Ak Welsapar, ıazyjy

 

EGRI HEM BOLSA, İOL İAGŞY!

 

Bu çäre merhum diktator Saparmyrat Nyıazovyñ ozal ıurtda girizen tersin düzgünlerine garşy häzire çenli urlan iñ güıçli zarbadyr!

 

Türkmenistanda soñky döwürde bolup geçıän käbir oñyn özgerişler ıurduñ geljegine umyt döredıär. Ministrler kabinetiniñ 23-nji apreldäki ıygnagynda şeıle özgerişleriñ ıene birini amala aşyrmak makul görüldi. Mejlisiñ başlygy Akja Nurberdiıevanyñ ilatdan gelıän köpsanly haıyşlara, hatlara salgylanyp girizen teklibine görä, ıurtda ozaldan ulanylyp gelnen grigorian aı atlaryna dolanmak karar edildi. Hepdäniñ günleri-de, ozalkysy ıaly atlandyrylar.

Türkmenistanyñ Ministrler kabinetinde ıurdy dünıä jemgyıetçiligine gaıtadan integrirlemek üçin bu çäräniñ örän möhümdigi nygtaldy. Prezident Gurbanguly Berdimuhammedov aı-günleriñ atlaryny dikeltmek meselesinde agzalan argumentler bilen doly ylalaşıandygyny aıtdy. Diımek, bu meseläni çözüldi hasap etse bolar. Bu çäre merhum diktator Saparmyrat Nyıazovyñ ozal ıurtda girizen tersin düzgünlerine garşy häzire çenli urlan iñ güıçli zarbadyr!

Dogrudanam, eger ıurduñ peıdasyna çapsañ, Türkmenistanyñ geljegini alada etseñ, onda öz milletiñi, ıurduñy halkara jemgyıetçiliginden üzñeleşdirjek bolmaly däl, gaıta, tersine, ony dünıä jemgyıetçiligine has içgin, has berk integrirlejek bolmaly. İurduñ Baş kanuny-da, beıleki kanunlarydyr kanunçylyk aktlary-da, adam hukularynyñ we söz azatlygynyñ derejesi-de Halkara standartlaryna gabat getirmeli. Diñe şeıle edilende, öz milli özboluşlylygyñy gorap saklamaga we ösdürmäge çynlakaı mümkinçilik döreıär.

Paradoksal bolup görünse-de, bu ugur hakykatda örän netijeli we ıeke-täk dogry ıoldur. Öz millli özboluşlylygyñy dünıäden üzñeleşip däl-de, diñe özüñi köpdürli we köpukladly dunıä jemgyıetçiligine içgin integrirläp, saklamak hem ösdürmek mümkin. İogsa, ata-baba däp-dessuryñ-ha beıle-de dursun, eıse millet hökmünde uzak saklanyp biljegiñ-de gümana!

Elbetde, türkmenlerde gözuñ göreji ıaly gorap saklamaly gowy däp-dessurlar, ıörelgeler, gylyklar sanardan kän: arassalyk, öz sözüñe wepalylyk, mertlik, batyrlyk, ar-namys, ula – hormat, kiçä – sylag, aıal-gyzlara aıratyn sarpa – türkmeni türkmen edıän gowy gylyklaryñ diñe käbirleridir. Bu saılantgy ıörelgeleri ıatdan çykarmak, äsgermezlik, has beteri-de olardan ıüz öwürmek, millete-de, ıurda-da hiç bir peıda getirmez. Beıle edilse, tersine, biziñ geljegimize uly zyıan ıetip biler. Sebäbi barha globallaşıan maddy dünıäde öz milli kökleriñden üzülmek – geljegiñi gümana goımakdyr. Geçmişiñi ideallaşdyrmagyñ geregi ıok, ıöne ata-baba däp-dessurlardan, milli kimligiñden ıüz öwürmek hem paıhaslylyk däl.

Milli gymmatlyklaryñy, öz milli kimligiñi zerur derejede saklamak üçin dogry hem synagdan geçen ıoldan ıöremeli. Bu ugurda sapak alyp boljak ıurtlar bar. Şeıle ıurtlaryñ biri-de İaponiıadyr. İaponlar häzirki döwürde düıäde iñ ösen halklaryñ biri, şol bir wagtda-da, olarda ıakymly milli aıratynlyk duıulıar. Her bir ıaponda öz geçmişine buısanç bar. Olar bu üstünligi dünıäden çetleşip däl-de, eıse öz ıurtlarynyñ ähli kanunlaryny halkara ülñülere, aıratynam Günbataryñ synagdan geçen standartlaryna gabat getirip, gazandylar.

Ata-babalarymyz ”Egrem bolsa, ıol ıagşy!” diıipdirler. Demokratiıanyñ ıoly egri däl, ıöne kötel. Emma ıurdy ösdürjek bolsañ, şol ıoldan ıöremeseñ, başga alaç ıok. Çünki demokratiıa ähli halkyñ akyl-paıhasyna, köpçüligiñ döredijilikli işeññirligine ıol açıar. Häzirki zaman dünıäsinde şonsuz ıurduñ üstünlikli ösmegi düıbünden mümkin däl. Türkmenistandaky häzirki özgerişler ıurdy – soñy baryp petige direıän – dar ıodadan çykaryp, beıleki ıurtlaryñ ıöreıän giñ ıoluna salmaga edilıän iñ ıönekeıje synanyşyklardyr.

 2008-04-24