GÖKDEPE GALASYNYÑ SYNMAGYNYÑ WE TÜRKMENISTANYÑ KOLONIAL GARAŞLYLYGA DÜŞMEGINIÑ İAS GÜNI

2007-01-12

 

Gökdepe galasy 1881 ıylyñ 12-nji ıanwarynda weıran edilıär. General Lomakiniñ baştutanlygyndaky birinji çozuşlary şowsuz gutaran rus basybalyjylary bu masgaraçylykdan çykmak üçin 1880 ıylda ikinji gezek Türkmen topragyna çozup girıärler. Bu gezek rus goşunlaryna agressivlikde we rehimsizlikde rus-türk urşunda ıakasyny tanadan, şöhratparaz we gedem general Skobelev baştutan bellenıär. Ol öz ganhor patyşasynyñ  ynamyny ödemek üçin hiç zatdan gaıtmajagyny entek Peterburgdaka mälim edıär. Döwürdeşleriniñ bellemegine görä, general Skobelev türkmenleriñ Gökdepe galasyndan çykman, hemmesiniñ bir gala ıygnanyp, goranyş urşuny alyp barmagyny Hudaıdan diläpdir. Sebäbi ol rus patyşasynyñ goşunlarynyñ türkmenleriñkiden has gowy ıaraglananlygyny oñat bilipdir we öz uzaga atıan agyr toplaryny ulanyp bilseler, onda ıeñşiñ hökman öz taraplarynda boljaklygyna ynanypdyr.

Döwürdeşleriniñ şaıatlyk etmegine görä, general Skobelev Gökdepe galasyny gana gark etmegi we şeıdibem ruslaryñ milli gahrymanyna öwrülmegi arzuw edipdir. Şonuñ üçinem ol türkmenleriñ gaça uruş, ıagny partizançylyk taktikasyny däl-de, goranyş usulyny saılap almaklaryny isläpdir. Çünki rus goşunlary özleriniñ ıarag taıdan artykmaçlyklaryny diñe galanyñ garşysyna ulanyp biljekdiler. Eger-de türkmenler gaça uruş taktikasyny saılap alsalar, onda süıräp gelen köpsanly agyr toplarynyñ ruslara peıdasy degjek däldi. Üssesine-de türkmenler gaça urşa ökdediler.

Parasatly Hanmämmet atalyk bilen Orazmämmet serdaryñ öwüt-ündewleri diñlenmän, Uly maslahatda rus goşunlary bilen uruşmaly diılip karar edilensoñ, galanyñ goragynyñ baştutanlygy dört sany serdara ynanylsa-da, gyzza-gyzza gelende, Gökdepe galasynyñ goragynyñ serkerdeligi alaman serdary Dykma serdaryñ elinde jemlenıär. Ol uruşda ruslaryñ üstün geljek taktikasyny dowam etdirip, galadan çymaly däl, ony soñky damja ganymyza çenli goramaly diıip, buıruk berıär. General Skobeleve-de geregi şol eken, ol uzaga atıan agyr toplaryny edil galanyñ alkymynda gurup, galany yzygiderli top okuna tutup başlaıar. Netijede galadaky urşujylardan we parahat ilatdan birnäçe müñüsi irginsiz ıagdyrylıan top oklarynyñ gurbany bolıar. Gyssagara-da gazylan tümler (ıer döle) parahat ilaty top okundan gorap bilmändir.

Agyr ıitgilere garamazdan, türkmenler galany goramagy dowam etdiripdirler. Olaryñ gijeki duıdansyz hüjümleri bolsa, basybalyjylaryñ hatarlarynda dowul döredipdir. Gijeki hüjümlere erkekler bilen bir hatarda türkmen aıal-gyzlary-da gatnaşypdyrlar. Olaryñ käbiri bu söweşlerde gahrymanlarça wepat bolupdyrlar.

Gündizki aıgytly hüjümde türkmenler bir gezek duşmany agyr aljyraññylyga sezewar edıärler. Şonda olar ruslaryñ garymda ıatan birinji hataryny çym-pytrak edip, olary gaçmaga mejbur edıärler. Bu söweşde türkmenler köp sanly ıarag olja alyp, üssesine-de Apşeron polkunyñ söweş baıdagyny-da ele salıarlar. Söweş baıdagyñy aldyrmak uruşda ıeñilmek bilen barabar masgaraçylyk hasap edilıär.  

Netijede ıüzbe-ıüz uruşda türkmenlerden asgyn gelen rus goşunalry galany almak üçin harby  hilegärlige ıüz urmaly diıen karara gelıärler. Olar assyrynlyk bilen garym gazyp, galanyñ diwarynyñ düıbünde ummasyz köp mukdarda däri goııarlar. Galanyñ goragyna serkerdelik eden Dykma serdar duşmanyñ bu harby mekirligine düşünmändir, bu hilegärligiñ üstüni açyp, wagtynda onuñ öñüni alyp bilmändir. Netijede 1881 ıylyñ 12-nji ıanwarynda basybalyjylar galanyñ diwaryny partladyp, onuñ içine çozup giripdirler.

Söweş aılganç hem örän gandöküşikli bolupdyr. Basybalyjylar ululara-da, çagalara-da, aıal-gyzlara-da, garry-gurtulara-da rehim etmändirler. Galany goraıjylar her bir öı ugrunda söweşip, baş goıupdyrlar. Türkmen ıigitleri edil aç arslan ıaly söweşipdirler. Olaryñ gahrymançylygyna, gaıduwsyzlygyna duşmanlaryñ özleri-de haıran galypdyrlar.

Emma gala ıarylansoñ onuñ içine çozup giren san taıdan agdyk duşmanyñ basyşy astynda parahat ilatyñ arasynda dowul döräpdir, halk galany taşlap, guma gaçypdyr. Duşmanlar çakyr aıazly gyş güni dowla düşüp, gaçyp barıan eli çagaly naçarlary, garry-gurtulary, ıetginjekleri yzlaryndan ıetip, gylyçdan we naızadan geçiripdirler. Hiç kese rehim edilmändir. Harby taıdan asla zerurlyk bolmasa-da, guma gaçyp barıan eli ıaragsyz, garawsyz ilaty 10-15 kilometr yzarlap, gyryp gidipdirler. Bu wagşy kowga general Skobeleviñ hut özi ıolbaşçylyk edipdir. Onuñ gözi gandan doımandyr. Şonuñ üçinem türkmenler oña ”gözi ganly general” diıip at goıupdyrlar.

Gökdepe galasy goralan we soñra onuñ ıykylan günleri aıylganç gyrgynçylygy öz gözleri bilen gören türkmenleriñ hem ynsaply rus ofiserleriniñ galdyran ıatlamalaryndan, şeıle-de Ahal topragynyñ ilatynyñ uruşdan öñki we soñky sanyndan çen tutsañ, Gökdepe urşunda 30 müñe golaı adamynyñ wepat bolanlygyny çaklasa bolıar.

Uly gyrgynçylyga garamazdan, türkmenleriñ Gökdepe galasyndaky görkezen gahrymançylygy taryhda ıitmejek yz galdyrıar. Gökdepe söweşi watana wepalylygyñ we gaıduwsyz batyrlygyñ simvolyna öwrülıär we Orta Azyıadan has uzaklara ıaıraıar. Türkmenleriñ rus goşunlaryna berk gaıtawul berendikleri hakyndaky habar hatda Europa çenli-de baryp ıetıär. Şonda alys Europanyñ paıtagtlarynda ilkinji gezek bu gaıduwsyz halkyñ gahrymançylygy dogruda gürrüñ edilıär.

Gökdepe galasy synandan soñ Türkmen topragynyñ doly basylyp alynmagyna giñ ıol açylypdyr. Şondan üç ıyl geçensoñ, türkmenleriñ harby taıdan ikinji güıçli merkezi hasap edilen Mary topragy-da basybalyjylara gutarnykly boıun egdirilipdir. Marynyñ rus patyşasyna uruşsyz boıun egmeginde Nurberdi hanyñ aıaly, Marynyñ hany Güljemal han we ogly Magtymguly han uly rol oınapdyrlar. Gökdepe galasy goralıarka iñlisleriñ ozalky beren wadalaryny bozup, türkmenlere harby kömek bermezligi-de Marynyñ Russiıanyñ düzümine meıletin girmegine sebäp bolan syıasy ıagdaılaryñ biridir. Türkmen han-begleri iñlisleriñ boş wadalaryna ynanmaklaryny bes edipdirler.

Hywa we lebap türkmenleri ondan has ozal rus patyşasynyñ gulçulygyna düşüpdirler. Çünki olar Hywa hanlygynyñ we Buhar emirliginiñ düzüminde ruslara tabyn edilipdirler. Netije-de Gökdepe galasynyñ ıykylmagy Türkmen topragynyñ doly kolonial garaşlylyga düşmegine getiripdir. Bu elgaramalyk soñra 110 ıyllap dowam etdi. Gysgaça aıdanyñ-da, 1881 ıylyñ 12-nji ıanwary türkmenleriñ erkiniñ syndyrylan günüdir.

Sovet döwründe Gökdepe galasynyñ synan gününiñ ıasyny tutmak-da, galanyñ gahrymançylykly goralmagyny we tragiki ıagdaıda synmgyny asla ıatlamak-da bolanokdy. Bu gadagandy. Diñe geçen asyryñ 80-nji ıyllarynyñ ortasynda SSSR-de Üıtgedip gurmak syıasaty başlanansoñ, bu barada dil ıarmak mümkin boldy. Ilkinji bolup bu meseläni Türkmenistanyñ ”Agzybirlik” Demokratik Halk Hereketi gozgady. Gökdepäniñ ıaşululary we ıerli ilat bilen ylalaşyp, ”Agzybirlik” 1990 ıylyñ 14-nji ıanwarynda ilkinji gezek Gökdepe galasynyñ synmagynyñ, türkmen topragynyñ rus patyşasy tarapyndan basylyp alynmagynyñ İas gününi belledi. İas gününiñ 14-nji ıanwarda geçirilse amatly boljakdygyny, şonda häkimıetleriñ gadagan edenligine garamazdan, ilatyñ İas gününe gatnaşyp biljekligini Gökdepäniñ ıaşululary salgy berdiler. Sebäbi ol gün dynç günüdi.

Türkmenistanyñ kommunistik dikmeleriniñ ”Agzybirligiñ” bu döwletli başlangyjyna diş-dyrnak garşy çykmaklaryna garamazdan, külli türkmen bu başlangyjy goldady. 1990 ıylyñ 14-nji ıanwarynda Gökdepe galasyna 10 müñden gowrak adam ıygnandy. Türkmenler şonda sovet häkimıeti ıyllary içinde ilkinji gezek öz gahryman ata-babalarynyñ we türkmeniñ milli erkiniñ syndyrylmagynyñ simvolyna öwrülen gahryman Gökdepe galasynyñ İas gününi bellediler, dogduk topragy gorap wepat bolanlaryñ we nähak gyrgynçylyga uçradylanlaryñ ruhuna degsin etdiler, olara hormat goıdular.

Bir ıyl soñra Türkmenistanyñ kommunistik häkimıetleri ”Agzybirligiñ” başlangyjyna eıe çykyp, bu senäni resmi taıdan bellemegi girizdiler. Olary bu ädime iteren zat – aıaklarynyñ aşagyndan daıançlarynyñ gidip barmagy we ”Agzybirligiñ” il içinde abraıynyñ göterilmegi boldy. Kommunistik häkimıetler bu meselede: ”Eger-de hereketiñ öñüni alyp bolmasa, oña ıolbaşçylyk et!” diıen hilegär syıasatdan ugur aldylar.

Gökdepe galasynyñ synmagynyñ İas güni şondan soñ her ıylyñ 12-nji ıanwarynda bellenilıär. Ol külli türkmeniñ dogduk topry gorap baş goıan gahrymanlarynyñ hatyra gününe öwrüldi. Biz milli İas güni mynasybetli ıagşy dilegler edıäris: Sadakalaryñyz kabul bolsun! Öten gahrymanlaryñ ruhlary şat bolsun! Goı, olar öz nesillerinden razy bolsunlar!

TÜRKMENISTANYÑ ”AGZYBIRLIK” DEMOKRATIK HALK HEREKETI