DABARA EDERDEN IR DÄLMI?

...bir adamynyñ eden-etdiligi zerarly garaşsyzlyk ıyllarynda Türkmenistanyñ döwlet we jemgyıetçilik durmuşyna agyr zyıanlar ıetirildi, olary düzetmek üçin töwerekleıin reformalry geçirmek möhüm.

2007-03-28

 

Edil häzir Türkmenistanda bolup geçıän özgerişleri dañ sazy bilen deñeşdirse bolar. Dañ sazy her gün hem ony gören adamlarda basym Gün çykar, ol öz nury bilen bizi çoıar diıen umyt döredıär. Emma bu umyt hökman hasyl bolaıanok, gara bulut ıagtylygyñ öñüni tutmaga mydama häzir, aıratynam maıylganlygyñ ilki başynda, ıañy gara gyş sowular uçralarynda…

Dogduk topragymyzyñ üstünden gara gyş ötüp barıana meñzeş, emma ıaza çykdyk diıip telpegimizi göge zyñmaga bizde esas ıeterlikmi? İaz diımek – ıazylganlyk. Eger ıazylganlyk bolmasa, ıaz geldi diıip bolarmy?

Türkmenistanda 14-nji fevraldan täze prezident öz işine başlady. Adamlarda uly umyt döreden zat – onuñ saılaw döwründe beren wadalaryny günübirin durmuşa geçirmäge girişmegi boldy. Ol özgerişler nämelerden ybarat?

  1. Orta we İokary okuw jaılarynda kadaly okuw möhletiniñ dikeldilmegi;

  2. Sosial üpjünçilik meselesine täzeden garalmagy;

  3. Geografiki, ıer-ıurt atlaryny üıtgetmek hukugynyñ Parlamente (Mejlise) berilmegi;

  4. Prezidentiñ öñünden her baran ıerinde aıdym-tans bilen çykylmagynyñ we özüni öwüp aıdym aıdanlara prezidentiñ pul paılamagynyñ ıatyrylmagy.

Bular örän zerur çäreler, ıöne entek telpegiñi göge zyñardan has ir dälmi näme? Bu çäreleriñ hemmesini sananyñda, bir eliñ barmaklary ıetıär… Okuwyñ möhletiniñ dikeldileni bilen hemme iş çözülıärmi? Okuwyñ hili mundan eıläk nähili bolar? Mekdeplerde, ıokary okuw jaılarynda entegem hakyky ylmyñ deregine ”Ruhnama” öwredilermi ıa-da ol fakultativ sapaklarda, ıagny esasy programmadan daşgary okalıan kitaplaryñ arasyna goşulyp, okuwçylara we studentlere hakyky ylym berlip başlanarmy?

Bu meselede entek hiç hili anyk kanun kabul edilenok. Üzlem-saplam habarlardan mekdeplerde we ıokary okuw jaılarynda beden-terbiıe sapaklarynyñ gaıtadan dikeldilenligini, matematika, fizika, himiıa ıaly örän derwaıys okuw predmetlerine indiden eıläk geregiçe üns beriljekligi eşidilıär. Emma bu gowy habarlara entek resmi tassyklama ıok. Ençeme okuw kitaplarynyñ täzeden ıazylıanlygy we olaryñ geljekki okuw ıylynyñ başyndan ulanlyp ugraljaklygy-da aıdylıar. İöne bularyñ hemmesi entek diñe dil üsti bilen berlen görkezmelere çalym edıär, şonuñ üçinem olara güp ynanmak kyn. Sebäbi Kanuna öwrülmedik islendik buırugy, ony beren adamynyñ özi islän wagty ıatyryp bilıär. Diımek, bu ugurda entek heşelle kakardan ir.

Şol bir wagtyñ özünde-de bir adamynyñ eden-etdi zerarly garaşsyzlyk ıyllarynda Türkmenistanyñ döwlet we jemgyıetçilik durmuşyna agyr zyıanlar ıetirildi, olary düzetmek üçin töwerekleıin reformalry geçirmek möhüm. Şahsyıet kultunyñ öz ıaramaz täsirini ıetirmedik pudagy galmady. Şol ıaramaz täsirlerden saplanmak üçin ilki ıurdy bürüp taşlan keseliñ diagnozyny dogry we dogruçyl kesgitlemeli. Keseliñ diagnozyny anyk kesgitlemezden, ony bejerip bolmaıanlygyny ıokary bilimli wraç hökmünde täze prezident Gurbanguly Berdimuhammedov ilden öñürti bilmeli. Bu ugurda goldaw bolar diıen ıagşy niıet bilen biz birnäçe bölümden ybarat makalada ençeme çözülmegi gaıragoıulmasyz, möhüm meseleler dogruda durup geçmekçi…

Ak Welsapar, ıazyjy
                                                                                Dowamy bar