2004-01-12

 

BU GÜN GÖKDEPE GALASYNYÑ SYNDYRYLMAGYNA 123 ỲYL DOLỲAR.

 

Türkmen milli tragediỳasynyñ simvoly Gökdepe galasynyñ basybalyjy duşmanlar tarapyndan weỳran edilmeginiñ 109 ỳyllygy 1990 ỳylyñ 14-nji ỳanwarynda ilkinji gezek ”Agzybirlik” Demokratik Halk Herekediniñ ỳolbaşçylygynda geçirildi.

 

”Agzybirligiñ” çagyryşyna seslenip şonda Gökdepe galasyna 10 000 töweregi adam ỳygnandy. Türkmenistan kompartiỳasynyñ, KGB-niñ, milisiỳanyñ, partiỳa-komsomol guramalrynyñ, hökümede tabyn din hadymlarynyñ diş-dyrnak bolup garşy çykmagyna garamazdan, halk köpçüligi ”Agzybirligiñ” bu hudaỳhalar işini goldady we öz gahryman ata-babalarynyñ ruhuna hormat goỳdy we umumytürkmen Ỳas gününi geçirdi. Ỳas gününiñ guramaçylarynyñ üstüne S.Nyỳazovyñ oỳnatgy hökümediniñ dyngysyz atỳan aỳylganç haỳbatlaryna garamazdan, 1990 ỳylyñ 14-nji ỳanwarynda bu ỳere diñe bir Gökdepe topragyndan däl, eỳsem Türkmenistanyñ dürli künjeklerinden: Balkandan, Kakadan, Marydan, Çärjewden, Daşhowuzdan adamlar geldiler. Netijede türkmenler täze taryhda ilkinji gezek basybalyjylara we olara doly garaşly oỳnatgy türkmen häkimiỳetlerine tabyn bolmakdan boỳun gaçyrdylar. Bu türkmen dikmesiniñ we onuñ hojaỳynlarynyñ gonjuna gor guỳdy. Şol günüñ ertesi, ỳagny 15 dekabrda ”Agzybirligiñ” Türkmenistan Ylymlar Akademiỳasynyñ Taryh institutyndaky ỳygnak geçirỳän otagy elinden alyndy, onuñ YA-nyñ düzümindäki resmi registrasiỳasy ỳatyryldy, ”Agzybirlik” köçä kowuldy.

 

S.Nyỳazovyñ antitürkmen rejimi ”Agzybirligiñ” kanuny hukuklaryny şondan bäri-de gaỳtaryp bermän gelỳär. Ỳogsam SSSR-iñ ỳykylanyna, garaşsyz diỳilỳän Türkmen döwletiniñ yglan edilenine 12 ỳyl doldy. Emma Türkmenistanyñ syỳasy durmuşynda hiç bir üỳtgeşiklik bolup geçenok, hemme zat şol öñki durşy. Bu bolsa indi özüne ”türkmenbaşy” diỳdirỳän Nyỳazovyñ şol öñküje Sapar Ataỳeviçdigini subut edỳär. ”Ỳaman günler ỳagşy bolar, ỳaman adam ỳagşy bolmaz” diỳenleri çyn bolup çykdy. Türkmenistan kesekä gulçulykdan ahyrsoñy gutuldy, ỳöne öz içinden dömüp çykan ganymdan entek gutulyp bilenok. Türkmen halkynyñ erki Moskvanyñ ozalky dikmesiniñ elinde bolmagynda galỳar. Türkmen halkynyñ, türkmen döwletiniñ ykbaly enteklikçe çalasowat, emma diỳseñ hilegär, Moskvanyñ ömürlik guly S.Nyỳazovyñ elinde bolmagynda galỳar. Diỳmek, türkmen halkynyñ öz erki, hak-hukugy ugrundaky aỳgytly göreşi öñdedir. Türkmenler bu gün bolmasa-da ertir öz azatlygy ugrunda 1990 ỳylyñ 14-nji ỳanwarynda Gökdepäniñ ỳasyny tutmaga aỳaga galyşlary kimin aỳaga galarlar. Şonda olaryñ öz ykballaryny öz ellerine aljakdygyna, öz topraklaryna özleriniñ eỳe boljakdygyna hiç bir şubhe bolup bilmez!

 

Sadakalaryñyz kabul bolsun, gadyrly ildeşler!

 

”Agzybirligiñ” Internet-sahypasynyñ Redkollegiỳasy       

1