BENAZIR BHUTTO

 

Benazir Bhutto 2007 ıylyñ 27-nji dekabrynda namartlarça öldürildi…

 

Bir adam merhum Avdy Kula ıazan hatynda öz çüırük durmuş pozisiıasyny şeıle aklamaga synanıar: “Barha beter maddylaşıan dünıäde erkeklik, mertlikç watançylyk hakyndaky sözleri diñlemek ıakymly, ıöne olara ynanyp iş etseñ, Hoşaly Garanyñ, Çarymyrat Guruñ gününe düşmek gaty añsat. Bu-da ykbaldyr diıseñ, ıetim galan çagalaryña bir manat uzatjagyñ tapylmazlygy hem halkyñ garyplygy sebäplidir diısek, boıny buruk çagalary bilen daşaryk gaçan dul hatynyñy depelejek bolup duran “opposisiıa” näme diıjek.”

 

Benazir Bhutto 1988-nji ıylda adamzat taryhyna hemişelik girdi. Şol ıyl ol Pakystanyñ premıer-ministri wezipesine mynasyp boldy. Bu örän uly wakady. Çünki şonda musulman dinine uııan ıurtda aıal maşgala ilkinji gezek döwlet baştutany wezipesine bellenildi.

Dogrusy, bu sene tutuş adamzat taryhynda-da kiçi-girim däldi. Sebäbi şol güne çenli entek Günbatar ıurtlarynda-da döwlet baştutany wezipesini eıelän aıal barmak basyp sanaımalydy. Ösen demokratik ıurtlaryñ aglaba köpüsinde-de entek aıallara beıle ynam edilmändi, häzirem edilenok. Gynansak-da, birentek Günbatar ıurtlarynda aıal-gyzlar biziñ günlerimizde-de öz hak-hukuklary ugrunda göreşmeli bolıarlar. Sebäbi erkekler bilen aıallaryñ deñhukuklylygy kagyz ıüzünde ykrar edilse-de, durmuşda bu kada bozulıar.

Diımek, Benazir Bhutto öz batyrlygy, syıasy düşünjeliligi, başarjañlygy bilen diñe bir öz şahsy abraıyn ıa-da diñe bir öz ıurdunyñ abraıyny götermek bilen çäklenmän, eıse bütin Gündogar ıurtlarynyñ, aıratyn hem musulman halklarynyñ abraıyny arşa göterdi. Gündogar aıallary durmuşda-da, syıasatda-da oña deñleşmäge höwes etdiler.

Geçen asyryñ 90-njy ıyllarynyñ ortalarynda Benazir Bhutto Türkmenistana syıasy sapar bilen gelip gitdi. Şondan soñ Türkmenistanda dürli ıokary wezipeli aıallaryñ arasynda Benaziriñki ıaly başa ak öıme atynmak ıoñ boldy. S.Nyıazovyñ golastynda işleıän Aksoltan Ataıeva, Abat Ryzaıeva ıaly aıallar Benazire öıkünip, başlaryna ak öıme atyndylar. Emma ak öıme atynyp Benazir bolup bolıarmy? Onuñ üçin ilkibaşdan demokratiki syıasy düşünje, bilim, gaırat gerek. Şol binıadyñ bolmasa, ak öıme seni nätsin?!

Netijede diktator bir gezek gözüni alardanda, A.Ataıeva bilen Abat Ryzaıevanyñ başyndaky ak öıme ıitirim boldy… Olar derrew towuk kimin busdular. Elbetde, başatgyjy sypyrmak añsat, ıöne şol döwürde doglan türkmen gyzjagazlaryna dakylan Benazir atlarynyñ indiden eıläk ykbalynyñ nähili boljagy-da belli däl. Gorkup ıörmäge endik eden adamlaryñ arasynda indiden eıläk Benazir adyny göterip gezmek añsat düşmese gerek? Megerem, onlarça türkmen gyzlarynyñ atlary täzelener? Belki-de olar bireııäm täzelenendir.

Öıkünjeñlik gowy zat däl. Iliñ eşigine girip, kişiniñ mertligine-de şärik bolup bolmaz. Onuñ üçin kişiñ başatgyjyny atynanyñ, telpegini geıneniñ, keseki ıurduñ partiıasynyñ adyny baıdak edineniñ ıeterlik däl. Özüñde gudrat bolmaly. Özüñ derde geçmeli. Özüñde ylym, bilim, düşünje, gaırat, adalat, başarjañlyk bolmasa, kesekä öıkünip, alan galañ bolmaz. Kesekiniñ tejribesini peıdalansañ, onda başga gep. İöne onuñ üçin akyl-paıhas, gaırat gerek. 

Benazir Bhutto mert aıaldy. Mertlik bilenem öldi. Beıle ömür we beıle ölüm her kese miıesser edenok. Namart ıaşan mert ölüp bilmez, diñe dogry ıaşan göni gelen ajalyñ öñünde dogry durup biler. Namart müñ bahana tapar, ıöne hak iş üçin öz janyny bermez. Sebäbi namart adam üçin dünıäde onuñ öz janyndan gymmatly zat ıok. Ol diñe özi üçin ıaşaıar. Watanyñ, dogduk topragyñ, il-günüñ geljegi üçin janyñy howpa salmak – namart adam üçin geñ bolup görünıär. Beıle beıik düşünjeler namardyñ diñe nakys gülküsini tutduryp biler.

Ol adamlaryñ biri merhum Avdy Kula ıazan hatynda öz çüırük durmuş pozisiıasyny şeıle aklamaga synanıar: “Barha beter maddylaşıan dünıäde erkeklik, mertlikç watançylyk hakyndaky sözleri diñlemek ıakymly, ıöne olara ynanyp iş etseñ, Hoşaly Garanyñ, Çarymyrat Guruñ gününe düşmek gaty añsat. Bu-da ykbaldyr diıseñ, ıetim galan çagalaryña bir manat uzatjagyñ tapylmazlygy hem halkyñ garyplygy sebäplidir diısek, boıny buruk çagalary bilen daşaryk gaçan dul hatynyñy depelejek bolup duran “opposisiıa” näme diıjek.”

Watan, dogduk toprak, il-gün hakda namart diñe boş gürläp ıa-da goşgy ıazyp biler. Ony iliñ öñüne çykyp, aglamjyrap okabam biler. Emma gyzza-gyzza gelende, çete çekiler, watany däl, özüni gorar, il-günüñ geljegini däl, özüni gaıgy eder. “Soñuny saıandan batyr bolmaz” diıip, ata-babalarymyz ıöne ıerden aıdan däldir. “Men namartlyk etjek däldim, batyrlyk etjekdim, ıöne…” diıip başlanıan gürrüñiñ yzyny diñlemek diıseñ ıürekgysdyryjy ahwalat…

Benazir Bhutto göni gelen ajalyñ öñünde dogry durup bildi. Biziñ döwrümizde Gündogarda geñ tendensiıa ıüze çykdy. Nämüçindir Gündogar aıallary mertlikde, batyrlykda erkeklerden ökde gelıärler. Munuñ sebäbi nämede? Bu sorag entek öz öwrenilmegine, derñelmegine mätäç. İöne durmuş hakykatyny inkär etmek welin mümkin däl. Pakystanda-da, Hindistanda-da, Türkmenistanda-da, beıleki käbir Gündogar ıurtlarynda-da, aıal-gyzlar öz düşünjelerini, şol sanda syıasy düşünjelerini-de, erkeklere garanda has berk goraıarlar. Gerek bolsa, öz ynamlary üçin janlaryny gurban edıärler.

Käbir maglumatlara görä, 27-nji dekabrdaky geçirilmeli duşuşyga barsa, öz janyna howp abanıandygyny Benazir Bhutto bilipdir. Emma şonda-da öñden planlaşdyrylan duşuşykdan boıun gaçyrmandyr, gorkmandyr, ıöwsellemändir. Netijede Pakystanyñ demirgazyk etrabyndaky Rawalpindi şäherinde 2007 ıylyñ 27-nji dekabrynda batyr hem düşünjeli syıasatçy, merdana zenan Benazir Bhuttonyñ ömri üzüldi.

Benazir Bhutto 54 ıaşynda wepat boldy. Ony öldürenleriñ nähili ownujak, nähili namart, kümsük, doñıürek hem dar düşünjeli adamlardygy hakda, goı, her kesiñ özi oılansyn. Türkmenlere we türkmenistanlylara bu ölüm bilen baglanyşykly oılanmaga sebäp kän. Eger biziñ Benazir Bhuttonyñ tragiki ykbalyna gynanıanlygymyz, Pakystanyñ halkyna duıgudaşlyk edıänligimiz çyn bolsa, onda biz bu tragediıadan özümiz hem öz geljegimiz üçin sapak almaly. Türkmenistanda geljekde şeıle erbetligiñ bolmazlygy üçin häzirden alada etmeli. Bu ugurda Türkmenistanyñ resmi häkimiıetleri-de, türkmen oppozisiıasy-da anyk işleri durmuşa geçirmeli.

Türkmenistanyñ prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedov we onuñ töweregi bir hakykaty unutmaly däl: haısy ıurtda adam hukuklary basgylansa, demokratik özgerişlere, ösüşe ıol berilmese, syıasy partiıalar gadagan edilse, söz azatlygy bogulsa, şol ıurtda iru-giç ekstremistik, şol sanda dini fanatizmiñ esasynda ıetişen gara güıçler öñe çykıandyr. Türkmenistanda şundan öz wagtynda netije çykarylsa gowy bolardy.

Oppozision töwerekler bolsa, özara jedelleri hukuk giñişliginde alyp barmagy, syıasy bäsdeşligi şahsy duşmançylyga öwürmezligi öwrenmeli. Diñe şeıle zerur işler öz wagtynda durmuşa geçirilse, Türkmenistanyñ ıagty geljegine ynanyp bolar. Diñe şonda gara güıçleriñ ıurduñ geljegini opurmagynyñ, Benazir Bhuttonyñ garşysyna edilişi ıaly kümsük syıasy öldürmeleriñ gaıtalanmagynyñ öñüni alyp, Türkmenistanda kadaly syıasy ösüşi üpjün edip bolar.

Bu düzgün häzirden hemmeler tarapyndan ykrar edilse we berk ıerine ıetirilse, onda türkmen topragynda demokratik jemgyıeti, hukuk döwletini gurmak ugryndaky barıan agyr göreşde ıoluñ gylla ıarynyñ geçildigi bolardy.

Ak Welsapar, ıazyjy
2007-12-29