ÇAL KARDINALYÑ SOÑY
Türkmeniñ tebigy baılygyndan agzy tagam tapan daşarky güıçleri häzirki gyzyklandyrıan zat – çal kardinaly Köşkden kowmak bilen prezident Gurbanguly Berdimuhammedov öz ıakyn töweregindäkileriñ arasynda kimlerden dynmak isleıär – orsparaz güıçlerdenmi ıa-da gunbatarparaz?
2007-05-16

 

Türkmenistanyñ resmi habar agentlikleri general-leıtenant Akmyrat Rejebovyñ işden boşadylanlygyny habar berdiler. İurduñ içki durmuşyna ıetirip biljek täsiri boıunça bu täzeligiñ möhümlik derejesini Saparmyrat Nyıazovyñ (Türkmenbaşy) duıdansyz ölümi bilen deñeşdirse bolar.

Eıse Akmyrat Rejebov kim? Ol soñky 17 ıylyñ dowamynda Türkmenbaşynyñ janyny gorap gelen janpenasy, ıagny prezident Gwardiıasynyñ baştutany. S.Nyıazovyñ Türkmenistanda Akmyrat Rejebovdan wepaly, şondan ynamly adamsy ıokdy. Akmyrat Rejebov diñe bir ıönekeı adamlaryñ däl, eıse ıokary wezipeli çinovnikleriñ-de ıüzlerçesiniñ işden kowulmagyna, tussag edilmegine, türmä basylmagyna, fiziki taıdan ıok edilmegine gös-göni sebäp bolan adam.

Iş ıüzünde general-leıtenant Akmyrat Rejebov ıurdy Saparmyrat Nyıazov bilen deñje sorap geldi. Onuñ ıurduñ içerki we daşarky syıasatyna ıetirıän täsiri aıylganç uludy. Diktatoryñ kölegesine bukulyp, etjegini edip ıören bu adama ”çal kardinal” diılip at berilmegi ıöne ıerden däldi. Ol ıurtda hökümdardan soñky hökümdardy. Türkmenbaşy ölende ıurtda diñe bir adamynyñ Konstitusiıa boıunça prezident tagtyny eıelemäge hukugy, ıöne başga bir adamynyñ hem real mümkinçiligi bardy. Olaryñ birinjisi Parlamentiñ (Mejlisiñ) ozalky başlygy Öwezgeldi Ataıev, ikinjisi-de diktatoryñ janpenasy Akmyrat Rejebovdy.

Nämüçindir Akmyrat Rejebov prezidentiñ kürsüsini eıelemekden çeke durdy. Ol munuñ bilen hem çäklenmän, Baş kanun boıunça prezidentiñ wezipesini wagtlaıyn ıerine ıetirmeli Öwezgeldi Ataıeviñ tussag edilmegini gurnady. Netijede hut Akmyrat Rejebov Gurbanguly Berdimuhammedovyñ tagta çykmagyna ıol açdy. Belki, bu işleri ol ıagşy niıet bilen edendir? Belli däl. İöne nähili bolanlygynda-da, ol özüniñ çalasowat adamlygyny añry ıany bilen subut etdi... Totalitar ıurtda diktatorlar özüni tagta çykaran adamlary hökman ıok edıärler... General-leıtenant Akmyrat Rejebovyñ şeıle ıönekeıje emelleri bilmezligi geñ galdyrıar!

Bir adamyny tagta çykaryp bilen adam, ony aıryp, deregine başgasyny-da goıup biler! Bu şeıle bir ıönekeı hakykat welin, ony hatda çalasowat diktatorlar-da bilıärler! Gurbanguly Berdimuhammedov bolsa ıokary bilimli, onda-da alymlyk derejesini alan adam. Onsoñ ol nämüçin öz goltugynda zäherli ıylany saklamaly?!

Işden boşadylan çal kardinalyñ mundan beıläkki ykbaly-da, Türkmenistanyñ indiden eıläk haısy ıol bilen ıörejegi-de entek belli däl. İöne bir zat welin aıdyñ – general-leıtenant Akmyrat Rejebovyñ işden kowulmagy ullakan syıasy sarsgynlaryñ diñe başlangyjy bolsa gerek? Eger başgaça bolsa onda Türkmenistan diktatorçylyk dolandyryşyñ taryhyna täzelik girizip biler.

Türkmenistanda ıüze çykan bu günki waka bilen häzir dünıäniñ iñ kuwwatly döwletleri gyzyklanıarlar. Olar wakalaryñ mundan eıläk haısy ugur bilen ösjekligini bilmäge çalyşıarlar. Emma, dogrusyny aıtsañ, ol döwletler üçin general-leıtenant Akmyrat Rejebovyñ ykbaly hiç zat. Uly döwletler üçin bütin türkmen halkynyñ ykbaly-da – mis teññe. Olary gyzyklandyrıan esasy zat – türkmeniñ gazy mundan eıläk niräk hem nähili möçberde akmaly – ana, şol!

Sebäbi soñky 15 ıylyñ dowamynda daşarky güıçler bir hakykata anyk göz ıetirdiler – eger-de sen Türkmenistanyñ prezidentiniñ bokurdagyndan mäkäm tutsañ, onda türkmen gazy seniñ jübüñi tylla teññeden doldurıar… Bu talañçylyk üçin senden hasap sorajak ıok. Türkmen halkynyñ hiç zada ygtyıary ıok. Onuñ asla sesi çykanok. Onsoñ Türkmenistan deñli-derejeli döwlete däl-de, eıse bir adamynyñ kärhanasyna meñzeıär: şol kärhananyñ başlygynyñ, ıagny ıurduñ prezidentiniñ bokurdagy kimiñ elinde bolsa, türkmen gazynyñ girdejisiniñ hözürini-de şol görıär! Türkmenistanyñ prezidentini burça gaba-da, ıurduñ tebigy baılyklaryndan gelıän girdejiden çuwallaryñy gözäber! Saña ıüzüñ üstünde burnuñ bar diıjek tapylmaz.

Türkmeniñ tebigy baılygyndan agzy tagam tapan daşarky güıçleri häzirki gyzyklandyrıan zat – çal kardinaly Köşkden kowmak bilen prezident Gurbanguly Berdimuhammedov öz ıakyn töweregindäkileriñ arasynda kimlerden dynmak isleıär – orsparaz güıçlerdenmi ıa-da gunbatarparaz? Türkmen gazynyñ haısy ugur bilen akjagy, ondan gelıän ummasyz girdejiden kimleriñ gerk-gäbe doıjagy hut şuña bagly.

Türkmeniñ özüne topragyndaky baılyklardan entek diñe dadymlyk ıetıär, doııanlar özgeler. Bu nämüçin beıle bolıar? Elbetde, sebäbi düşnükli. Türkmenistanda halkyñ gulagyna-da, bokurdagyna-da gurşun guılan. Halk döwleti dolandyrmaga gatnaşanok. Onuñ sesi ıok. Halkyñ adyndan onuñ özi däl-de, eıse satlyk adamlardan ybarat Halk maslahaty çykyş edıär.

Halkyñ erkini elinden alyp, ony burça gaban hökümdar hemişe öz pirini kädä gabaıar! Arkasynda öz halky durmadyk prezident daşary ıurtlaryñ baknasyna öwrülıär. Onsoñ oña diñe kimiñ guly, kimiñ oınatgysy boljaklygyny saılaımak galıar. Prezident Gurbanguly Berdimuhammedovyñ kime şam boljagy entek näbelli. İöne ol öz halkyndan erk-ygtyıary, azatlygy gysgansa, iru-giç iki agadan birini – Günbatary ıa-da Orsıeti saılamaly bolar.

Netijede ol ”hä” diımän, indiki diktatora öwrüler. Halka erk bermese, täze prezidentiñ ıakymly günleri sanalgydyr. Arkasynda öz halky dag ıaly bolup durmasa, daşarky güıçler ony nämüçin äsgersinler?

Elbetde, öz ygtyıarlylygyny görkezjek bolup täze prezident häzir käbir çäreleri durmuşa geçirıär. Bu gün ol howply bäsdeşi general-leıtenant Akmyrat Rejebovdan dyndy. İöne ölen diktatoryñ kölegesini taıaklap, prezident Gurbanguly Berdimuhammedov kime ıaranjak bolıar – Orsıetemi ıa-da Günbatara? Bu soragyñ jogaby entek näbelli. İogsa, diñe bir ıurduñ tebigy baılyklarynyñ däl, eıse türkmeniñ öz ykbaly-da, köp garaşdyran demokratik reformalaryñ ykbaly-da hut şol näletsiñmiş soragyñ jogabyna bagly.

Ak Welsapar, ıazyjy