A.Welsapar

”MEN BIR HABAR ỲETIP GELỲÄN…”

 

Bapba Gökleñiñ ile meñzemeỳän bir gylygy bardy – ol hiç kimden ỳüz görmezdi. Hakykaty aỳtmaly ỳa-da aỳtmasyz wagt bardyr öỳtmezdi, bilỳärmi – aỳdardy. Bu gylygy oña gödek diỳdirerdi. Ỳöne ol aşa sypaỳyçylykly, ỳöwsel adamlaryñ arasynda gödek görnerdi, hakykatda gödek däldi, gönümeldi. Aslynda bu tüỳs türkmene mahsus gylyk dälmi näme? Ỳöne hut bu gylygy oña sovet döwründe jemgyỳetde özüne mynasyp derejä ỳetmäge ỳol bermedi. Ol iliñ okan okywuny okap, iliñ işlän işinde işläp, jemgyỳetçilik durmuşyna özüniñ dahylynyñ bardygyny subut etjek bolardy, belli bir kadalara görä ỳaşaỳan türkmen jemgyỳeti bolsa, ony orta getirmek islemeỳärdi. Bapba birnäçe wagt çydap, başyny aşak salyp gezerdi-de, soñra bir günden bir gün umytsyz işe baş goşup, öz zehinine özi ỳol açjak bolardy: ”SÖZ BERMEGIÑIZI SORAỲAN!” diỳip, ile görä üỳtgemän, döwre görä döwülmän, öz hyjuwy, öz dünỳägaraỳyşy, öz bolşy bilen sesini ile ỳetirjek bolardy:

 

Manatsyz hem mandatsyz,

Söz bermegiñizi soraỳan!

Dabarasyz, hiç zatsyz,

Söz bermegiñizi soraỳan!

 

Söz neşderdir atyp bilỳän,

Söz bermegiñizi soraỳan!

Men bir habar ỳetip gelỳän,

Söz bermegiñizi soraỳan!

 

Men bir hak söz – diỳilmeli,

Söz bermegiñizi soraỳan!

Diỳgir dilim – halkyñ dili,

Söz bermegiñizi soraỳan!

 

Bu söz örän gerek bize,

Söz bermegiñizi soraỳan!

Sözler köne, ruhum täze,

Söz bermegiñizi soraỳan!

 

Bu goşgy, Bapbanyñ ony okaỳyşy, hyjuwy Ỳazyjylar soỳuzynda onuñ birinji goşgular ỳygyndysyny maslahatlaşanlary gorkuzypdyr. Maslahatdan soñ men Bapbanyñam, onuñ goşgusyny okanlaryñam käbiri bilen gürrüñdeş bolup gördüm. Bapba keỳpsiz halda maña şeỳle gürrüñ berdi: ”Men-ä goşgy okaỳan, olaram maña akyl berỳär, men ỳüregimi aỳdỳan, olaram maña nähili ỳaşamalydygyny öwretjek bolỳarlar. Ahyrsoñy çydamadym: ”Näme beỳdişip it ỳaly bolşup dursyñyz!” diỳdim. Şö taỳda-da obsujdeniỳe (maslahat) gutardy…”

 

Men ol wagt televideniỳede işleỳärdim. Edebiỳatdan gepleşik taỳynlap ỳörenim üçin şol günleriñ birinde Ỳazyjylar soỳuzyna, Gurbandurdy Gurbansähedovyñ kabinetine bardym. Ỳaşlar edebiỳadyndan gürrüñ çykan badyna ol edil Bapbanyñky ỳaly çym-gyzyl bolup, şeỳle diỳdi: ”Bapba Gökleñ diỳip biriniñ goşgularyny maslahatlaşdyk. Bolar ỳaly däl, ”Maña söz beriñ!” diỳip, dyzap barỳar – ol ellerini kelemenledip, Bapba öỳkündi. – Oglan, sen kim-ä, alagada saña söz berer ỳaly?!” Ỳazyjy G.Gurbansähedov (Bapba oña ”G.D.” diỳerdi) şol wagt Ỳazyjylar soỳuzynyñ dolandyryşynyñ başlygymydy ỳa-da başlygynyñ orunbasary, parhy ỳok, kimem bolsa, ol şonda resmi türkmen edebiỳatynyñ diñe bir Bapba Gökleñe däl, eỳsem erkin pikirli ỳaş ỳazyjylara bolan garaỳyşyny çürt-kesik beỳan etdi: ”Oglan, sen kim-ä, alagada saña söz berer ỳaly?!”

 

Kitabyñy maslahatdan geçirmek, ony çykartmak, Ỳazyjylar soỳuzynyñ agzasy bolmak üçin ỳedi ötükden geçmelidi. Geçen asyryñ ỳetmişinji ỳyllaryna çenli türkmen edebiỳatynda şeỳle bir agyr ỳagdaỳ emele gelipdi, oña ỳoỳulmadyk akyl bilen düşünmek, has-da beter goldamak mümkin däldi. Meselem, haỳsydyr bir welaỳatdan ỳetişen zehinli ỳaş ỳazyjyny agzalyga almak üçin onuñ ỳany bilen azyndan ỳene dört adamyny, her welaỳatdan bir adamyny agramdaş edip agzalyga götermelidi. Netijede 80-nji ỳyllaryñ ortasyna çenli Türkmen edebiỳadynyñ ỳüzi soldy, edebiỳat körzehinleriñ sümelgesine öwrüldi. Ỳazyjylar soỳuzyna girjek bolsañ haỳsy welaỳatda doglan bolsañ, şol welaỳadyñ wezipeli, ỳaşuly ỳazyjylary seni tanamalydy, saña ynanmalydy, seni goldamalydy. Şolar seni goldamasa, seniñ aladañy etmese, seniñ aladañy etjek ỳokdy. Seni Ỳazyjylar soỳuzynyñ at gaỳtarym golaỳyndan-da eltjek gümanlary ỳokdy. Gowy ỳazsañ-da, erbet ỳazsañ-da, ol öz işiñdi, bu esasy zat däldi, ol hiç kesi aỳratyn gyzyklandyryp duranokdy. Birinji nobatda – sen öz welaỳatyña wepalymy ỳa-da dälmi, welaỳatdaş ỳazyjylaryñ hak-hukuklary, wezipeleri ugrunda göreşmäge taỳỳarmy ỳa dälmi? – ine şu möhümdi! Bu Ỳazyjylar guramasyna agzalyga ymtylỳan ỳaş ỳazyjydan edilỳän esasy talapdy. Her welaỳat Ỳazyjylar guramasynda öz adam sanyny goraỳardy, hemmesine-de ilki bilen san gerekdi. Sebäbi gurultaỳda wezipe paỳlaşylanda sanyñ, sesiñ az bolsa, wezipe-de az ỳetỳärdi, kitap çykarmak, baỳrak almak mümkinçiligiñ-de peselỳärdi. Bu biz edebiỳada gelmezden has ozal döräp, berkleşen ỳazylmadyk aỳylganç bir kanundy. Onuñ haçan, kimiñ günäsi bilen ỳüze çykandygyny men anyk bilemok, ỳöne ynsaply ỳazyjylaryñ bu ỳaramaz düzgün Balyş Öwez TKP MK-nyñ 1-nji sekretaryka ỳüze çykdy, Muhammetnazar Gapurovyñ döwründe-de rowaç aldy diỳỳänleri ỳadymda.

 

Bu emele gelen ỳagdaỳ, elbetde, türkmen edebiỳadyna-da, türkmen ỳazyjylaryna-da, okyjylaryna-da, türkmeniñ döwürdeş medeniỳedine-de agyr zyỳan ỳetirdi. Mundan ussatlyk bilen peỳdalanỳan iki sany edara bardy: olaryñ birinjisi – ”gupbaly jaỳ”, ỳagny respublikanyñ kommunistik ỳolbaşçylygy, ikinjisi-de ”çal jaỳ”, ỳagny KGB-di. Bu şol tüỳs ”Agzyny alart-da, höküm sür!” diỳilỳän ỳörelgedi. Emma türkmen ỳazyjylary gurlup goỳlan duzaga düşendiklerini añanokdylar, ỳa-da añsalar-da bu duzaga gowy öwrenişdiler. Belki, bu duzagyñ  içindäki ir-iỳmişler olaryñ gözüni-başyny aỳlandyr? Olar özlerine gazlan çukurdan bileleşip çykjak bolman, gaỳta öz elleri, dyrnaklary bilen dynman gazyp, ony çuñlaşdyrdylar gitdiler oturdylar. Onsoñ Mihail Gorbaçevyñ Üỳtgedip gurmak syỳasady döwrüne çenli bu çukur şeỳle bir çuñalypdy welin, türkmen ỳazyjylarynyñ ondan kellesi-de çykanokdy, olar töweregini görüp bilenokdylar. Netijede olar Üỳtgedip gurmagyñ beren mümkinçiliklerini ardurja elden giderdiler! Moskvadan rugsat berlen aç-açanlygyñ, aỳanlygyñ goragyna aỳaga galmadylar, ony berkitmediler, halk köçüligine nämäniñ-nämedigini düşündirmediler. Söz azatlygyna, demokratik özgerişlere, hat-da öz ene diline-de garşy bolan şöhratparaz Nyỳazov mundan elin peỳdalandy we Türkmenistanda öz aỳylganç diktaturasyny gurmaga girişdi. Türkmen döredijilik intelligensiỳasy muña giñ ỳol açdy, bet işe ỳardamçy boldy.

 

Döredijilik intelligensiỳasynyñ arasyndaky özara ynamsyzlyk şeỳle bir güỳçli bolup çykdy welin, ỳazyjylar, hudojnikler, kompozitorlar, kinoçylar, jurnalistler dilleşseler abanyp gelỳän diktaturanyñ öñüni alyp biljek hallaryna, mundan elli bizar geçen, gaỳta ỳeke-ỳekeden ”gupbaly jaỳa” ylgap, öz ownuk-uşak şahsy meselelerini çözmäge girişdiler. Ol ỳerde oturan çalasowat adama ỳaranjañlap, wezipe, kvartira, telefon, aỳagulag dilediler, el serdiler, biri-biriniñ aỳbyny açdylar, agzaladyklaryny bildirdiler. Çalasowat kişi-de bu ỳagdaỳy görüp, synlap, adamlary bir-birden ele almaga, soñra döredijilik guramalaryny çym-pytrak etmek üçin döredijilik intelligensiỳasynyñ wekilleriniñ umumy we individual gowşak damarlaryny içgin öwrenmäge girişdi...

 

Bapba Gökleñiñ uguny ỳekelemek üçin bir gezek S.Nyỳazov oña ”Bapbam” diỳip ỳüzlenipdir…

                                                                                                                                                                              (dowamy bar)

 

1