”DA VINÇINIÑ KODY” HRISTIAN DÜNİÄSINI ODA SALİAR

2006-05-18

 

Den Braunyñ ”Da Vinçiniñ kody” atly meşhur kitabynyñ esasynda döredilen adybir filmiñ dünıä premıerasy başlandy. Bu täzelige millionlarça adamlar soñky günlerde demlerini alman diıen ıaly garaşdylar. Bütin dünıäde, şol sanda hristian dünıäsinde-de, musulman dünıäsinde-de, bu hadysa gyzyklanma örän uly. Sebäbi Den Braunyñ kitaby we onuñ esasynda surata düşürilen film hristian dininiñ köküne palta urıar. Hristian dininiñ iñ gymmatly rowaıaty Isa pygamberiñ haja çüılenendigi we haçdan aırylansoñ, gaıyp bolandygy hakyndaky rowaıatdyr. Bu rowaıatda Isa pygamberiñ başy ölümli adam däldigi, eıse Hudaıyñ ogludygy tassyklanıar. (Hristian dininde Isa pygamber köplenç Hudaı bilen gatyşdyrylıar.) Hristian dininiñ iñ düıpli taglymatlarynyñ biri-de, Isa pygamberiñ iru-giç dirilip, yzyna gaıdyp gelmelidigi we kyıamat güni adamlaryñ ynsabyny, meshebini goramalydygy hakyndaky tassyklamadyr. Bu rowaıata görä, ol Tañrynyñ öñünde adamlaryñ ähli etmişlerni öz boınuna çekip, günälerini göterip, hristian dinine uııanlaryñ hemmesiniñ ruhlaryny dowzahdan halas etmeli.
 

Günä iş edip, öz günäñi iliñ boınuna ıüklemek isleginden gözbaş alıan bu rowaıaty Den Braunyñ kitaby we onuñ esasynda döredilen film kül-peıekun edıär! Sebäbi bu kitapda we adybir filmde Isa pygamberiñ hudaılygy inkär edilıär, onuñ başy ölümli adamdygy we Maria Magdalina öılenendigi, ol ikisinden önen çagadan ıaıran nesilleriñ soñra Europada mekan tutandygy dogruda gürrüñ berilıär (Isa pygamberiñ hiç haçan haja çüılenmändigi, eıse diñe haja dañlandygy,  diri galyp, soñra ıurtdan gaçyp gidendigi we has soñ Hindistanda aradan çykandygy barada-da maglumatlar bar).
 

Den Braunyñ kitabyndaky we adybir filmdäki tassyklamalar hristian ruhanylarynyñ we buthanasynyñ gonjuna gor guııar! Eger Isa pygamber Hudaı ıa Hudaıyñ ogly däl-de, eıse başy ölümli adam bolsa, ol Maria Magdalina öılenip, olardanam çaga önen bolsa, onda hristian dininiñ esasynda ıatan esasy toslamalar dyr-pytrak bolıar we iki müñ ıyl bäri diñe rowaıatlardyr toslamalar bilen iımitlenip ıaşap gelıän hristian dininiñ köki sarsıar.

Eıse beıle ıagdaı bilen hristian ruhanylary we buthanasy heı ylalaşyp bilermi? Elbetde, ıok. Şonuñ üçinem eııäm esli wagt bäri din hadymlary Den Braunyñ kitabynyñ we ertirden görkezilip başlanjak adybir filmiñ garşysyna diş-dyrnak bolup çykıarlar. Olar ilki-hä ıazyjynyñ kitabyny näletlediler, soñam entek ekrana çykmadyk filmi näletlemäge girişdiler. ”Da Vinçiniñ kody” atly filmiñ dünıä tanyşlygy golaıladygyça-da hristian ruhanylarynyñ we buthanasynyñ näleti barha dik asmana galıar.

Eııäm Ellada Pravoslav Buthanasy dine ynanıanlaryñ hemmesini bu filmi boıkot etmäge çagyrdy we bu çäräni ”hristian dinini goramagyñ bir görnüşi” diıip yglan etdi. Vatikan hem gol gowşuryp oturanok, medeniıet boıunça Papalyk Geñeşiniñ başlygy kardinal Pol Pupar Den Brauny ”buthananyñ taryhyny ıoımakda” aıyplady. Moskva Patriarhatynyñ metbugat sekretary Mihail Dudko bu film dine ynanıanlaryñ duıgularyny kemsidıär diııär.

Eıse bu nämüçin beıle? Sebäbi hiristian buthanasy we ruhanylary hristian halklaryny gutarnykly elden bermekden gorkıarlar. Adamlaryñ añy ösüp barıar. Indi halklaryñ toslama rowaıatlara ynanyp ömürlerini ötüresleri gelenok. Adamlar ıaşaıyşyñ dini däl-de, ylmy düşündirişine ynanıarlar. Bu ynam berkedigiçe-de hristian buthanasynyñ, ruhanylaryñ halklara edıän täsiri gowşap gidip otyr. Hristian halklarynyñ üstünden sürüp gelen agalyklaryny Täzeden döreıiş döwründen başlap ıitirip ugran hristian buthanasy we ruhanylary XX asyrda öz hökmürowanlygyny gutarnykly ıitirdiler. Günbatar ıurtlaryndaky ägirt uly tehniki we tehnologiki ösuş diniñ nämedigine, onuñ nädip we näme maksat bilen döredilendigine adamlaryñ gözlerini açdy. Netijede hristian buthanasy we ruhanylar hristianlaryñ erkini elinden gideripdiler.

Günbatar dünıäsi hristian dininiñ iki müñ ıyl mundane öñ tosnanylyp tapylan dogmalaryndan aıgytly ıüz öwrüp, gitdigiçe beter dünıewi ıaşaıyşa ıykgyn edıär. İazyjy Den Braunyñ “Da Viniçiniñ kody” kitaby-da, bu kitap easynda döredilen adybir film-de hristian dininiñ esasynda ıatan iñ möhüm rowaıata zarba urıar. Ine, hut şonuñ üçinem hristian buthanasy we ruhanylar oda-köze düşıärler.

Ylym-bilimiñ, tehnikanyñ we tehnologiıanyñ ösmegi bilen adamlar Injilde wada berlen uçmahy, akylly we işeññir bolsañ, şu dünıäde-de gurup boljakdygyna göz ıetirdiler. Adamlaryñ gözlerinden diniñ öñündäki gorky syrylyp, añlarynda materializm gutarnykly ornaşdy.

İazyjy Den Braunyñ kitaby-da adamlara toslamalaryñ, dini rowaıatlaryñ täsirinden çykmaga kömek edıär. Hut şonuñ üçin-de adamlaryñ üstünden hokum sürmegi gowy görıän we hristian dünıäsiniñ erkini yzyna gaıdyp almaga synanyşyklaryny hiç haçan bes etmeıän hristian buthanasy we ruhanylary Den Braunyñ özüni-de, onuñ “Da Vinçiniñ kody” kitabyny-da ıigrenıärler.

Adamzat taryhynda, gör indi näçinji gezek, Sungat bilen Din, Hudojnik bilen Ruhany, Dünıewi garaıyş bilen Dini garaıyş, İagşylyk bilen İamanlyk, Giñ dünıägaraıyş bilen Çäkli dünıägaraıyş çaknyşıar! Bu çaknyşygyñ nähili gutarjakdygy entek belli däl, ıöne adamzat indi hiç haçan öz erkini dindarlaryñ eline bermez, diımek, bu gezekki çaknyşykda Sungat ıeñer diıen ynam bar.

Din häzirlikçe halklaryñ agzyny alartmaga ukyply bolsa-da, mundan beıläk tutuş adamzadyñ ösüşini bökdäp bilmez.

A.Welsapar, ıazyjy