GÖKDEPE GALASY NÄMÜÇIN İEÑILDI?

 

Gökdepe galasynyñ synmagynyñ Türkmenistanyñ taryhynda añrybaş tragiki wakadygyny inkär etmeseñ, onuñ netijeleriniñ türkmen jemgyıetçiliginiñ añyna, düşünjesine edıän täsiriniñ uzak ıyllaryñ dowamynda gowşamandygyny, geljekde-de gowşamajakdygyny ıatdan çykarmasañ, onda bu tragediıa bilen baglanyşykly her bir faktyñ, halkyñ dürli gatlaklarynyñ arasynda ıaıran esasly we esassyz düşünjeleriñ, mifleriñ derñelmegi, olaryñ aıdyñlaşdyrylmagy diỳseñ zerurdyr. Bu derñew milli garaşsyzlyk ỳagdaỳynda bütewi döwlet gurluşymyz, özbaşdak döwletimiziñ geljegi, gülläp ösmegi üçin belli-külli zerurlyk bolup durıar.

 

GÖKDEPE GALASYNYÑ GORAGY KIMIÑ ELINDEDI?

 

Geçmişdäki dürli uruşlaryñ taryhyny öwrenseñ, bir hakykata göz ıetirse bolıar: hakynatutma goşun ya-da keseden kömege gelen esgerler hiç haçan tutuşlygyna urşuñ ykbalyny çözüp bilmeıärler. Olar, añry gitse, bir anyk söweşiñ ıa-da çaknyşygyñ ykbalyny çözüp bilıärler. Emma tutuşlygyna urşuñ ykbalyny diñe şol urşa gös-göni çekilen, oña başdan-aıak gatnaşıan esasy garşydaşlar çözıärler.

 

İöne sovet döwründe türkmen intelligensiıasynyñ belli bir gatlaklarynda aşaklykdan ıaıradylan gürrüñlere gulak gabartsañ, onda Gökdepe galasynyñ ykbaly galanyñ öz ilatynyñ, onuñ han-begleriniñ, serdarlarynyñ elinde däl-de, eısem Änewden, Gäwersden, Marydan, Pendiden, Garrygaladan, Gyzyl-Arvatdan gelen az sanly ıardamçy goşunlaryñ elinde ıaly bolup görünıär we onsoñ, isleseñ-islemeseñ-de bu etrabyñ öz ilaty Gökdepe galasynyñ goragynda ikinji derejeli rol oınana çalym edıär.

 

Emma bu ıagdaı taryhy hakykata düıbünden gabat gelmeıär we munuñ özi Gökdepe galasyny guran, şol döwürde galanyñ içinde we töwereginde ıaşan ıerli ilatyñ harby kuwwatyna, başarnygyna kembaha garamakdan başga hiç zat däldir. Çünki Gökdepe galasynyñ goragy başdan-aıak hut bu etrapda ıaşan ıerli ilatyñ üstüne düşüpdir. Merkezleşen döwletiñ bolmadyk ıagdaıynda eıse başga nähili bolsun? Dynçlykda, arkaıynçylykda gurulmadyk bütewi döwleti üstüñe güıji ökde duşman sürnüp gelen pursatynda gurup boljak gümany barmy nä? Hany oña wagt? Ine, hut şu sebäbe görä-de, añyrdan gelen dişine çenli ıaraglanan sany artyk, güıji ökde gazaply rus basybalyjy goşunlarynyñ öñünden türkmen tire-taıpalary bialaç ıagdaıda aıry-aırylykda çykmaly bolupdyrlar. Gökdepe urşunyñ öñüsyralaryndaky urslarda kese ıerli basybalyjylaryñ garşysyna köplenç birleşip bilenem bolsalar, dürli türkmen tire-taıpalary bu gezek özara düşünişibem, birleşibem ıetişmändirler.

 

Munuñ esasy sebäpleriniñ biri: bu gezekki gelen duşman öñkülerden has mekir, has güıçli we has taııarlykly bolup cykypdyr. Rus basybalyjy goşunlary döwrebap ıaraglanan we nyzamly söweş tälimini alan güıçlerdi. Onsoñam rus goşunlary türkmen topragyna gözi ıok ıaly çozup giräımändirler. Türkmenistana çozup girmezden has öñ rus hökümeti birnäçe onıyllyklaryñ dowamynda türkmen topragyndaky ıerli ıagdaıy, bu giñişligiñ geografiıasyny, etnografiıasyny, türkmenleriñ ıaşaıyş obrazyny, türkmen tire-taıpalarynyñ özara gatnaşyklaryny, oñşuklaryny asaklykdan jikme-jik öwrenip gelipdir. Russia bu wagta çenli eııäm Türkmenistanyñ daş-töweregini basyp alypdyr. Kawkaz, Gazak we Gyrgyz sähralary, özbek hanlyklary rus patyşasyna boıun egdirilipdir. Mundan başga-da ruslar has öñräkden bäri birnäçe türkmen tire-taıpalary bilen garynja gatnawyny ıola goıupdyrlar. Hazar deñziniñ kenarynda ıaşaıan türkmenler bilen ir döwürden bäri söwda aragatnaşyklaryny etseler, beıleki käbir kiçiräk taıpalaryñ wekillerine olary goñşy döwletleriñ çapawulçylygyndan we öz güıçli kowumdaşlarynyñ süteminden goramagy wada edipdirler. Şeıdibem olar gyzza-gyzza gelende türkmenleriñ başyny birikdirip bilmezligi üçin öñünden ähli zerur çäreleri görüpdiler.

 

Türkmenleri halkara derejesinde izolirlemek boıunça-da rus patyşa hökümeti ähli görmeli çäreleri görüpdir. Türkmen topragynda harby hereketler başlansoñ, türkmenler goñşy ıurtlardan ozalkylary ıaly azyk-da, ok-ıarag-da, gaıry goldawy-da alyp bilmez ıaly edilipdir. Bu goldawy söweş hereketleri başlansoñ, olar öz goñşularyndan mugtuna almag-a däl, hatda pul dökübem alyp bilmändirler! Sebäbi rus hökümeti has öñräkden munuñ çäresini görüpdir. Eıranyñ araçäge ıakyn ilatyndan başda az-owlak azyk, Hywa bazaryndan az-owlak ok-ıarag alyp bilen-de bolsalar, rus hökümetiniñ berk basyş görkezmegi netijesinde göñşy döwletler öz serhetıaka ilatyna türkmenlere azyk, ok-ıarag satmagy gadagan etmäge mejbur bolupdyrlar. Eırandaky rus ilçisiniñ bu ugurda Eıran patyşasyna nähili diplomatik gysyşlary görkezendigini taryhy faktlar tassyklaıar.

 

Europa ıurtlaryndan türkmenlere açyk ıa-da ıaşyryn goldaw berip biljegi diñe Beıik Britaniıady. Çünki Beıik Britaniıa korollygy dünıäniñ bu künjünde Rus patyşasy bilen bäsdeşdi. Hindistan we Owganystan Beıik Britaniıanyñ gol astyndady. Londonyñ indiki göz dikıäni – türkmen topragydy. Şonuñ üçinem iñlis emissarlary assyrynlyk bilen türkmen han-begleri bilen duşuşıardylar we olary başardyklaryça rus başybalyjylarynyñ garşysyna urşa gylawlandyrıardylar. Beıik Britaniıanyñ emissarlary öz döwletleriniñ adyndan gürläp, Londonyñ ruslaryñ türkmen topragyny basyp almaga edıän synanyşyklaryna uzak çydam edip bilmejegini ıañzydıardylar we ıarag, goşun kömegini wada berip, kömege, hoş söze mätäç türkmenleriñ agzyny suwardıardylar. İöne gyzza-gyzza gelende, olar türkmenlere hiç bir kömek berip bilmediler. Sebäbi bu töwerekde olaryñ harby güıji rus goşunlary bilen açyk çaknyşardan has azdy. Şonuñ üçinem Beıik Britaniıanyñ türkmenlere beren ikiıüzli wadasyndan dänmegi üçin Rus hökümetiniñ halkara arenasynda Londonyñ garşysyna eden ujypsyzja işleri-de ıeterlik boldy. Iñlisler türkmenlere ıardam bermekden el çekdiler.

 

Netijede rus basybalyjylary türkmen topragyna çozup girenlerinde türkmenleriñ töwerek-daşy çäklenen bolup çykdy we olar öz topraklarynyñ garaşsyzlygy ugrundaky urşy halkara derejesinde izolirlenen ıagdaıda alyp barmaly boldular. Onsoñ diñe öz güıçlerine bil baglaımasalar, türkmenlerde başga dagy alaç galmady.

 

Elbetde, bu ıagdaıda ıurduñ öz içinde berk ylalaşygyñ bolmagy zerurdy. Eısem agzalan döwürde dürli türkmen tire-taıpalarynyñ arasynda oñşuk barmydy? Elbetde, oñşuk bardy. Kesekiniñ malyna göz dikıän ıek-tük ogry-jümri bolaımasa, agzalan döwürde türkmen tire-taıpalary biri-birini talap ıa-da biri-biri bilen urşup-çapyşyp ıörenokdylar. İöne tire-taıpalaryñ arasynda köneden gelıän käbir territorial dawalar, bäsdeşlikler, dartgynlylyk bardy. Bu-da keseden gelen islendik basybalyja, eger mekirlik bilen ulanyp bilse, ıurdy bakna etmek üçin tapylgysyz zatdy.

 

Rus hökümeti türkmen tire-taıpalarynyñ arasynda höküm sürıän bu dartgynlyklary öñden öwrenip gelıärdi. Netijede uzak wagtyñ taııarlygyndan soñ rus basybalyjylary türkmen topragyny basyp almak ıolunda ıeke-täk güıçli päsgelçilik bolup durıan – ıurduñ merkezi böleginde ıaşaıan iñ kuwwatly teke taıpasy diıen karara geldiler. Galan türkmen tire-taıpalaryny aldaw, berim-peşgeş, hajyk-hujuk bilen öz taraplaryna çekip biljekdiklerine olar göz ıetirdiler. Bu ugurda olaryñ ökde içalylary-da öñräkden bäri türkmen topragynda iş görıärdiler. Syıahatçy, täze giñişlikleri öwreniji alym bolan bolup gelıänleriñ arasynda harby içalyçylygy syıahatçylyk, alymlyk käri bilen deñ derejede ıöredıänler gyt däldi. Olar rus hökümetini ıerli ıagdaı, türkmen tire-taıpalarynyñ özara gatnaşygy, oñşuklary, uruş baslansa orta çykaryp biljek harby güıçleri barada gizlin maglumatlar bilen bol-elin üpjün edıärdiler. Netijede rus hökümeti 1879 ıylda general Lomakiniñ ıolbaşçylygyndaky ullakan goşun bölümini türkmen topragyna ıollady. Bu goşunyñ esasy zarba urujy güıji-de hut merkezi Türkmenistanda ıaşaıan tekeleriñ garşysyna gönükdirilipdi.

 

Wakalaryñ ösüşi tiz wagtdan basybalyjylaryñ öñden eden çakyny tassyklady… Rus goşunlary guramaçylykly garşylyk görmezden, Hazarıaka türkmenleriñ üstünden añsatlyk bilen geçdiler. Türkmenleriñ esasy gurmaçylykly harby güıçlerini çym-pytrak edıänçäler ilatyñ galan bölegini öz taraplaryna çekmek üçin olar ellerinde baryny edıärdiler: kimsäni gorkuzsalar, kimsäni berim-peşgeş bilen satyn alıardylar.

 

Basybalyjylar ol döwürde dürli türkmen tire-taıpalarynyñ biri-birinde üzñe, tapawutly şertlerde ıaşaıanlygyndanam peıdalandylar. Hazarıaka türkmenleri bilen özara peıdaly söwdany ıola goısalar, Nohur taıpasynyñ wekillerine olary tekeleriñ gysyşyndan goramagy wada berdiler. Ençeme beıleki ownuk tire-taıpalaryñ han-beglerine Ak patyşanyñ gullugynda dursalar, onda günleriniñ has gowy boljakdygyny aıdyp, olara gymmatbaha halat-serpaılary ıapdylar. Salyr, saryk, alili taıpalarynyñ hanlaryna olary diñe bir eıran, owgan hanlarynyñ çapawulçylygyndan däl, eıse güıçli goñşy taıpalaryñ gysyşyndan-da gorajakdyklaryny aıtdylar. Garaz, rus basybalyjylary tüıs şol “Agzyny alart-da, höküm sür” diıen ıörelgä eıerip, türkmen tire-taıpalarynyñ öz garşylaryna agzy birikmez ıaly etdiler. 

 

Diñe bular bilenem oñman rus hökümeti tekelriñ öz güıjüni-de ikä bölmek üçin belli bir çäreleri görüpdirler. Edil rus goşunlarynyñ türkmen topragyna çozup girmeginiñ öñ ıanynda teke taıpasynyñ başyny doly birikdirip, söweşe başarjañl ıolbaşçylyk edip biljek uly söweş tejribeleri bolan batyr we zehinli serkerdeler Gowşut hanyñ hem-de Nurberdi hanyñ gümürtik ıagdaıda wepat bolmaklary böwrüñi diñletmän duranok...

 

Taryhda yzyña dolanyp bolsady ekip bolanok diıilse-de, bir esasly çaklamany orta atmazlyk mümkin däl. Eger Nurberdi han bilen Gowşut hanyñ birden biri diri bolanlygynda-da, rus basybalyjylaryna garşy XIX asyryñ ahyrynda tutaşan urşuñ netijesiniñ düıbünden başgaça gutarmagy ahmaldyr. Diñe bir bütin teke taıpasynyñ däl, eıse ondan öñki söweşlerde esasy türkmen taıpalarynyñ başyny birikdirmegi başaran, harby taıdan ukyply, külli türkmeniñ içinde batyrlygy we parasatlylygy bilen tanalıan bu iki serkerdäniñ diñe bir agzalan uruşda üstün çykmak däl, eıse ıakyn ıyllarda merkezleşen türkmen döwletini döretmek mümkincilikleri-de bolman durmandyr. Emma olaryñ “wäh” diılen ıaly biwagt ölümi welin, geljekki ganly ıeñlişe, türkmen topragynyñ kolonial baknalyga düşmegine ıol açypdyr.  

 

Sebäbi şondan soñ ne Ahalda, ne-de Maryda umumy ykrar edilen serkerde galypdyr. Tekeler Gökdepe urşuna belli bir meşhur serkerdesi bolmazdan girişmeli bolupdyrlar. Göwrümi giñ, parasatly, uly uruşlarda tejribe toplan serkerde bolmansoñ, galanyñ goragy ahyrsoñunda adaty alaman serdarynyñ eline geçipdir. Partizançylyk urşuna ökde alaman serdary Dykma Gökdepe galasynyñ goragyny harby sungatyñ bu ugruna laıyk derejede guramagyñ hötdesinden gelip bilmändir. Bu-da tiz wagtdan öz agyr netijesini beripdir. Galany goraıjylar we bu ıere göçürilip getirilen parahat ilat rus basybalyjylarynyñ ıagdyrıan top oklarynyñ gündelik ardurja nyşanasyna öwrülipdirler. Dyngysyz ıagdyrylıan top oklaryndan gizlenere ıer tapylmandyr. Tamdyra çörek ıapıan aıallar-da, oınap ıören çagalar-da, edermen urşujylar-da çagba ıaly ıagıan top oklarynyñ tötänleıin gurbanlaryna öwrülipdirler. İagdaı gün-günden kynlaşyp, ıitgiler ummadan çykypdyr. Gabaw uzaga çekdigiçe duşmanyñ toplary galanyñ içindäki ilata has uly zyıan ıetiripdir. Dyngysyz ıagdyrylıan top oklary galanyñ içine ıygnanan ilatyñ gyssagara gazan ıerkümelerini ıumrup, adam pidalaryny has-da artdyrypdyr. Soña baka wepat bolanlaryñ jesetlerini depin etmäge-de ıetişmändirler. Jaılanylmadyk jesetler öıün-öıün bar eken.

 

1881 ıylyñ 4-den 5-nji ıanwaryna geçilıän gije galany goraıjylar basybalyjy rus goşunlarynyñ garşysyna iñ soñky gezek gijeki hüjüme gidipdirler. Galany goraıjylardan düzülen meıletinçiler aısyz gijäniñ garañkylygyna duwlanyp, rus garymlarynyñ üstüne batyrgaı dökülipdirler. İöne türkmenleriñ bu söweş emelini eııäm gowy öwrenip ıetişen rus goşunlary bu gezek gapyl galmandyrlar, aljyramandyrlar. Olar ilkagşamdan öz söweş garymlaryndan çykyp, birnäçe ädim yzda garaşyp ıatypdyrlar. Haçanda çozup gelen türkmen esgerleri elleri ıalañaç gylyçly ”ıa alla diıip, garymyñ içine bökenlerinde, duşmanlar añyrdan gelip, olaryñ üstlerini basypdyrlar we ıokardan atyp başlapdyrlar…

 

Duşmany gapyllykda basmaga gönükdirilen hüjüm agyr şowsuzlyga uçrapdyr. Söweşiñ netijesi diıseñ aıylganç bolupdyr. Galany goraıjylar bu çaka çenli çekmedik iñ agyr ıitgilerini çekipdirler. Müñe golaı türkmen esgeriniñ jesedi söweş meıdanynda galypdyr. Meıletin hüjüme gidenleriñ arasynda erkek eşigini geıen eli gyrkylykly aıal-gyzlar-da bar eken. Olaryñ-da käbiri edil erkekler ıaly şol gije söweşde wepat bolupdyrlar. Gijeki çozuşa gatnaşanlaryñ diri galanlary yzlaryna, gala gaıdyp gelenlerinden soñ, paltalary daşa degen türkmenler şol gije iñ soñky gezek uly maslahata ıygnanypdyrlar. Maslahat tukat hem sussy pes ıagdaıda geçipdir.

 

Galanyñ goragyny dowam etmelimi ıa-da etmeli däl diıen sorag maslahata gatnaşanlaryñ öñünde keseripdir. Şonda bu gijeki söweşde 300 çemesi adamsyny ıitiren Marydan gelen goşunyñ serdarlary mundan beıläk galanyñ içinde galmak – ajalyña el bulamakdan başga zat däl diıipdirler. ”Bu çaka çenli biz duşmanyñ üstüne gije çozup, olaryñ üstüni gapyllykda basıardyk. Şonuñ üçin gije olar bizden asgyn gelıärdiler, bizden gorkıardylar. İöne indi duşman biziñ bu söweş tärimizi öwrendi. Netijesinem görıäñiz: müñe golaı adamyñ jesedi meıdanda galdy. Gündiz açyk çaknyşardanam biziñ ıaragymyz ejiz. Olaryñ elinde suw ıaly ıarag bar, hyrly däl. Olar bizi garagörnümden tüpeñläp bilıärler. Diımek, bize näme galıar – diñe oglan-uşagy, aıal-ebtady gije gumuñ içi bilen Tejene, Mara ıollap, özümize-de guma çekilip, duşman bilen gaça uruş etmek galıar.”

 

Emma ikinji Gökdepe urşy başlanmazynyñ öñ ıanynda ruslaryñ peıdasyna içalyçylykda we dönüklikde aıyplanan Dykma serdar galany taşlap, guma çekilmeli diıen teklip bilen düıbünden ylalaşmandyr. Megerem, ol munuñ bilen ylalaşybam biljek däldi. Sebäbi galany taşlap gitmeli diıse, ıene-de dönüklikde aıyplanmagyndan heder eden bolsa gerek?.. Şonuñ üçinem ol galanyñ içinde galyp uruşmagyñ tarapyny tutupdyr. Bu wagta çenli eııäm galanyñ goragy Dykma serdaryñ eline gutarnykly geçensoñ, ıerli han-beglerden känbir onuñ garşysyna çykyp bileni bolmandyr. Gurbanmyrat işan bilen Kerimberdi işan bu jedelde Dykma serdary goldapdyrlar we çagalary, aıal-ebtatlary galadan çykaryp, gije Tejene, Mara gaçyrmaly diıen teklibe kes-kelläm garşy bolupdyrlar. Olar: ”Galanyñ içinde oglan-uşagy, aıallary bolmasa, ıigitlerimiz öñküsi ıaly dyzmaç urşmaz” diıipdirler.

 

Bu günki gün, dynçlykda örän kelte bolup görünıän bu akyl edil şol wagt maslahata gatnaşanlaryñ köpçüligine kelte bolup görünmändir. Sebäbi urşuñ öz kadasy bar, ”ölmelimi ıa-da almaly”, ”ıa almaly, ıa ölmeli” diılen ıagdaıda hereket edıän adamlara hemme zadyñ añrysyny-bärisini ölçermek, ıedi ölçäp, bir kesmek kyn. Netijede bu agyr hem tukat maslahatda Gökdepe galasyna ıygnanan ilatyñ diri galan bölegini gutulgysyz abanyp gelıän aıylganç gyrgynçylykdan gutarmagyñ iñ soñky mümkinçiligi elden berlipdir. Munuñ günäkäri-de galanyñ goragyna gös-göni serdarlyk eden han-begler we olary goldan işanlardyr. Olaryñ zor salmagy bilen sowuk gyş gijesi geçen maslahat şeıle gazaply karara gelipdir: urşy galanyñ içinde galyp dowam etmeli. Galany iñ soñky demimize çenli goramaly! Alla bizlik bolsa, duşman galany böwsübem, bizi ıeñibem bilmez!