TÜRKMENISTAN GARAŞSYZ DÖWLETLERIÑ ARKALAŞYGYNDAN ÇYKDY

 

 

Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriñ Arkalaşygyndan (GDA) çykdy. Bu syıasy ädimiñ biziñ ıurdumyzyñ ilatynyñ bu gününe we ertirine täsirini ıetirjekdigi gürrüñsiz. Bu täsir uly bolarmy ıa-da kiçi – ony entek aıtmak kyn. Sebäbi GDA-nyñ agzalarynyñ arasynda onsuzam ıakyn gatnaşyk ıok. Arkalaşyga girıän garaşsyz döwletleriñ grajdanlary biri-biriniñkä vizasyz, erkin baryp-gelip bilenoklar, bir ıurduñ grajdanlary beılekiniñ çäklerindegözläp, gozgalmaıan emläk edinip, ıa-da ıaşap bilenoklar. Munuñ üçin döwletara aıratyn iki taraplaıyn ylalaşyk baglaşmaly. Gepiñ keltesi, GDA-nyñ grajdanlary awtomatiki suratda hiç bir aıratyn hukuga eıe däl. Onsoñ Türkmenistanyñ ilatynyñ mundan beıläk utuljakdygyny ıa-da utjakdygyny ıüzüñ ugruna aıtmak añsat däl.

 

GDA – adatdan daşary formal gurama. Türkmenistanyñ prezidenti-de muny bilmän duranok, şonuñ üçinem ol soñundan kän bir çekinip durman, ondan çykıandygyny yglan etdi. Ol ozalam GDA-nyñ ıygnaklaryna islese gatnaşıardy, islemese-de gatnaşanokdy. Bu günem ol Türkmenistanyñ GDA-daky agzalygyny bes edıändigini yglan etdi. Türkmenistan indiden eıläk GDA-nyñ ıygnaklaryna diñe geñeşçi derejesinde gatnaşar.

 

Bu ädim Halkara arenasynda Türkmenistanyñ abraıyna nähili täsir eder? Biziñ pikirmizçe, ıurduñ döwlet hökmünde abraıy aşak düşmez. Sebäbi mundan aşak düşmäge mümkinçilik ıok. Türkmenistan onsuzam Halkara arenasynda awtoritar dolandyryşly, söz, metbugat azatlygy bolmadyk, köppartiıalylyga ıol berilmeıän, halkyñ demokratik saılaw hukuklary elinden alnan, adam hukuklary rehimsiz basgylanıan ıurt hökmünde tanalıar. Onsoñ bu meselede näme üıtgesin?

 

Üns bermeli zat – dünıä kartasyndaky iri döwletleriñ Türkmenistanyñ daşyndaky syıasy oıunlary göz-görtele güıçlener. İakyn wagtda biz bu oıunlaryñ täsirini göreris. Soñky günlerde Amerikanyñ Birleşen Ştatlarynyñ Türkmenistan bilen ıakynlaşmagyñ ıollaryny intensiv agtarıandygy belli. Belki Türkmenistan bilen Amerikanyñ arasynda käbir syıasy ylalaşyklar eııäm gazanylandyr? Belki, hut şeıle ikitaraply ylalaşyklar-da Saparmyrat Nyıazova GDA-dan çykmaga itergi berendir?

 

Amerika bilen Türkmenistanyñ arasynda özara bähbitli nähili ylalaşyklar bolup biler? Türkmenistanda gaz, nebit kän – bu ABŞ üçin gyzykly. Amerika güıçli döwlet, ol ursa ıykıar, ıykylany, islese, galdyryp bilıär. Türkmenbaşa-da häzir tüıs şonuñ ıaly bir hossar gerek! Onuñ indi döwleti dolandyrmaga güıji ıok, iki günüñ biri keselli. Diımek, oña Türkmenistany tabsyrar ıaly bir ynamly adam gerek. Öz oglundan ynamly ol kimi tapsyn? Kim oña öz oglundan wepaly bolup biler? Onuñ sansyz daş heıkellerini we çüırük syıasy sistemasyny öz ogly goramasa, kim gorasyn?!

 

S.Nyıazovyñ öz ogly Myrady prezidentlige gizlinlikde taıynlaıandygy dogrudaky materiallar biziñ elimize gowuşdy. Şol maglumatlara görä, Myrada häzirki wagtda türkmen dilinden sapak berilıär. Gündelik! S.Nyıazov Alyıevñ Azerbaıjanda eden syıasy oınuny Türkmenistanda sähelçejik özgerdip, gaıtalamakçy bolıar. Eger bu habarlar dogry bolsa, onda ıakyn wagtda Myrat Saparmyradoviç Nyıazov ıa-da Myrat Türkmenbaşy ıurtda ıokary wezipeleriñ birini eıelär. Ol Türkmenistanyñ Mejlisiniñ (Parlamentiñ) başlyklygyna saılansa gerek? Bu wezipäni eıelänsoñ, ol kakasynyñ gös-göni mirasdüşerine öwrülıär. Şondan soñ Nyıazov öldi-de bir, ölmedi-de: onuñ dogmasy yzyny ıöreder.

 

ABŞ-yñ Nyıazov-türkmenbaşynyñ bu islegine ”düşünmek” bilen garaıandygy hakynda ynamly habarlar bar. Sebäbi edil häzir Amerika Orta Azyıada bir harby baza döretmek juda zerur. Özbegistan Hanabatdaky Amerikan bazasyny gysga möhletde ıapmakçy we Amerikadan ol bazadaky harby tehnikasyny we adam güıçlerini Özbegistanyñ territoriıasyndan çykarmagy talap edıär. Diımek, çen bilen hemme zat şeıleräk bolup geçmeli: Türkmenistan GDA-dan çykyp, syıasy taıdan doly özbaşdak hereket edip başlaıar we ABŞ bilen ıakynlaşyp, onuñ Özbegistandan çykaran harby uçarlaryna we adam güıçlerine ıer berıär. Türkmenistanda ABŞ-yñ harby bazasy döredilıär.

 

Şondan soñ ABŞ Saparmyrat ”Türkmenbaşynyñ” dogmasy, birnäçe ıyl mundan ozal ispan kazinosynda bir gijede 12 million USD utduran Myrat ”Türkmenbaşynyñ” atasyndan soñ häkimiıet başyna geçmegine garşy bolanok…

 

Eger bize gelip ıeten habarlar ıapa degıän bolsa, onda biz bu ylalaşygyñ netijelerini ıakyn wagtda görsek gerek…

 

TÜRKMENISTANYÑ ”AGZYBIRLIK” DEMOKRATIK HALK HEREKETINIÑ INTERNET SAHYPASYNYÑ REDKOLLEGIİASY

 

2005-08-28