EİRANYÑ ”DEÑIZ GORAGYNYє GULLUKÇYLARY ADAM ÖLDÜRDILER

 

2008-01-06

 

Türkmensährada edil Täze ıyl baıramynyñ öñ ıanynda Hazarda balykçylyk edip ıören türkmenleriñ üstüne Eıran ”Deñiz gorag” gullugynyñ gullukçylary bikanun hüjüm etdiler. Deñiz goragçylary öz gün-güzerany üçin deñze çykan ıaş türkmen balykçylarynyñ üstünden öz motorly gaıygyny sürüp, balykçylaryñ biriniñ nähak ölümine sebäp boldular.

Eıran ”Deñiz goragynyñ” gullukçylarynyñ bu eden işinde jenaıatyñ alamatlary görünıär. Sebäbi deñiz resurslaryny goraıjylar bu meselede ne Eıran, ne-de Halkara kanunlaryny saklapdyrlar. Deñizde öñüñden çykan gaıygyñ üstünden döwlet katerini sürmek – bu bar bolan Eıran we Halkara kanunlara garşy gitmekdir, adamçylykdan çykmakdyr. Eger Eıranda döwlet kanunlary bar we olara ilki bilen hormat goımaly adamlar, ıagny döwlet gullukçylary hormat goııan bolsadylar, onda bu betbagtçylyk bolmazdy. Çünki döwletiñ çäklerinde gabat gelen islendik düzgüni bozmalara kanun esasynda çäre görülmeli. Bir adama jenaıatçy hökmünde çäre görmek üçin-de, ilki onuñ jenaıaty garaşsyz sudda boınuna goıulmaly we oña degişli jeza çäresi bellenilmeli.

Kimdir biri sud edilip, günäsi boınuna goıulmadyk kişä öz islegine görä, hamana öz ıanyndan jenaıatçylykda aıyplap, çäre görse, ol adamynyñ özüniñ kanundan çykdygy bolıar. Kanundan çykan adam hem, hala ol ıönekeı adam bolsun, hala-da döwlet işgäri – hökman sud jogapkärçiligine çekilmelidir we öz jezasyny çekmelidir.

Biz Eıran ”Deñiz goragçylary” tarapyndan 2007 ıylyñ 27-nji dekabrynda Hazar deñzinde eden-etdilik bilen öldürilen türkmen milletinden bolan Eıran raıaty Hesametdin Hydaveriñ garşysyna edilen jenaıatyñ tizden-tiz derñelmegini we güman edilıän jenaıatkäriñ sud jogapkärçiligine çekilmegini talap edıäris!  

Eıran hökümeti bu güman edilıän jeñaıaty wagtynda derñemek bilen köpmilletli Eıran döwletiniñ öz kanunlaryna we degişli Halkara kanunlaryna hormat goııanlygyny görkezip bilerdi.

Türkmenistanyñ ”Agzybirlik” Demokratik Halk Hereketiniñ Daşary ıurt bölümi