GÖKDEPE GALASYNYÑ SYNMAGYNYÑ WE TÜRKMENISTANYÑ KOLONIAL GARAŞLYLYGA DÜŞMEGINIÑ İAS GÜNI

 

Bu sene indi türkmen topragy ugrundaky söweşlerde baş goıan gahrymanlary hemmesiniñ bilelikdäki hatyra gününe öwrüldi. Biz milli Hatyra güni mynasybetli ıagşy dilegler edıäris: sadakalaryñyz kabul bolsun! Öten gahrymanlaryñ ruhlary şat bolsun! Goı, olar öz nesillerinden razy bolsunlar!

 

Döwürdeşleriniñ şaıatlyk etmeklerine görä, general Skobelev Gökdepe galasyny gana gark etmegi we şeıdibem ruslaryñ milli gahrymanyna öwrülmegi arzuw edipdir.

 

Gökdepe galasy 1881 ıylyñ 12-nji ıanwarynda weıran edilıär. General Lomakiniñ baştutanlygyndaky birinji çozuşlary şowsuz gutaran rus basybalyjylary bu masgaraçylykdan çykmak üçin 1880 ıylda ikinji gezek Türkmen topragyna çozup girıärler. Bu gezek rus goşunlaryna rus-türk urşunda agressivlikde we rehimsizlikde ıakasyny tanadan, şöhratparaz we gedem general Skobelev baştutan bellenilıär. Ol öz basybalyjy, ganhor patyşasynyñ  ynamyny ödemek üçin hiç zatdan gaıtmajakdygyny entek Peterburgdaka belli edipdir. Döwürdeşleriniñ bellemegine görä, general Skobelev türkmenleriñ hemmesiniñ Gökdepe galasyna ıygnanyp, goranyş urşuny alyp barmaklaryny Hudaıdan diläpdir. Sebäbi ol ors goşunlarynyñ türkmenleriñkiden has gowy ıaraglananlygyny oñat bilipdir we uzaga atıan agyr toplaryny ulanmaga mümkinçilik alsalar, onda hökman ıeñjekdiklerine ikirjiñlenmändir.

Döwürdeşleriniñ şaıatlyk etmeklerine görä, general Skobelev Gökdepe galasyny gana gark etmegi we şeıdibem ruslaryñ milli gahrymanyna öwrülmegi arzuw edipdir. Şonuñ üçinem ol türkmenleriñ gaça uruş, ıagny partizançylyk taktikasyny däl-de, gala gaplanyp, goranyş usulyny saılap almaklaryny isläpdir. Çünki rus goşunlary özleriniñ ıarag taıdan artykmaçlyklaryny diñe galanyñ garşysyna ulanyp biljekdiler. Eger-de türkmenler gaça uruş taktikasyny saılap alsalar, onda süıräp gelen köpsanly agyr toplarynyñ ruslara peıdasy degjek däldi. Üstesine-de türkmenler öz ıurtlaryna belet, gaça urşa-da ökdediler.

Gökdepe galasynda geçirilen Uly Halk maslahatynda parasatly Hanmämmet atalyk bilen Orazmämmet serdaryñ öwüt-ündewleri geçmän, rus goşunlary bilen uruşmaly diılen karara gelnensoñ, galany goramagyñ baştutanlygy dört sany serdara ynanylıar. Emma uruş başlanyp, gündelik durmuş harby ıagdaıa tabyn edilensoñ, Gökdepe galasynyñ goragynyñ serkerdeligi iş ıüzünde diñe bir adamynyñ – alamançy Dykma serdaryñ elinde jemlenıär.

Harby sungatyñ nukdaı nazaryndan garanyñda, bu şowsuzlykdy, alaman serdaryna galanyñ goragyny ynanmak – betbagtlyga el bulamakdy. Sebäbi Dykma serdaryñ uruş we serdarlyk tejribesi diñe duıdansyz çozuşlardan hem yzyndan gelıän kowgulardan gaçyp gutulmakdan ybaratdy. Ol şondan öñ hiç haçan gala gorap gören adam däldi.

Netijede Dykma serdar Gökdepe galasynda ilkibaşdan işanlaryñ täsiri astynda kabul edilen ıalñyş uruş taktikasyny iñ soñuna çenli üıtgewsiz dowam etdirıär. Ol taktika – galada jemlenip, goranmakdan hem galany gabap ıatan duşmanyñ üstüne duıdansyz we yzygiderli çozuşlary geçirmekden ybarat bolupdyr. Galada uzaga atıan güıçli toplar bolmansoñ, bu meselede goraıjylar basybalyjylar bilen bäsleşip bilmändirler. Galany goraıjylryñ elinde diñe ıekeje top, ıagny Marydan gelen kömekçi goşunyñ getiren saryja topy bar eken. Ol 1860-njy ıylda Marynyñ üstüne çozup gelen Eıran goşunlaryndan üstün çykylanda, "Gajar urşunda" Gowşut hanyñ Hemze Mürzeden olja alan toplarynyñ biri eken. Gökdepe galasynda şol saryja top ulanylypdyr, ıöne kiçeñräk bolany üçin ondan atylan oklar hiç haçan duşmanyñ üstüne ıetmändir, has bärde ıere gaçypdyr. Şonda-da galany goraıjylar onuñ barlygyndan ruhlanypdyrlar. Gökdepe urşuna gatnaşanlaryñ galdyran ıatlamasyna görä, her gezek saryja top atylanda türkmenler ”jana-a-a-a!” diışip gygyrıan ekenler.

Öz üstlerine gije-gündiz ok ıagdyrıan döwrebap duşman artilleriıasynyñ garşysyna goımaga galany goraıjylarda başga serişde bolmandyr. Türkmenleriñ gündizki çozuşlary-da basybalyjylar üçin ullakan bir howp döretmändir. Sebäbi ruslaryñ elindäki ıaraglar türkmen esgerleriniñkiden onlarça esse kämil eken.

Gökdepe urşunda ruslar üçin iñ gorkulysy – türkmenleriñ gijeki duıdansyz çozuslary bolupdyr. Duıdansyz çozuşlara kim ökde? Elbetde, alaman serdary Öwezmämmet Dykma. Çünki alamançylyk büs-bütin duıdansyzlyga esaslanıan söweş taktikasy. Hut şol sebäpdenem uruş hereketleri güıjäp ugransoñ, Gökdepe galasyny goramagyñ Baş serkerdeliginiñ öz-özünden Dykma serdaryñ elinde jemlenmegi geñ däldir. Bu kimiñdir biriniñ islegine görä bolup geçen zat däl-de, eıse tebigy zerurlygyñ getiren şowsuz netijesidir.

Baş serkerdelik ikinji Gökdepe urşunyñ öñ ıanynda örän gümürtik ıagdaıda wepat bolan parasatly Nurberdi han, galyberse-de, Orazmämmet serdar, Hanmämmet atalyk ıaly has öñdengörüji kişiniñ elinde bolup, Dykma serdar hem duşmanyñ üstüne diñe duıdansyz çozuşlary gurnamak bilen meşgullanan bolsa, onda Gökdepe galasynyñ gahrymançylykly goralyşynyñ soñy agyr ganly tragediıa öwrülmese-de öwrülmezdi.

Geljekde şeıle ganly tragediıalaryñ türkmen topragynda gaıtalanmazlygy üçin biziñ Gökdepe galasynyñ gahrymançylykly goralyşynyñ we tragiki ıeñlişiniñ taryhyny jikme-jik öwrenmegimiz, bu taryhy türkmenleriñ ıaş nesillerine dogruçyl öwretmegimiz gerek.

Ahal topragynda, Gökdepe galasynyñ eteginde we basybalyjylar tarapyndan gana gark edilen galanyñ içinde XIX asyryñ soñunda bolup geçen söweşlerde türkmenler halk hökmünde köpçülikleıin gahrymançylyk görkezipdirler. Bu uruşda türkmenler özleriniñ gaıduwsyz hem edenli, başarjañ hem örän batyr halkdygyny subut edipdirler. Türkmenleriñ haıran galaımaly söweşjeñlik we beıik ahlak sypatlary hakda birinji Gökdepe urşunda rus goşunlaryna serkerdelik eden general Lomakin 1879 ıylyñ 15-nji sentıabrynda şeıle ıazıar: ”Bir zady hökman bellemeli, tekeleriñ ajaıyp gylygy bar – näçe pul berseñ-de, olaryñ arasyndan hakynatutma dönük tapjak gümanyñ ıok. Olarda öz halkyna wepalylyk şeıle bir güıçli welin, hiç hili sowgat, hiç hili haıbat bilen olary syrlaryny açmaga mejbur edip bolanok, şonuñ üçinem bar bilıänimiz diñe öz goşunlarymyzyñ bilip bilen zatlary. Tekeleriñ güıjüne we ıeñilmezekligine berk ynanıandyklary üçin goñşy ıomut-gökleñlerden hem içaly tutup, tekeleriñ arasyna ibermäge içaly tapyp bolanok.”

Şol hatynda general Lomakin ıene-de şeıle ıazıar: ”Bu gün tekeler bize görülmedik, iñ gowy Europa goşunlaryna laıyk garşylyk görkezdiler.” Öz hatynda Lomakin türkmen esgerleriniñ mergenligini-de boıun alıar: ”Tekeleriñ mergenligini gözden salmak mümkin däl – olaryñ atan oky boş geçenok, bizden ölenleriñ köpüsiniñ döşünden ok degendigi we ıaralylarymyzyñ hem köpüsiniñ döşünden ıa-da garnyndan ok degendigi – munuñ subutnamasydyr; olaryñ sowukganlylyk bilen gowy çenäp atıandyklary görnüp dur.”

Şol gün Diñli depäñ töwereginde we onuñ alkymyndaky harazda bolup geçen aldym-berdimli söweşi ıatlap, rus generaly ıene şeıle ıazıar: ”Galadan hem onuñ golaıyndaky harazdan tekeleri naızalaryñ güıji bilen kowup çykarmaly boldy. Harazyñ goragçylaryndan çen tutup, türkmenleriñ nähili berk durmagy ıüreklerine düwendiklerini añsa bolıardy, diñe ölüm olary atyşmagyny bes etdirip bilıärdi.”

Gökdepe urşunda türkmenler gürrüñsiz ahlak ıeñşini gazanıarlar, olar öz ıurtlaryny gorap janlaryndan geçmäge taııardyklaryny subut edıärler. Basybalyjylaryñ üstünligini üpjün eden faktorlar: olaryñ öñdebaryjy ıaraglary we döwrebap harby tälim alan nyzamly goşunlary hem harby sungatdan gowy baş çykaran serkerdeleriniñ bolanlygy.

Bu meselede Gökdepe galasyny goraıjylaryñ üpjünçiliginiñ basybalyjylaryñkydan has pesde bolmagynda ıönekeı halkyñ, türkmen esgerleriniñ günäsi ıok. Olar galanyñ etegindäki çaknyşyklarda we gala ıykylan güni onuñ içinde öz topragy, maşgalasy, bala-çagasy, öı-öwzary, mal-mülki üçin mertlerçe durup, soñky demlerine çenli söweşipdirler.

Gökdepe urşunda türkmenleriñ ors basybalyjylaryndan ıeñilmeginiñ sebäbini türkmen jemgyıetiniñ ösüşde ors jemgyıetinden has yza galanlygyndan gözlemeli. Orsıet öz wagtynda Europanyñ iñ ösen ıurtlaryndan ylym-bilim öwrenipdir, dürli ugurlar boıunça, şol sanda harby ugurdan-da, europaly hünärmenleri çagyryp, Europa derejesindäki öñdebaryjy armiıany döredipdir, ony döwrebap ıaraglandyrypdyr. Türkmenler bolsa bu kuwwatly harby maşynyñ garşysyna diñe öz şahsy gahrymançylygyny hem gaıduwsyzlyklaryny, fiziki tälimlerini goıup bilipdirler. Netijede galany goraıjylaryñ köpçülikleıin gahrymançylygyna garamazdan, ahyr netijede uruş harby üpjünçilik taıdan uly artykmaçlygy bolan basybalyjylaryñ peıdasyna gutarypdyr.

Emma bu ıeñliş türkmenleriñ Gökdepe urşunda görkezen deñi-taıy bolmadyk köpçülikleıin gahrymançylygynyñ ähmiıetini birjik-de peseltmeıär. Tersine, harby üpjünçilik taıdan has rüstem, dişine çenli ıaraglanan duşman bilen bolan söweşlerde görkezileni üçin bu gahrymançylygyñ taryhy ähmiıeti has-da artykdyr.

Bur uruşdaky gyrgynçylygyñ jogapkärçiligi basybalyjy rus patyşasynyñ hem onuñ Skobelev tetelli ganhor generallarynyñ, şeıle-de galanyñ goragyna deñli-derejeli baştutanlyk edip bilmedik türkmen serdarlarynyñ, galyberse-de, harby işlerden, şol döwürdäki degişli syıasy ıagdaıdan asla baş çykarmaıan hallaryna urşuñ harby taktikasyna we syıasata gödeklik bilen gatyşan işanlaryñ üstüne düşıär. 

Hut şol dar düşünjeli işanlaryñ güıçli täsiri astynda serkerdeler bu uruşda ilkibaşdan ruslaryñ üstün geljek taktikasyny saılap alıarlar, Dykma serdar bolsa ony iñ soñky logiki nokadyna ıetirıär. Dykma serdar işanlaryñ maslahatyna uıup, galadan çykmaly däl, soñky damja ganymyza çenli galany goramaly diıip buıruk berıär. General Skobeleve-de, başda belleışimiz ıaly, geregi-de şol eken. Ol uzaga atıan agyr toplaryny edil galanyñ alkymynda gurup, galany yzygiderli top okuna tutıar. Netijede galadaky urşujylardan we parahat ilatdan birnäçe müñüsi irginsiz ıagdyrylıan top oklarynyñ astynda gurbany bolıarlar. Gyssagara-da gazylan tümler (ıer döleler) parahat ilaty top okundan asla gorap bilmändir.

Agyr ıitgilere garamazdan, türkmenler galany goramagy dowam etdiripdirler. Olaryñ gijeki duıdansyz hüjümleri bolsa, basybalyjylaryñ hatarlarynda dowul döredipdir. Şol hüjümlere erkekler bilen bir hatarda türkmen aıal-gyzlary-da gatnaşypdyrlar. Olaryñ käbiri bu söweşlerde gahrymanlarça wepat bolupdyr.

Gündizki aıgytly hüjümde türkmenler bir gezek duşmany agyr aljyraññylyga salıarlar. Şonda olar ruslaryñ garymda ıatan birinji hataryny çym-pytrak edip, gaçmaga mejbur edıärler. Bu söweşde türkmenler köp sanly ıarag olja alyp, üstesine-de Apşeron polkunyñ söweş baıdagyny-da ele salıarlar. Söweş baıdagyñy aldyrmak uruşda ıeñilmek bilen barabar görülıän masgaraçylyk hasap edilıär.

Onsoñ ıüzbe-ıüz uruşda türkmenlerden asgyn gelen rus goşunalry galany almak üçin harby  hilegärlige ıüz urıarlar. Olar assyrynlyk bilen garym gazyp, galanyñ diwarynyñ düıbünde ummasyz köp mukdarda däri goııarlar. Galanyñ goragyna serkerdelik eden Dykma serdar duşmanyñ bu harby mekirligine düşünmändir, bu hilegärligiñ üstüni açyp, wagtynda onuñ öñüni alyp bilmändir. Netijede 1881 ıylyñ 12-nji ıanwarynda basybalyjylar galanyñ diwaryny partladyp, onuñ içine çozup giripdirler.

Söweş aıylganç hem örän gandöküşikli bolupdyr. Basybalyjylar ululara-da, çagalara-da, aıal-gyzlara-da, garry-gurtulara-da rehim etmändirler. Galany goraıjylar her bir öı ugrunda söweşip, baş goıupdyrlar. Türkmen ıigitleri edil aç arslan ıaly söweşipdirler. Olaryñ gahrymançylygyna, gaıduwsyzlygyna duşmanlaryñ özleri-de haıran galypdyrlar.

Gala ıarylansoñ, onuñ içindäki ilatyñ arasynda dowul döräpdir, halk galany taşlap, başly-barat guma gaçypdyr. Duşmanlar çakyr aıazly gyş güni dowla düşüp, gaçyp barıan eli çagaly naçarlary, garry-gurtulary, ıetginjekleri yzlaryndan ıetip, gylyçdan, naızadan geçiripdirler. Hiç kese rehim edilmändir. Harby taıdan asla zerurlyk bolmasa-da, orslar guma gaçyp barıan eli ıaragsyz, garawsyz ilaty 10-15 kilometr yzarlap, gyryp gidipdirler. Bu wagşy kowga general Skobeleviñ hut özi ıolbaşçylyk edipdir. Onuñ gözi gandan doımandyr. Gala ıykylan güni ol öz goşunlaryna ”ıesir almaly däl” diıip buıruk beripdir. Skobeleviñ bu wagşy buırugyna esaslanyp, ors goşunlary şol gün ıaraly esgerleri-de, ıeñijiler üçin asla howply bolmadyk eli ıaragly ıetginjekleri-de gyrypdyrlar. Şonuñ üçinem türkmenler Skobeleve ”gözi ganly general” diıip at goıupdyrlar.

Gökdepe galasy goralan we soñra onuñ ıykylan günleri aıylganç gyrgynçylygy öz gözleri bilen gören türkmenleriñ hem ynsaply rus ofiserleriniñ galdyran ıatlamalaryndan, şeıle-de Ahal topragynyñ ilatynyñ uruşdan öñki we soñky sanyndan çen tutsañ, Gökdepe urşunda 30 müñe golaı adamynyñ wepat bolanlygyny çak etse bolar.

Uly gyrgynçylyga garamazdan, türkmenleriñ Gökdepe galasyndaky görkezen gahrymançylygy taryhda ıitmejek yz galdyrıar. Gökdepe söweşi watana wepalylygyñ we gaıduwsyz batyrlygyñ simvolyna öwrülıär we Orta Azyıadan has uzaklara ıaıraıar. Türkmenleriñ rus goşunlaryna berk gaıtawul berendikleri hakyndaky habar hatda Europa çenli-de baryp ıetıär. Şonda alys Europanyñ paıtagtlarynda ilkinji gezek türkmenleriñ gaıduwsyzlygy we gahrymançylygy dogruda gürrüñ edilıär.

Gökdepe galasy synandan soñ Türkmen topragynyñ doly basylyp alynmagyna giñ ıol açylypdyr. Şondan üç ıyl geçensoñ, türkmenleriñ harby taıdan ikinji güıçli merkezi bolan Mary topragy-da basybalyjylara gutarnykly boıun egdirilipdir. Marynyñ rus patyşasyna uruşsyz boıun egmeginde Nurberdi hanyñ aıaly, Marynyñ hany Güljemal han we ogly Magtymguly han uly rol oınapdyrlar. Gökdepe galasy goralıarka iñlisleriñ ozalky wadalaryndan dänip, türkmenlere harby kömek bermezligi-de Marynyñ Russiıanyñ düzümine meıletin girmegine sebäp bolan syıasy ıagdaılaryñ biridir. Türkmen han-begleri iñlisleriñ boş wadalaryna ynanmaklaryny bes edipdirler.

Hywa we lebap türkmenleri ondan has ozal rus patyşasynyñ gulçulygyna düşüpdirler. Çünki olar Hywa hanlygynyñ we Buhar emirliginiñ düzüminde ruslara tabyn edilipdirler. Netije-de Gökdepe galasynyñ ıykylmagy Türkmen topragynyñ doly kolonial garaşlylyga düşmegine getiripdir. Bu elgaramalyk soñra 110 ıyllap dowam etdi. 1881 ıylyñ 12-nji ıanwary türkmenleriñ halk hökmünde erkinliginiñ syndyrylan günüdir.

Sovet döwründe Gökdepe galasynyñ ıykylmagynyñ ıasyny tutmak-da, galanyñ gahrymançylykly goralyşyny we onuñ tragediıasyny asla ıatlamak-da bolanokdy. Bu gadagandy. Diñe geçen asyryñ 80-nji ıyllarynyñ ortasynda SSSR-de Üıtgedip gurmak syıasaty başlanansoñ, bu barada dil ıarmak mümkin boldy. Ilkinji bolup bu meseläni Türkmenistanyñ ”Agzybirlik” Demokratik Halk Hereketi gozgady. Gökdepäniñ ıaşululary we ıerli ilat bilen ylalaşyp, ”Agzybirlik” 1990 ıylyñ 14-nji ıanwarynda ilkinji gezek Gökdepe galasynyñ synmagynyñ, türkmen topragynyñ rus patyşasy tarapyndan basylyp alynmagynyñ İas gününi belledi. Türkmenistanyñ dikmesi şonda bu çäräni geçirmegi gadagan etdi.

Emma Türkmenistanyñ kommunistik dikmeleriniñ ”Agzybirligiñ” bu döwletli başlangyjyna diş-dyrnak garşy çykandyklaryna garamazdan, külli türkmen bu başlangyjy goldady. ”Agzybirlik” Gökdepäni halky bilen geñeşip, İas gününi 1990 ıylyñ 14-nji ıanwarynda, ıagny dynç güni bellemeli diıip karar etdi. Bu örän dogry çözgütdi, hut şonuñ üçinem şol gün Gökdepe galasyna 10 müñden gowrak adam ıygnandy. Türkmenler şonda sovet häkimıeti ıyllary içinde ilkinji gezek öz gahryman ata-babalarynyñ we türkmeniñ milli erkiniñ syndyrylmagynyñ simvolyna öwrülen gahryman Gökdepe galasynyñ İas gününi bütin ıurt bolup bellediler. Türkmen halky dogduk topragy gorap wepat bolanlaryñ we nähak gyrgynçylyga uçradylanlaryñ ruhuna degsin etdi, olara hormat goıdy.

Soñkusy ıyl Türkmenistanyñ kommunistik häkimıetleri ”Agzybirligiñ” döwletli we batyrgaı başlangyjyna eıe çykyp, bu senäni resmi taıdan bellemegi girizdiler. Olary bu ädime iteren zat – aıaklarynyñ aşagyndan daıançlarynyñ gidip barmagy hem-de ”Agzybirligiñ” il içinde abraıynyñ göterilmegi boldy. Kommunistik häkimıetler bu meselede: ”Eger-de hereketiñ öñüni alyp bolmasa, oña ıolbaşçylyk et!” diıen hilegär syıasatdan ugur aldylar we bu senäni resmi taıdan bellemegi girizdiler.

Gökdepe galasynyñ synmagynyñ İas güni şondan soñ her ıylyñ 12-nji ıanwarynda bellenilıär. Bu sene indi türkmen topragy ugrundaky söweşlerde baş goıan gahrymanlary hemmesiniñ bilelikdäki hatyra gününe öwrüldi. Biz milli Hatyra güni mynasybetli ıagşy dilegler edıäris: sadakalaryñyz kabul bolsun! Öten gahrymanlaryñ ruhlary şat bolsun! Goı, olar öz nesillerinden razy bolsunlar!

Ak Welsapar, ıazyjy, Gökdepe galasynda 1990 ıylyñ 14-nji ıanwarynda geçirilen ilkinji İas gününi gurnaıjylaryñ biri, oña gatnaşyjy.