ADAM DURMUŞYNDA ULY MANY BAR…

(Çagalary goramagyñ Halkara güni bilen baglanyşykly oılanmalar)


Gurbannazar Eziziñ ”Güız” sonetler çemeninde şeıle setirler bar:
                            Adam durmuşynda uly many bar:
               Geçeniñ yzynda galyp ıör höwri.

Eıse adam ömrüniñ manysy dine yzynda nesil goıup ötmekdemikä? Şahyryñ bu setirlerine nähili düşünmeli? Ol: “Adam durmuşynda uly many bar…” diııär-de, ony-da iñ ıönekeı zada syrykdyrıar.

Belki-de, bu diñe, göräımäge, şeıledir? Gurbannazar ıaly dana adamynyñ adam ömrüniñ manysyny dine “höwür goıup” ötmek diıip düşünmejegi belli dälmi nä? Munuñ şeıledigini bilmek üçin Gurbannazar Eziziñ döredijiligini gowy bilmeli, onuñ ruhuna düşünmeli.

G.Eziz çaga temasyna aıratyn çemeleşen şahyr. Onuñ ”Oglan we deñiz” atly çagalar üçin ıazylan kitabyny agzamanyñda-da, ”Ynam”, ”İer-Gögüñ arasynda”, ”Güız” we ”Serpaı” kitaplarynda-da bu temadan döredilen goşgy barmak basyp sanardan kän. Ol onlarça goşgu-da çagalaryñ duıgy-düşünjelerini inçeden yzarlaıar. “Uruş” döwrüniñ çagalarynyñ galagoply durmuşyndan bir gün:
                            Altymdamy?
               İedimde?
               Bilemok aıan.
               … Çörek üçin men irden
               Dükana barıan.

Gara dañdandan maşgalanyñ çörek paıyny almaga iberilen oglanjyk eli çörekli yzyna gelıär:
                            Begenjimiñ çägi ıok,
               Gobsunıar ıürek,
               Hyıalymda – öımüz,
               Elimde çörek.

               Tegelek gün galypdyr –
               Aıdyñ töwerek.
               Elimdäki çörek deı
               Günüm-de çörek!

Arman, oglanjyga çörek paıyny öılerine eltmek miıesser edenok. Tüısi bozuk uly adam öñünden çykıar-da, gara güıjüne baırynyp, 6-7 ıaşly oglanjygyñ elinden gara çöregi gañryp alıar. Ol bütin maşgalanyñ tegelek bir günlük çörek paıy, diımek oglanjygyñ diñe özi däl, tutuş maşgalasy bir gije-gündiz aç galmaly. Oglanjyk ulalansoñ, başyndan geçen bu wakadan nähili netije çykarıar? Ol ”Uruş döwründe meniñ elimden çöregimi aldylar, men aç galdym” diıip nalanok. İok, G.Eziziñ liriki gahrymany beıle ownukçyl däl:
                            İöne şol agyr günler
               İüzüni açan
               Ejiz diıen milleti
               İeñeris haçan?..

Biziñ hemmämiz çagalykda uly dünıäniñ ıüzüni gören. Dogrusyny aıtsañ, dünıäniñ şol ıüzi – onuñ hakyky ıüzi. G.Eziz çaganyñ, öz çagalygynyñ gözünden garap, dünıäniñ şol ıüzüniñ görnüşini çekıär. Ulalansoñ, çagalyk duıgularynyñ päkligini saklaıar, çagalaryñ ulularyñ goragyna, mährine mätäçdigini nygtaıar.
              Söıüñ çagañyzy!
              Söımekden armañ,
              Säherler oıanyp öpüñ bir salym.

                               (”Söıüñ çagañyzy”)

G.Eziziñ döredijiliginde çaga nusga alarlyk derejedäki päklik:
                          Säher turup, syl ıüzüñe çagañy,
              Päkligiñde bolup bilseñ şonça bol!”

                          (”Säher turup, syl ıüzüñe çagañy…”)

Bu mysallary men nämüçin getirıärin? Elbetde, edil häzir meniñ niıetim G.Eziziñ döredijiligine baha bermek däl, türkmenleriñ çaga bolan garaışyny derçemek. Mysallary alan şahyrym öz nesliniñ çaga bolan garaışyny gowy beıan edıär diıip hasaplanym üçin. İogsa mysallary köpeldip biljek, sebäbi türkmen poeziıasynda çaga temasy iñ oñat işlenen temalaryñ biri. Türkmençilkde çaga – durmuşyñ güli hasaplanıar. Halkyñ düıp ıörelgelerinden ugur alıan, her setiri üçin öz halkynyñ öñünde jogapkärçilik duııan ıazyjylaryñ, şahyrlaryñ döredijiliginde çaga uly mukaddeslik hökmünde garalıar. Türkmen medeniıetinde çaganyñ kulty bar. Türkmen edebiıatynda bu milli psihologiıa yzarlanıar, halkyñ mentalitetinde ıok zat onuñ boınuna dakyljak bonanok.

G.Eziziñ hem bu ugurda öñe sürıän ideıasy hut halkyñ öz düşünjesine daıanıar: ”Adam durmuşynda uly many bar: Geçeniñ yzynda galyp ıör höwri”

Türkmençilikde ”Çagaly öı – bazar, çagasyz öı – mazar” diıilıär. Bu ıörelgäniñ bizde has añyrdan gelıänligi ikuçly däl. Klassyk şahyrymyz Şeıdaıy ”Begler” goşgusynda:
                                Gury agaçlar ıanar, söner,
                 Öl agaçdan hasyl öner…

diıende-de, adam durmuşyny göz öñünde tutup aıdıandygyny çaklasa bolar. Sebäbi türkmen dilinde perzentsiz adam gury agaja deñelıär. Bu ıerde, elbetde, saglyk ıagdaıy zerarly önelgesiz bolan adamlaryñ kemsidiljek bolunmaıandygyna pähimi bolan düşüner.

Diımek, türkmençilikde yzyñda mynasyp höwür goımak – uly bagt. G.Eziz hem adam durmuşynda çaga dogurmakdan özge hiç bir many ıok diıenok. Ol diñe çeper eserde ulanylıan adaty täri ulanyp, bu meseläni ulaldyp görkezıär. Elbetde, bu ıerde diñe mynasyp nesil hakda gürrüñ gidıänligi düşnükli bolsa gerek.

Öz yzynda mynasyp nesil galdyrmak her bir adamyñ arzuwy. Ony adam durmuşynyñ iñ uly manysy diıseñem gelişmän duranok. Adamyny bezeıän duıgularyñ köpüsi onuñ öz çagasyna bolan gatnaşygynda ıüze çykıar. Adam ıaşaıyşynda çaga hemme zatdan ileri tutulıar. “Bal süıji, baldan – bala” diıilıäniniñ sebäbi, adamzat çagasyny öz süıji janyndan-da ileri tutıar. Ene-ata çagasynyñ bagty üçin agyr zähmete-de, horluga-da dözıär. Özi agyr gün görse-de, çagasyna ony görkezmejek bolıar. Her kes öz çagasyna, uly nesil özünden soñkulara: ”Siziñ görjegiñiz gowy bolsun” diıip, dileg edıär.

Türkmenistanly ene-atalar sovet döwründe, ol döwrüñ kynçylyklaryny başdan geçrenleri, adalatsyzlyklary gözleri bilen görüp, eginleri bilen çekendikleri üçin, öz çagalaryna garap, belki, kän gezek bu dilegi edendirler: ylahym, siziñ görjegiñiz gowy bolsun!

Arman, biziñ ene-atalarymyzyñ sovet döwründäki eden dilegleri häzirlikçe durmuşa geçenok. Garaşsyzlyk ıyllarynda türkmen maşgalalarynyñ maddy hal-ıagdaıy-da, çagalaryñ sosial goragy-da öñküsinden gowulaşmady, gaıta has pese düşdi. İogsa, biziñ topragymyzyñ tebigy baılyklaryny, işeññir hem öz hakyna jür halkymyzy nazara alsañ, garaşsyz toprakda çagalar sovet döwründäkiden has gowy ıaşamalydy. Çagalaryñ, çagaly maşgalalaryñ sosial goragy-da öñküsinden has ıokary bolmalydy. Emma ıurtda emele gelen syıasy ıagdaı ıagşy arzuwlary puja çykardy.

Türkmenistanda häzirki wagtda çaga zähmeti giñden ulanylıar. Netijede okuw ıaşyndaky çagalar diñe bir sowatsyz galman, olaryñ saglygy-da ıaramazlaşıar. Türkmenistanda bäbekleriñ we ıaş eneleriñ ölümi-de gaıtdadan ıokary göterildi. SSSR ıykylansoñ, gowaça monopoliıasynyñ köküne tebigy ıagdaıda palta urulmagy bilen çaga ölümi birbada azalypdy, emma ol faktor gysga wagtda, ıagny 10 ıyla-da ıetmän, öz pozitiv netijesini sarp edip gutardy.

Şondan soñ halkyñ maddy durmuşynyñ, medisina hyzmatynyñ hiliniñ pese gaçmagy zerarly bäbekleriñ, ıaş çagalaryñ we eneleriñ ölüm derejesi gaıtadan ıokary göterildi. İurtda işsizligiñ, neşekeşligiñ köpçülikleıin ornamagy çagalaryñ ıagdaıyny has-da erbetleşdirdi. Mekdebe düıbünden gatnamaıan, okuwsyz, bilimsiz ulalıan çagalar köpeldi.

İöne türkmenler uzak taryhyñ dowamynda öz geljekki nesline, onuñ terbiıesine, saglygyna örän jogapkärli çemeleşen halk hökmünde belli. Muny klassyky şahyrlarymyzyñ goşgularynda-da, ”Gorkut Atanyñ kitabynda-da”, ”Görogly” eposynda-da görse bolıar. Meselem, erenlerden perzent dilemegi unudan Görogly soñra ıurt aşyp, özüne mynasyp bir ogullyk getirinıär we ony hut öz ıüreginden önen çagasy ıaly terbiıeläp, batyr ıigit edip ıetişdirıär. ”Gorkut Atanyñ kitabynda” çaga gözüñ nuruna deñelıär:
                                  ”Ogul, ogul, aı ogul!
                  Garañkylyja gözlerim aıdyñy ogul!”

Bu günki gün durmuş näçe agyr-da bolsa, men türkmen ene-atalaryna ıüzlenip: ”Kynçylyga döz geliñ, öz çagalaryñyzy yrak-sowak etmäñ, olara bilim beriñ!” diıip ıüzlenesim gelıär.

Her bir kynçylyk wagtlaıyndyr, adamyñ başynda hemişelik durjak kynçylyk ıokdur. Häzirki agyr döwür hem geçer gider. Emma öz wagtynda bilim almadyk çagalar soñra bilimsiz galarlar. Çagalykda, ıaşlykda almaly bilimiñ öwezini soñra dolmak kyn. Käte hatda mümkin hem däl. Häzirki wagtda Türkmenistanda emele gelen ıagdaıda çagalaryñ ıazygy ıok. Şonuñ üçinem olaryñ okamak, bilim almak hukugyny gorañ! Çagalaryñ bilim almagy Türkmenistanda höküm sürıän oınatgy rejime däl-de, ilki bilen ene-atalaryñ, çagalaryñ özüne, türkmen topragyna gerek. Diımek, türkmen hökümetiniñ bu ugurda edıän ıeñilkelle hem doñıürek, pähimsiz hereketlerine garamazdan, ene-atalar öz çagalaryna düıpli bilim bermek üçin ellerinden gelenlerini etmelidirler. Şonsuz Türkmenistanyñ geljegi ıokdur. Azapsyz ıeriñ ady ıok diıleni: bu gün düşünjesi ıagty nesli terbiıelemedik ıurt, halk, adamlar ertirki ıagty geljege umyt edip bilmezler. İurdy, ili ıagty güne ıetirjek okuwly, bilimli nesildir. Diımek, bu gün öz çagalaryny okatmak, bilim bermek arkaly her bir maşgala arzuwly günüñ iru-giç hakykata öwrülmegine uly goşant goşup bilerler.

Wagt geler, şonda çagalaryñyz siziñ bu günki eden aladañyzy müñ esse edip yzyna gaıtaryp bererler!

Ak Welsapar, ıazyjy
2006-06-01