GÖZE GÖRÜNMEİÄN BELA

(Çernobyl tragediıasynyñ 20 ıyllygyna)


Bu günler bütin dünıäde çernobyl heläkçiliginiñ 20 ıyllygy bellenilıär. Bu hasratly sene türkmenlere degişlimi ıa-da ıok?

Çernobyl hakynda biziñ halkymyza metbugatda hiç haçan zerur maglumat, düşünje berilmedi. Bu ozalam şeıledi, häzirem şeıle. Sovet döwründe TKP MK bu aıylganç hadysany türkmen halkyndan gizledi. İogsa 1986 ıylyñ apreliniñ soñunde Mihail Gorbaçevyñ hökümeti bu heläkçiligi boıun almaga mejbur bolupdy. Moskvanyñ ony boıun almasa alajy galmandy, sebäbi Çernobyldan asmana göterilen radioaktiv tozan derrew Europanyng obalaryna we şäherlerine baryp ıetdi. Amerika Çernobyl heläkçiliginiñ emeli hemralar arkaly alnan suratlaryny haıal etmän dünıä ıaıratdy.

Şondan bärem zerurlyk bolanda radioaktiv şöhleden, zäherli tozandan goranmak barada ähli döwletlerde halka öñküden has köp düşünje berilıär. Meselem, Şvesiıada Çernobyl heläkçiliginden 20 ıyl geçensoñam, radioaktiv tozanyñ gelip ıeten ıerlerinde tokaı miwelerini, kömelek we beıleki ir-iımişleri ıygnamak bolanok. Halka ol miweleriñ peıdasyndan zyıanynyñ kän boljakdygy düşündirilıär. Emma Saparmyrat Nyıazovyñ oınatgy hökümeti Türkmenistanyñ halkyndan öz wagtynda bu elhenç wakany gizläpdi. Bu häzirem gizlenıär. Nämuçin?

Eger-de munuñ 40 sany sebäbi bar bolsa, onda şolaryñ birinjisi – Saparmyrat Nyıazovyñ hakykatçyl däldigidir. Häzirki rejimiñ halka hiç bir meselede hakykaty aıadasy gelenok! Uly bolsun, kiçi bolsun – tapawudy ıok, halkdan islendik hakykat ıaşyrylıar. Bu endik häzirki türkmen ıolbaşçysynda sovet döwründen galan ıaramaz endik! Elbetde, sovet gurluşynyñ gowy taraplaram ıok däldi, ıöne bu mirasdan Nyıazova ıeteni – halky aldamak, ıekemenlik, kürsisöıerlik, diıdimzorluk!

Beıleki ugurlarda bolşy ıaly, Sovet häkimiıeti döwründe-de, SSSR ıykylansoñam, türkmenler Çernobyl heläkçiligi barada iñ az bilıän halklaryñ biri bolup galdylar. Bu meselede häzirki türkmen ıolbaşçylygynyñ günäsi örän uly.

Çernobyl tragediıasy barada türkmenlere düşünje berilmezliginiñ netijesi nähili boldy? Elbetde, düşnükli zat – bu türkmenleri, Türkmenistany gaıgyly we gorkuly ıalñyşlyklaryñ üstünden eltdi. Türkmenler ahmal galdylar. Çernobylyñ ölüm howply diıilip yglan edilen zonasyndan uzakda bolsalar-da, yglan edilmedik howply zonasynyñ ortasynda galdylar!

Käbir anyk mysallar… 1989 ıylda Bapba Gökleñ şeıle wakany gürrüñ berdi: Türkmenistana Belorusyñ Gomel welaıatyndan otly bilen bir wagon iımit geldi. Wagonda çagalara niıetlenen sguşenkalaryñ-da (goıaldylan süıt) uly tapgyry bar. Bu barada köpräk maglumat aljak bolsam, başartmady, wagonyñ golaıyna-da eltenoklar. Hiç kim soragyña-da jogap berenok. Men ol barada ”Tokmaga” (şol wagt B.Gökleñ ”Tokmak” jurnalynda işleıärdi) habar ıazjak boldum, emma rugsat bermediler.

İükli wagonlar şondan soñ tiz başga bir ıere göçürilp, soñam harytlar derrew Türkmenistanyñ iımit magazinlerine paılanypdyr. Radioaktiv şöhle, radioaktiv tozan diıen ıaly gorkuly zatlardan düıbünden bihabar goılan ilat ol harytlary sanlyja sagatda dükanlardan towsa göteripdir! Ol ıyllaryñ haryt gytçylygynda eıse başga nähili bolsun?.. Ilat, çagajyklar ol iımitleri, elbetde, iıendir.

Soñra ”Agzybirlik” bu maglumaty anyklamaga we ony ilata listovkalaryñ üsti bilen ıetirmäge synanyşdy. Bellemeli zat: 1980-ni ıyllaryñ ahyrynda, 1990-njy ıyllaryñ başlarynda Belorusdan we Ukrainadan Türkmenistana nämüçindir birdenkä aıratyn bolluk bilen iımit ıagyp ugrady. Türkmenistanyñ ilatynyñ saglygyna howply hasap edip, ”Agzybirlik” ol iımit harytlaryny boıkot etmäge çagyrmakçy boldy. Biz öz agzalarymyzyñ üsti bilen B.Gökleñiñ açan täsin habaryny has giñişleıin anyklamaga we ony paş etmäge, şeıdibem türkana halkymyzy radioaktiv şöhle we radioaktiv tozan siñen iımitlerden goramaga synanyşdyk. Emma S.Nyıazovyñ oınatgy hökümeti bize bu işi etmäge ıol bermedi.

İöne erbetlik diñe munuñ bilen tamamlananok. SSSR ıykylansoñ, ıagny 1991 ıyldan başlap, Türkmenistan Ukraina tebigy gaz satyp başlady. Satylan gazyñ bahasynyñ başda 40 prosentini pul, 60 prosentini-de haryt, onda-da hut iımit harytlary bilen almak şertleşildi! Netijede bize ıene-de Ukrainanyñ Çernobyla ıakyn welaıatlarynda öndürilen dürli harytlar, şol sanda köp mukdarda iımit gelip ugrady! Bu söwda häzirem dowam edıär. Birje tapawut – indi satylan tebigy gazyñ bahasynyñ diñe gylla ıarysy haryt bilen alynıar. Başga üıtgeşiklik ıok. Nyıazovyñ oınatgy diktatorçylyk hökümetiniñ öz halkynyñ bähbitlerini, saglygyny, geljegini goramaga üns bermeıändigine belet ukrain çinovniklerine – başga ıurtlara satyp bilmejek – radioakativ şöhle we tozan siñen harytlaryny bize ibermäge näme päsgel bersin?

Belli bolan maglumatlara görä, öz harytlaryny Ukraina Türkmenistana dünıä bazaryndaky iñ ıokary hilli harytlaryñ bahasyndan satıar. Türkmen hökümeti-de olary ilata hödürleıär.

Eger-de Çernobyl heläkçiliginiñ bolup geçen döwrüne dolansak, onda hut meniñ özüme Çernobylda işläp gelen, ol ıerde radioaktiv şöhle bilen zäherlenen zonadaky ilkinji aılardaky işlere gatnaşman türkmenleriñ birnäçesi bilen gürrüñdeş bolmak başartdy. Olaryñ biri Çernobyldan gelensoñ, bary-ıogy 1 ıyla ıetmän ıogaldy.

Durdy atly ol oglan Çernobylda işleıänlere aıratyn köp aılyk berıärler diıip, ol ıere meıletin işlemäge gidipdir. Onuñ bilen bile giden ıoldaşlarynyñ biriniñ soñra gürrüñ bermegine görä, Çernobyl zonasynda işleıärkäler Durdy bolıan iş bunkerlerinden daşaryk ıörite geıimsiz, skafandyrsyz, çykyp,”Görüñ, ynha, men daşarda durun! İeri, bu taıda gorkar ıaly näme bar?!” diıip, birnäçe gezek gözsüzbatyrlygny görkezipdir.

Ilkinji aılarda çernobyl heläkçiliginiñ netijelerini ıok etmäge gatnaşan ıene bir türkmen ıigidi 1988 ıylda şuny gürrüñ berdi. ”Çernobyl heläkçiliginde işlämizde iş wagty çäklidi. Öz işlemeli sagadyñy işläp, soñ derrew bunkere gaıdyp gelmelidi. Işe brigadalaıyn çykylıardy. Bir brigada bunkere dolanıar, beıleki-de işe ugraıar. Iş wagty bölekleıin hem gysgady. Käbir adamlar şonda-da öz gezeklerine işlemegi kyn görıärdiler… Onsoñ olar, öz arak paılaryny berip, öz ıerlerine başga birini iberıärdiler. Özleri başaşa gezekde çykıardylar. (Arak radioaktiv şöhläni adamyñ bedeninden tiz çykarıar diıip, bize o taıda adam başyna gündelik bir çüışeden arak berilıärdi..) Türkmenleriñem käbiri iliñ deregine işe çykıardy…”

Nähili gaıgyly gürrüñ! Nähili düşünjesizlik! Bu tragediıanyñ düıbünde nämeleriñ ıatandygy dogruda, goı, her kesiñ özi oılansyn. Atom ıadrosyndaky ägirt uly möçberdäki energiıanyñ nädip alynıandygy, ol energiıany almak üçin zynjyrly reaksiıanyñ tutaşdyrylıandygy we şonda energiıa bilen birlikde ölüm howply şöhläniñ-de bölünmäge ukyplydygy dogruda orta mekdepde sapak berilıär. Elbetde, Çernobyl heläkçiliginiñ yzyny arassalamaga meıletin giden türkmen ıigitleriniñ watanperwerligini, gumanistik meıillerini, batyrlygyny, kynçylykdan, howpdan gorkmazlygyny inkär edip bolmaz. Olaryñ ıagşy niıetine hormat goımaly. İöne olaryñ radioaktiv şöhläniñ tebigatyna düşünmezligi, bu howpuñ gylygyny bilmezligi we netijede özlerini goramakdan ejiz gelmegi diıseñ gussa batyrıar.

Olar atom ıadrosy, onuñ häsiıetleri, onda bolup geçıän zynjyrly reaksiıa wagtynda bölünip çykıan ölüm howply radioakativ şöhle dogrusynda diñe bir orta mekdepde berlen düşünjäni däl, eıse Çernobyla işlemäge baranlarynda, meger, hökmany suratda berlen gysgaça düşünjäni-de gulaklarynyñ duşundan geçiren bolmaly. Bu düşünjeden habarsyz bolmaklary, ony äsgermezlikleri Çernobylda işlän türkmenleriñ köpüsiniñ başyna ıetdi.

Çernobylda işläp gelen türkmen ıigidi özüniñ birentek ıeñilliklerden peıdalanmaga haklydygyny, emma Türkmenistanda olaryñ her biri üçin dürli edaralar bilen ıaka tutuşmaly bolıandygyny, ıöne özüniñ gün-günden güıjüniñ gaçıandygyny, edaradan edara aılanyp ıörmäge ıagdaıynyñ ıoklugyny gürrüñ berdi. ”Meniñ ol ıere gidemde iki çagam bardy. Gelemsoñ, dogtolar üçünji çagany dünıä indermegi maslahat bermediler” diıip, sözüni tamamlady. Onuñ ıüzi agaryp durdy, hereketlerinde haıal-ıagallyk, gözlerinde nähilidir bir çuññur tukatlyk bardy. Şol wagtam ol çernobylçy hökmünde berilmeli hakyny aljak bolup, uzyn nobatda durdy…

Çernobylyñ gaıgyly 20 ıyllygy bilen bagly meniñ bu makalany ıazmagymyñ düıp sebäbi diñe bir geçeni ıatlamak däl, eıse türkmenleriñ öz üstlerine geljekde abanyp biljek şoña meñzeş beladan goranmany öwrenmekleriniñ örän zerurdygyny nygtamak üçin! Çernobyl Türkmenistandan örän uzakda bolsa-da, biziñ halkymyz onuñ derdini çekdi: ol ıerden iberilıän, SSSR-iñ beıleki ıerlerinde satmaga rugsat bolmadyk, halkyñ almajak iımitlerini iıdi, ony häzirem iıip ıör. Ol ıerde işläp gelen türkmenistanlylaryñ näçesiniñ ölüp, näçesiniñ diri galandygy-da belli däl. Çernobyl heläkçiligi türkmenleriñ, türkmenistanlylaryñ radioaktiv beladan özlerini goramaga taıyn däldiklerini, onyñ öñünde ejiz gelıändiklerini görkezdi.

Häzirki döwürde biziñ iñ ıaky goñşymyz, Eıran ıadro ıaragyny edinmäge synanyşıar. Mollaçylyk rejim eııäm urany baılaşdyrmagy öwrendi. Türkmenistanyñ alkymynda hamana parahatçylykly atom energiıasyny almak ugrunda gije-gündiz gyzgalañly iş gidıär. Nebite dünıäde iñ baı ıurtlaryñ biriniñ atom elektrostansiıasyny gurjak bolmasy eıse geñ dälmi?

Üssesine-de Eıranyñ atom elektrik desgasyny gurjak bolıan ıeri seısmiki taıdan ynjalykly däl. Ol ıerde ıer titrese, biziñ regionymyzy geljekde ullakan ıadro tragediıasynyñ üstünden eltip biler. Tebigy heläkçilik bolmaıanda-da, mollaçylyk rejiminiñ atom ıaragyny edinmeginden gorkıan ıurtlaryñ käbiri, zerurlyk dörese, Eıranyñ atom merkezlerini bombalamakdan gaıtmajakdyklaryny gizlänok. Diımek, bu türkmenler üçin häzirki wagtda iñ aktual meselelriñ biri!

Türkmenistanyñ hökümeti halka bu ugurda giñişleıin düşünje bermeli! Bu gaıragoıulmasyz iş. Oña günübirin girişmeli! İogsa, ıadro heläkçiligi Türkmenistanyñ golaıynda ıüz beräıse, onuñ netijesiniñ türkmenler üçin hemme kişiñkiden agyr bolmagy ahmal… Şonuñ üçinem atom howpundan, radioaktiv şöhleden we tozandan nähili goranmalydygyny öwredıän türkmençe gollanmalary diñe Türkmenistanyñ däl, eıse Eıran, Owganystan, Yrak türkmenleriniñ-de dykgatyna ıetirmeli.

Radioaktiv şöhle, radioaktiv tozan – göze görünmeıän bela. Göze görünmeıän beladan goranmak, görnüp gelıän duşmandan goranandan has kyn. Munuñ üçin düşünje gerek! Biziñ ynjalyksyz regionymyzda dörän atom howpuny äsgermezlik etmek ıeñilkellelik bolar. Hindistan, Pakystan we Eıran ıaly ıurtlar ıadro ıaragyny edinensoñ, türkmenlere diñe bu ugurdan berk düşünje edinibermek, özüni goramany öwrenibermek galıar! Eger türkmenler bu beladan häzirden özüni goramagy öwrenmese, onda geljekde biziñ halkymyzyñ depesinden ölüm, millet hökmünde gyrgynçylyga uçramak gorkusynyñ abanmagy ahmaldyr.

A.Welsapar, ıazyjy