DÜNİÄ FUTBOL İARYŞY TAMAMLANDY

Güıçli ıeñdimi ıa-da bagtly?

2006-07-10


Bu ıaryşyñ aıratynlygy – latynamerikan futbol komandalryndan biri-de final oıunlaryna gatnaşmaga hukuk gazanyp bilmedi. Dünıäniñ iñ güıçli saıylıan futbolçylary braziller we argentinler fransuz hem german komandalryndan utulyp, bäsleşikden çykdylar. Bu gezekki futbol çempionatyñ ıene-de bir aıratynlygy – möhüm bäsleşikleriñ netijesi oınuñ dowamynda däl-de, soñundan 11-metrlik jerime urgular boıunça kesgitlenildi. Jerime urgulary bolsa, hut meniñ özüm üçin-ä, edil bije atan ıaly bir zat. Bije bolsa güıçlini däl-de, bagtlyny saılaıar…

Final oıunlaryna latyn amerikasyndan bir komandanyñ-da çykyp bilmezligi bir tarapdan europa futbolynyñ latynamerikan komandalarynyñ ussat ıyldyzlara we ıadamazak ıyndamlyga daıanıan oıun stiliniñ garşysyna oılanyşykly gurnalan gorag we hüjüm çäklerini goıup bilıändigini, ortaky liniıanyñ oıunçylarynyñ goragçylar bilen-de, hüjümçiler bilen-de deñ derejede sazlaşykly oınaıandygyny görkezdi. Europa futboly sazlaşykly işleıän janly ”futbol maşynyny” döretdi. Bu stil aıratynam german komandasynyñ oınunda gowy görünıär. German trenerleriniñ işläp düzen bu usulyny dünıä çempionatynda bu gezek italıanlar-da, fraznsuzlar-da ulandylar. Netije-de europa futboly latyamerikan futbolyndan üstün çykdy.

Ikinjiden, bu gezekki dünıä çempionaty latynamerikan futbolynyñ, aıratynam brazil futbolçylarynyñ semrändigini, olaryñ 30-40 ıyl mundan öñki ıaly dyngysyz öñe dyzamaıandygyny görkezdi. Olar indi arkaıyn oınaıarlar, utulyp bilıärler! Olaryñ indi utulmaga mümkinçilikleri bar ıaly? Nämüçin beıle bolıandygy belli däl, ıöne munuñ hut şeıledigini men brazil futbolçylarynyñ çärıek finalda fransuzlaryñ garşysyna oınan oınunda gördüm. Brazil komandasy utulyp barıarka-da Ronaldininiñ ıüzünden ıylgyrma gitmedi. Ol ıylgryşyñ manysy belki biziñ çakymyzdan çuñdur? Bu ıylgyryş Ronaldini, Ronaldo ıaly oıunçylaryñ indi utulyşy-da edil utuş ıaly kabul edip bilıändiklerini añladıandyr? Bu, elbetde, latynamerikan, şol sanda brazil futbolyny, öñe çykaran duıgy däl…

Ronaldonyñ bu çempionatda garşydaşlarynyñ derwezesine 15 pökgi salmagyna garamazdan, onuñ soñky oıunlary ıatda galarlyk derejede däldi. Braziliıanyñ komandasynyñ oınunda uçgun ıokdy, olaryñ oıny uçgunlap ıanmady! Käte bir ıylpyldaıan oıun janköıerleriñ ıüregini gozgardan ejiz geldi. İöne latynamerikan futbolynyñ, şol sanda brazil we argentin komandalarynyñ oıunlarynyñ pese düşmesi edil häzir başlanıandyr öıtmeli däl. Bu pese gaçyşlyk has öñräk başlady, ol eııäm 2002 ıyldaky dünıä çempionatynda bildirdi. Şonda hatda türk futbolçylarynyñ oıny-da brazilleriñkiden has janly göründi. İogsa, türk futboly entek ıaş. Braziller 2002-de garaşylandan has gowşak oınadylar, şonuñ üçinem olaryñ şol gezekki dünıä çempionatyndaky ıeñşi futbol janköıerlerine aıratyn şatlyk getirmedi. Braziller 2002-de güıçlüleriñ güıçlüsi däl-de, gowşaklaryñ güıçlüsidigini görkezdiler.

Gepiñ gysgasy latynamerikan futboly öz däp bolan ıitiligini, ıalnyny biziñ gözümiziñ öñünde ıitirip barıar. Munuñ nämüçin beıle bolıandygyny analizlemek, brazil hem argentina futbol komandalarynyñ nädip ıene ıokary göterilip, öz ussatlyklary bilen futbol janköıerlerini heıjana getirip biljekdiklerini belli etmek, elbetde, futbol analitikleriniñ işi.

Bu gezekki dünıä futbol çempionatynyñ ıeñijisi Italiıa. Italıanlar bu ada dördünji gezek mynasyp boldular. İöne olaryñ bu oıny oınap däl-de, jerime urgularynyñ netijesinde utmagy we oınuñ goşmaça wagtynda italıan goragçysy Marco Materazziniñ dünıäniñ iñ gowy oıunçylarynyñ biri, fransuz futbolçysy Zineddin Zidany ”arap terroristi” ("Guardian") diıip, kemsitmegi (käbir beıleki gazetleriñ güwä geçmegine görä, italıan futbolçysy onuñ uıasyna dil ıetiripdir) we ony oılanyşyksyz hereketlere itermegi ıakymsyz ıatlama goıdy. Marco Materazzi dilini saklan bolsa oınuñ netijesi başgaça-da bolup bilerdi. Bu waka bilen baglanyşykly köpçülikleıin habar beriş serişdeleriniñ käbirinde Marco Materazziniñ Zinedin Zidany ıörite gyzdyran bolamgy-da mümkin diıen çaklamalar orta atylıar.

İöne häzir gürrüñ diñe ahyrky netije barada: Italiıa 2006-yñ çempiony. Fransuzlar kümüş medala, fransuz hüjümçisi Zinedin Zidan däp boıunça gowşurylıan ”Altyn pökgä” mynasyp boldy.

Şeılelikde bu gezekki dünıä futbol bäsleşiginde yglan edilen netijä görä:
iñ gowy oıunçy – Zinedin Zidan (Fransiıa)
iñ gowy hüjümçi – Miroslav Kloze (Germaniıa).
Iñ gowy derwezeçi – Janluiji Buffon (Italiıa)
Iñ gowy ıaş oıunçy – Lukas Podolski (Germaniıa)

A.Welsapar