Gulgeldi Annanyıazov

 

MEN MERTLIK BILEN NAMARTLYGYÑ GATYŞDYRYLMAGYNA GARŞY!

 

Aşgabatda 1995 ıylyñ 12-nji iıulynda bolan parahat gozgalañ hakdaky ıatlamalar

 

Gozgalañ gysga wagtda taıynlandy, birnäçe hepdeden añryk geçen däldir... Soñky bölegi, listovka çap etmek, ony ıaıratmak, adamlary köçe ıörişine çagyrmak hasam tiz edildi. Sebäbi uzaga çekdirseñ, syryñ açyljak, öñüni aljaklar… Halka çakylyk diılip ıazylan listovkañ tekstini uzak hem çylşyrymly görüp, täzeden özüm ıazdym. Gozgalañdan bir gün öñ, ikindinler sagat 7-de teksti ıazyp, oglanlara tabşyrdym, olaram ony köpeldip, gije sagat 12-lerde taıyn edip getirdiler. Şol bada-da listovkalary oganlara paılap berdik, onsoñ her kim öñden özüne tabşyrylan şähere ıüzlenmäni ıaıratmaga gitdi. Şeıdip, gijäñ içinde ıetişibildigimizden ıaıratdyk. Aşgabadyñ içinde listovklar dañdan sagat 4-lerde ıaıradyldy.

Bu işleri edenler üıtgeşik adamlar däl, ıönekeı oglanlar. Biz halkyñ köçä çykmaga isleginiñ bardygyny gördük. Adamlañ añyrsy dyñzap durdy-da şo mahal, ”köçä çykylıar” diıen habar ıetse, çykjak kändi, hemme kişem nägiledi ıurtdaky ıagdaıdan. Ertir köçä çykyljak diılende, 11-nji iıul gijesi, eııäm iki ıüz adam ıygnandy. Biz uzyn gije bir ıerde bile taıyn bolup oturdyk. Şonuñ üçinem soñ, hamana, ıaş oglanlar ıygnanyp arak içenmişler, neşe çekenmişler diıip, hökümet ıalan töhmet ıaıratdy biz hakda. O zatlar düıbünden galat! Şol gije iñ bärkisi biziñ aramyzda pivo içenem ıok, ol-a başga bir spirtli içgi eken!

Gozgalañ bolan güni, 1995-iñ 12-nji iıulynda gaty kän adam köçä çykdy, hökümetiñ ıüz adam-iki ıüz adam diıenine hijem ynanmaly däl. İöne hemme kişi şäheriñ ortasyna baryp bilmändir, birentek adamlary geçirmändiler, gorkuzyp yzyna kowupdyrlar. Şoñ üçinem hemme akymlar birleşip bilmedi-dä, öñüni aldylar-da näme eıdip-beıdip.

Soñam gozgalañ gutaransoñ, bizi namartlarça aldadylar. Bolan zat, ilki bize ”Ana, özüñiz münüñ-de awtobusa, özüñiz gelen ıeriñize gidiñ diıdiler. Awtobuslar äkider, size degjek däl” diıdiler. Öıli-öıümüze daraganymyzdan soñ, oglanlary tutup başladylar-da… Onda-da näme, gatnaşan adamlañ hemmejesine geregi ıok-da gatnaşdyk diımek. ”aı, gatnaşamzok” diıenler, sypanlar bar arasynda. Emma şoñ saklananlañ, çagyrylanlañ arasynda ıañky İowşan ıaly adamlaram bardy-da… İöne olañ şol zatlary gurnady diıjek bolıan adamlarynyñ hemmejesi şol gün eııäm ”biz baranam däldiris, dat-bidat görenem däldiris!” diıip, hemme zatdan boıun gaçyrdylar.

Gozgalañy taıynlap ıörkäk biz kän adam bilen duşuşdyk, İowşanam şolañ biri. İowşan diıilıäni men bir duşuşykda gördüm… Jurnalist hökmünde goşuljak diıdi, ıöne goşulyşan ıeri ıok, eden kömegem ıok. İazyp beren listovkasynam halamadyk, ıañam aıtdym, ol uzak hem çylşyrymly eken. Gozgalañ başlansoñ kim oñ ıaly uzak zady okajak? Listovka diıen zat gysga hem düşnükli bolmaly. Şoñ üçin men ony bialaç özüm ıazmaly boldum, ıogsa men ıazyjam däl, jurnalistem.

Gozgalañ ıatyrylansoñ, men sekiz günläp ele düşmedim, ıöne oglanlara duıdurdym: meni sorap, sizi heläk etjek bolsalar, göni aıdaıyñ diıdim nirededigimi. Meñ bolıan ıerimi iki sany oglan bilıärdi guramaçylardan. Sekiz günden soñ meñ oturan ıerime Içeri işler ministriniñ orunbasary Geldi Gurbanoviçiñ (Amangeldi Geldigurbanov, Türkmenistanyñ içeri işler ministriniñ 1-nji orunbasary - Red.) hut özi girdi. Birinji diıen zadam: ”Gullow, garaşyp otyrmyñ? Menem: ”Hawa, agam, garaşyp otyrandyryn” diıdim. Ana, şol bada-da onuñ ıanyndaky daıaw oglanlar gelip, elimi arkama gañyrdylar...

Onsoñ meni Gurbanmuhammet Kasymovyñ kabinetine getirdiler. Hemmesi üışüpdirler, KGB-äñ başlygam bar, Baş prokuroram bar, ählisi bar. Sorag etdiler, berıän soraglaram kim bu zatlary gurnady, menem näme sorasalar ”men etdim” diıip durun. Onnoñ meni äkitdiler-de, bir adamlyk kamera saldylar, iımek-içmegem ugurly bermediler, bir aıa golaı oñly ıatyrmadylaram, şol sorag etdiler gitdiler oturdylar.

Onsoñ bir gün ıene sorag etmek üçin Geldi Gurbanoviçiñ kabinetine getirenlerinde, görsem, oñ gapysynda İowşan otyr: gözi gara äınekli, günden goraıan äınek… Garaşyp otyr zamministriñ kabulhanasynda… Äınek bilen ıüzüni bukaryn öıdendir-dä… Eıleki ıetginjek oglanlar ıokmy – gatnaşanlar, şolar ”şu-da bardy” diıäımesin diıip, şolardan bukulyp oturan bolmaly, añyrsyna seretseñ. Geldi Gurbanoviçiñ ıanyna baryp, ”dat-bidat, baranam däldirin, hiç kimi görenem däldirin!” diıip ıören adam ol şol günler!

Onnoñ soñ beıleki oglanlañ üsti bilen ıüzlerine goıanlarynda, soñ boıun alıalar bular. Soñ tussagdakak bir gezek daşaryk çykaranlarynda gabat geldik… Olar nä bile çykarybam duranoklar, ıöne bir gezek gabat geldik. Şonda men bir zady gördüm… Şol bizi saklaıan oglanlar oıun edıä-dä öñki kgb-çiler bar, äkidip-getirıänler, zamnaçalnik bar türmäñki, KGB-äñ türmesiniñ… şolar dagy çala bir zat edip oıun etse-de, ”näme bizi beıdıäñiz, näme bizi oskorblıat edıäñiz! Näme unijat edıäñiz!” diıip, şoñ ıaly edip ıören adam-da ol. Biz-ä şo taıda näme diıselerem, bilıädik şolañ azda-kände bize duıgudaşlyk edıändiklerini. OMON-lar dagam gelip uranlarynda, gaty ursalaram, gözlerin-ä bir gyrpıalar-da kämahal, bilıäñmi… İowşan şolar ıaly zada-da düşünmän, was-was bolar ıörerdi!

Soñ maña atuw berjek diıdiler… Şonda men ondan soran boldum bir gezek, ıogsa gülüp otyryn özüm, gapdalymda-da prokuror bar… İowşany getirdiler welin: ”Agam – diıdim… şeıle oıun edip… – Bular ataryn-ataryn diııäler welin, dogrudanam, bizi ataıarlarmykan-aı?”. Ana, soñ bu İowşan gürrüñ edıämiş oñ-muñ ıanynda men hakynda ”Gullow menden şuñ ıaly sorady, ”ataıarlarmyka, agam?” diıdi diıip. Şo taıda bütin şol bize kömek etmäge gurbaty ıetmeıän organ işgärleriniñ barysy hezil edip ıör: ”Aı, tuweleme, sen gowy gürlediñ, gowy durduñ, çekinmediñ!” diıip. Bular welin, sudda goşgy aıdyp ant içd-ä! Eııäm öñünden p… iıdim diıip…

Bu bara, İowşan, gozgalañy gurnamaga hamana nädip özüni gatnaşdyryp bilıärk-ä? Nädip agzap bilıärk-ä? Muny biz şol Çoganly diıilıän ıerde bir gezek gördüg-ä… Ana, boldy, şondan soñam ıok! Biz ony hiç ıerde göremzok, edemzok! Ol diııän-ä, ol ıöne şol gurnaıan oglanlardan birki sanysyny gynap, başga kim bardy, näme işlediñiz diılende, şol Çoganla baryp birki sany jurnalist bilen gürleşdik diıeni üçin olar şu ikara düşıäler… Şeıle bulañ hiç ıerde: ne guramaçylykda, ne-de başga zatda kömegi degdi! Asyl ikinji gezek görşen adamymyz däl! Bir gezek görnüp, gaçyp gitdiler. Ana, şonuñ yzynda durup bilmän, başagaı bolup ıören adamlar bular! Ol biziñ edenimizi etseler dagy bir wagt Watany satjag-a bular!

Hudaı saklasyn… Şol wagt eııäm olar barjak däl, gatnaşjak däl diıdiler-ä! İöne, ine, şeıtseñiz gowy bolar diıen ıaly birki sany zat aıdyp, özleri hiç zadyñ gyrasynda görünmediler. Menem oñ ıanyna bardym, ıöne menden öñ Ajdar dagy baranda diıipdir o zatlary. Men oña “10-15 müñ adam ıygnap bolıar” diıipdim. Ana, şu gezek Praga baramda-da şony ıatladıar: “Men diıdim-ä, şo mahalam 10-15 müñ halk ıygnamarsyñyz, bolmaz munyñyz diıip.” diııär. Ol başdan şeıdip otkaz edip (boıun gaçyryp – Red.) giden adam-a şo döwürde eııäm! İöne onuñ çagyrylany “şo taıda nämüçin duşuşdyñ?” diıen ıaly sorag bilen… Gozgalañda ol asla ıok! Hökümet şol wagt kimi oñarsa, biynjalyk edıädi-dä, şolañ biri-dä bulam!” İöne şo zatlary soñ ulanyp, bigaırat, şunuñ ıaly gowy işe geçip (“Azatlyk” radiosyna – Red.) diııän-ä, ıene-de şol ölen oglanlara nälet okaışyna men muñ namys edıän… Şolañ arkasyndan-a, şolañ ölüminiñ, jepasynyñ arkasyndan-a şuñ ıaly ıere geldi! Indem şu taıda-da, görıäñmi, hyıanat edıär-ä ölen oglanlara! Olañ çagalary ıetim galdy! Men şolara aıtman bilmerin-ä wagty gelende, ine şular ıaly i… ogluny…

1996 ıylyñ 4-12-nji ıanwary aralygynda Türkmenistanyñ İokary sudunda biziñ işimize garaldy. Şonda maña hem gozgalañyñ beıleki guramaçylaryna 10-15-den ıyl kesdiler. Soñ bize ”Aşgabat sekizligi” diıip at berdiler, gozgalañyñ esasy guramaçylaryna. Sud bolanda oglanlar mert durdular.

Ötünç soramagy çykaran İowşan dagy boldy, toba edıäs diıip-zat diıip. Şol ideıany tapan şolar: İowşan bilen Muhammet Myratly. Şol ikisine advokatlary diıipdir, şuñ ıaly zat etseñiz, sizi boşadarlar diıp, olaram diıdiler. Ol çagalar-a (gozgalaña gatnaşan ıaş, ıetginjek oglanlar – Red.) menden soradylar, guramaçy hökmünde ”agam, diıäısek nähili bor?” diıip, Ajdar dagy. Menem arkaıyn diıäıiñ indi biz öz etmeli işimizi etdik diıdim-dä. İöne kimem bolsa, biri-ıarymy galmaly, men diıjek däl, siz ondan çekinmäñ, kim diıse, diıibersin diıdim. Ine, şeıdip, her kim diıdi. İöne olar, ıañky İowşan goşgy aıdyp, zat edip ant içdi-dä… Onnoñ suddan soñ indi gidip barıakak, olara boşaıan, menem 15 ıyl gidip barıanda maşynyñ içinde türmä tarap… Şonda İowşan aıdıar: ”… Prezident meni çagyrar diııär, ine, boşanymdan soñ diııär… Men şonda duşamda aıdaryn diııär ”muñ ıaly mert oglan bilen duşman bolma!” diıip diııär… Bütin hökümet senden utuldam diıdi ol maña şol wagt.

Soñ türmede otyrkam Otuzov diıen sülçi Muhammet Myratlyñ maña nähili töhmet atanyny gürrüñ berdi, ol: ” Biz Avdy Kulyñ Gullow diıen içalysyna ynanyp düşdük şu güne” diıipdir. İowşanyñ hatyny görkezmedi, belki, onuñ haty has gizlindir? Hudaı saklasyn… diııän zatlaryny görıäñmi? Näme siz bir agzy sary oglanjykmy diısene, biriniñ gepine gidip gozgalaña gatnaşar ıaly? Hany öz kelläñiz!

Edil şoñ ıaly waka soñam gaıtalandy… İowşan ikinji gezek tutulanda, 1997-nji ıylda, gazetlerde onuñ puşman edıän diıip, prezidentden ötünç sorap, oña ıalbaryp ıazan haty çap edildi, men ony türmede otyrkam okadym. Şonda ol ıene özüm etdim, bu meñ öz düşünjäm diımän, ıene ähli günäni ”Azatlyk” radiosynyñ üstüne atıar: pula satyldym diııär 400 dollara. Satlyk bolsañ, satylarsyñ-da, 400 dollar bor, 4000 dollar bor – tapawudy näme?

Soragda maña-da gozgalañy Avdy Kuly gurnady diıdirjek boldular. Mendenem şol gepi aljak bolup, 3,5 ıyl jebir berdiler: ”şol etdi diı, şol gurnady diı” diıip. İöne men hemme görkezmelemde ”ıok, men şondan diñe özüm soradym, ”Näme etsek, näme gowy bolar?” diısem, ana, diñe şony aıtdy, başga aıdan zady ıok diıip. Men hemme zady özümiz etdik, özümiz gurnadyk diıdim.

Bu tomus parahat Aşgabat gozgalañy diılip at berlen şol 1995 ıylyñ 12-nji iıulynda bolan gozgalaña 12 ıyl doldy. Elbetde, ol hakda ıatlamalam, gürrüñem etmeli. İöne men bir zada düşünemok: nämüçin ol mert oglanlar hakda şol gün olaryñ duran ıerinde durup bilmedik namart gürrüñ etmeli? Bu näme wepat bolanlañ päk ruhuny masgaralamakmy? Demokratiıañ, söz azatlygynyñ, adam hukuklarynyñ Türkmenistanda ıeñmegine şol ıaş oglanlañ goşan goşandyny äsgermezlikmi? Näme üçin beıle iş edilıär?

İowşanyñ şol gozgalaña gatnaşanlardan, ony gurnanlardan habar tutman, ol gozgalaña, mertlige asla dahyly bolmadyk Halmyrat Söıün ıaly bir wejera adamyny gozgalañyñ belli gününde ”Azatlykdan” bu hakda gürletmegine nähili düşünmeli? Meniñ hut özüm-ä muña namys edıän! Eıse bu wepat bolan oglanlañ gül ıaly mazaryna kast etmek dälmi? Şol mert oglanlañ gül ıaly mazaryna, olañ ıetim galan çagalaryna İowşanyñ sürten hapasy dälmi?

Beıle gowy görüp gürledıän bolsa käşgi İowşanyñ öz çagalary Halmyrat Söıüne meñzesin, şondan görelde alsyn! İöne olar ıaly adam meñ wepat bolan mert egindeşlerimiñ päk ruhuna ıanaşmasyn! Ol oglanlañ sarpasy radioda haısy nadanyñ 12-nji iıul hakda gepleşik geçirjegine bagly däldir, asla mertligiñ ölçegi radio ıa televizor däldir, bolubam bilmez! Mertligiñ ölçegi – Alyñ ala meıdanydyr! On iki ıyl mundan öñ ıüzlerçe ıaş oglanlar il üçin janlaryndan geçip, Alyñ ala meıdanyna çykdylar! Olar şol gün başa gelenini görmäge kaıyl boldular! Başlary ıaş hem bolsa, olar arly-namysly oglanlardy!

Magtymguly babamyz aıdypdyr-a, şagal-tilkiden gurt bolmaz diıip! Arslanyñ, şiriñ mertligi hakda bu gün nämüçin şagal aıdym aıtmaly?

1995 ıylyñ 12-nji iıulynda ganhor rejimiñ haıbatyndan, dürreden çekinmän gozgalaña baş göteren ıaş oglanlaryñ hem türkmen topragynyñ azatlygy ugrunda wepat bolan beıleki gahrymanlaryñ sarpasy belent tutulsa, her ädimde mertligiñ gadyry bilinse, diñe şonda biz öz topragymyzda adama mynasyp döwlet gurup bileris. Men mertlik bilen namartlygyñ gatyşdyrylmagyna garşy!

Norvegiıa,
2007 ıylyñ 24-nji iıuly.