DAÑ SAZY…

Dañ saz berende gündogarda gögüñ ıüzüne sähelçejik ıagtylyk çaıylıar. İöne entek Gün dogmagyna wagt bar… Günüñ öz wagtynda dogjagy belli bolsa-da, onuñ öz nuruny adamlara eçiljegi belli däl...

2007-03-27

 

Türkmenistanda dañ saz berdi…

Gara gije geçip, gündogarda gögüñ ıüzüne süıt dek ıagtylyk çaıylanda türkmenler oña dañ saz berdi diııärler. Dañdany, dogup gelıän Günüñ ilkinji alamatlaryny gulaga ıakymly saza meñzedıärler.

Dañ saz berende gündogarda gögüñ ıüzüne sähelçejik ıagtylyk çaıylıar. İöne entek Gün dogmagyna wagt bar… Günüñ öz wagtynda dogjagy belli bolsa-da, onuñ öz nuruny adamlara eçiljegi belli däl, çünki dogup gelıän Günüñ öñüni gara bulutlaryñ almagy, şeıdibem göwün göteriji ıagtylyga umyt baglanlaryñ Gün şöhlesine zar bolup galmaklary ahmal… İagtylygyñ çeti görnensoñ hem howa bulaşyp, asmany gara bulut gaplap, Gün dogsa-da, nury adamlara ıetmän bilıändir. Şuny hiç haçan unutmak bolmaz. Özi-de şol gara bulutlar Güne garanda İere has ıakyndyr, İerden göterilıändir…

Men bulary häzirki wagtda türkmen televideniıesinde, radiosynda we beıleki köpçülikleıin habar beriş serişdelrinde täze prezidentiñ adyna ıygy-ıygydan aıdylyp başlanan ıaranjañ sözleri, gerekmejek mahabatlary göz öñünde tutup aıdıaryn. İeriñ özünden göterilıän gara bulut ägirt belentlikdäki Günüñ öñüni alyp bilıän bolsa, ıaranjañlar hem şoña meñzeşdir, olar hem halkdan onuñ dogmaly Gününi ogurlap bilıändirler. Bu öwgüleriñ entek hakyky ”öwhä-öw” başlanmanka öñi alynsa ıagşy, ıogsa soñra giç bolar...

 

IL, İURT, PARLAMENT, PREZIDENT, SUD HÄKIMİETI WE SÖZ, METBUGAT AZATLYGY

Bu düşünjeleriñ haısy birini aradan aıyrsañ, onda şol ıerde-de döwlet diıen düşünje öz hakyky manysyny ıitrıär. Hemme zadyñ başlangyjy – Halk. Halk bolmasa, ıurdam ıok, döwletem, parlamentem, prezidentem. İöne nämüçindi diktatorlar hemişe bu ıönekeı hakykaty ıatdan çykarıarlar.

Halk döwlet işlerine erkin gatnaşmasa, onuñ beıle döwletden hemişe göwni geçgindir. Halkyñ döwleti özüniñki saımagy üçin onuñ hukuklarynyñ ykrar edilmegi zerur. Grajdan hukuklarynyñ äsgerilmeıän ıurdunda halk özüni ıurt eıesi we döwleti-de özüniñki diıip hasaplap bilmez.

Öz dogduk topragynda halkyñ hukuklary kem-käzleıin bolup bilmez, ol hukuklaryñ derejesi halk öz borçlaryny höwes bilen berjaı ederlik derejede ıokary bolmalydyr! Halkyñ giñ hukuklarynyñ başdan-aıak doly ıerine ıetirilmegini üpjün edıän iñ esasy zat – SÖZ WE METBUGAT AZATLYGYDYR. Söz we metbugat azatlygynyñ ıok ıerinde beıleki azatlyklar hem ıokdyr. Döwlet, prezident saña dünıädäki iñ uly hukuklary berdim diıende, sen iñ bärkisi: “Haçandan bäri?” ıa-da “Hany ol hukuklar?” diıip sorap bilmeseñ, hukuk hakynda gürrüñ edeniñe bir degıärmi?!

Söz azatlygy ähli beıleki grajdan azatlyklarynyñ gözbaşydyr (Macaulay). Türkmen halkyna muña düşünmäge bireııäm wagt ıetdi. Halk köpçüligi bir zady anyk bilmeli, oña: söz, metbugat azatlygy berilmeıän bolsa, onda beıleki hukuklary-da ıokdur! Onda ol öz ıurdunda guldur. Bu sözi gaty görmeli däl. Kim-de kim “söz azatlygy dawa-jenjel döredıär” diıse, ol ıalan sözleıär. Beıle adam ıa-ha diktatura gulluk edıändir, ıogsa-da özi diktatordyr.

Türkmenistanyñ Halk Maslahatynyñ türkmen halkyna edip biljek iñ uly ıagşylygy – öz-özüni ıatyrmak hem Baş kanundan özüne degişli bölümiñ we maddalaryñ aırylmagyny gazanmakdyr!

Halk Maslahaty häzirki görnüşinde halkyñ erk-ygtyıaryny añladyp-da, hiç haçan halka wekilçilik edip-de bilmez. Sebäbi onuñ agzalaryny halk saılanok, olar hökümet bu wezipä belleıär. Birnäçe müñ adamynyñ arasyna tötänden bäş-üç sany dogruçyl adam düşäıende-de, olar umuman Halk Maslahaty diıilıän guramanyñ gylygyny üıtgedip bilmezler.

Ak Welsapar, ıazyjy
                                                                                                                   Dowamy bar