A.Welsapar, ıazyjy

AZAPSYZ İERIÑ – ADY İOK!

2007-03-14

 

Türkmen anthor halk däl. Biziñ ata-babalarymyz hiç haçan hem ant içip, awy ıalap, birewi ynandyrjak bolmandyrlar, mydama öz sözleriniñ üstünde tapylyp, ynam gazanypdyrlar. Ant içmäge derek, türkmenler öz sözlerini antyñ, kasamyñ derejesine çenli belende götermegi başarypdyrlar! Lebizlilik, beren sözüñe wepaly bolmak tüıs türkmençilige mahsus gylykdyr.

Gören ıerinde ant içip ıören adamyñ ıüpüniñ üstünde kim odun goıar? Ant içmäge ilgezik kişi ony gyssansa, bozmaga-da ilgezikdir. Elbetde, kasamyñ, antyñ gerek ıeri hem bar. Meselem, goşun gullugynda, harby işlerde. Ideologiki taıdan ıapyk gurama girıänler-de öz guramasynyñ, serdarynyñ öñünde kasam edip bilerler. Sovet döwründe kompartiıa, komsomola ıa pionerlige girıänlere kasam etdirilmegi ıöne ıerden däldi, sebäbi olar beli bir ideologiıa gulluk edıän guramalardy.

İöne bütin millete bir adama wepaly boljak diıip kasam etdirmek – barypıatan gabahat iş! Beıle kasama wepaly bolmak hem kyn. Sebäbi bütin millet bir ideıa (meselem, dogduk topragy ösdürmek, oña wepaly bolmak ideıasyna) gulluk edip biler, ıöne ol bir ideologiıa (bir partiıanyñ ıa-da bir adamynyñ pikirine) gulluk edip bilmez! Sebäbi-de düşnükli bolsa gerek. Hatda hemmeler uçin umumy bolan DOGDUK TOPRAGY GÜLLÄP ÖSİÄN İURDA ÖWÜRMEK diıen ıaly örän düşnükli we ıönekeı ideıanyñ-da ençeme çözgüdi bolup biler. Bu maksada barıan ıoly her kes özüçe görıär. Şonuñ üçinem kadaly ösıän ıurtlarda dürli syıasy partiıalar döreıär we olar bütin millet üçin umumy ideıany özleriçe amala aşyrmaga synanyşıarlar. Olaryñ döwlete, dogduk topraga wepalylygynyñ derejesini diñe Konstitusiıa, demokratik kanunlar we Jenaıat Kodeksi kesgitläp biler, kasam däl.  

Diımek, Saparmyrat Nyıazovyñ döwründe bütin türkmen halkyna gije-gündiz kasam etdirip ıörülmegi uly ıalñyşlykdy. Hudaıa şükür, bu ıalñyşlyga duşünıän kän eken. Aşgabatda 9-njy martda  Türkmenistanyñ täze hökümeti işe başlanda bu aıan boldy. Prezident Gurbanguly Berdimuhammedovyñ baştutanlygynda geçen Türkmenistanyñ Ministrler Kabinetiniñ ilkinji ıygnagynda kasamy düıpli çäklendirmeli diıen karara gelindi we bu işiñ çözgüdi ıurduñ Parlamentine (Mejlisine) tabşyryldy.

Türkmen döwletiniñ abraıyny peseldıän ıene bir gelşiksiz endik bardy, ol hem S.Nyıazovyñ her baran ıerinde özüni öwüp aıdym aıdan aıdymçylara jübüsinden çykaryp, döwletiñ puluny paılap ıörmegidi. Bu örän erbet göreldedi. Döwletiñ çür başynda oturan adam özi hakda aıdym aıdylsa, hezil edıär, muña ynanıar, monça bolıar! Özüni öwenlere para berıär! Döwlet baştutany şeıdip ıörse, nädip ıurtda parahorluk gutarsyn?

Türkmen döwletiniñ abraıyny peseldıän bu ıaramazlygyñ-da soñy geldi. Prezident G. Berdimuhammedovyñ hut özi ıaramaz ıörelgäni ıatyrmagy teklip etdi. Bu örän uly iş. Türkmen mekdeplerinde we İokary okuw jaılarynda kadaly okuw möhletiniñ dikeldilmegi-de diıseñ zerurdy. Meniñ pikirimçe, bu ıönekeı ädimlerden hakyky türkmen döwletiniñ gurluşygy başlanıar… Indiki wezipe okuwyñ, işiñ hiline üns bermek.

Özüñden öñki ıolbaşçynyñ ıörelgesine eıermek, öñe süren ideıalaryna wepaly bolmak diımek, onuñ ıalñyşlaryny gaıtalamak diımek däldir. Baş ideıa belli: Türkmenistany gülläp ösıän ıurda öwürmek, ony bütin dünıäde hormatlanylıan döwletleriñ sanyna goşmak, halky bagtly durmuşa ıetirmek. İöne bu ideıany Gaıgysyz Atabaı bilen Nedirbaı Aıtak, Şaja Batyr, Saparmyrat Nyıazov dagylaryñ hersi özüçe durmuşa geçirjek boldy. Başky üçüsinde özbaşdaklyk hem Günbatar ıurtlaryndan görelde almaga ygtyıar ıokdy, soñkuda-da düşünje hem isleg bolmady. Indi gezek Gurbanguly Berdimuhammedovyñky. Taryh oña Türkmenistany demokratik hukuk döwletine öwürmäge deñi-taıy bolmadyk mümkinçiligi eçildi. Ol şondan peıdalanarmy ıa-da ıok – mesele şunda.

S.Nyıazov prezident däldi, ol TKP MK-nyñ iñ soñky 1-nji sekretarydy! SSSR ıykylansoñ hem ol tä ömri ötıänçä garaşsyz Türkmenistany TKP MK-nyñ 1-nji sekretary hökmünde dolandyrdy.

Elbetde, taryh S.Nyıazova prezident adyny almaga-da, oña mynasyp bolmaga-da mümkinçilik berdi, emma Nyıazov ondan peıdalanmady, Prezident adyna mynasyp bolup bilmedi. Özüne ”serdar” diıdirdi, ”türkmenbaşy” diıdirdi, garaz, ıurdy kanuna görä dolandyrandan her zat edenini gowy gördi. Öz adynyñ yzyna tirkelıän ıuwan titullaryñ hemmesini jemläniñde bir ”prezident” titulyna degmeıänligine ol düşünmedi. ”Serdar” diımek bu ullakan dereje däl, bäş sany galtamanyñ öñüne düşene-de serdar diıilıär. İöne prezident örän belent at. Prezident bolmak üçin hatda ıurduñ baştutany bolanyñ hem entek ıeterlik däl. Onuñ üçin ıurtda demokratik döwlet institutlarynyñ döredilmegi gerek. Häkimiıetiñ Kanun çykaryjy, İerine ıetiriji hem Sud şahalaryna bölünmegi we olaryñ üstünden bütin jemgyıetçiligiñ gündelik gözegçiligini üpjün edıän söz, metbugat azatlygynyñ bolmagy zerur. Şol demokratik institutlaryñ ıok ıerinde prezident ıokdur we bolup hem bilmez.

S.Nyıazov hiç haçan muña düşünmedi, netijede ol prezident diıen belent derejä ıetip bilmän gitdi. Şonuñ üçin hem ”Türkmenistanyñ ilkinji prezidenti” diıen belent at häzirlikçe eıesiz. Ol ada entek kimiñ mynasyp boljagy belli däl. Bu wezipe özüne mynasyp, edenli adama garaşıar. Eger SSSR ıykylansoñ S.Nyıazov alternativ prezident saılawlaryny geçirip, şol saılawlarda-da adalatly ıeñiş gazanan bolsady, onda ol halka söz, metbugar azatlygyny bermekden gorkmasa-da bolardy. Şonda onuñ öz ykbaly-da, ıurduñ ykbaly-da has başgaça bolardy. Emma S.Nyıazov arpa ekip, bugdaı orjak boldy, bu-da başartjak iş däl.

G.Berdimuhammedov özünden öñki ıurt baştutanynyñ bu goıberen tragiki ıalñyşyny sapak edinermi? İurt ullakan sosial sarsgynlaryñ üstünden barmazdan öñ demokratik hukuk döwlet institutlaryny döretmäge girişermi? Azabyndan gaçman, Türkmenistany döwrebap döwlete öwürmek üçin diıseñ zerur bolan demokratiki reformalary geçirermi? Bu soraglaryñ jogaby häzirlikçe belli däl.

Elbetde, ıurdy demokratiki usulda dolandyrmak añsat diııän ıok. Winston Çerçill aıtmyşlaıyn, demokratiıa ideal gurluş däl, ıöne mesele adamzadyñ entek şondan kämil döwlet gurluşyny tapmanlygynda. İurdy ıurt, döwleti döwlet etjek bolsañ, başga alaç ıok – diñe şu kyn ıoldan ıöremeli. ”Azapsyz ıeriñ – ady ıok” diılip oınamaga aıdylanok. Azaply bolany üçinem bu döwlet gurluşynyñ anyk ady bar – Demokratiıa. Galan ähli beıleki döwlet gurluşlary her edip, hesip edip, öz atlaryny gizleıärler, iñ aıylgançlary bolsa köplenç özlerini Demokratiki döwlet diıip yglan edıärler, hökman Demokratiıanyñ arkasyna bukulıarlar.

Emma  ıurtda çynlakaı demokratiki gurluş ıeñmese, halk döwleti dolandyrmaga gatnaşdyrylmaıar, erkin saılawlara-da, söz, metbugat azatlygyna-da ıol berilmeıär. Beıle ıurtlarda köplenç halkyñ roluny oınaıan galp guramalar döredilıär. Türkmenistandaky Halk maslahaty munuñ iñ aıdyñ mysalydyr!

Türkmenistan ıaly ıurtlarda halkyñ döwletden göwni geçgin bolıar. Öz döwletinden, ıurdundan göwni geçen milletiñ ruhy hem ahlak sypatlaryna agyr şikes ıetıär. Halk ahlak derbi-dagynçylygyna uçraıar. Milletiñ ahlak taıdan aıratyn pese düşmegine getirıän döwlet gurluşy hökmünde başyçylyk Türkmenistany we kvazidemokratik Orsıeti mysal getirmek bolar. S.Nyıazovyñ döwründe Türkmenistanda emele gelen eden-etdilikli döwlet gurluşy bilen Orsıetdäki kvazidemokratik döwlet gurluşy milletiñ hem ıurduñ geljegi üçin iñ howply gurluşlardyr. Sebäbi beıle döwletlerde syıasy elitanyñ we milletiñ giñ köpçüliginiñ ahlak taıdan dargamagy aıratyn uly möçberlere eıe bolıar. Türkmenistan ıaly ıaş döwlet hem türkmenler ıaly aglak düşen il üçin bu ıagdaıyñ getirjek netijeleri aıratyn hem gorkulydyr.

Eger-de G. Berdimuhammedov Türkmenistanda häzirki emele gelen ıagdaıa dogry düşünip hereket etse, türkmen topragynyñ, türkmen iliniñ bähbidini hemme zatdan ileri tutsa, onda oña Türkmenistanyñ ilkinji prezidenti hökmünde taryha girmek mertebesi garaşıar. Onuñ döwlet baştutany hökmünde ädıän ilkinji ädimlerinden, kabul eden kararlaryndan çen tutsañ, G. Berdimuhammedov özünden öñki döwlet ıolbaşçysynyñ goıberen tragiki ıalñyşlyklaryna hem gojaman taryhyñ hut özüne eçilen ägirt uly mümkinçiligine dogry düşünıäne meñzeıär. Belki, Hudaı, şeıle bolsun, başgaça bolsa, onda türkmen döwletiniñ geljegi ıok. Türkmen topragynyñ astyndaky tebigy gazy aldajy ıaly döwletler dürli ”hajyk-hujuklar” bilen sokga sorup alyp gutaransoñlar, türkmeniñ gününe it aglar.

Sebäbi öz satıan bahasyndan türkmene tebigy gaz satjak ıurt soñra tapdyrmaz. Beıle ıurt häzirem ıok. Muny anyklamak añsat: bizden alıan bahasyndan Orsıetiñ özünden tebigy gaz aljak bolup göräımeli! Şonda olaryñ beıle geñ dileg edeniñ ıüzüne akylyndan azaşanyñ ıüzüne sereden ıaly garajaklygyna şübhelenmese bolar.

Erbet ıeri, tebigy gaz we nebit gutarsa, bizde ne kömür bar, ne demir, ne-de tokaı. Diımek, Türkmenistan üçin dogry strategik çykalga – tebigy gazy we nebiti gazyp almagyñ we onuñ eksportynyñ berk limitini girizmekdir. Daşary ıurt kompaniıalarynyñ türkmen topragynda gözleg işlerini alyp barmagyna, ıerasty baılyklarymyzy olaryñ özleriniñ gazyp almaklaryna ıa-da şärikli söwda asla-da ıol bermek bolmaz. Bu ıoldan gitmek – öz geljekki nesillerimiziñ hakyny iımek diımekdir.

Türkmen topragynyñ üstüne gutulgysyz abanyp gelıän bu garañkylykdan il-güni dyndarmak üçin G.Berdimuhammedov şu wagt halkyñ çyn söıgüsini gazanjak bolmaly we indiki gezek, ıagny ıene-de bäş ıyldan boljak prezident saılawlarynda alternativ bäsleşikli göreşe girmäge taıynlyk görmeli. Şol saılaw dünıäniñ demokratiki ıurtlarynda kabul edilen standartlara gabat gelmeli, saılaw garaşsyz synçylaryñ, iñ abraıly Halkara guramalaryñ we garaşsyz jurnalistleriñ, ekspertleriñ gatnaşmagynda geçirilmeli hem-de onuñ netijeleri Halkara jemgyıetçiligi tarapyndan doly ykrar edilmeli. Şeıle derejede geçirilen saılawlarda adalatly ıeñiş gazanan adam hem Türkmenistanyñ ilkinji prezidenti hökmünde taryhda ebedilik galar. Ol adam kim-de bolsa, halka ähli demokratiki azatlyklary eçilmekden gorkmaz we öz ilini geljege alyp gitmäge doly hukuk gazanar.

Şondan soñ eliniñ dañysy, diliniñ doñy çözülen halk topragymyzyñ üstüne abanıan gara howp bilen ıüzbe-ıüz durup döwüşmäge doly mümkinçilik alar we şol günden beıläk Türkmenistanyñ iñ täze taryhy, täzeden döreıiş döwri başlanar. Türkmeniñ zehinine, başarnygyna doly ıol açylansoñ, islendik kynçylygyñ degerli alajynyñ, çözgüdiniñ tapyljaklygyna hiç hili şübhe bolup bilmez.