2.

 

Bapba Gökleñiñ uguny ỳekelemek üçin bir gezek S.Nyỳazov oña ”Bapbam” diỳip ỳüzlenipdir… Türkmen ỳazyjylaryny bir-birden wezipe, sylag-serpaỳ, at-dereje bilen satyn alyp ỳörensoñ, ol Bapbany-da berim-peşgeş bilen demokratik göreşden, ”Agzybirlikden” sowaşdyryp bilerin öỳdüpdir. ”Çermegiñe sähel gowşak bolsañ, yraỳjag-aỳ ol!” diỳip, Bapba soñra bu wakany ỳangynly kinaỳa bilen birnäçe gezek ỳatlady.

 

Eỳsem nämüçin geljekki ”türkmenbaşy” ol döwürde türkmen ỳazyjylaryny öz tarapyna çekjek bolup çytraşdy? Belki, häzirki wagtda resmi propagandanyñ tassyklaỳşy ỳaly Türkmenistany kolonial baknalykdan azat etmek üçindir? Gynansak-da, beỳle däl. Tersine, S.Nyỳazov türkmen topragyny gulçulykda saklamaga Moskva elinden gelen kömegi berỳärdi. Bu ugurda ol gije-gündiz hars urỳardy. Moskvadan yglan edilen aỳanlygy entek doly bogup ỳatyryp bilmänsoñ, kimsine ỳalbaryp-ỳakaryp, kimsini gorkuzyp, kimsine-de at-dereje, kvartira, maşyn berip, türkmen intelligensiỳasyny öz tarapyna çekỳärdi. Sebäbi ol wagt Sovet Soỳuzynyñ beỳleki ỳerlerindäkiden gijrägem bolsa, biziñ respublikamyzda-da türkmen dili, türkmeniñ milli mertebesi ugrundaky göreş başlanypdy. Türkmenistan Kompartiỳasynyñ şol wagtky 1-nji sekretary, geljekki ”türkmenbaşy” Saparmyrat Ataỳeviç Nyỳazov bolsa, öz ene diline garşy diş-dyrnak bolup göreşỳärdi. ”Agzybirlikde” birnäçe ỳazyjylaryñ bardygyny bilensoñ, ol ỳaşuly ỳazyjylar-da bu pikiri goldaỳan bolaỳmasyn, dil meselesi birden ul-a ỳazaỳmasyn diỳen gorky bilen Kaỳum Tañyrgulyỳevi, Sapar Öräỳevi, Nury Baỳramovy, Allaberdi Haỳydovy we beỳlekileri TKP MK-a çagyrypdyr, olaryñ ”agzyny ysgap” görmekçi bolupdyr… ”Ỳaşulular, näme ỳetmeỳän zadyñyz, kemçilik bolsa, aỳdyp oturyñ!” – diỳip, olardan osmakladyp sorapdyr. Dil meselesini gozgaỳsalar, ỳalbar-ỳakar etmäge häzirlenipdir. Emma ”kemçilik” sözüni eşiden ”ỳaşuly ỳazyjylar” ỳerli-ỳerden öz hojalyklaryna gerek zatlary ỳatlap, ur-tut dilege tutupdyrlar. Ol duşuşyga gatnaşanlaryñ biriniñ soñra boỳun almagyna görä, ady agzalan ỳazyjylaryñ biri şonda özüne ỳeñil maşyn, ikinjisi MIR mikroraỳonyndaky täze göçüp baran kvartirasyna telefon çekilmegini, üçünjisi-de ozalky kvartirasynyñ üstüne täze kvartira berilmegini sorapdyr, ỳogsam ỳañrak durmuşa çykaran gyzynyñ jaỳsyz kösenỳändigini ỳañzydypdyr, dördünjisi ỳene-de şonuñ ỳaly hojalygyna gerek bir dileg edipdir. Emma edil şol wagt, şol günlerde türkmen diliniñ ykbalynyñ çözülỳändigi, ”Türkmen dili döwlet dili bolmalymy ỳa-da ỳok?” diỳen aldym-berdimli göreşiñ gidỳändigi olaryñ biriniñ-de ỳadyna düşmändir! ”Ỳaşuly ỳazyjylaryñ” öz şahsy bähbitjikleri bilen başagaỳdygyny görensoñ, S.Nyỳazovyñ ỳüki ỳeñläpdir. Elbetde, oña ozaldan geregi-de şol bolansoñ, bu hannaslaryñ ownuk-uşak dileglerini ol derrew añry ỳany bilen bitirmegi söz beripdir. Çünki ỳaşuly diỳilỳän nomenklaturadaky ỳazyjylaryñ türkmen diliniñ ykbaly bilen düỳbünden gyzyklanmaỳandyklaryny gözleri bilen görüp, gulaklary bilen eşidensoñ, onuñ gurdy gündiz uwlapdyr. Eỳsem şondan soñ S.Nyỳazovyñ türkmen diliniñ üstüne hüjümini nä derejede güỳçlenendigini aỳdyp oturmak bir gerekmikä?

 

Netijede bu meseledäki guramaçylykly göreş ”Agzybirlik” Demokratik Halk Hereketiniñ we az sanly erkin pikirli intelligensiỳa we halk wekilleriniñ gerdenine düşdi. ”Agzybirlik” türkmen dilini, türkmeniñ milli mertebesini gorap, TKP MK-nyñ garşysyna deñ bolmadyk goreşe girişdi. Göreş agyr boldy. ”Agzybirligiñ” agzalary häkimiỳetleriñ, KGB-niñ, milisiỳanyñ gazaply yzarlamalaryna, ỳanamalaryna uçradylar. Eger-de türkmen intelligensiỳasynyñ az sanly progressiv wekilleriniñ we giñ halk köpçüliginiñ goldawy bolmadyk bolsa, onda ”Agzybirlik” bu göreşde ỳeñiş gazanyp bilmezdi. Ỳöne dura-bara il-gün öz diliniñ goragyna çykdy, gazetleriñ redaksiỳalaryna müñläp hatlar ỳagdy. Türkmen halkynyñ oỳanyp başlamagyndan öler ỳaly gorkan S.Nyỳazov we onuñ hyzmatkärleri ädimme-ädim ỳeñse berip başladylar.

 

Ỳöne barybir S.Nyỳazov türkmeniñ milli mertebesini ykrar etjek kanuny kabul etmäge añsatlyk bilen boỳun bolaỳmady. Häkimiỳetler halk bilen ”Agzybirligiñ” arasyna çöp atmak üçin ellerinde baryny edỳärdiler. Halk Hereketiniñ öñüne düşỳän adamlary bir-birden iş edinỳärdiler. Almyta öwrenen nomenklaturadaky ỳazyjylary edişi ỳaly şol günler S.Nyỳazov ”Agzybirligiñ” agzalaryny-da satyn almakçy boldy, bizi bir-birden öz ỳanyna çagyryp, para-peşgeş, wezipe, at-dereje hödür edip gördi. Bu synagdan Bapba Gökleñ-de, Aman Goşa-da, Hudaỳberdi Hally-da, bu setirleriñ avtory-da geçdiler. Ikiçäk ỳa-da ikibir-üçbir duşuşykda dostlarça adymyzy tutan bolup, aỳratyn sylaỳan kişi bolan bolup, S.Nyỳazov agzalan döwürde näçe diỳseñ jan etdi.

 

Emma ”Agzybirlik” Demokratik Halk Herekediniñ agzasy bolan ỳazyjylardan biri-de S.Nyỳazovyñ bu çoçgaryna çolaşmady. Olar bu meselede öz mertebelerini-de, edebiỳadyñ belent mertebesini-de sakladylar, ”gupbaly jaỳyñ” çalasowat hojaỳnyndan ne wezipe, ne baỳlyk, ne-de at-abraỳ hantama boldular. Käbir näbelet adamlaryñ ”Agzybirligiñ” agzalaryndan S.Nyỳazovyñ metbugat sekretary bolanlary-da bar” diỳen ỳalñyş gürrüñ ỳaỳratmagyna garamazdan, ”Agzybirligikçilerden” Köşge gulluk edeni, S.Nyỳazovyñ metbugat sekretary bolany ỳok. Ol ỳerde işlänler hökümetsiz oñup bilmeỳän, wezipesiz gymmaty bolmadyk – suw meỳilli gurbagalar!

 

Elbetde, Türkmenistan Kompartiỳasynyñ Merkezi Komitetiniñ ozalky 1-nji sekretary, soñraky ”türkmenbaşy” S.Nyỳazovyñ adamlaryñ gowşak damaryny tapmak we ony peỳdalanmak ukybyny düỳbünden inkär etmek bolmaz. Ol adamlaryñ belli bir bölegini hile-al bilen öz eline almagy başardy. Meselem, yñdarma, şöhratparaz, ỳeñilkelle adamlary öz tarapyna çekmäge onuñ ukyby çatdy. Olar ỳalylar üçin S.Nyỳazovyñ ulanỳan bir universal pirimi bardy. Bu usuly ol onlarça, ỳüzlerçe gezek ulandy. Gynansak-da, köplenjem azaby ỳerine düşdi. Bu pirim şundan ybarat… Saparmyrat Nyỳazov ỳanyna çagyran adamsynyñ adyny öñünden kagyza ỳazyp, stolunyñ çekerine salyp, çekeri-de açyp goỳardy. Onsoñ her gezek gürrüñdeşine ỳüzlenjek bolanda aşak gözüni aỳlap, ỳatdan bilỳän ỳaly edip, kagyzdan okap, onuñ adyny tutan kişi bolardy, şeỳdibem garşysyndakynyñ uguny ỳekelärdi. Onsoñ ỳazyjylaryñ birentegi (bu mekir pirimi ol jurnalistleriñ, hudojnikleriñ, kompozitorlaryñ, kinoçylaryñ garşysyna-da ulanan bolmaly?), ”gupbaly jaỳdan” özlerinden göwnühoş çykyp gaỳdardylar. Ỳogsam näme, hut TKP MK-nyñ 1-nji sekretary onuñ adyny edil ỳakyn dosty, pikirdeşi ỳaly edip tutup otyrka, ol nädip göwnühoş bolmasyn?! Ana, onsoñ nobatdaky ỳazyjy, kompozitor, hudojnik ỳa-da kinoçy özüne şeỳle diỳerdi: ”Men onuñ gözüne ilipdirin, diỳmek, men ullakan adam... Basym maña wezipe, maşyn, telefonly kabinet, at, dereje bererler!” Beỳle adam onsoñ öñküsindenem ỳuwaş bolmaga, ỳolbaşçylaryñ halamjak ỳerinde görünmezlige çalşardy, resmi däl üỳşmeleñe goşulmazdy. Ỳogsa-da öz welaỳatdaşlaryñ topalañyny nätmeli? Elbetde, ol topalaña goşulsa bolar, munuñ üçin ”gupbaly jaỳ” oña gyỳa garamaz, welaỳat topalañlary resmi taỳdan rugsatly bolmasa-da, açyk goldanmasa-da, onuñ üçin hiç kime ỳüzüñ üstünde burnuñ bar diỳlenok, onsoñ rugsatly boldugy bor-da! Sowady pes bolsa-da, mekirligi ỳeterlik, ömründe birje çeper kitaby başdan-aỳak okap çykmasa-da, ỳazyjylaryñ özüni ”okap” oturan geljekki ”türkmenbaşy” S.Nyỳazov ỳöne ỳerden her welaỳadyñ ỳaşuly ỳazyjysyny ỳanyna çagyryp, oña ỳalan hormat eden bolup: ”Öz oglanlaryñyza seredeweriñ, ”haỳ-küş” ediñ, bolar-bolgusyz adamlañ gepine gitmesinler, ekstremistlere goşulmasynlar!” diỳip sargaỳandyr öỳdỳäñizmi?! Ol türkmen döredijilik intelligensiỳasyny nädip ele almalydygyny tiz öwrendi, aslynda tarapgöỳlüge, agzalalyga göỳügen adamlaryñ öz-özleri ỳeke-ỳekeden, goşa-goşadan geljekki diktatoryñ penjesine girdiler, onuñ oỳnatgysyna öwrüldiler. Netijede türkmen intelligensiỳasynyñ günäsi bilen uly taryhy döwür, amatly öwrülişikler pursady ardurja elden giderildi. Türkmen intelligensiỳasy, şol sanda döredijilik intelligensiỳasy-da, jaỳ wagtynda, gyzza-gyzza gelende, öz halkyna ruhy ỳolbaşçy bolup bilmedi. Diỳmäge diliñ barmasa-da, bu sözi diỳmeseñ alajyñ ỳok: topragyñ başyna iş düşende türkmen döredijilik intelligensiỳasy öz iỳen çöregini haklap bilmedi, edebiỳada, sungada, halka, topraga ikilik etdi… Ençeme ỳazyjylar, şahyrlar, jurnalistler, hudojnikler, kompozitorlar, kinoçylar, alymlar, artistler, ỳokary okuw jaỳlarynyñ mugallymlary, professorlary ỳöwsellik bilen gyra çekildiler ỳa-da gös-göni diktatura gulluk etdiler. Öz ownuk-uşak şahsy bähbitlerini uly iliñ, topragyñ bähbidinden ileri tutdular! Şeỳdibem dogduk topragyñ bagryny garaltdylar! Taryh adamlaryñ bu agzalan toparynyñ ỳüzüne irde-giçde gara çekse gerek. Iş ỳüzünde welin öz ỳüzlerine garany olaryñ özleri çekdiler. Türkmen halkynyñ, türkmen topragynyñ, türkmen döwletiniñ bu günki düşen ỳagdaỳy eỳsem hut şuny subut etmeỳärmi näme? Köpçülikleỳin ỳöwsellik, peỳdakeşlik edilmedik bolsa, SSSR ỳykylansoñ, garaşsyz Türkmenistan, belki, demokratik ỳoldan giderdi, ỳurtda hukuk döwleti gurlardy. Diỳmek, müñlerçe adamlar zyndanlarda çüỳremezdi, türkmenleriñ asyrlaryñ dowamynda çemçeläp ỳygnan abraỳy çanaklap dökülmezdi…

 

Dowamy bar…

 

1