ANNA POLITKOVSKAİANY KIM ÖLDÜRDI?

 

2007-10-07

 

Anna Politkovskaıa geçen ıylyñ sentıabrynyñ ahyrynda Şwesiıanyñ Göteborg şäherindäki Halkara kitap ıarmarkasyna gelmelidi. Sebäbi 2006 ıylyñ 22-nji sentıabrynda ol ozalky sovet respublikalarynda söz azatlygy dogruda Halkara ıarmarkasynyñ dowamynda gurnalan seminara gatnaşmalydy. Ol seminarda biz üç jurnalist bolup çykyş etmelidik.

Emma Anna gelmeli wagty Göteborga gelmedi. Biz oña iñ soñky sagatlara çenli garaşdyk. Çykyşy gurnaıjylar başda Annany Orsıet häkimiıetleri Halkara ıarmarkasyna goıberen däldirler diıip çak etdiler. İöne jurnalistiñ özi muny maşgalasynda ıüze çykan gaıgyly waka bilen düşündirdi. Edil şol günler onuñ ozaldan hassa ıatan kakasy aradan çykan eken…

Netijede Anna Politkovskaıanyñ ıerine biziñ ıanymyza ıene-de bir azerbaıjan hukuk goraıjysyny goşdular we bellenilen 20 minutlyk çykyş Annasyz geçdi. Ozalky SSSR-den üç jurnalistiñ söz azatlygy hakdaky çykyşyny diñlemäge gelen köp sanly diñleıjiler-de, çykyşy gurnaıjylar-da bu ıagdaıa diıseñ gynandylar. İöne men welin, diñe bir çykyşyñ Annasyz geçenligine däl-de, eıse ozal bir fakultetde bir döwürde bile okan fakultetdeşim bilen duşuşyp bilmänligime has beter gynandym. Sebäbi biz Anna bilen bir döwürde Moskva Döwlet Universitetiniñ Jurnalistika fakultetinde okapdyk.

Halkara kitap ıarmarkasy tamamlandy. Şondan bary-ıogy iki hepde geçensoñ, ıagny 7-nji oktıabrda, men Adam hukuklaryny goramak boıunça Warşawada başlanan konferensiıa uçmak üçin ıola düşdüm. Aeroportda otyrkam hem maña Moskvada Anna Politkovskaıanyñ wagşylyk bilen öldürilenligi dogrusyndaky ajy habar gelip gowuşdy. Bu örän aıylganç habardy. Öz gulaklaryña ynanasyñ gelenokdy. Habaryñ ıalan bolmagyny isleıärdiñ. Emma az wagtdan ony köpçülikleıin habar serişdeleri uly hasrat bilen dünıä ıaıratdylar.

Ondan bäri dogry bir ıyl geçdi… Tegelek bir ıyl! Iki çaganyñ enesi, batyrgaı ıürekli jurnalist Annanyñ Moskvanyñ ortasynda gündiziñ güni wagşylarça öldürlenine 364 gün boldy! Emma henizem bu aıylganç işi edenler tapylanoklar! Öz hünärine wepaly jurnalisti öldüren jenaıatkärler azatlykda gezip ıörler. Özüne göwni ıetıän, dişine çenli ıaraglanan döwletiñ paıtagtynda gündiziñ güni adam atan jenaıatkärler tutulanoklar…

Annanyñ ölümi maña türkmen hukuk goraıjysy we jurnalisti Ogulsapar Myradovanyñ ölümini ıatladıar. Anna bilen Ogulsapar bir aıyñ dowamynda wepat boldular, ol ikisiniñ armanly ölüminiñ arasynda bary-ıogy 23 gün bar… Bu fakt ozalky SSSR-iñ territoriıasynda dowam edıän ıagdaıyñ örän meñzeşdigini görkezıär. Geçen ıylyñ sentıabrynda Halkara kitap ıarmarkasynda Anna bilen bilelikde biz hut şu hakda gürrüñ etmelidik. Arman, bolmady…

Türkmenistanda jurnalist zenany türmede gynap öldürseler, Moskvada onuñ kärdeşini göre gündiz atyp öldürdiler… Eıse iki jurnalist zenana, iki enä berlen bu jezanyñ arasynda näme tapawut bar? Bir ıurtda açyk edilıän jenaıat beılekisinde syrly dona bürenıär… Bu iki jenaıatyñ arasynda şondan başga ullakan bir tapawut görnenok.

İatan ıeriñ ıagty bolsun, Anna!
İatan ıeriñ ıagty bolsun, Ogulsapar!

Siz öz şirin janyñyzy hak söz, adalatyñ ıeñmegi, adam mertebesi üçin gurban etdiñiz. Siziñ bu pidañyz adamlaryñ ıüreginde ebedilik galar!

A.Welsapar, ıazyjy, jurnalist