”AGZYBIRLIK” DEMOKRATIK HALK HEREKETINIÑ INTERNET SAİTYNYÑ İÜZLENMESI

Indi birnäçe ıyl bäri, has takygy 1999 ıyldan, Bütin dünıäde HALKARA ENE DILI GÜNI bellenip geçilıär. Bu senäniñ gözbaşynda ıatan waka şeıle: 1952 ıylyñ 21-nji fevralynda Bangaldeşli studentler öz ene dilleriniñ mertebesini, diımek öz milli mertebelerini gorap, köçe ıörişine çykıarlar. Olar özlerine ene dilinde bilim berilmegini talap edıärler. Şonda parahat demonstrasiıanyñ garşysyna polisiıa zorluk ulanıar. Netijede üç student wepat bolıar.

Milli azlyklaryñ ene dilleriniñ häzirki wagta çenli-de kemsidilıändigini göz öñünde tutup, geçen asyryñ soñunda UNSCO Bütin Dünıäde her ıyl ENE DILI gününi belläp geçmegi karar etdi. HALKARA ENE DILI GÜNI diılip, UNSCO-nyñ karary boıunça bangaladeşli studentleriñ 1952 ıylda öz ene dilleriniñ mertebesini gorap, wepat bolan güni, ıagny 21-nji fevral alyndy.

Biz türkmenler üçin bu sene örän möhümdir. Sebäbi biziñ Ene dilimiz ıap-ıañylara çenli-de öz ata Watanymyzda depgilenip gelindi. Sovet Türkmenistanynda türkmen dili formal hukuklara eıe bolsa-da, iş ıüzünde ıagdaı öwerlik däldi: ene dilimiz assyrynlyk bilen kemsidilıärdi we onuñ iñ möhüm hukuklary elinden alnypdy. Türkmen dili Türkmenistanda soñky onıyllyklarda döwlet dili bolmagyny bes edipdi. Onuñ ulanylyş gerimi we hukuklary ıyl-ıyldan gysylıardy. SSSR dargap, 1991 ıylda Türkmenistan öz milli garaşsyzlygyna gowşansoñ, türkmen dilini ösdürmäge giñ mümkinçilikler açyldy.

Elbetde, neostalinistik zulumyñ höküm sürıän we söz azatlygynyñ ıok ıurdunda ene dilimiziñ gülläp ösmegine entegem mümkinçilik ıok. Bu günki Türkmenistanda orta bilimiñ-de, İokary okuw jaılarynda berilıän bilimiñ-de hili örän pes. İurtda çalasowat başyçylyk rejimi höküm sürıärkä başgaça bolubam bilmez. Bu yzagalaklygy ıeñip geçmek üçin dogduk topragymyzda Demokratik Hukuk döwletiniñ düıbi tutulmaly. İöne her halda indi Türkmenistanda türkmen dilinde gürleıänlere we ıazıanlara yzagalak adamlar hökmünde garalanok. Türkmen ıaşlary diñe bir orta mekdeplerde däl-de, eıse İokary okuw jaılarynda-da öz ene dilinde bilim alyp bilıärler.

Emma türkmenleriñ uly bölekleri Türkmenistanyñ daşarysynda ıaşaıarlar. Eıranda, Yrakda, Owganystanda ıaşaıan türkmenleriñ milli hukuklary häzirem gündelik bozulıar. Bu hukuk bozulmalar esasan olaryñ ene diliniñ kemsidilmeginde ıüze çykıar. Eger Yrakda Saddam Huseıniñ we Owganystanda Talyplaryñ rejimi ıykylandan soñ türkmenlere öz milli hukuklaryny dikeldip başlamaga ıol açylsa-da, 3 million töweregi türkmeniñ öz dogduk topragynda ıaşaıan ıeri bolan Türkmensährada iñ bärkisi birje türkmen mekdebi-de ıok!

Hut şu sebäpden-de 21-nji fevral güni Bütin dünıäniñ türkmenleri üçin öz milli raıdaşlygyny görkezmeli gündür! Bu gün biz milli mertebeleri, hukuklary elinden alnan watandaşlarymyzyñ depgilenen we depgilenıän hukuklarynyñ dikeldilmegini, olaryñ öz ene dillerinde okamak, bilim almak, medeni avtonomiıasynyñ bolmagyny bilelikde talap etmelidiris!

Eıranda, Owganystanda we Yrakda ıaşaıan türkmenleriñ milli hukuklaryny goramak, ol ıurtlarda türkmen mekdepleriniñ açylmagyny Halakara derejesinde mesele edip goımak Türkmenistan hökümetiniñ jana-jan borjudyr! Eıranda, Owganystanda we Yrakda türkmen mekdepleri köpçülikleıin açylıança, ol ıurtlarda türkmenleriñ milli hukuklary ykrar edilıänçä Türkmenistanyñ prezidentine Türkmenbaşy adyny götermek utançdyr!

„Agzybirligiñ“ internet-saıtynyñ Redkollegiıasy,

2006-02-08