Öñki SSSR-iñ döwründe, 70-ıyldan gowrak wagytyñ dowamynda biziñ baılyklarymyzy daşary alyp gitdiler”.

                 Ol maşynyndan düşdi. Daş-töwerekde iñlär siñek ıokdy. Geçıän ıekeje maşyn dagy göräıseñ nädersiñ. Biri ıanymda bolsa aljyramazdym diıip pikirlendi. Näme etjegini bilmän, dört tekeri ıokary galyp ıatan maşyna tarap ıöräp ugrady. Radiodan eşitdirilıän çykyş dowam edıärdi. “Başardygymyzdan halkyñ aladasyny edıäris. Gynansak-da. entek «Döwlet biz barada name alada edıär» diıip ıörenler hem bar”.

                 Ol düñderilip ıatan maşynyñ ıanyna bardy. Ses-üın ıokdy. Maşynyñ gapyrjaga dönendigini görüp “boljagy bolupdyr öıdıän” diıip oılandy.  Ulagyñ bolup ıatyşy içinde adam diri galjaga meñzemeıärdi. Birden onüñ gözi düñderilip ıatan maşynyñ dört tekeriniñ hem täzediginde saklandy. Özüniñ tekersiz kösenip, täze almaga pulunyñ ıetmän ıorendigini kellesinde aılap, täze teker edinmäge gowy pursat dörändigigini bilip, ol teker açıan açaryny almak üçin maşynyna tarap ylgady. Barybyr boljagy bolupdyr. Indi oña kömek edip bolmaz. İa-da almasammykam? Almasam, soñ öküner ıörerin. Maşynym hem uzak sürdürmez. Gowusy, alyp goıbereıin.  Hiç kim bir görmäbilseıdir. Radiodan çykyş dowam edıärdi. “Biziñ öñümizde, güıüçleri diñe bir ıere jemläp çözüp boljak meseleler durıar”

                 Ol tekerleri howlukmaçlyk bilen açyp aldy. İeke-ıekeden öz maşynyna çekip başlady welin birden-kä. Hawwa birden-kä düñderilip ıatan maşynyñ içinden “Kömek ediñ” diıen gowuşgynsyz ses eşidildi. Onuñ zähresi ıarylara geldi. Diri ekenow. Gaçmaly. Çaltyrak gaçmaly. Radio bolsa “Ykdysady ösüşimiz öz-özünden biziñ  adamlarymyzyñ hal-ıagdaıyny  gowulandyrmagy kepillendirip bilmeıär” diııärdi. Ol radionıñ gaty dogry aıdıandygyny hem şol aljyraññy ıagdaıynda bellemäge ıetişdi.

                 Ol çaltlyk bilen wakanyñ bolan ıerinden maşynyny gaty sürüp gitdi.