IKI DÖWRÜÑ ARALYGYNDAKY GOZGALAÑ
Bu gün Aşgabatda 1995 ıylyñ 12-nji iıulynda bolan parahatçylykly gozgalaña 11 ıyl dolıar
2006-07-12


On bir ıyl mundan öñ, 1995 ıylyñ 12-nji iıulynda Türkmenistanda höküm sürıän adalatsyz rejime garşy ıurduñ paıtagtynda parahatçylykly ıöriş bolup geçdi. Ol ıörişe iñ azyndan bir müñden gowrak adam gatnaşdy. Saparmyrat Nyıazovyñ we onuñ ıal-ıagylarynyñ gonjuna gor guıan bu parahatçylykly gozgalañ rehimsiz basylyp ıatyryldy.

Nyıazovyñ jenaıatçy rejimi gozgalaña gatnaşanlardan gazaply öç aldy. Ençeme ıaş oglanlar türmä atylyp, rehimsiz urlup, ıenjilip maıyp edildiler. Gozgalaña gatnaşanlardan Suhanberdi Işanov edilen sütemlere hem zor bilen öz ıoldaşlarynyñ garşysyna diıdirilen sözlere namys edip, bir hepde şondan soñ özüni asyp öldürdi. Gozgalañçylaryñ ıene biri Çarymyrat Gurov şondan üç ıyl soñ, 1998 ıylyñ 7-nji ıanwarynda türmede wagşylarça gynalyp öldürildi. Daşary ıurt türkmen oppozisiıasyna gelip ıeten käbir maglumatlara görä, Çarymyrat neressäniñ ölmezden öñ gözleri oıulypdyr. Beıle wagşyçylygy eden adamlar şol gün öz atlaryny adam sanyndan öçürendiklerini bilmelidirler.

Öz hak-hukuklary üçin köçä çykan ıaşlaryñ gozgalañyna ıolbaşçylyk eden sekiz adam türmede uzak saklanyldy we ”Aşagabat sekizligi” adyny alan topar Adam hukuklaryny goraıjy halkara guramalary we Halkara jemgyıetçiligi tarapyndan syıasy tussaglar we vyjdan bendileri diılip yglan edildi.

Öz hak-hukugy, Türkmenistanda demokratik döwlet gurluşy, söz azatlygy, deñhukukly saılawlar ugrunda baş göteren adamlara S.Nyıazovyñ ogry hem adaltsyz hökümeti ”tüpbozanlar” diıip at berdi. Emma Türkmenistanda bikanun höküm sürıän ogry rejim her näçe jan etse-de, gozgalaña gatnaşanlaryñ adyny zaıalap bilmedi. Türkmen halky-da, Halkara jemgyıetçiligi-de 1995 ıylyñ 12-nji iıulynda Aşagabatda näme bolup geçendigini örän gowy bilıärler.

On bir ıyl mundan öñ Aşgabat gozagalañyna gatnaşanlar adam hukuklary, söz azatlygy, deñhukukly saılawlar, demokratik özgerişler üçin baş göterdiler. Muny Türkmenistanyñ halky-da, Halkara jemgyıetçiligi-de örän gowy bilıär. Her näçe arrygyny gynasa-da başistik propaganda 1995 ıylyñ 12-nji iıulynda Aşgabatda bolup geçen parahatçylykly gozgalañy we oña gatnaşanlaryñ adyny garalap bilmedi. Olar azatlyk ugrunda göreşijiler hökmünde taryha girdiler.

Ol gozgalañ sovet döwri bilen şondan soñky başlanan döwri ikä bölen möhüm wakadyr. Türkmenistanyñ ıaşaıjylary şondan soñ sovet gurluşynyñ, şondan öñki endik edilen düzgünleriñ geçmişde galandygyny, mundan eıläk adam şekilli ıaşajak bolsañ, munuñ üçin göreşmeli boljakdygyny, ol göreşiñ agyr, hatda ganly göreş boljakdygyny gördüler.

”Agzybirlik” Demokratik Halk Hereketiniñ geçen asyryñ 80-nji ıyllarynyñ soñunda, 90-njy ıyllarynyñ başlarynda eden köpsanly ıüzlenmelerini, demokratik özgerişler, söz azatlygy ugrunda batyrgaı göreşe galkmaga çagyryşlaryny perwaısyzlyk bilen gulaklarynyñ duşundan geçiren adamlar şondan soñ öz perwaısyzlyklarynyñ netijesini gördüler we rehimsiz Orta asyr döwlet düzgünlerine görä dolandyrylıan ıurtda ıaşaıandyklaryny boıun almaly boldular.

1995 ıylyñ 12 iıulynda Aşgabat ıörişine gatnaşanlar bolsa öz atlaryny Türkmenistanyñ garaşsyzlygy ugrundaky göreşiñ taryhyna öz atlaryny ıazdylar. Olaryñ görkezen gaıraty, batyrlygy hiç haçan ıatdan çykmaz, ol göreşiñ tejribesi ıurtda häzire çenli-de höküm sürıän adalatsyz, ogry we rehimsiz nyıazovçylyk rejimden dynmaga kömek eder.

A. Welsapar, ıazyjy