OKYJYLARYÑ DYKGATYNA!
 

Demokratik Türkmenistanyñ geljekki döwlet baýdagynyñ taslamasynyñ geñeşi dowam edýär!

Soñky iki ýylyñ içinde bu virtual geñeşe iki ýüzden gowrak adam gatnaşdy we Türkmenistanyñ geljekki döwlet baýdagy dogrusynda öz pikirini bize ýollady. Gynansak-da, ol pikirleriñ köpüsi aşa gysgaça, manysy-da şol bir zada syrygýar: ”bu baýdak bolýar” ýa-da ”bolanok”. Nämüçin bolýar ýa-da näme sebäpden bolanok – düşündiriş az. Käte bolsa, ol düşündirişler göwün diýerden ýüzleý. Geljekki Türkmenistanyñ demokratik döwlet baýdagynyñ nusgasyna diñe şu günki günüñ nazaryndan baha bermek agdyklyk edýär. Ol seslenmeleriñ käbiri bilen biz sizi ozal tanyşdyrypdyk, geljekde-de bu işi dowam ederis.

Şol bir wagtyñ özünde-de ”Agzybirligiñ” Internet-saýtyna bu tema degişli örän çuññur seslenmeler-de gelip gowuşdy. Ol seslenmeleri ýazanlaryñ içinde ýönekeý türkmen okyjylary-da alymlar-da, ýazyjylar-da, jurnalistler-de, dürli ýurtlarda ýaşaýan türkmen diasporasynyñ wekilleri-de bar. Bu faktyñ özi Türkmenistanyñ häzirki döwlet baýdagyndan köpçüligiñ göwnüniñ suw içmeýändigini görkezýär.

Gyzyl baýdagy ýaşyl baýdaga öwreniñ bilen iş bitenok. Ol reñkleriñ aýry-aýrylykda öñe sürýän ideologiki gymmatlyklarynyñ ikisi-de türkmenleriñ arasynda hiç wagt gutarnykly orun almadyk, türkmenleriñ añyna giden-gitdi ornaşyp bilmedik, görnüsine görä geljekde-de ornaşmajak düsünjeler. Gyzyl baýdak – kommunistik ideologiýany añlatsa, ýaşyl baýdak – yslam dininiñ baýdagydyr. Hiç haçan kommunistik syýasata doly boýun bolmaýyşlary ýaly, türkmenler yslam dinine-de doly boýun bolan halk däl. Elbetde, türkmenler öz wagtynda yslam dinini kabul edipdirler, ony bu günki gün hormatlaýarlar, onuñ gowy däp-dessurlaryna-da eýerýärler, ýöne her halda türkmenler hiç wagt aşa dindar halk bolmandylar.

Diýmek, biziñ garaşsyz milli döwletimize dini düşünjäni alamtlandyrýan baýdak däl-de, eýsem dünýewi baýdak gerek! Köpçüligiñ ýüreginden turjak, Türkmen topragynyñ geçmişini, şu gününi we geljegini şöhlelendirip biljek, bu toprakda asyrlar boýy sarpa goýulýan ruhy gymmatlyklary beýan etmäge ukyply, Türkmenistanyñ ebedilik simvolyna öwrülip biljek baýdagy dikeltmek biziñ öñümizde duran möhüm wezipe. Bu bolsa, köpçülige geñeşsiz bitirip boljak iş däl.

Hut şonuñ üçinem ”Agzybirlik” Demokratik Halk Hereketiniñ Internet-saýty iki ýyl çemesi mundan öñ geljekki demokratik Türkmenistanyñ döwlet baýdagynyñ nusgasyny döretmek boýunça virtual geñeşi yglan etdi.

Bu güne çenli gelen seslenmeleriñ esasynda ”Agzybirlik” Internet-saýtynyñ Redkollegiýasy iki taslamanyñ öñe saýlanandygyny kesgitledi. Olaryñ biri – ikinji, beýlekisi-de – dördünji taslama. Ol taslamalaryñ ikisi-de saýtyñ ýokarky böleginde ýerleşdirilýär.

Indiden eýläk virtual ýaryş bu iki taslamanyñ arasynda gider. (Emma bu täze nusgalaryñ geñeşe gatnaşyp bilmejegini añladanok. Üýtgeşik gowy nusgalar teklip edilse, biz olary saýtda ýerleşdirmäge taýýar.)

Ýene-de bir fakty belläp geçmegi möhüm hasapladyk: häzire çenli gelen seslenmeleriñ arasynda bu iki taslamadan baýdagyñ bir nusgasyny taýynlamagyñ göwnejaý boljagyny ündeýän teklipler-de bar. (Meselem, ikinji taslamadaky Günüñ şekilini dördünji taslama geçirmek.)

Öñe saýlanan iki taslamanyñ temasyny gysgaça ýatladýarys.

Ikinji taslama. Baýdagyñ temasy ýönekeý we her bir türkmenistanlynyñ ýüregine ýakyn: al-ýaşyl türkmenleriñ ata-baba bolçulyk, dynçlyk arzuwlary bilen utgaşýar, bu reñkler adalatlyñ ýeñmegini dabaralandyrýarlar. Baýdagyñ aşak etegindäki gara reñk – geçmişde türkmenleriñ başyndan inen gara günleri ýatladýar, olary unutmaly däldigini nygtaýar. Al-ýaşyl reñkleriñ üstünde, baýdagyñ öñ gapdalynda, berkidilýän taýagyna golaý ýalbyraýan tylla Günüñ halkasy – topragymyzyñ egsilmez baýlygynyñ alamaty, ebedi ýaşaýşyñ simvoly.

Şol bir wagtyñ özünde saýlanyp alnan reñkleriñ taryhy kökleri-de bar: gyzyl reñk – halkymyzyñ başyndan geçiren tas bir asyrlyk kommunistik, häzirki Türkmenistan döwletiniñ düýbüniñ tutulan döwrini ýatlatsa, ýaşyl – türkmenleriñ dini mezhebini alamatlandyrýar, gara – kuwwatly orta asyr türkmen döwletiniñ baýdagynyñ reñki bolmak bilen türkmen döwletiniñ dowamatyny añladýar.

Netijede tebigy ýagdaýda meşhur trikolor emele gelýär we Günüñ tylla halkasynyñ şekli bilen bilelikde bu baýdak Demokratik Türkmenistanyñ ilatynyñ, ýurduñ geçmişine we geljegine dürli garaýyşdaky adamlaryñ ruhy ideallarrynyñ bütewi jemini añlatmak ukybyna eýe bolýar.

Dördünji taslama. Bu hödürlenýän nusga-da tebigy trikolory emele getirýär. Nusganyñ temasy öz köklerini ozalkylar dek türkmen halkynyñ ebedi düşünjelerinden alýar. Baýdagyñ ýokary etegini türkmenleriñ dynçlyk, bolçulyk, egsilmez bagt dogrudaky düşünjelerini beýan edýän al-ýaşyl reñkler eýeleýär. Bu reñkler ikinji taslamada-da bar we olaryñ añladýan düşünjeleri barada-da degişlilikde düşündiriş berlen. Şonuñ üçinem biz häzir baýdagyñ bu nusgasynda täze peýda bolan – ak reñk barada gürrüñ bermekçi.

Baýdagyñ aşak etegindäki ak reñk türkmen topragynyñ geljege gönükdirilen nazary, ösüşi bilen baglanyşdyrylýar. Ol halkymyzyñ: ”Ak zat alnyña ýagşy!” diýen düşünjesine daýanýar.

Ak reñk köp halklarda ýagşylygy, bagtly geljegi, dogruçyllygy, hakykady, päkizeligi añladýar. Bizde-de edil şonuñ ýaly. Ak reñkiñ ýekirilýän ýeri türkmen folklorynda diñe bir ýerde – nika gyýlanda, öýlenýän ýigide gelniñe ”ak-gök geýdirme!” diýlip sargyt edilýär. Ýöne bu arhaiki düşünje bolup, diñe kapyýa, sazlaşyk sebäpli agzalýan sanawaja giren bolmagy ýa-da irki döwürlerde reñksiz, ýönekeý ak matadan edilen geýimiñ garyplygy alamatlandyrandygy sebäpli ýatlanylýan bolmagy ahmaldyr. Her halda ak mata, ak reñk türkmenleriñ düşünjesinde esasan gowulygy, ak arzuwlary añladýar.

Baýdak ýüze tutulýan, depäñe göterilýän, alnyña sylynýan gymmatlyk. Diýmek, ak reñk trikoloryñ üçünji reñki hökmünde diýseñ jüpüne düşýär we ol bu günki gün we geljekde-de diñe gowulygy añladyp, ýagty geljegiñ simvoly bolup biler.

Ýene-de bir bellemeli zat: bu agzalan reñler Türkmenistanda ýaşaýan dürli milletleriñ reñkler baradaky düşünjesine ters gelmeýär. Diýmek köpmilletli topragymyzda bu nusganyñ deñ derejede goldanyljakdygyna umyt baglasa bolar.

Dördünji nusgada howurly Günüñ şekilini ýerleşdirmegi teklip edýänler-de bar. Ýöne olar, biziñ pikirimizçe, bir zady göz öñünde tutmaýarlar. Eger-de bu nusgada Gün ýerlesdirilse, Günüñ ýagty reñki bilen baýdagyñ aşak etegindäki ak reñkiñ arasynda garşylygyñ döremegi mümkin. Iñ bärkisi bir reñk beýlekiniñ üstüni basmarlap biler.

Ýöne bu diñe Redkollegiýanyñ pikiri. Nusgalaryñ ykbalyny çözjek – okyjylar, virtual geñeşe gatnaşýan köpçülik!

Şowlulyk ýaryñyz bolsun!

”Agzybirligiñ” Internet-saýtynyñ Redkollegiýasy
2004-10-07