BAPBA GÖKLEÑ  
(1949-01-15 – 1991-12-23)

İOLMA, GUŞUÑ GANATYN!

 

 

Ne oıundan, ne çyndan,
İolma, guşuñ ganatyn!
Pent bolsun bu menden,
İolma, guşuñ ganatyn!
Kim galkar asman sary,
İolsañ guşuñ ganatyn?!
Uçıan, uçmaıan bary
Bolmazmy garym-gatym!
Guşuñ ganatyn ıolma,
Bozma kaddy-kamatyn.
Bolsañ bol ıerde ıorga,
İolma, guşuñ ganatyn! 

 

Bapba Gökleñ 1949 ıylyñ 15-nji ıanwarynda Gyzyl-Arvatda dünıä inıär. Ol orta mekdebi tamamlap, Aşgabadyñ Oba hojalyk institutyna okuwa girıär. Emma edebiıata bolan höwesi ony oba hojalygyndan gitdigiçe daşlaşdyryp, metbugat işlerine golaılaşdyrıar. Netijede ol Oba hojalyk institutyny bitirse-de, bu ugurdan uzak işlemän, metbugata işe gelıär we şondan soñ onuñ ilkinji goşgulary, hekaıalary dürli gazet-jurnallarda çap edilip ugraıar.

Biraz soñra Bapba Gökleñ Moskwanyñ M.Gorkiı adyndaky edebiıat institutyna gaıybana okuwa girıär. Emma özboluşly, guımagursak zehine Edebiıat institutynyñ galyby dar görünıär. Şonuñ üçinem tiz wagtdan onuñ bu institutda okamak islegi gaçyp, öz zehinini tebigy ugruna görä ösdürmegini dowam edıär. Ol köp okaıar, öwrenıär, türkmen, rus we dünıä edebiıatynyñ iñ gowy nusgalaryny özbaşdak özleşdirıär.

 B.Gökleñ diñe bir goşgy däl, eısem kyssa eserlerini-de ıazardy. Onuñ käbir hekaıalary dürli döwürde respublikanyñ gazet-jurnallarynda çap edildi. Şolaryñ arasynda onuñ ”İaşlyk” jurnalynda çykan ”Oıtak” hekaıasy, ”Edebiıat we sungat” gazetinde çap edilen hekaıalary okyjylaryñ aıratyn ünsüni çekipdi. İöne B.Gökleñe il arasynda şöhrat getiren onuñ goşgularydy. Metbugatda kän çap edilmese-de, Bapbanyñ goşgulary okalman galmazdy, ol goşgular dilden-dile, elden ele geçerdi. Öz ıazan eserleri päsgelsiz çykıan ıazyjy-şahyrlar-da Bapbanyñ çap edilmeıän goşgularyny tapsalar, hezil edip okardylar.

Ol goşgularyñ şöhraty il arasyna-da ıaırardy. Türkmen sowet senzurasy Bapba Gökleñiñ garşysyna diş-dyrnak bolup çykdygyça, şahyryñ şöhraty şonça-da artıardy. Dirikä B.Gökleñ diñe bir kitap çap etdirip bildi, emma ol kitaba şahyryñ belli goşgulary girizilmedi, senzura muña ıol bermedi.  

Bapba Gökleñiñ goşgulary ilkinji gezek dolulygyna Swedende, ”Gün” neşirıatynda ”İOLMA GUŞUÑ GANATYN!” ady bilen 2005 ıylda neşir edildi.

B.Gökleñ 1991 ıylyñ 23-nji dekabrynda tragiki ıagdaıda aradan çykdy. Onuñ duıdansyz ölümi köp sanly soraglary döretdi. Ol soraglara häzire çenli-de degerli jogap tapylanok…

Şahyryñ yzynda iki ogul bilen bir gyz galdy. Onuñ wepaly ıanıoldaşy Laçyn-da biraz wagt mundan öñ dünıäden ötdi.

Bapba Gökleñiñ özi aıny ıaşda, zehininiñ añrybaş goıalan döwründe wepat bolsa-da onuñ eserleri, hyjuwly hem adamkärçilikli, batyrgaı hem näzik, çuññur pelsepä, mertlige ıugrulan goşgulary ıagtylyk ugrundaky göreşi dowam etdirıärler.

Ölüm Bapba Gökleñi biziñ elimizden alyp bilmedi, ol öz ilhalar goşgularynda ıaşaıar we adamlary mertlige, ynsaplylyga, halallyga, päklige çagyrıar.

Ak Welsapar, ıazyjy