BAŞA BARMADYK AVANTİURA

IKINJI BÖLÜM
 

1991 ıylyñ 19-njy avgustynda öılänler Boris Elciniñ GKÇP-niñ eline düşmänligi, tussag edilmänligi belli boldy. Bu örän gowy habardy. Soñra ynamy ödemedik, özüni goldanlary ökündiren hem bolsa Boris Elcin edil şol wagt SSSR-de tutaşan demokratik göreşiñ baıdagydy. Baıdak ıykylmasa, göreşiñ dowam edıänligi!

Eger Moskvada demokratik göreş ıeñilse, onda Türkmenistanda ”Agzybirlik" Demokratik Halk Hereketiniñ baştutanlarynyñ we aktivistleriniñ hemmesiniñ günübirin tussag ediljekligine hiç hili şübhe ıokdy. Sebäbi Türkmenistanyñ başynda ähli sovet respubliklarynyñ baştutanlarynyñ arasynda iñ reaksion adam otyrdy. TKP MK-nyñ ozalky 1-nji sekretary, ıurduñ soñraky prezidenti Saparmyrat Nyıazov söz we metbugat azatlygynyñ, adam hukuklarynyñ, erkin saılawlaryñ, demokratik özgerişleriñ ganym duşmanydy. Ol demokratik özgerişlerden öler ıaly gorkıardy, şol sebäpden islendik täzelige diş-dyrnak garşy çykıardy.

Hut Saparmyrat Nyıazovyñ şahsy günäsi bilen Türkmenistanda Üıtgedip gurmak syıasaty puja çykaryldy. Üıtgedip gurmak syıasatynyñ eçilen syıasy erkinlikleri bolan: aıanlygy, aç-açanlygy Türkmenistanyñ dikmesi türkmen halkyna asla rowa görmedi. Ol Türkmenistanda söz we metbugat azatlygy, köçe ıörişleriniñ erkinligi, erkin saılawlar, adam hukuklary ugrunda göreşıän ”Agzybirligi” we onuñ baştutanlaryny ıok etmek üçin diñe amatly pursata garaşıardy. Şeıle amatly pursat hem 1991 ıylyñ 19-njy avgustynda gelip ıetdi…

Döwlet agdarylyşygyny etmäge girişenleriñ baştutany, SSSR-iñ şol wagtky vice-prezidenti Gennadiı İanaıev 19-njy avgustda günortana ıakyn Aşgabada jañ edip, S.Nyıazovdan onuñ GKÇP-ni goldaıanlygyny ıa-da goldamaıanlygyny soraıar. S.Nyıazov bada-bat goldaıan diıip jogap berıär. G.İanaıev oña Moskva gelip, bu işe gös-göni gatnaşmagy teklip edıär. S.Nyıazovi muña hiç hili garşylygynyñ ıoklugyny aıdyp, barmagy söz berıär.

Şondan soñ S.Nyıazov özüniñ islendik pursatda Moskva uçup bilmegi üçin Aşgabat aeroportynda uçar taıynladyp goıdurıar. Aıdyşlaryna görä, 19-njy avgustda Moskvada GKÇP-niñ beren metbugat konferensiıasyna Türkmenistanyñ prezidenti hem gatnaşmaly eken, S.Nyıazov üçin ol ıerde hatda oturgyç hem taıynlanypdyr. Ol oturgyç V.Starodubcev bilen A.Tizıakovyñ arasynda bolmaly eken. Emma hilegär S.Nyıazov beıleki respubliklar bilen telefon aragatnaşygynyñ kesilmänliginden peıdalanyp, Moskva ugramazdan öñ Özbegistanyñ prezidenti Yslam Karimova jañ edıär, onuñ gidıänligini-gitmeıänligini soraıar. Has mekir Y.Karimov Boris Elcin tutulmasa, wakalaryñ nähili gutarjagy näbelli, kimiñ ıeñjegini bilmän, Moskva uçup bilmejegini ıañzydıar, ol S.Nyıazova-da şony maslahat berıär. Netijede S.Nyıazov ıagdaı çylşyrymly, respublikany taşlap gitmek gorkuly diıen bahana bilen, Moskva barmakdan saklanıar we merkezde kimiñ ıeñjegine garaşyp başlaıar…

Emma 1991 ıylyñ 19-njy avgustynda Aşgabat aeroportynda respublikanyñ dikmesiniñ islendik pursatda Moskva uçmagy üçin uzynly gün uçar taıyn durıar. Onuñ goragyny üpjün etmeli janpena topar tä giç agşama çenli doly ekipirovkada demigişip ıola düşmäge taıyn bolup oturıar.

Türkmenistanyñ baştutanynyñ GKÇP-ä doly boıun egenligini tassyklaıan faktlar näçe diıseñ bar. Olaryñ köpçülige bellisi – Türkmenistanyñ gazetlerinde, radioda we televideniıede GKÇP-niñ ähli kararlarynyñ hökmany ıerine ıetirilmeli permanlar hökmünde rus we türkmen dillerinde yzygiderli halka ıetirilenligi! GKÇP-niñ kararlary we permanlary Türkmenistanyñ gazetlerinde hatda GKÇP-e doly ıeñlensoñ, 22-nji avgustda-da çap edildi! Bu bolsa Türkmenistanyñ baştutanynyñ, syıasy şowakörlügini, şahsy gorkaklygyny görkezıän masgaraçylykly faktlardy. Bu faktlary nädip taryhyñ gatyndan öçürjek?

Şol wagt biziñ elimize düşen anyk maglumatlara görä, Türkmenistanda tussag edilmeli adamlaryñ sanawy düzülipdir. Ol sanawda jemi 67 adamynyñ adynyñ bolanlygy, ”Agzybirligiñ” ıolbaşçylarynyñ we aktivistleriniñ atlarynyñ ol gizlin dokumentde ilki tutulanlygy belli.

Şol wagt eııäm özbaşdak (milli döwlet garaşsyzlygy bilen bulaşdyrmaly däl!) diılip yglan edilen Türkmenistanyñ prezidenti respublikanyñ Prokuraturasyna, Içeri işler ministrligine, respublikanyñ Döwlet Howpsuzlyk Komitetine GKÇP-niñ ähli buıruklaryny gyşarnyksyz berjaı etmek barada görkezme berıär. Bu edaralarda gije-gündüzlik nobatçylyk girizilıär.

S.Nyıazov GKÇP-ä ıaranmak üçin 1991-iñ 20-nji avgsutynda Aşgabadyñ bazarlaryna aılanyp, ähli kooperativ dükanlary we lareklary hut özi ıapyşdyryp çykdy. Antikooperativ syıasat GKÇP-niñ talaplaryna gabat gelıärdi. Bu çäre şonuñ üçin geçirilipdi.

Türkmenistanyñ ıokary ıolbaşçylygynyñ GKÇP-ni doly goldaıanlygynyñ ıene bir subutnamasyny men öz gözlerim bilen gördüm. 19-njy avgustda giç öılänler biz ”Agzybirligiñ” başlygy Nurberdi Nurmämmet bilen gürleşdik. Aılawly sözlerde edilen kelte maslahatdan soñ, ertesi irden, ıagny 20-nji avgustda merkezi telegrafa bardym. Ol ıerden Moskva, Russiıanyñ parlamentine, gös-göni Elciniñ adyna telegramma iberjek boldum. Telegrammanyñ teksti gysgadan ıönekeıdi: ”Türkmenistanyñ ”Agzybirlik” Demokratik Halk Hereketi GKÇP-ni ıazgarıar we RSFSR-iñ ıolbaşçylygynyñ antikonstitusion güıçlere garşy kanuny göreşini doly goldaıar. İaşasyn demokratiıa we progress!”

Telegrammany telegrafist gyza uzatdym. Emma 24-27 ıaşlaryndaky birneme dolmuşrak, saryıagyz owadan telegrafist gyz çym gyzyl bolup, telegrammany yzyna gaıtardy: ”İok, men muny kabul edip biljek däl”. Men ”nämüçin kabul edip biljek däl?” diıip, sebäbini soradym. Telegrafist gyz has-da gyzardy, onuñ öz edıän işinden utanıanlygy görnüp durdy. Ol pyşyrdap diıen ıaly gürledi: ”İokardan gadagan etdiler, ibermek bolanok…” ”Onda iñ bolmanda, hasaba alyñ-da, öz arhiviñizde saklañ”. diıip, men ondan haıyş etdim. ”İok, asla kabul etmek bolanok”. Paltam daşa degip, yzyma dolandym...

Avgust döwlet agdarylyşygy döwründe özbaşdak respublika bolan Türkmenistanyñ prezidentiniñ barlygy-ıoklugy bildirmedi. Respublikanyñ dikmesi ol günler ähli güıç ulanyjy ministrlikleriñ baştutanlaryny, respublikanyñ serhet goşunlarynyñ serkerdesini Gupbaly jaıa çagyryp, dürli bahanalar bilen olary öz ıanynda saklamaga çalyşdy. Bu-da onuñ diñe öz janyny goramak üçin tapan hilesidi. Howsalaly günlerde S.Nyıazov prezident hökmünde halka ıüzlenip, öz syıasy pozisiıasyny aıan etmedi. Türkmenistan şonda üç gije-gündizläp baştutansyz galdy diıseñ-de, öte geçdigiñ bolmaz. GKÇP-e ıeñlenden iki-üç hepde soñ jemgyıetçilik bilen bolan duşuşykda ”Siz nämüçin şonda üç günläp dymdyñyz? GKÇP-e babatynda öz resmi pozisiıañyzy halka aıan etmediñiz?” diılen soraga S.Nyıazov: ”Bu barada Gazagystanyñ prezidenti Nursoltan Nazarbaıev çykyş etdi. Gaıtalap durmak nämä gerek!” diıip, haıran galaımaly samsyk jogap berdi. Diımek, S.Nyıazovyñ sözlerinden ugur alsañ, onda Türkmenistanyñ, üstüne milli howp abansa, türkmen halky, ıurduñ ıaragly güıçleri Gazagystanyñ prezidentiniñ näme diıjegine, belki-de onuñ berjek buıruklaryna garaşmaly bolup çykıar-da! Eıse ıurduñ prezidentiniñ bu masgaraçylykly jogabyny taryhyñ gatlaryndan nädip öçürjek?

Dowamy bar