TÜRKMENLER NÄDIP ÖZ GARAŞSYZLYGYNY İITIRDILER?

 

Türkmenler kolonial gulçulyga nädip we nämüçin düşdüler? Eısem bu gutulgysyzlykmydy?

X1X asyryñ ahyryna deñiç eııäm goñşy halklaryñ hemmesi yzagalak feodal häsıetli bolsa-da, merkezleşdirilen döwlet gurluşynda ıaşap ıördüler. Türkmenleriñ bolsa, entegem merkezleşdirilen bir bütewi döwleti ıokdy. Her taıpanyñ öz hany bardy, her taıpa aıratyn bir kiçijik döwletdi. Emma bu tire-taıpa erkinçiligi türkmenlere gitdigiçe gymmat düşıärdi. Çünki aıry ıaşap, bir taıpa bolup, töwerekden günde-günaşa dökülip duran güıçli duşmanlaryñ garşysyna durmak kyndy. Taıpa han-begleriniñ özara umumy dil tapyp bilmezligi, syıasy garaıyşlarynyñ çäkliligi, ıurtda we onuñ daşynda emele gelen taryhy, syıasy ıagdaıa töwerekleıin göz ıetirip bilmezlikleri halkyñ başyndan agyr synag bolup inıärdi, tozgunçylyk gün-günden güıçlenıärdi. Türkmenler işe ukypsyz, körzehin ıa-da ıaltaçylyk sebäpli däl-de, eısem bütewi döwleti bolmanlygy zerarly jemgyıetçilik ösüşinde goñşy halklardan göz-görtele yza galyp, patriarhal durmuşda ıaşamaklaryny dowam edıärdiler. Türkmen topragy bölek-bölekdi: onuñ bir bölegi Buhara emirliginiñ, beılekisi Hywa hanynyñ golastynda bolsa, ıene bir bölegi Eıran patyşasyna garaşlydy. Diñe merkezi Türkmenistan şol döwre çenli öz garaşsyzlygyny saklapdy, ıöne bu-da gitdigiçe kyn düşıärdi we gitdigiçe has uly adam we material pidalaryny talap edıärdi.

 

Türkmen han-begleriniñ arasyndan has öñdengörüjileri bu dörän ıagdaıdan mundan bu ıana uzaklaşdyrman baş alyp çykmagyñ gerekdigine düşünıärdiler. Bileleşip ıaşamagyñ, dürli meselelri çözmegiñ, ıurdy goramagyñ, ıagy gaıtarmagyñ xas añsat boljakdygy köre hasady. Bütewi döwletiñ bolmasa mal-mülküñ mydama gorky astyndadygy, arkaıyn ıaşaıyşyñ ıoklugy akyly bolana düşnüklidi. Hut şonuñ üçinem baryp-ha Magtymgulynyñ döwründen bäri türkmen tire-taıpalarynyñ syıasy birleşigini gazanmak, merkezleşdirilen döwleti döretmek, bir döwlete gulluk etmek ugrunda göreş gidıärdi. Birleşmek ideıasy ähli türkmen tire-taıpalarynyñ arasynda deñ derejede ıörgünlidi, bu ugurda ep-esli işler-de edilip ıördi. Ruslar gelmeziniñ öñüsyrasynda Ahaldyr Mary ilaty eııäm bir hana boıun egıärdiler, olary Nurberdi han dolandyrıardy. Kesarkajyñ kiçi tire-taıpalarynyñ hemmesi, şeıle-de gökleñ, gerkez taıpalary tekeler bilen konglomerat, ıagny erkin bileleşik derejesindäki gatnaşykdadylar. Bu bolsa, elbetde, äııäm döräp barıan merkezleşdirilen döwletiñ ilkinji alamatlarydy.

 

XIX asyryñ ortalarynda, has takygy 1858-nji ıylda bolup geçen meşhur Garrygala urşunda Eıran basybalyjylarynyñ garşysyna teke, ıomut, gökleñ, gerkez taıpalarynyñ  birleşen goşunlaryna Nurberdi hanyñ serkerde saılanmagy-da, agzalan prosesiñ barha tizleşıändiginden we çuñlaşıandygyndan habar berıärdi. Umuman, şol döwre çenli türkmen tire-taıpalarynyñ erkin birleşigi, käbir reaksion han-begleriñ garşylygyna garamazdan, bütin türkmen topragynda rowaçlanyp başlapdy diıse bolar. Bu aıratynam daşky duşmanlara gaıtawul bermeli bolanda aıdyñ ıüze çykıardy. Taryhyñ görkezişi ıaly tire-taıpa konglomeratynyñ emele gelmegi merkezleşdirilen döwletiñ döremeginiñ birinji basgançagydyr. Diımek, X1X asyryñ ikinji ıarymynda agzalan proses biziñ topragymyzda gitdigiçe güıçlenıärdi we ıakyn taryhy döwürde düıbi tutuljak merkezleşen döwletiñ alamatlary barha äşgär görünıärdi. Daşarky duşmanlaryñ zor salmagy-da bu prosesi tizleşdirıärdi. Emma bu zerur syıasy prosesiñ gutarnykly ıeñmegi we dagynyk türkmen taıpalarynyñ bir döwlete birikmegi üçin türkmenlere, gynansak-da, taryhy wagt ıetmezçilik edıär. Basybalyjy rus patyşasynyñ gowy ıaraglanan, san taıdan agdyk, döwrebap harby tälim berlen goşunlary Türkmenistana çozup girıärler we orta asyr ukusyndan ıañy oıanan, ıöne entek örboıuna dikelip ıetişmedik halky özlerine bakna edıärler.

Türkmenler kolonial gulçulyga nädip we nämüçin düşdüler? Eısem bu gutulgysyzlykmydy?

X1X asyryñ ahyryna deñiç eııäm goñşy halklaryñ hemmesi yzagalak feodal häsiıetli bolsa-da, merkezleşdirilen döwlet gurluşynda ıaşap ıördiler. Türkmenleriñ bolsa, entegem merkezleşdirilen bir bütewi döwleti ıokdy. Her taıpanyñ öz hany bardy, her taıpa aıratyn bir kiçijik döwletdi. Emma bu tire-taıpa erkinçiligi türkmenlere gitdigiçe gymmat düşıärdi. Çünki aıry ıaşap, bir taıpa bolup, töwerekden günde-günaşa dökülip duran güıçli duşmanlaryñ garşysyna durmak agyrdy. Taıpa han-begleriniñ umumy dil tapyp bilmezligi, syıasy garaıyşynyñ dünıäde şol wagta çenli eııäm emele gelen taryhy we syıasy ıagdaıa töwerekleıin göz ıetirip bilmezlikleri halkyñ başyndan agyr synag bolup inıärdi, tozgunçylyk güıçlenıärdi. Türkmenler işe ukypsyz, körzehin ıa-da ıaltaçylyk sebäpli däl-de, eısem bütewi döwleti bolmanlygy zerarly jemgyıetçilik ösüşinde goñşy halklardan göz-görtele yza galıardylar. Biziñ topragymyzda yzagalak patriarhal durmuş dowam edıärdi. Türkmen topragy bölek-bölekdi: onuñ bir bölegi Buhara emirliginiñ, beılekisi Hywa hanynyñ golastynda bolsa, ıene bir bölegi Eıran patyşasyna garaşlydy. Diñe merkezi Türkmenistan şol döwre çenli öz garaşsyzlygyny saklapdy, ıöne bu-da gitdigiçe kyn düşıärdi.

 

Türkmen han-begleriniñ arasyndan has öñdengörüjileri bu dörän ıagdaıdan mundan bu ıana uzaklaşdyrman baş alyp çykmagyñ gerekdigine düşünıärdiler. Bileleşip ıaşamagyñ, dürli meselelri çözmegiñ, ıurdy goramagyñ, ıagy gaıtarmagyñ xas añsat boljakdygy köre hasady. Bütewi döwletiñ bolmasa mal-mülküñ mydama gorky astyndadygy, arkaıyn ıaşaıyşyñ ıoklugy akyly bolana düşnüklidi. Hut şonuñ üçinem baryp-ha Magtymgulynyñ döwründen bäri türkmen tire-taıpalarynyñ syıasy birleşigini gazanmak, merkezleşdirilen döwleti döretmek, bir döwlete gulluk etmek ugrunda göreş gidıärdi. Birleşmek ideıasy ähli türkmen tire-taıpalarynyñ arasynda deñ derejede ıörgünlidi, bu ugurda ep-esli işler-de edilip ıördi. Ruslar gelmeziniñ öñüsyrasynda Ahaldyr Mary ilaty eııäm bir hana boıun egıärdiler, olary Nurberdi han dolandyrıardy. Kesarkajyñ kiçi tire-taıpalarynyñ hemmesi, şeıle-de gökleñ, gerkez taıpalary tekeler bilen konglomerat, ıagny erkin bileleşik derejesindäki gatnaşykdadylar. Bu bolsa, elbetde, äııäm döräp barıan merkezleşdirilen döwletiñ ilkinji alamatlarydy.

 

XIX asyryñ ortalarynda, has takygy 1858-nji ıylda bolup geçen meşhur Garrygala urşunda Eıran basybalyjylarynyñ garşysyna türkmenleriñ iri taıpalarynyñ birleşip söweşmekleri we teke, ıomut, gökleñ, gerkez taıpalarynyñ birleşen güıçlerine Nurberdi hanyñ serkerde saılanmagy-da, agzalan prosesiñ barha tizleşıändiginden we çuñlaşıandygyndan habar berıärdi. Umuman, şol döwre çenli türkmen tire-taıpalarynyñ erkin birleşigi, käbir reaksion han-begleriñ garşylygyna garamazdan, bütin türkmen topragynda rowaçlanyp başlapdy diıse bolar. Bu aıratynam daşky duşmanlara gaıtawul bermeli bolanda aıdyñ ıüze çykıardy. Taryhyñ görkezişi ıaly tire-taıpa konglomeratynyñ emele gelmegi merkezleşdirilen döwletiñ döremeginiñ birinji basgançagydyr. Diımek, X1X asyryñ ikinji ıarymynda agzalan proses biziñ topragymyzda gitdigiçe güıçlenıärdi we ıakyn taryhy döwürde düıbi tutuljak merkezleşen döwletiñ alamatlary barha äşgär görünıärdi. Daşarky duşmanlaryñ zor salmagy-da bu prosesi tizleşdirıärdi. Emma bu zerur syıasy prosesiñ gutarnykly ıeñmegi we dagynyk türkmen taıpalarynyñ bir döwlete birikmegi üçin türkmenlere, gynansak-da, taryhy wagt ıetmezçilik edıär. Basybalyjy rus patyşasynyñ gowy ıaraglanan, san taıdan agdyk, döwrebap harby tälim berlen goşunlary Türkmenistana çozup girıärler we orta asyr ukusyndan ıañy oıanan, ıöne entek örboıuna dikelip ıetişmedik halky özlerine bakna edıärler.