TARYHY SETIRLERIŇ ARASYNDA GALAN İÜREK…
(Taryhçy alym Marat Durdyıeviň ıagty ıadygärligine)

Marat Durdyıevi merhum diıip göz öňüne getirmek kyn. Oňa nekrolog ıazmak has-da kyn. Bu ajy habaryň ıalan bolup çykmagyna garaşıaň, emma bu netije berenok. Ahyrsoňy muny alaçsyz boıun almaly bolıar – Marat Durdyıev biziň aramyzdan gitdi.

Bize indi bu dünıäde oňa duşmak ıok. Bu diıseň gynançly. Ol indi bize köçede-de, Universitetde-de, muzeıde-de duşmaz. Öz adaty şüweleňli gürrüňi, ıylgyrmasy, hoşniıetliligi bilen öňümizden çykyp begendirmez, derdinişmez, pikir alyşmaz. Muňa ynanmak nähili kyn, ezıetli. Bu ıönekeı bir ölüm däl, uzak wagtlap biziň ıüregimizde ıer eden gyzykly, okumyş kişiniň ıitirilmegi, öwrenişen dünıämiziň bir böleginiň opurylmagy…

Belki, Marat Durdyıev bu durmuşdan ıadandyr? İogsam ol biziň aramyzdan beıle duıdansyz gitmejek ıaly. Ol salykatly, ıakymly, tapbilendi, ıöne diňe bir adamynyň – öz tabyny bilmezdi. Öz saglygyny aıamazdy, dost-ıarlaryny uly ünjä goıup, aram-aram hassalyk derdini çekerdi. Onsoň dertden aıňalansoň, täzeden dünıä inen ıaly bolup, öz ıakynlaryny we dostlaryny olaryň sabry, çydamy, özüne goııan çäksiz hormaty üçin täze-täze işleri, gözlegleri, gyzykly makalalary, kitaplary bilen begendirmegiň ugruna çykardy. Muny aňry ıany bilen başarardy. Taryhçy alym, etnograf hökmünde ol örän köp iş edip ıetişdi. İöne ıetişmedigi, ıüreginde besläp ıörenleri ondanam kändir. Muňa şübhe ıok.

Türkmenler: ”Alym bolmak aňsat, adam bolmak kyn!“ diııärler. Bu durmuş hakykadyna gabat gelıän düşünje. Adamlaryň arasynda alym az, alymlaryň arasynda – adam. Marat Durdynyň şahsyıeti durmuşyň bu universal şowsuzlygyny ıuwmarlap bilıärdi: ol hem alymdy hem adamdy. Geň zat, ol türkmençe geplemese-de, onuň dili türkmençe ıalydy: düşnüklidi, mylaıymdy, şüweleňlidi. Ol adamlary hergiz özüne çekıän, öz gyzyklanıan zadyna gyzykdyryp bilıän şahsyıetdi. Onuň bilen duşuşmak, gürrüňleşmek hergiz gyzyklydy.

Adatça, merhumy ıatlanlarynda onuň nirelerde okandygyny, niçik wezipeleri eıeländigini belleıärler. Bu däbe eıerseň, onda onuň M.V.Lomonosov adyndaky Moskva Döwlet Universitetiniň taryh fakultetini tamamlandygyny, öz ugrundan ylmy dissertasia gorap, alymlyk derejesini alandygyny, soňra-da Aşgabat Universitetinde studentlere sapak berendigini, Nusaı ylmy-taryhy zapovednige ıolbaşçy bolandygyny aıtmaly. İöne bular Marat Durdyıeviň şahsyıetine iň bärkije ştrihler. Onuň gymmaty wezipede, alymlyk derejesinde däl, üıtgeşik adamkärçiliginde, hoşniıetliliginde, taryhy hakykata berlenliginde.

Onuň iň söıgüli wezipesi öz halkynyň taryhyny ylmy esasda öwrenmek, ony ıaıratmak hem türkmen taryhyny bir tarapdan – äsgermezçilikden, beıleki tarapdan-da gitdigiçe öz ıüzüni açan ıöntem badyhowalykdan goramakdy. Elbetde, öz halkyňy öwübem, döwübem at almak mümkin: öwseň-ä -- öz iliň içinde gahryman, döwseňem – ıat illerde. Iň kyny dogrusyny aıtmak. Marat şol kyn wezipäni öz üstüne aldy. Sovet döwründe ol türkmen taryhyny ”çarwa halk, üns berelik geçmişi ıok” diıen kemsitmeden, soňra-da ıerliksiz öwünjeňlikden gorady.

”Häzir biziň wezipämiz halkyň arasynda aň-bilim ıaıratmakdan ybarat. Bu hemme zatdan zerur. Şonsuz biz bir ädim-de öňe gidip bilmeris. Başgaça etsek, goh-galmagalyň içinde ıitip gideris!” diıip, ol 1990-njy ıylda owadan edilip çykarylan ”Türkmen ili” gazetiň ilkinji sanyny elinde saklap durşuna, begenip aıdypdy. Bu gazeti Marat Durdyıeviň özi döredipdi, onuň Baş redaktory-da özüdi. Özüniň adaty hoşniıetliligi bilen, ol biziň ıap-ıaňyja alan milli özbaşdaklygymyzdan uly zatlara garaşypdy, türkmen topragy kolonial gulçulykdan gutulansoň, Türkmenistanyň dogruçyl ylmy taryhyny ıazmak, ıurdumyzda düıpli aň-bilim ıaıartmak mümkin bolar öıdüpdi. Emma basym durmuş munuň häzirlikçe diňe hyıaldygyny subut etdi. Türkmenistanda emele gelen neostalinçilik döwlet diňe bir syıasy erkinliklige däl, eısem aň-bilim ıaıratmaga-da ıol bermedi. Netijede Marat Durdyıeviň ”Türkmen ili” gazeti-de derrew ıapyldy. Sebäbi gazetiň bada-bat eıe bolan abraıy häkimiıetleri gorkuzdy. 

Marat Durdyıev ıaňy 60 ıaşa ıetende biziň aramyzdan gitdi. Bize ondan Türkmenistanyň taryhyna we etnografiıasyna degişli 150-den gowrak ylmy işler, on müňlerçe setirler galdy. Bu uly baılyk. Ol setirleriň her biriniň aňrysynda Marat Durdynyň ylmy taryha hormaty, taryhy hakykata ynamy, öz halkyna, onuň geljegine bolan egsilmez söıgüsi, adamkärçiligi, gyzgyn ıüregi ıatyr. Taryhy setirleriň arasynda galan ol ıürek hiç haçan urmasyny goımaz!

20-nji ıanwar 2002 ıyl
Ak-Muhammed Welsapar,
ıazyjy, İazyjylaryň Halkara Pen-klubynyň we Şved ıazyjylar guramasynyň agzasy

 

1