DIAGNOZ

Edil häzir, halkyñ agzynyñ entek mumly, ıurtda söz we metbugat azatlygynyñ ıok wagty hemme zat prezident G.Berdimuhammedovyñ öñdengörüjiligine, maksada okgunlylygyna we syıasy töwekgelligine bagly. İurt, dogduk il, taryh onuñ dogry ädimlerine garaşıar…

2007-03-29

 

Prezident Gurbanguly Berdimuhammedov näsagy keseliñ diganozyny goımazdan bejerip başlady! İagny ol öz geçirıän bejeriş çäreleriniñ ahyr netijede nämä gönükdirilenligini aıdanok. Wezipä geçen badyna bejerişe girişmegi onuñ ıurduñ erbet hassalyga uçranlygyny görıändigini, muny boıun alıanlygyny añladıar. Emma häzirlikçe ol keseliñ diagnozyny anyklamakdan saklanıar.

Şol bir wagtyñ özünde-de, ıokary bilimli lukman hökmünde G.Berdimuhammedov her näçe agyr hem bolsa, ilki keseliñ diagnozynyñ anyklanyp, diñe soñra bejerişe girişilende, bejerginiñ dogry netije berıänligine beletdir. Diagnoz goımazdan bejerilip başlansa, munuñ keselden düıpli dynmak üçin däl-de, diñe hassanyñ ıagdaıyny öñküsinden az-kem ıeñilleşdirmek üçin edilıänligini ol hökman bilıändir.

Eger-de ıurduñ içindäki we daşyndaky garaşsyz türkmen synçylarynyñ, halkara ekspertleriniñ hem-de bu ugurdan ylmy işleri alyp barıan abraıly Halkara institutlarynyñ berıän bahalaryny äsgermezlik etmeseñ, onda ıagdaı şeıle: totalitar sowet imperiıasynyñ harabasynda dörän Türkmenistan döwleti garaşsyzlyk ıyllarynda köneden galan kesellerinden saplanmakdan geçen, gaıta üssesine MILLI AWTORITARIZM WE TOTALITARIZM KESELLERINIÑ-DE  iñ agyr görnüşlerine uçrady. Bu aıylganç kesel ıaş döwletiñ bütin süññüni paıhyn etdi.

Geçen 15 ıylyñ dowamynda Türkmenistanda öz işini kanuna görä ıöredıän döwlet institutlary döredilmedi. İurduñ Baş Kanuny we beıleki ähli kanunlary diñe kagyz ıüzünde galdy. Bu döwürde ıurtda erkin saılawlar geçirilmedi, halka söz, metbugat azatlygy berilmedi. Erkin telekeçilik, biznes ösmedi. Garaşsyzlyk ıyllarynda adamlar dowamly gorky, döwlet tarapyndan yrsaralyp, adalatsyz we adamkärçiliksiz jezalara duçar edilmek gorkusy asynda ıaşadylar. Türkmenistanda başgaça pikirlenıänler ıanaldy, türmelere, dälihanalara atyldy, gümürtik ıagdaılarda ıok edildi. Bu elhençliklere, döwletiñ dowamly terroryna çydamadyk ıüz müñlerçe adam dogduk topragy taşlap, beıleki ıurtlara göçüp gitdi.

İurtda işsizlik, garyplyk, eden-etdilik, ogurlyk, parahorluk, korrupsiıa, ıaranjañlyk, neşekeşlik, jelepçilik, infeksion keseller möwç urıar. Halk köpçüligi döwlet dolandyrylyşyndan doly çetleşdirildi. Adamlar öz döwletlerini keseki saııarlar.

Eıse bu agyr ıagdaıy gös-göni boıun almazdan, ıagny keseliñ diagnozyny anyk kesgitlemezden, hassany bejermek mümkinmi? Elbetde, kem-käsleıin bejeriş çäreleri arkaly onuñ halyny az-owlak ıeñilleşdirse bolar, ıöne bejerip bolmaz. Näsagyñ öz ıagdaıyna nädogry baha berip, sähelçe bäri bakany üçin seniñ ıüzüñe ysgynsyz ıylgyryp garamagy-da, saña alkyş okamagy-da ahmal, ıöne agyr kesel welin ony sypdyrmaz, assyrynlyk bilen çuñlaşmagyny we onuñ bedenini dargatmagyny dowam etdirer!

Kem-käsleıin bejerilip, üsti basyrylan agyr keseliñ iru-giç hut şeıle letal netijelere alyp barıanlygyny kim bilmese-de ıokary bilimli lukman Gurbanguly Berdimuhammedov hökman bilıändir.

Ertir gadymy Mary topragynda açylıan Türkmenistanyñ Halk Maslahatynyñ nobatdaky XX gurultaıynda prezident G.Berdimuhammedov Türkmenistan döwletiniñ agyr keseliniñ diagnozyny anyk aıdarmy ıa-da ıok? Mesele şunda.

Eger-de prezident keseliñ diagnozyny anyk goısa, şondan soñ bütin türkmen halky, ähli türkmenistanlylar onuñ sarsmaz daıanjyna öwrülerler we täze prezidente halk köpçüliginiñ goldawy bilen ıurdy agyr batgalykdan alyp çykmak başardar. Bu, elbetde, añsat düşmez, ıöne hökman başardar. İöne bu agyr işe entek halkyñ ynamy doly öz tarapyñdaka girişmeli. Eger-de prezident haısydyr bir sebäplere görä, dogrusyny aıtmakdan saklansa, onda kesel gürrüñsiz hroniki ıagdaıa geçer we döwleti, jemgyıeti çüıretmegini dowam etdirer…

Edil häzir, halkyñ agzynyñ entek mumly, ıurtda söz we metbugat azatlygynyñ ıok wagty hemme zat prezident G.Berdimuhammedovyñ öñdengörüjiligine, maksada okgunlylygyna we syıasy töwekgelligine bagly. İurt, dogduk il, taryh onuñ dogry ädimlerine garaşıar…

Ak Welsapar, ıazyjy