A.Welsapar, ıazyjy

BAŞA BARMADYK AVANTİURA

BIRINJI BÖLÜM


Dünıädäki gury ıeriñ altydan birini tutıan, dişine çenli ıaraglanan, halky aç sovet imperiıasynda döwleti agdarmaga synanyşyk edilmegi bütin adamzat üçin gorkulydy. İöne gorkynyñ iñ ulusy, elbetde, sovet halkynyñ öz başyndady. Çünki 1991 ıylyñ 19-njy avgustynda edilen synanyşyk başa baryp, ozalky SSSR-de hökümet başyna reaksion güıçler gelen bolsa, sovet halkynyñ işi gaıtjakdy. Onda hemme zat ıene öñki-öñküligine – ”Üıtgedip gurmak” syıasatyndan has irki döwre dolanmalydy. Bu hemmeler üçin düşnüklidi.

Eger döwlet agdarylyşygy ugruna baryp, GKÇP häkimıet başyna geçse, onda Sovet Soıuzy ”durgunlyk” diılip at berlen döwre dolanyp oñmazdy. Yza gaıdyşlyk, meniñ pikirimçe, has düıpli bolardy. İurt iñ bärkisi 50-nji ıyllardaky ıagdaıyna, ıogsa-da hatda 30-njy ıyllara dolanardy. Başgaça bolmagy mümkin däldi. Sebäbi Üıtgedip gurmak syıasaty döwründe halys ”başyna giden” halk köpçüligini, intelligensiıany, formal däl halk hereketleriñ, oppozision syıasy partiıalaryñ ıüzlerçe müñ, belki-de millionlarça agzalaryny höre-köşe ıa-da ıönekeı haıbat bilen gaıtadan ”agyla gabamak” başartjak däldi. Boıun egmedik we egmejek millionlarça adamlary dyza çökermek üçin gaıtadan GULAG-y dikeldip, stalinçilik terrory ulanmalydy. Döwlet agdarylyşygynyñ soñunyñ şeıle aıylgançlyga sapjakdygyna şübhe ıokdy.

Eıse, bize şeıle aıylganç ykbaly taıynlan adamlar kimlerdi? Olar ozalky SSSR-iñ ıokary ıolbaşçylygyna girıän iñ konservativ adamlardan ybarat topardy. Bu reksion topara SSSR KGB-niñ we Harby güıçleriniñ baştutanlary ıolbaşçylyk edıärdiler. ”İurduñ bütewiligini saklamak” bahanasy bilen olar sovet halkyny gaıtadan agyzydyryklamaga höwesekdiler. Olar demokratik jemgyıetçilik gurluşynyñ iñ ilkinji basgançaklary bolan Üıtgedip gurmagyñ eçilen ”aıanlyk”, ”aç-açanlyk” syıasy hukuklaryny elinden gañryp alyp, sany 300 million töweregi sovet halkyny ıañadandan hukuksyz adam sürüsine öwürmekçidiler.

1991 ıylyñ 19-njy avgust edil şu günki ıaly ıadymda… Ol gün men bary-ıogy 1,5 aı şondan öñ ykbalyñ öz başymdan salan agyr ıitgisinden aıñalmadyk halyma, agyr duıgulara gark bolup, irden iş stolunyñ başyna geçipdim. Edil şol günler men ”MÜLLI TAHYRYÑ HUDAİLYGY” romanyny ıazyp ıördüm. Öıüñ içi ümsümlikdi. Gündiz sagat 11-lerde gelnim öı kabinetimiñ gapysyny açdy. Meniñ soragly garaışyma ol ”Moskvada erbet üıtgeşiklik bolupdyr, Gorbaçevy işden aırypmyşlar. İañy iımit magazininde gürrüñ etdiler” diıdi. Men näme bolanyny biljek bolup, beıleki jaıa geçip, televizory açdym. Televizoryñ kanallaryny üıtgedip başladym… Emma ähli kanaldan şol bir zat – balet gidip durdy...

Gysga tolkunlardan tutıan we adataça ”Svoboda”, ”Azatlyk”, ”bbc” radiolaryny diñleıän radiomy açyp, Moskvada döwlet agdarylyşygynyñ bolup geçenligini, SSSR-iñ prezidenti Mihail Gorbaçevyñ dynç alyp ıören ıerinde, Forosda tussag edilenligini, Moskva gije tanklaryñ we dildüwüşijilere wepaly harby bölümleriñ girizilenligini bilip galdym…

Esli wagtdan bäri agyp-dönüp duran ıagdaıyñ iñ erbet ıol bilen ösüp ugranlygy anykdy. Näme etmeli? Meniñ öıümde Türkmenistanyñ Demokratik Halk Hereketiniñ iñ gymmatly we gizlin dokumentleri bardy. Biz şol wagt Türkmenistanyñ özbaşdak İaragly güıçlerini döretmek teklibini çynlakaı öñe sürmek üçin dokument taıynlapdyk. Onuñ taslamasy-da meniñ öıümdedi. Türkmenistanyñ milli garaşsyzlygyny üpjün etmeli ıene-de ençeme dokumenleriñ nusgalary we taslamalary meniñ iş stolumdady. Bu dokumentleriñ islendigi diñe bir meniñ däl, eıse ”Agzybirlik” Demokratik Halk Hereketiniñ bütin ıolbaşçylygynyñ we aktivistleriniñ tussag edilmegi, belki-de jezalandyrylyp ıok edilmegi üçin añry ıany bilen ıeterlikdi.

Men öz öıüme ilkinjileriñ hatarynda gelinjekligini bilıärdim. Sebäbi ”Agzybirlikde” işiñ guralyşy, biziñ guramaçylyk taktikamyz bilen häkimiıetleriñ we gizlin gulluklaryñ tanyşdyklaryna men 1989 ıylyñ 8-nji sentıabrynda doly göz ıetiripdim. Şol gün meni gyssagly suratda ”Gupbaly jaıa”, ıagny Türkmenistan Kompartiıasynyñ Merkezi Komitetiniñ 1-nji sekretary Saparmyrat Ataıeviç Nyıazovyñ kabinetine çagyrdylar. Şonda men kabinet eıesi bilen dos-dogry 2,5 sagatlap başa-baş gürrüñ etdim. Bu gürrüñiñ soñy aç-açan çaknyşyk bilen gutardy. Bu duşuşyk hakda aıratyn ıazmakçy, häzirki aıtjak zadym, şonda meniñ: ”Siz nämüçin ”Agzybirligiñ” ähli işlerinde menden jogap soraıarsyñyz? Men onuñ ıolbaşçysy däl, hatda Pravleniıe (Dolandyryş) agzasy-da däl!” diıenimde, Sapamyrat Nyıazov bilen Valeriı Otçercov biri-biriniñ ıüzüne köpmanyly seredişdiler. Saparmyrat Nyıazovyñ jogaby nagt boldy: ”Sen ”Agzybirligiñ” ideology. ”Agzybirligiñ” dokumentleriniñ, çagyryşlarynyñ köpüsi türkmen dilinde-de, rus dilinde-de hut seniñ maşynkañdan çykıar! Umuman, sen şu bulaşyklygyñ başyny başlanlañ biri: çaga ölümi diıdiñ, dil diıdiñ!”

Gupbaly jaıyñ eıesi bilen duşuşykdan bu epizody ıatlap, men 1991-iñ 19-njy avgustynda haıal etmän, kagyzly papkalary öñüme aldym. ”Agzybirligiñ” ıokary ıolbaşçylygynyñ we aktivistleriniñ garşysyna gös-göni aıyplama bolup hyzmat edip biljek dokumentleriñ hemmesini üışürip, bedrä saldym. Halky aıaga galmaga çagyrıan goşgularymyñ-da birki sanysyny bu kagyzlara goşdum… Soñam: ”Şulary ıok etmeli. Tamdyra salyp bolmazmyka?” diıip, sazanaklap duran gelnimden soradym. Gelnim eıwanyñ aınasyndan daşaryk esewan edip geldi-de: ”Goñşy gelinleñ biri çörek ıapjak bolup, tamdyra ot goıberip dur, ”zyñmaly kagyzlar” diısem, atma diıäıesi ıok-la, baryp göreıin…” diıdi. Men kagyzly bedräni onuñ eline berdim: ”Üstüni ıap. İöne ıanyp bolıança, tamdyryñ başyndan aırylmagyn!”

Gelnim gaıdyp gelensoñ, men özümiñ tussag edilmegime taıynlyk görüp ugradym. Gözlerini tegeleşip oturan çagalaryma, gelnime göwünlik berdim: ”Meni tussag ederler, basym äkitmäge gelseler gerek. İöne siz hiç zatdan gorkmañ. Näme sorasalar, jogabyñyz ”bilemok” bolsun! Bularyñ ıeñşi uzaga gitmez, sentıabra çenlidir… Güız studentler dolanyp gelen badyna Moskvada, beıleki uly şäherlerde, Pribaltikada demonstrasiıalar, gozgalañ başlar, göreş täzeden tutaşar. Şoña çenli saklanyp bilsek – bolany!”
Özüm bolsa ıañadandan daşary ıurt radiosyna gulagymy gerdim: Elcin niredekä? Ony tussag etdilermikä? Eger Elcin tutulmadyk bolsa, onda entek umyt bar!..”

Dowamy bar