GARAŞSYZLYK BAİRAMY
Türkmenistanyñ milli garaşsyzlygynyñ 15 ıyllygyna
 

Gadyrly ildeşler, bu gün mähriban ata Watanymyzyñ 110 ıyllap dowam eden kolonial garaşlylykdan başyny gutaranyna tegelek 15 ıyl dolıar. Bu örän buısançly sene. Ykbalyñ öz halkymyza eçilen bu bagtynyñ belli bahasy ıokdur.

Edil beıleki sovet respublikalarynda bolşy ıaly 1980-nji ıyllaryñ soñunda Türkmenistanda-da milli garaşsyzlyk ugrundaky göreş başlandy. Ilkinji bolup türkmen topragynda ”Agzybirlik” Demokratik Halk Hereketi döredildi. Bu göreşiñ başynda türkmen halkynyñ wepaly ogullary, Bapba Gökleñ, Akmyrat Şir ıaly gerçek kişiler durdular. Tiz wagtdan bu herekete türkmeniñ batyr ogly Nurberdi Nurmämmet ıolbaşçylyk edip başlady, şondan soñ ”Agzybirligiñ” hatarlary tiz ösdi. Şol döwürde agalyk edıän kommunistik rejim 1989 ıylyñ oktıabrynda ”Agzybirlik” Demokratik Halk Hereketini resmi taıdan ykrar etmäge mejbur boldy. İöne häkimiıetler hilegärlige ıüz urup, ”Agzybirligi” Hukuk ministrliginde däl-de, Türkmenistan Ylymlar Akademiıasynyñ Prezidiumynda resmi taıdan hasaba aldylar. Saparmyrat Nyıazovyñ we onuñ töweregine jemlenen hilegär adamlaryñ tapan bu tilsimi tüıs şol tilki sapalagy diıilıändi!

Sebäbi ”Agzybirligi” düıbünden ykrar etmezlik mümkin däldi, halk bu herekete giñ goldaw bildirıärdi, has beteri-de beıleki sovet respublikalarynda milli ıolbaşçylar özlerinde dörän näresmi syıasy hereketlere we partiıalara resmi taıdan ıol açypdylar. Emma 1985-nji ıylda Moskva tarapyndan türkmen halkynyñ depesinde dikme edilip oturdylan Saparmyrat Nyıazov öz halkyndan öler ıaly gorkıardy, şonuñ üçinem ol her edip-hesip edip, türkmenleriñ syıasylaşmagynyñ öñüni almaga dyrjaşıardy. Ol öz kommunistik agalaryna wepalydy, olaryñ ody bilen girip, küli bilen çykıardy. Moskvada demokratik güıçler bilen reaksion güıçler çaknyşanda Saparmyrat Nyıazov hemişe iñ reaksion güıçleriñ tarapynda bolup çykıardy. Ol bu ıaramaz ugurdan diñe özi gitmän, ähli türkmen deputatlaryny-da, bütin Türkmenistany-da şeıle biabraı, yzagalak we namart ugra iteklemäge dyrjaşıardy. Gynansagam, ne Türkmenistanyñ Mejlisinde, ne-de SSSR-iñ ilkinji Parlamentine Türkmenistandan saılanan deputatlaryñ arasynda S.Nyıazovyñ bu reaksion syıasatyna garşy çykan tapyldy.

Ine, şeıle ıagdaıda, ıerli we soıuz derejesindäki türkmen deputatlarynyñ nalajedeıinliginden, sowatsyzlygyndan has-da gylawlanan Türkmenistan kompartiıasynyñ Merkezi Komitetiniñ 1-nji sekretary S.Nyıazov 1989 ıylyñ maıynda, Moskvada geçıän SSSR Halk deputatlarynyñ nobatdaky mejlisinde özüniñ iñ masgaraçylykly çykyşyny etdi. Ol SSSR-däki iñ ıokary syıasy tribunadan türkmen diliniñ, ıagny öz ene diliniñ garşysyna çykyş etdi!

SSSR Halk deputatlarynyñ nobatdaky ıygnagynda sovet respublikalarynda "Respublikalarda milli diller döwlet dili bolmalymy ıa-da ıok?" diıen aldym-berdimli jedel ıaıbañlananda, galan 14 sovet respublikalarynyñ baştutanlary öz ene dillerine döwlet dili statusynyñ berilmeginiñ tarapyny tutup çykyş edenlerinde, diñe Saparmyrat Nyıazov Türkmenistanda türkmen diline döwlet statusynyñ berilmegine garşy boldy!

Üssesine-de ol ”Biz öz halkymyz bilen bu meselede maslahatlaşdyk. Türkmen halky türkmen diliniñ Türkmenistanda ıeke-täk döwlet dili bolmagyny islänok. Biziñ halkymyz iki dillilik isleıär. Türkmenistanda mundan beılägem iki sany döwlet dili bolar - rus hem türkmen dilleri” diıip, SSSR-iñ iñ uly syıasy tribunasyndan zyrrajym ıalan sözledi.

Bu çykyşda iki sany gödek ıalan bardy: 1. S.Nyıazovyñ hökümeti halk bilen bu meselede maslahatlaşmandy! 2. Türkmen halky öz adyndan Moskvada beıle masgaraçylykly beıanat etmegi S.Nyıazova tabşyrmandy!

Galyberse-de, ikidillilik diımek – iş yüzünde rus dili döwlet dili bolmaly diıildigidi! Muny Türkmenistanda bilmeıän ıokdy!

Sebäbi ”iki dillilik” teoriıada añsat, emma iş ıüzünde ony ıerine ıetirmek düıbünden mümkin däl! Dilleriñ haısy-da bolsa biri saılanyp, şol hem döwlet dili hökmünde ulanylıar, hamana döwlet dili statusyny formal taıdan alan ikinji dil bolsa, ”tur-otur – kersen getir!” roluny ıerine ıetirıär. Türkmenistanda Gaıgysyz Atabaı bilen Nedirbaı Aıtagyñ döwründen soñ hut şeıle-de bolup geldi. Bu ıagdaı Şaja Batyryñ döwründe birneme ıumşadylan hem bolsa, ıaramaz ıörelgäni üıtgetmek şondan soñ hiç kese başartmady. 1985 ıylda hökümet başyna gelen S.Nyıazov bolsa türkmen diliniñ, türkmen medeniıetiniñ, türkmen milletiniñ ganym duşmany bolup çykdy. Ol Moskvadan berlen buıruklary daş ıany bilen ıerine ıetirip, ”telpek getir diıilse, kelle getirmäge” çytraşıardy.

M.Gorbaçevyñ Üıtgedip gurmak syıasaty döwründe beıleki sovet respublikalarynda öz milli mertebesini, dilini, medeniıetini, milli ykdysatyıetini ösdürmäge ıykgyn edenlerinde S.Nyıazov diñe türkmeniñ depesinden basmak bilen meşgullandy. Ol türkmen kadrlaryny ıok edip, olary köpçülikleıin işden çetleşdirip, Russiıadan olaryñ ıerine rus kadrlaryny çagyrdy. 1987 ıylda ol özüniñ iñ ilkinji masgaraçylykly çykyşyny edipdi. Şonda ol: ”Bizde wezipe berer ıaly dogruçyl türkmen kadrlary düıbünden ıok. Bize Russiıadan dogruçyl işläp biljek kadrlary iberiñ!” diıip, Moskva resmi taıdan ıüz tutdy. Nyıazov gündiz eli çyraly gözlänmiş weli, asyl külli türkmeniñ arasyndan wezipe ynanar ıaly birje-de dogruçyl adam galmanmyş! Bu nähili masgaraçylyk!

Şol döwürde çem gelen türkmenleriñ üstünden gülmäge synanyşdy. Meselem, rus publisisti İuriı Çerniçenko ”Literaturnaıa gazetada” şeıle ıazdy: “Türkmenistanda wezipe ynanar ıaly ıekeje-de dogruçyl adam galmandyr! Türkmenistan indi Russiıadan başga zady däl-de, dogruçyllygy import etmäge mejbur!”

Şol wagtyñ özünde-de ol ”ogullaryñyza sünnet edıäñiz, ölenleriñize jynaza okadıañyz” diıip, ençeme görnükli türkmen kadrlaryny ıokary wezipelerden çetleşdirip, gelmişek kadrlara ıol arçaıardy…


Dowamy bar