GARAŞSYZLYK BAİRAMYÑYZ GUTLY BOLSUN!

2007-10-27

 

Gadyrly ildeşler! Türkmenistanyñ öz milli garaşsyzlygyna eıe bolan gününe 16 ıyl doldy! Bu şanly sene bilen biz siziñ hemmäñizi gutlaıarys!

Türkmenistanyñ milli döwlet garaşsyzlygy bize añsatlyk bilen ıetdirmedi. Bu ıolda türkmeniñ müñlerçe watançy ogul-gyzlary uzak taryhyñ dowamynda öz başlaryny goıdular. Türkmen topragynyñ erkinligi ugrunda wepat bolan adamlaryñ hemmesi-de öz ömürlerini gurban berip, dogduk topragymyzyñ garaşsyzlygyny golaılaşdyran gahrymanlardyr.

Asyrlar boıy türkmen topragyny goran ata-babalarymyzyñ-da, XX asyrda türkmen topragynyñ özbaşdaklygy ugrunda göreşe galkyp, basmaçy adyny alanlaryñ-da, garaşsyzlykda öz mynasyp paılary bardyr.

Täze taryhda garaşsyz Türkmenistan döwletiniñ düıbüni tutan, türkmeniñ wepaly ogullary Gaıgysyz Atabaı bilen Nedirbaı Aıtaga baky şöhrat bolsun!

Türkmeniñ erki ugrundaky göreşe öz ömürlerini bagyş eden Şaja Batyryñ we Avdy Kulynyñ, iñ täze taryhda milli garaşsyzlygyk ugrundaky göreşe ilkinjiler bolup galkan Akmyrat Şiriñ, Bapba Gökleñiñ ıagty ıadygärlikleri halkymyzyñ ıüreginde ebedilik ıaşar!

Gadyrly ildeşler! Bu gezekki Garaşsyzlyk baıramy ilkinji gezek täze şertlerde tutulıar! Soñky 16 ıylyñ dowamynda ilkinji gezek Türkmenistanyñ, belki-de, ıakyn geljekde öz hakyky milli garaşsyzlygyna, azatlyga, erkinlige gowuşjakdygyna uly umyt döredi. Şol umyt bilen hem biz bu gün garaşsyzlyk baıramyny toılaıarys. Goı, siziñ hakyky milli garaşsyzlyk, söz we metbugat azatlygy, erkin saılawlar, hukuk döwleti baradaky päk arzuwlaryñyz hasyl bolsun!

Biz siziñ hemmäñize saglyk we bagt arzuw edıäris!

TÜRKMENISTANYÑ BIRLEŞEN DEMOKRATIK OPPOZISIİASY

TBDO-nyñ egindeş başlygy, ”Agzybirlik” Demokratik Halk Hereketiniñ Daşary ıurt bölüminiñ baştutany G.Ataıev
Pariz, 2007-10-27