GÖKDEPE URŞY WE TÜRKMEN JEMGYİETÇILIGI

 

 

1.Gökdepe galasynyñ synmagy we onuñ türkmen topragyndaky syỳasy-sosial netijeleri

 

Jemgyıetçilik ösüşiniñ bu gününe, geljegine, adamlaryñ añyna täsir edıän islendik taryhy waka öwrenilmäge, derñelmäge mynasypdyr. Bu jähtden alanyñda, Gökdepe tragediıasynyñ türkmen jemgyıetiniñ ösüşine, onuñ bu gününe, geljegine, adamlaryñ añyna edıän täsiri şol döwürde bolup geçen wakalaryñ islendiginden uludyr. Çünki Gökdepe urşy we onuñ getiren netijeleri türkmen jemgyỳetçiliginiñ, jemgyỳetçilik añynyñ şondan soñky ösüşinde düỳpli öwrülişik nokady bolỳar. Hut şonuñ üçinem bu taryhy waka düıpli öwrenilmäge, derñelmäge mynasypdyr.

 

1981 ıylyñ 12-nji ıanwarynda (täze hasapdan 25) türkmenleriñ halk hökmünde erkiniñ, erkinliginiñ syndyrylyp, olaryñ 110 ỳyla çeken kolonial garaşlylykda ıaşamaga mejbur edilen günüdir. Gökdepe galasynyñ synmagy bilen türkmenleriñ klassyky erkuinlik, türkmençilik döwri gutaryp, baknalyk döwri başlanıar. Şondan soñ türkmen halky öz däp-dessurlaryna, türkmençiligiñ ıörelgelerine görä däl-de, eısem kesekiniñ döwlet kanunlaryna görä ıaşamaly bolıar. Kesekiniñ dosty oña dost, duşmany-da – duşman bolıar. Rus imperiıasyna zor bilen goşulan türkmenler öz isleglerine bakmazdan, soñra iki Jahan urşuna (1914-18 we 1939-45 ỳyllarda), 1917 ıylda bolşevistik revolıusion agdarylşyga, 1920-30-njy ıyllarda SSSR-de ỳaỳbañlanan zabun kolhoz gurluşygyna, 1930-50 nji ỳyllardaky stalinçilik tut-ha-tutlyga zor bilen çekilıärler. Bu tükeniksiz gyrlyşyklarda ummasyz kän adam pidasyny beren türkmen topragy, rus kolonial garaşlylygyna düşmezden ozalky ilat sanyny diñe şondan 100 ıyldan soñ, ỳagny 1950 ıyllarda gaıtadan dikeldip bilipdir!

 

Gyrlyşygyñ, adam pidalarynyñ möçberini göz öñüne getirmek üçin diñe käbir pursatlary ıatlamagyñ özi ıeterlikdir. Gökdepe galasy synan güni türkmenlerden 30 000 töweregi adam gyrlypdyr, soñra 1929-1932 ıyllar aralygynda, ıagny diñe üç ıylyñ dowamynda Türkmenistanyñ ilatynyñ sany 300 000 adam azalypdyr. Ikinji jahan urşy döwründe söweş meıdanlarynda we tylda 200 000-250 000 adam töweregi wepat bolandygyny ıönekeıje hasaplamalar görkezıär. Eger demografiki hasaplamada ulanylỳan adaty usula görä, bu sanyñ üstüne wepat bolanlardan dogulmadyk bäbekleriñ ortaça sanyny-da goşsañ, onda öz ilat sanyna görä gatnaşykda alanyñda, Türkmenistanyñ X1X asyryñ ahyrynda we XX asyryñ birinji ıarymynda niçik haıykdyryjy adam ıitgilerine uçrandygyny görse bolıar.

 

XX asyryñ ikinji ıarymynda, ỳagny Sovet Soỳuzynyñ taryhynda iñ parahatçylykly ỳyllarda ozalky ıitgileriñ üstüne türkmen halky ỳene-de täze, garaşylmadyk, örän adalatsyz ỳitgileri çekdi. Güıçıetmez mukdarda pagta öndürmäge mejbur edilen Türkmenistanda eneleriñ we bäbekleriñ ölüm derejesi görlüp-eşidilmedik derejelere ỳetdi. Geçen asyryñ 80-nji ıyllarynda Türkmenistanyñ pagta ekıän raıonlarynda doglan her 1000 bäbekden 70-80-si bir ıaşyna ıetmän ıogaldy. Bir ỳaşdan ỳokardaky çagalaryñ, ỳetginjekleriñ, erkek adamlaryñ, eneleriñ arasyndaky ölüm-ỳitim derejesi-de SSSR-däki ortaça görkezijiden birnäçe esse ỳokary boldy, tersine ortaça ỳaş ỳurtdaky ortaça ỳaşdan azyndan 20 ỳaş gysga boldy. Netijede bütin ỳurt boỳunça alanyñda ortaça hasapdan bäbekler köp dogulsa-da, Türkmenistanyñ ilat sany haỳal ösdi. Keselçiligiñ, biwagt ölümiñ nä derejelere baryp ỳetendigine düşünmek üçin iñ bärkisi bir geñsi, gorkunç fakta üns bermek gerek… Türkmenistanda adamzat jemgyỳetinde, dünıä praktikasynda seırek duşıan hadysa ıüz berdi: aıal-gyzlaryñ arasyndaky ölüm-ıitim erkekleriñkiden öñe geçdi. Bu örän elhenç ỳagdaỳdyr we ol milletiñ ỳaşaỳşynyñ aỳdyp-diỳerden agyrlaşandygyny, ỳaşaỳyş şertleriniñ ylalaşyp bolmajak pes derejä düşendigini görkezỳär.

 

1970-nji ỳyllardan başlap aỳratyn uly möçberlerde möwjäp ugran gepatit (sary getirme) we beỳleki ỳokanç infeksion keseller diỳseñ giñden ỳaỳraday, respublikanyñ käbir raỳonlarynda infeksion keseller, aỳratynam gepatit, inçekesel (tuberkulez), ỳaş çagalaryñ arasyndaky ganly içgeçme (dezinteriỳa) ỳaly keseller başbermez ỳokary derejelere baryp ỳetdi. İaş çagalaryñ we eneleriñ ölüminiñ aỳratyn uly derejesi milletiñ köküne palta urıardy. Agzalan döwürde ỳüz beren bu hadysa, meniñ pikirimçe, pagta genosidi diıseñ-de, hakykatdan daş düşdügiñ bolmasa gerek. Bu betbagtçylyklar düyp-teỳkaryna seretseñ, esasan bakna ỳurtlara mahsus bolan alamatlardyr. Arzan çig mal öndürmäge mejbury ỳöriteleşdirilmegi türkmenleriñ öz milli garaşsyzlygyny ıitirmeginiñ getiren soñraky ỳaramaz netijeleriniñ biridir.

 

Türkmenler üçin doly kolonial garaşlylyk döwri Gökdepe galasy gana gark edilip, onuñ yzysüre tekeleriñ ikinji garşsyz merkezi bolan – Mary topragy boỳun egdirilenden soñra başlanỳar. Şondan soñ türkmen topragy dolulygyna rus patyşasynyñ golastyna geçỳär. Ỳogsam rus patyşasynyñ goşunlary bilen türkmenleriñ arasyndaky uly ganly çaknyşyklar mundan birnäçe ỳyl ozal, 1878-nji ỳylda Was topragynda başlanypdy. Ganhor generak Kaufmanyñ baştutanlygyndaky rus goşunlary Huwa hanynyñ öjükdirmegi netijesinde demirgazyk türkmen taỳpalaryny gyrgyna beripdi. Ol ỳerde bolan gyrgynçylygyñ möçberi uludy, betbagtçylygyñ netijeleri-de çuñdy. Hut bu gyrgynçylygyñ netijesinde türkmenleriñ eỳelik edip gelen, olaryñ güỳçli wagty hiç kesiñ tokunmaga milt etmedik gadymy topraklarynyñ belli bir bölegi elden giderildi. Türkmen halkynyñ geljekki ykbalynda bu urşuñ goỳan yzlary kiçi-girim däldi. Ỳöne her halda bu urş entek türkmen topragynyñ doly kolonial baknalygy düşmegine getirmändi. Diñe Gökdepe galasynyñ synmagy we şondan iki ỳyl geçensoñ-da, Mary topragynyñ ruslaryñ eline geçmegi bilen türkmen halky doly baknalyga düşdi. Şonuñ üçinem Gökdepe galasynyñ synmagy türkmenlerin halk hökmünde kolonial gulçulyga düşmeginiñ tragiki simvolyna öwrüldi.

 

Gökdepe galasynyñ synan gününe türkmenleriñ klassyky döwrüniñ, türkmen erkinçiliginiñ tamamlanan güni diıse bolar. Eısem Was topragynda ondan has ozal rus generaly Kaufmanyñ türkmenleriñ demirgazyk ıomut taıpasyny boıun egdirmek üçin alyp baran ganly urşy şeıle simvol bolmaga hakly dälmidir? Elbetde, haklydyr. Keseki basybalyjylara garşy aldym-berdimli watançylyk urşlary ozal Maryda, Saragtda, Garrygalada, Balkan topragynda-da bolupdy we ol urşlarda türkmenler görlüp-eşidilmedik gahrymançylyk görkezipdiler. Emma, gowy ỳeri, olaryñ hiç biri-de türkmen topragynyñ doly gulçulyga düşmegine getirmändi, basybalyjylar çym-pytrak edilip, türkmen topragyndan kowlup çykarylypdylar.

 

Gökdepe galasy ỳykylandan we biraz soñra merkezi Türkmenistan doly basylyp alnandan soñ türkmenleriñ başyndan 110 ỳyla çeken kolonial garaşlylyk zamany inỳär. Bu döwürde Türkmenistanyñ we türkmenleriñ erki büs-bütin keseklieriñ elinde bolỳar. Türkmenistanyñ başynda dikme oturdylỳar. Patyşa Russiỳasy döwründe “Zakaspiỳ welaỳaty”, 1917 ỳylyñ oktỳabryndaky bolshevistik döwlet agdarylyşygyndan soñra-da “Türkmenistan Sovet Sosialistik Respublikasy” diỳlip atlandyrylan Türkmenistanyñ elgarama hökümedi Moskvadan rugsatsyz hiç bir meseläni çözüp bilmeỳär, iñ bir ownuk işlerde-de merkeze garaşly bolỳar. Bu baknalyk diñe sovet häkimiỳedi ỳyllarynda belli-belli döwürlerde Gaỳgysyz Atabaỳev, Şaja Batyrov ỳaly diỳseñ gujurly adamlar respublikanyñ başynda duranda, az-kem gowşapdyr. Gaỳgysyz Atabaỳevdir onuñ ỳakyn egindeşi Nedirbaỳ Aỳtakovyñ, soñra-da Şaja Batyrovyñ respublika ỳolbaşçylyk eden döwründe ỳarym bakna  syỳasat alnyp barlypdyr we respublikanyñ dolandyrylyşynda belli bir derejede özbaşdaklyk duỳdurypdyr. Agzalan şahsyỳetleriñ fiziki taỳdan ỳok edilmegi ỳa-da iş başyndan aỳrylmagy bilen hemme zat ỳene-de öñki-öñküligine dolanypdyr, türkmen topragy gaỳtadan doly baknalyga uçrapdyr. Respublikanyñ jemgyỳetçilik durmuşy uzak wagtlap garañkylyga duwlanypdyr.

 

Ỳöne bu rus, soñra-da sovet imperiıasynyñ düzüminde ıaşalan ỳyllaryñ türkmenler üçin düıbünden ỳitirilen ỳyllar diıildigi däldir. Kolonial döwrüñ-de, sovet zamanasynyñ-da türkmenler üçin boş geçmändigini, bize territorial, döwlet bütewiligini berendigini, milli añ-düşünjäniñ ösmegine, kämilleşmegine itergi berendigini, halkymyzy europa kulturyna hileli edendigini bellemeli. Bu, elbetde, biziñ milletimiziñ ykbalynda ägirt uly öwrülişikdir. İöne, gynansak-da, ıitgilerimiz-de az bolmandy, kolonial gulçulyga düşensoñ türkmen milli añynyñ, özboluşly medeniỳetiniñ, diliniñ, klassyky edebiıatynyñ ösüşi büs-bütin diỳen ỳaly togtaỳar. Türkmen dili, halk döredijiligi dowamly krizise uçraỳar. Kolonial döwürde läleleriñ, huwdüleriñ, monjugatdylaryñ, halk aıdymlarynyñ döremezligi muña aıdyñ mysaldyr. Sovet döwründe döwletiñ ıörite tabşyrygy bilen zoraıakdan döredilen Lenin, Stalin, kompartia, bagtly sovet durmuşy dogrudaky ỳasama folklor eserlerini halk döredijiligi diıip görkezmäge hiç kimiñ dili barmaz. Ol sanawaçlar halk döredijiligine, bolup bilse, diñe emelsiz öỳkünmedir.

                                                                                                             Dowamy bar

1