WATAN GÜNEŞI…

( Demokratik Türkmenistanyñ geljekki döwlet baỳdagy dogruda gysgaça bellikler)

 

Döwlet baỳdagy her bir ỳurduñ milli buỳsanjydyr. Baỳdakdaky reñkler we simvollar bu ỳurduñ ilatyna boỳdan-başa düşnükli bolmaly. Adamlaryñ ỳüreginde guwanç duỳgusyny oỳarmaly. Ỳönekeỳden mähirli reñkler we simvollar ỳurduñ grajdanlarynda Watana çäksiz söỳgi, wepalylyk terbiỳelemeli.

 

”Agzybirligiñ” Internet-sahypasynda hödürlenen baỳdaklardaky al-ỳaşyl reñkler örän gelşikli. Ol reñkleri beỳik filisof şahyrymyz Magtymguly ”Türkmeniñ” goşgusynda uly joşgun bilen beỳan edipdir:

 

”Reñbe-reñ gül açar ỳaşyl ỳaỳlasy”

ỳa-da:

”Al-ỳaşyl bürenip çykar perisi”

 

Ỳöne baỳdakdaky reñkleri halkyñ başyndan geçen taryha, ỳogsam-da dini mezhebe baglanyşdyrjak bolmak, meniñ pikirmçe, jüpüne düşenok. Eỳsem Türkmenistanyñ grajdanlarynyñ arasynda ỳevreỳ, hristian, budda ynanỳanlar ỳokmudyr? Eger bar bolsa, onda döwlet baỳdagy azlyk halklaryñ dini ynançlaryny göz öñünde tutmaly dälmidir? Hiç bolmasa, olarda baỳdaga garşy ỳigrenç döretmeli däl!

 

Elbetde, türkmen halkynyñ başyndan geçen agyr günler onuñ geçmişine tagma bolup basylypdyr. Ol taryh kitaplarda ỳazlyp, mekdeplerde çagalara, ỳokary okuw jaỳlarynda studentlere okadylmaly. Ỳöne taryhyñ gara sahypalarynyñ gara reñke öwrülip, milli döwlet baỳdagymyzyñ ỳüzüne çykmagyny oñlap bilemok.

 

Sebäbi eger-de başyndan agyr günleri geçiren milletleriñ hemmesi-de öz baỳdagynda başdan geçenini gara reñk bilen görkezmeli bolsalar, onda dünỳäniñ ỳüzünde gara reñksiz baỳdak tapdyrarmydyka? Meselem, Palestin halkynyñ baỳdagynda, belki garadan başga reñk-de bolmazdy!..

 

Baỳdak halkyñ ỳüreginde umyt, dostluk, birlik we şoña meñzeş owadan duỳgulary oỳarmaly. Geçmiş wakalaryndan ugur alyp, beỳleki halklara garşylyk döretmek baỳdagyñ wezipesine girmeỳär! Onsoñam baỳdakdaky häzirki ỳaşyl reñk, solak görünỳär. Megerem, alma, nar agajynyñ ỳapragynyñ goỳy ỳaşyl reñki has owadan görnerdi.

Baỳdakdaky Garagumuñ çägesiniñ reñki Watan giñişligini, çogly güneşini we dynçlygyny yadyña düşürỳär…

 

Sähraly

2003-03-05

1