TÜRKMEN HALKY DIKTATURADAN İADADY. OL ERK ISLEİÄR!
Türkmenistanyñ demokratik güıçleriniñ 10-11 ıanwarda Wenada (Awstriıa) geçiriljek Konferensiıasyna.
Türkmenistanyñ Birleşen Demokratik Oppozisiıüasynyñ türkmen halkyna, Türkmenistanyñ wagtlaıyn hökümetine we dünıäniñ demokratik jemgyıteçilgine ıüzlenmesi.

 

Türkmen halky örän çylşyrymly döwri başyndan geçirıär we geljekki ösüş ıoluny saılamak zerurlygynyñ öñünde durıar.

Diktatoryñ aradan çykmagy bilen bize öz taryhymyzyñ garañky we masgaraçylykly sahypasyny ıapmaga we adamzada mynasyp ıaşaıyş şertlerine, sivilizlenen jemgyıetçilik gatnaşyklaryna dolanyp gelmäge mümkinçilik döredi.

Saparmyrat Nyıazovyñ ıurdy dolandyran soñky 15 ıylynyñ dowamynda Türkmenistanyñ her bir ıaşaıjysy horluga we kemsidilmelere duçar edildi. İedi ıaşardan ıetmiş ıaşara her bir adam diıdimzorlygyñ we diktaturanyñ zulmuny çekip geldi. Türkmen halky Nyıazovyñ düzgünleriniñ dowam etmegini-de, täze bir diktatoryñ başyna towky bolmagyny-da islänok. Ol azatlygy we erkinligi küıseıär.

Emma Nyıazovyñ işini dowam etdirijiler bir adamyñ islegine görä köp gezek gaıtadan biçilen Baş kanunymyza ıene el urup, Nyıazovyñ syıasatyna wepalydyklaryny jar etmek bilen biziñ halkymyzyñ durmuşynda hiç hili oñyn özgerişlige ıol bermejek bolup dyrjaşıarlar.

Şol bir wagtyñ özünde-de, halkyñ ıagdaıy ıene-de bir Nyıazovyñ zulmuny çekerden has agyr. Şonuñ üçinem wagtlaıyn hökümetiñ sagdyn pikir öwürmäge ukyply bölegine toparlaıyn bähbitlere gulluk etmekden we men-menlikden el çekip, demokratiki reformalra başlamaga çagyrıarys! Eger-de ıöntem syıasy oıunlar bes edilip, hakyky bäsleşikli prezident saılawlary geçirilse, onda bu ıurt üçinem, wagtlaıyn häkimıet üçinem örän uly we abraıly ädim bolardy.

Eger öñdäki prezident saılawlary Halkara düzgünlere görä geçirilse we Türkmenistanyñ grajadanlaryna islän adamlaryny saılamak we saılanmak hukugy berilse, demokratik türkmen oppozisiıasy bu ädimi ikelläp goldar.

Prezident saılawlarynyñ demokratik esasda we Halkara normalara görä geçirilmegi ıurtda milli ylalaşyga we grajdanlaryñ döwleti dolandyrmaga gatnaşmaklryna giñ ıol açyp biler. Eger saılawlar demokratik şertlerde geçirilse, onda öz kandidatynyñ ıeñenligine ıa-da ıeñilenligine garamazdan, özüniñ saılawlaryñ netijesini ykrar etjekligini Türkmenistanyñ Birleşen Demokratik Oppozisiıasy (TBDO) beıan edıär. Biz türkmen jemgyıetinde svilizlenen gatnaşyklaryñ ıol almagynyñ tarapynda.

Biz jynsparaz we adamzada ıigrençli ugurlardan galan ähli dünıägaraıyşlara çydamlylyk bilen garaıarys, şundan ötri nirede döredilenligine, nirede hasaba alnanlygyna garamazdan, ähli partiıalaryñ öñdäki prezident saılawlaryna gatnaşdyrylmagyny hökmany hasap edıäris. Biz Türkmenistana parahatçylykly ıagdaıda, elimiz çörekli dolanyp barmak we ıurtda geçiriljek demokratiki özgerişlere öz goşandymyzy goşmak isleıäris.

S.Nyıazovyñ ölümi bilen baglanyşykly bu günler Günbatar ıurtlarynda, Russiıada we Ukrainada Türkmenistandaky ıagdaı giñden geñeşilıär. İöne hemmeler diıen ıaly Türkmenistandaky ıagdaıyñ üıtgewsiz galdyrylmagynyñ tarapyny çalıarlar. Bu ıurtlaryñ syıasatçylary we köpçülikleıin habar beriş serişdeleri türkmenleriñ hamana yzagalak halkdygy, olaryñ demokratiıa köñül bererden, oña düşünerden we gadyr goıardan uzakdadyklary dogruda bilimseklik bilen akyl satıarlar. Şonuñ üçinem olar Türkmenistanyñ täze ıolbaşçylygyny goldamalydygyny, türkmen oppozisiıasynyñ bolsa diñe ıurdy bulamaga ukyply faktordygyny öñe sürıärler. Elbetde, biz olara düşünıäris. Olar öz bähbitlerine çapıarlar, olaryñ Türkmenistandaky bähbitleri bolsa kiçi-girim däl. 

Biz ikiıüzli Günbatar syıasatçylaryna-da, şol sanda bu dartgynly günlerde öz hakyky ıüzüni görkezen rus we ukrain ”demokratlaryna-da” türkmen halkynyñ erkinligi tussaglykdan tapawutlandyryp bilıänligini, onuñ demokratiıa mynasyplygynyñ europa halklarynyñkydan, galyberse-de rus ıa ukrain halkynyñkydan pes däldigini ıatladyp goııarys!

Bu gün Türkmenistandaky häkimlik ediji töwereklere we oppozision güıçlere türkmen topragynyñ geljeginiñ hatyrasyna özara syıasy ylalaşyk gözlemeli pursat geldi. Biz Türkmenistanyñ halkyny agyr durmuşdan, garyplykdan, açlykdan, keselçilkden, neşekeşlikden, geljegimize howp salıan sowatsyzlyk belasyndan gutarmak üçin ıurduñ häkimıetini we ähli oppozision güıçleri şeıle syıasy ylalaşygy gözlemäge we tapmaga, şeıle-de ony tizden-tiz durmuşa geçirmäge çagyrıarys!

TÜRKMENISTANYÑ BIRLEŞEN DEMOKRATIK OPPOZISIİASY
2007-01-05