GÖREŞE BAGYŞLANAN ÖMÜR

BIRLEŞEN TÜRKMEN DEMOKRATIK OPPOZISIİASYNYÑ BAŞTUTANY AVDY KULY 70 İAŞADY!

2006-07-30
 

Birleşen Türkmen Demokratik Oppozisiıasynyñ (ODOT) lideri Avdy Kuly bu gün 70 ıaşaıar. Avdy agany bu sene bilen gutlap we oña tut ıaly jan saglyk arzuw etmek bilen biz bu gün onuñ terjimehalyndan iñ belli faktlary ıatlap geçmekçi.

Avdy Kuly 1936 ıylyñ 30-njy iıulynda Türkmenistanda dogulıar. Kynçylyklar onuñ maşgalasynyñ ıakasyndan ol entek dogulmazdan öñ ilipdir. Sovet hökümeti ilki onuñ babasynyñ emlägini elinden alıar, soñra-da babasynyñ özi heläkçilige uçrap, wepat bolıar. Avdy Kulynyñ kakasy Öwez Kuly ogly dogulmazyndan öñ milletçilikde we sovet häkimiıetiniñ garşysyna iş görmekde aıyplanyp, 10 ıyl türme tussaglygyna höküm edilıär. Öwez Kuly 1946 ıylda tussaglykdan gaıdyp gelıär, 1955-57 ıyllarda ol doly aklanıar.

Eger-de Öwez Kulynyñ meşhur 9 Aşgabat komissarlarynyñ biri, gyzyl komandir Öwezberdi Kulynyñ inisidigini unutmasañ, onda stalinçilik rejimiñ nähili ikiıüzlidigine göz ıetirmek kyn däl. Türkmenistanda sovet häkimiıetiniñ gurulmagy ugrunda gaıduwsyz göreşen, ilkinjileriñ biri bolup janyny orta goıan, meıletinçilerden gyzyl esgerleriñ otrıadyny düzüp, oña serkerdelik eden adamyñ inisini toslama günälerde aıyplap, 10 ıyl türmä basmak heı-de kellä geljek zatmy? Agzalıan döwürde, gynansagam, beıle hadysa gündelik duşup duran eken. Avdy Kulynyñ maşgalasy-da şeıle süteme sezewar edilipdir.

Emma ähli kynçylyklara garamazdan, Avdy Kuly orta mekdebi örän gowy bahalar bilen gutarypdyr. Bu barada onuñ özi ”Orta mekdebi gutaranlyk attestatymda diñe iki sany dörtlük baha bardy, galanlary sap bäşlikdi” diıip ıatlaıar. Soñra ol Türkmen döwlet Universitetiniñ filologiıa fakultetine okuwa girıär we ony 1960 ıylda üstünlikli tamamlaıar.

Avdy Kuly Universitetden soñ Türkmenistanyñ Ylymlar Akademiıasynyñ Dil we Edebiıat institutynda işe başlaıar. Şol ıerde-de öz geljekki ıanıoldaşy Gül Ataıeva bilen tanyşıar. Avdy Kylynyñ öz aıtmagyna görä, onuñ gatnaşmagynda 1968 ıylda ”Iki halkyñ pähimi” atly türkmen-rus frazeologik sözlük çap edilıär. İöne ondan has öñ, 1965 ıylda Avdy Kuly eııäm Moskvadaky Azyıa halklarynyñ institutyna okuwa kabul edilıär. Institutda ol arap dilini öwrenmäge girişıär. Okuwy tamamlansoñ ony İemendäki sovet ilçihanasyna rus dilini okatmak boıunça kurslaryñ müdiri edip işe iberjekdiklerini aıdıarlar. Ol ıere işe gitmek üçin häsiıetnama almaly bolanda, oña studentkä goıberen ”säwligini” bahana edinip, Aşgabatda içi kituwli Afanasıev diıen biri päsgelçilik döretmäge synanyşıar. Emma Türkmenistan Ylymlar Akademiıasynyñ prezidenti Pygam Azymov ıaş oglany goldaıar, oña ynam bildirıär we onuñ daşary ıurda işe gitmegine ıol açıar. İemendäki sovet ilçihahasyna işe gitmek üçin taıynlyk görıän döwründe Avdy Kuly Türkmenistan Ylymlar Akademiıasynda ”Türkmen dilinde garyndaşlyk terminleri” diıen temadan alymlyk işini goramaga ıetişıär. Mundan başga-da ol Moskvada ”Sovet ensiklopediıasy” neşirıatynda 1968 ıylda çap edilen ”Türkmençe-rusça sözlügi” düzmäge gatnaşıar.

Ahyrsoñy tegelek bir ıyla çeken taıynlyk işleri tamamlanyp, Avdy Kuly İemene işe ugraıar. Ol ıerde 1968-70 ıyllar aralygynda ynanylan wezipäni ıerine ıetirıär. Soñra oña ilçihananyñ özünde iş hödürleıärler. Bu hödürlenen iş bilen bagly-da ol 1971 ıylda kommunistik partiıanyñ hataryna girıär. Şondan soñ Avdy Kuly Demirgazyk İemendäki sovet ilçihanasynda sekretar-terjimeçi, attaşe, vice-konsul wezipelerde işleıär.

1974-76 ııllar aralygynda Avdy Kuly Moskvada Diplomatik Akademiıada okaıar. Akademiıany bitirenden soñ, şol ıylyñ awgustynda oña ikinji klasyñ birinji sekretary diılen diplomatik dereje berilıär we Günorta İemendäki sovet ilçihanasynyñ birinji sekretary wezipesine işe bellenıär.

Günorta İemende Avdy Kuly üç ıyl işleıär. 1979 ıylda ıene-de Moskvadaky Diplomatik Akademiıa, dokuz aılyk kämilleşdiriş kurslaryna okuwa girıär. Dogrusy, ıubilıaryñ öz ıatlamalaryna görä, bu gezekki kurslara ol mejbury ıagdaıda başlamaly bolıar. Sebäbi şol wagtlarda hökmany öwrenmeli bolan Brejneviñ kitaplaryny öwrenmekden boıun towlany üçin ony daşary ıurtdan yzyna, Moskva çagyrıarlar. İagşy niıetli adamlaryñ biriniñ jaıdar maslahaty bilenem ol bu okuwy gutarıançam ”ıa şa öler, ıa geda” diıen pähime uıup, Diplomatik Akademiıadaky kurslara başlaıar.

Kämilleşdiriş kurslaryndan soñ ony SSSR Daşary işler ministrliginiñ (DIM-niñ) merkezi apparatynda işe belleıärler. 1981 ıylda Avdy Kuly ıene daşary ıurda ıola rowana bolıar, bu gezek ony SSSR-iñ Kuweıtdäki ilçihanasynyñ birinji sekretarlygyna belleıärler. Şondan soñky üç ıylyñ dowamynda Avdy Kuly ilçiniñ geñeşçisi diıen derejä we wezipä mynasyp bolıar. 1986 ıylda ol SSSR DIM-niñ İakyn Gündogar bölüminiñ geñeşçisi wezipesine bellenilıär. 1987 ıylda Oman döwletinde SSSR-iñ ilçihanasy açylanda ony açmak Avdy Kula ynanylıar we Oman soltanlygynda oña ilçiniñ wezipesini wagtlaıyn ıerine ıetirijiniñ wezipesi berilıär. 1988 ıylda bolsa oña Katar döwletinde sovet ilçisiniñ wezipesini wagtlaıyn ıerine ıetirmek ynanylıar. Bir ıyl soñra, ıagny 1989 ıylda Avdy Kulyny ıene-de Moskva çagyrıarlar.

”1989 ıylda SSSR DIM-niñ merkezi apparatynda, Moskvada işläp ıörkäm Türkmenistana dolanmagy ıüregime düwdüm. Men: ”Bes, 20 ıyl Watandan alysda boldum, indi dogduk depä dolanmaly” diıen karara geldim. 1990 ıylda Türkmenistanyñ baştutany, Sapamyrat Nyıazov bilen duşuşmakçy boldum, ilkinji synanyşygym şowsuz gutarsa-da, soñra 1990-yñ 24-nji maıynda men, eger Daşary işler ministri wezipesi ynanylsa, nähili işlejekdigimi görkezıän programmam bilen Türkmenistanyñ parlamentinde, deputatlaryñ öñünde çykyş etdim we kandidaturam oñlanyp, tiz wagtdan Türkmenistanyñ Daşary işler ministri hökmünde işe başladym. Ol döwür, umuman alanyñda, gyzklydy. Öñ iş ıüzünde Daşary işler ministrligi düıbünden bolmadyk Türkmenistanda hemme zatlar tarpdan guralıardy, her günüñ täzelikdi, işlemegem, gurmagam, öwrenmegem gyzyklydy. Näçe kyn hem bolsa gyzyklydy. Göräımäge, Türkmenistanda-da aç-açanlyk, kanunçylyk, söz azatlygy ıol alaıjak ıalydy. Emma bu zatlar, gynansagam, uzaga gitmedi” – diıip, Avdy Kuly özüniñ Türkmenistanyñ daşary işler ministrligine ıolbaşçylyk eden döwri bolan 1990-92 ıyllary ıatlaıar.

1992 ıylyñ iıulynda Avdy Kuly Saparmyrat Nyıazovyñ gitdigiçe diktatorçylyga ıykgyn edıän iş stili bilen ylalaşman, öz wezipesinden el çekıär. Bu, elbetde, protest çäresidi. Şol wagt Türkmenistanda muña düşünmeıän ıokdy. Sebäbi soñky döwürde Avdy Kuly televizorlaryñ ekranlaryndan gaıyp bolupdy, onuñ özi-de, çykyşlary-da halka ıetenokdy. Şonuñ üçinem halk köşkde nämelerdir bir zadyñ bolup geçıändigini añıardy. Bu kynçylygyñ başlangyjyndan-da, sebäbinden-de il-gün bihabar däldi. İurtda Avdy Kulynyñ abraıy ıokary galyp, Sapamyrat Nyıazovyñ abraıy-da öñküdenem beter aşak gaçıardy. Köpçüligiñ arasynda ”Eger Avdy Kuly Nyıazovyñ deregine prezident bolsa gowy bolardy” diıen pikir barha giñ ıaıraıardy. Daşary ıurtlarda işläp, döwlet ıolbaşçysynyñ özüni nähili alyp barmalydygyny öwrenen, diplomatik etiketleri bilıän Avdy Kulynyñ ıanynda Saparmyrat Nyıazov özüni oñaısyz duııardy, iliñ öñüne beıle işgär bilen bile çykmak-da onuñ üçin utuşly däldi.

Halkyñ Avdy Kula bildirıän ynamy 1992 ıylyñ 21-nji iıunynda Türkmenistanyñ prezidentligine saılawlar geçirilende has-da belli boldy. Şol saılawda prezidentlige diñe bir adamyñ, ıagny Saparmyrat Nyıazovyñ kandidaturasy hödürlenipdi. Saılaw bulleteninde-de diñe Nyıazovyñ ady bardy. Emma, muña garamazdan, ”Agzybirlik” Demokratik Halk Hereketiniñ toplan maglumatlaryna görä, saılawçylaryñ iñ azyndan 10 müñden gowragy bulletenlerde Saparmyrat Nyıazovyñ adyny çyzyp, Avdy Kulynyñ adyny ıazypdylar. Elbetde, bu fakt Saparmyrat Nyıazovyñ-da, onuñ kandidaturasyny ölüp-öçüp öñe itekleıän päliıaman adamlaryñ-da gonjuna gor guıdy. Şondan soñ kän wagt geçmänkä mawy ekranlardan Avdy Kuly gaıyp boldy, ol diñe säwlik bilen görnäımese, ony görkezmeklerini bes etdiler. Kän wagt geçmänkä-de, onuñ öz wezipesinden gidıändigi belli boldy.

Şunlukda 1992 ıylyñ iıulyndan başlap Avdy Kulynyñ ady Saparmyrat Nyıazovyñ garşydaşlarynyñ arasynda tutulyp ugrady. Emma Türkmenistanyñ ozalky Daşary işler ministri S.Nyıazovyñ rejimine garşy açyk oppozision işe girişıänçä ıene-de birnäçe aı geçdi. Barybir munuñ şeıle boljakdygyna Türkmenistanda köpçülik şübhelenenokdy. Avdy Kuly köpçüligiñ ynamyny bu meselede ıere çalmady, ol bary-ıogy birnäçe wagtdan ilkinji gezek ”Azatlyk” radiosynda özüniñ näme sebäpden wezipeden çekilendigini gürrüñ berdi. Soñra-da Moskva gidip, ol ıerde tiz wagtdan ”Türkmenistan” fonduny döretdi we Türkmenistanda demokratik hukuk döwletini gurmak ugrundaky göreşe goşuldy.

Ondan bäri, görüp otursak, eııäm tegelek 14 ıyl geçipdir! Bu geçen döwürde Avdy Kuly Türkmenistanda demokratik özgerişleri amala aşyrmak ugrundaky yzygiderli göreşiji hökmünde ıurduñ ilatyna-da, Halkara jemgyıetçiligine-de özüni tanatmaga ıetişdi. Avdy Kulynyñ öz wagtynda Moskvada guran ”Türkmenistan” fondunyñ we soñra ”Agzybirligiñ” inisiativasy bilen 1997 ıylda döredilen BIRLEŞEN DEMOKRATIK TÜRKMEN OPPOZISIİASYNYÑ (ODOT) baştutany hökmünde alyp baran tutanıerli we dowamly işiniñ netijesinde Türkmenistanda emele gelen aıylganç başistik rejimiñ syrlary açyldy. Halkara hukuk goraıjy guramalar-da, Günbatar döwletleriniñ baştutanlary-da, Halkara jemgyıetçiligi-de eııäm baryp-ha 90-njy ıyllaryñ ahyryna çenli Türkmenistanda nähili döwlet gurluşynyñ ıeñenliginden doly habarly edildiler.

Birleşen Demokratik Türkmen Oppozisiıasynyñ (ODOT) we onuñ baştutany Avdy Kulynyñ dowamly we tutanıerli göreşi netijesinde Saparmyrat Nyıazovyñ ıakyn egindeşlerinden ençemesi dürli ıyllarda oppozisiıa gelip goşuldylar. Elbetde, bu meselede olaryñ öz düşewüntli wezipelerinden masgaralanyp kowulmaklary-da az rol oınan däldir… Olaryñ arasynda özüni ozal halka ıigrendiren adamlaryñ-da bolmagy, türkmen oppozisiıasynyñ işiniñ mundan eıläk has çylşyrymlaşjaklygyny añladıan we asla äsgermezçilik edip bolmajak aıratynlygydyr.

Elbetde, ”Soñ gelen söze batyr” diılişi ıaly Nyıazovyñ egindeşleri añyrdan gelenlerinde ”hakyky oppozisionerler biz, siziñ bitiren işiñiz ıok" diıip, dübleşip gelıärler, emma iş usullary, özlerini alyp baryşlary, gedemlikleri tiz wagtda olaryñ oppozisiıa mejbury goşulandyklarynyñ, iş ıüzünde olaryñ hakyky oppozisionerleri ıigrenıändikleriniñ üstüni açıar. Avdy Kulynyñ rus basnıaçysy Ivan Krylovdan terjime eden basnıalarynyñ (edebiıat Avdy aganyñ zehininiñ dogabitdi ugurlarynyñ biri!) birinde gürrüñ berilıän düşdüşi dek, öz kereplerini ulanyp, agajyñ çür depesine dyrmaşmaga synanyşıarlar. İöne öwsüp gelen güıçlüräk şemalyñ ugruna-da, kerepleri gyrlyp, ıok bolup gidıärler. Gedemlik, gopbamsylyk olaryñ işini görıär.

Göreş meıdanynda öñküsi ıaly ıene-de uzakçyl hem adalatly, saıhally göreşijiler galıarlar. Bu göreşiñ iñ möhüm bölegine ençeme ıyllardan bäri ıolbaşçylyk edip gelıän we bu gün 70 ıaşyny dolduran Avdy Kuly özüniñ sabyrly, uzakçyl göreşijidigini bireııäm subut etdi.

Hormatly Avdy aga, ”Agzybirlik” Demokratik Halk Hereketi Sizi 70 ıaşyñyz bilen gyzgyn gutlaıar we Size berk jan saglyk arzuw edıär!

Türkmenistanda demokratik hukuk döwleti gurulıança, dogduk topragymyzda adam mertebesi hemme zatdan öñe geçıänçä, ıurdumyzda söz azatlygy, köppartiıalylyk, erkin saılaw hukuklary ıeñıänçä gol gowşuryp, arkaıyn oturmajagyñyzy bilıänligimiz üçin Size başlan göreşiñizi ıeñişli tamamlamagy arzuw edıäris! İeneki ıaş toılaryñyzy Türkmenistanda dogan-garyndaş, il-gün bilen bile toılamak miıesser etsin!

Gutlaglar bilen Türkmenistanyñ ”Agzybirlik” Demokratik Halk Hereketi we ”Agzybirliik” internet saıtynyñ Redkollegiıasy