DEMOKRATIŬA WE DIKTATOR SAPARMYRAT NYŬAZOV 

Ŭurtdaky bolup geçŭan zatlar her bir turkmeni biperwa˙ go˙ma˙şy ˙aly, meni hem yöne biperway go˙ma˙ar. Soñky on ˙ylyñ dowamynda Saparmyrat Turkmenbaşy adyny göter˙än ˙alançy prezidentiñ eden-etdilikleri halkyň sabyr käsesini dolduryp bar˙ar di˙ip hasaplaŭaryn. Özüni hemmeden akylly sa˙˙an Saparmyrat Ni˙azow halky hiç zada düşünme˙än hökmünde gör˙är. Emma aslynda bu be˙le däldir. Halk onuñ her bir ed˙än işine duşunmelisinden öteräk hem düşün˙är. Emma halkyñ agzy bagly. Hukuk gora˙jy adyny göter˙än, emma aslynda zorluk ulanyjy gural bolup, Saparmyradyň elinde halky zorlamaga gural bolup hyzmat edŭän Milli howpsuzlyk komitetiniñ, polisiyanyñ we ondan başga-da gizlin işle˙an birnäçe be˙leki guramalaryñ zorlugy netijesinde halk hiç bir zat edip bilme˙ar. Saparmyrat Ny˙azow SSSR zamanasyny her bir çykyşynda ˙amanla˙ar, emma özüniñ halky şondan-da beter ˙agda˙a salandygyny ˙atdan çykar˙ar. Ol on ˙yllyk abadançylyk sy˙asatyny yglan etdi, emma bu döwrüň içinde ˙urtda özune köpsanly köşk gurmakdan we Aşgabat şäheriniñ daşky görküni çalyşmakdan başga halkyñ öňünde bitiren işi ŭok. On ŭylda halkyň durmuşy abadanlaşmady, diŭmek, meniň pikirimçe, ”On ŭyllyk abadançylyk” programmasy düŭbünden ŭerine ŭetirilmedi! Munyñ deregine halka görlüp-eşidilmedik derejede ez˙et berildi, halkyñ ozalkyja abadançylygy-da derbi-dagyn edildi. Millete bolan hormat ˙itip bar˙ar, çünki adam biziñ ˙urdumyzda adam hatarynda görulmän, hatda ha˙wança-da görulmän, ˙atan jansyz bir gerekmejek zat hökmunde görul˙är. Ŭogsam dün˙aniñ ösen döwletlerinde hatda ha˙wanlary goramak üçin hem iş alyp baryl˙ar. Bu diňe bir adamynyň däl, eŭsem ha˙wanlaryñ-da hormatynyň bolmalydygyny görkezme˙ärmi näme? Emma Türkmenistanda adamlarda ösen ŭurtlardaky ha˙wanlaryňkyça-da hukuk ŭok, olardaky ŭaly gorag hem ŭok.

Abadançylygy özüñe köşk gurmak, özüňe timar bermek, jaŭlaryň daşyñy ü˙tgetmek diŭip düşünmän, ˙urtda hukuk döwletini gurmak, adam hukuklaryny, adamzady hemme zadtdan belentde go˙˙an demokrati˙any berkarar etmekden başlamaly! Saparmyrat Nyŭazow halkyň millionlap puluny sowrup, Aşgabatda “Adalat” köşguni gurdurdy, emma halka onuñ gurduran “Adalat” köşgi gerek däl-de, ŭurtda hakyky adalatyñ berkarar bolmagy gerek. Eger şol köşklere sarp edilen pullar adalaty berkarar etmäge sarp edilen bolsady, onda bu günki gün halk be˙le ejir çekmezdi.

”Biziñ öz demokrati˙amyz bar, bize Günbataryñ demokrati˙asy gerek däl” di˙˙an Saparmurat Ni˙azow, demokrati˙anyñ nämedigine ˙a-ha düşünme˙är, düşünse-de, öz bähbitlerini öñde tutup, düşünmezlige salŭar. Mekirlik edŭär. Ol öz häkimiŭetini elde saklajak bolup dert-azar, sebäbi ölmänkä wezipeden gitse, onda soñky gününiñ erbet boljagyny, ähli eden-etdilikleri üçin halkyñ öñünde jogap bermeli boljakdygyny bilŭär we mundan öler ŭaly gorkŭar.

Demokrati˙a hemmeler üçin birdir, ol her halk üçin üŭtgeşik bolup bilmez. Ol bütin adamzadyñ asyrlar bo˙y köp-köp kynçylyklary, ez˙etleri, göreşleri, gan döküşikli urşlary, agyr zähmeti netijesinde gazanan tejribesidir. Ol adamzat jemgyŭeti üçin wajyp bolan ˙aşa˙yş kanunydyr. Name üçin Saparmyrat Ny˙azow Günbatar ŭurtlarynda gazanylan ylmy-tehniki açyşlardan özüne gerek bolanda hezil edinip peŭdalanŭar, emma öz eden-etdiligine kanuny suratda böwet basjak döwlet gurluşyna gezek gelende, ony Günbataryñ demokrati˙asy diŭip, umuman demokrati˙any ret ed˙är? Günbataryñ döreden Mersedez Benz maşynyna münŭän, Boeing uçarynda uç˙an, Günbataryň we ösen döwletleriň başga-da ˙üzlerçe gazananlaryndan pe˙dalan˙an Saparmyrat, eŭsem nämüçin ynsany ähli zatdan ileri tut˙an, adamzadyñ şahsy azatlyklaryny üpjün ed˙än, zorluga we diktatorçylyk hakimiŭet gurluşyna garşy bolan Demokrati˙adan ŭüz öwürŭär? Eŭsem nämüçin türkmenler Nyŭazowyň münŭän maşynlarynyň, uçŭan uçarlarynyň çykŭan  ŭurtlaryndaky halklaryňky ŭaly kanuny hukuk döwletinde ŭaşamaga mynasyp däl? Bu gaty geň! Belki, Saparmyrat Nyŭazowyň özi muňa mynasyp däldir?

Saparmyrat Ni˙azowyñ a˙dyşyna görä, halk muña ta˙˙ar dälmiş we demokrati˙ada ˙aşap biljek dälmiş. Ŭaşap bilmez ˙aly ˙a-da duşünmez ŭaly demokrati˙a hiç haçan görlüp-eşidilmedik zat bolman, eŭsem kän ˙yllardan bäri onlarça ˙urtlarda döwlet gurluşynyň esasy edilip alnandyr we öz pe˙daly miwelerini berip gel˙än döwlet gurluşydyr, adamzat jemgy˙etiniñ wajyp durmuş ˙örelgesidir.

SSSR zamanynda başga bir halkyñ gol astynda bolany üçin azat durmuşda ŭaşap bilmedik türkmen bu günki gun halkyny sö˙˙me˙an, halka hormat go˙ma˙an Saparmurat Ni˙azowyñ we onuñ bu zorluk sy˙asatyny goldap, öz türkmen doganlaryna zorluk sal˙an türkmen oglanlarynyñ eden-etdilikleri, sütemi netijesinde halk ŭene-de ah çekip gel˙ar. Haçanda hukuk gora˙jy organlarynyñ işgärlerine: ”be˙le etmäge hakyñ ˙ok, bikanunçylyk etme!” di˙señ, agzyñ gara gan bol˙ar. Name-de bolsa, SSSR zamanynda az- kem bolsa-da, arz edip bolardy, kanuny talap edip bolardy, emma bu günki gün öz ˙urduñda arz etseñ, kanuny talap etseñ, kanun seniñ üçin däl bolup çykŭar, ˙azlan kanunlaryñ ählisi diňe Halkara guramalara görkezmek üçin, ˙urtda prezidentiñ a˙danlary ˙öre˙ar di˙ip, janyñy almaga topul˙arlar. Hiç hili kanuny bozmasañ-da, seni uryp-ŭençmekden, emlägiñi konfiskasi˙a etmekden, ar-namsyñy depelemekden hat-da öldürmekden hem ga˙tma˙arlar. Dün˙äniñ ösen halklary bu günki gün hat-da jena˙atçylaryñ adamçylyk mertebesini goramagyñ aladasyny ed˙är, emma bizde bolsa, adalaty talap ed˙än we adalatly ˙aşamak üçin hereket ed˙anleri ˙ok etmegiñ kü˙üne düşül˙är. Öz halkyñy be˙le kynçylyga salmak nahili elhenç.

Ondan başga-da: ”Biz demokrati˙a soñrak geçeris, çünki halkymyz muña taŭŭar däl” di˙ip, halkyñ pikiri bolmasa-da halkyñ adyndan Saparmyrat çykyş ed˙ar we bütin halkyñ ykbalyny özi çözüp otur. Be˙ik Huda˙ her bir ynsana ŭerde ˙aşamaly wagtyny kesgitläp beripdir. On ˙yl ˙a-da on bäş ˙ylyñ içinde köp-köp adamlar dün˙äden geçip gid˙ärler, köp adamlaryñ zähmet çekip garrylyk çagy üçin serişde ˙ygnamaly wagtlary geçip gid˙ar, sekiz, on yaşyndaky çagalar uly adam bol˙arlar okuwa girmek uly işleriñ başynda oturmak arzuwlary geçip gid˙ar, umuman alanyñda Saparmyradyñ bir özüniň bütin halkyñ ykbalyny çözmegi, adamlaryň arzuw umytlaryny ŭer bilen ŭegsan edip gel˙ar. Onuň avtoritar syŭasaty her kimiň wagtla˙yn berlen ŭeke ömrüni, durmuşyny, ar-namysynyñ depeläp, adalatsyzlygyñ derdinden dertlere uçradyp, ejir çhekdirŭär.

Demokrat˙a düşünmez ˙aly, name halk feodal zamanasynda yaşa˙army e˙sem? Bu günki gün köp derejede yza gal˙an halklar hem demokrati˙anyň namedigine düşünŭärler we ony ˙urtda ornaşdyrmagyñ aladasynda. Ondan başga-da demokrati˙a bu halky ˙amanlyga iterjek bir tanalma˙an zat dal ahyryn. Onyñ taryhy we gazanan netijeleri bu günki gün dün˙äde açykdan açyk görnüp dur, munuñ tersine, demokrati˙any kabul etmedik halklaryñ durmuşy erbetleşmekden başga zada duçar bolanok. Ondan başga-da Saparmyrat Ny˙azow be˙leki ösen döwletler, ŭurtlar bizi nädogry tankytla˙ar di˙˙ar. O˙lanyp göruñ, başga ˙urtlaryñ hakimietleri turkmen halkynyñ durmuşynyñ gowulaşmagy, adam hukuklaryna hormat go˙ulmagy üçin göreş alyp bar˙arlar, demokrati˙anyñ berkarar edilmegi üçin serişdeler sarp ed˙arler, emma welin Saparmyrat Nyŭazowyň başlyklygyndaky türkmen hökümeti öz halkyna yagşylyk getirjek gymmatlyklary ret edip gelŭär we demokratiŭany halk bilen bile derbi-dagyn ed˙ar. Näme-de bolsa, başga ˙urtlarda adamzady zorlukdan, onyñ hukuklaryny, azatlyklaryny gorajak, olar üçin elinde baryny etjek köp adamlaryñ bardygyna guwan˙arsyñ. Halk bu ynsanlardan dur˙ar we her bir ynsanyñ özüne degişli a˙ratynlyklary, pikirleri,dün˙ägara˙yşlary, dini gara˙yşlary bardyr, şol sebapli hem halkyñy sö˙mek we hormat go˙mak – bu her bir ra˙atyñy öz a˙ratynlyklary, pikirleri, dün˙ägara˙yşlary, dini gara˙yşlary bilen sö˙mekdir we hormat go˙makdyr. Emma, gynansakda, bu gün halkyñ başy, atasy, serdary, be˙ik di˙il˙an yalançy, ganhor Saparmyrat Nyŭazow halky ŭürekden sö˙übem, hormat goŭubam bilenok. Çünki Ni˙azowyñ a˙tmagyna görä, eger-de sen onuñ o˙lanyşy ˙aly o˙lanmasañ, pikirlenmeseñ, onuň talap ed˙an dinine u˙masañ, onda sen hat-da turkmen hem däl, sen dönük we birnäçe başga beter masgaraçylykly atlara e˙e bol˙arsyñ. Ŭurtdaky bolup geçŭän her bir erbetlik barada yazjak bolsañ, onda muňa wagt hem ŭetjek däl. Emma name bolsa-da, adamdaky umyt tä öl˙änçe dowam ed˙ar. Bu dün˙ä bir geçegçidir, şol sebäpli ozalky ganhor diktatorlaryñ ŭer ˙üzünden ˙ok bolup gidişi yaly Saparmyrat Nyŭazov-da ŭok bolup gider. Men Saparmyrat Nyŭazowyň sy˙asaty bir günden bir gün çalşar ˙a-da ol öz ŭerini halky sö˙üp, oňa hormat edip biljek turkmen ogullaryna tabşyrar di˙ip, umyt ed˙arin! Ol bolmasa-da munuň uçin Huda˙yñ bellän wagty hökman geler di˙ip hasapla˙aryn! Öl˙änçä adamynyň toba etmäge we eden ŭalňyşlaryny ŭuwmaga mümkinçiligi bardyr, emma ölenden soñ giç bolar. Saparmyrada we onuñ ˙alan gepine ynanyp, bu günki gün öz ildeşlerine sütem edŭän gü˙ç ulanyjy organlaryň işgärlerine men ganhor diktatorlaryñ soñunyñ nähili erbet gutarŭandygyny ŭatlatmak isleŭärin. Belki-de, bu olara akyllaryna a˙lanmaga kömek eder?

 

Bazar, Halkara hukukçy

1