2005-05-14

GOÑŞULAR…

 

Özbegistan biziñ iñ ıakyn goñşymyz. Duldegşir. Ol ıerde bolup geçıän zatlar biz üçin hemişe gyzykly. Sebäbi olar bize meñzeş: syıasatda-da, ykdysadyıetde-de, beıleki meseleler-de-de. Esasanam Özbegistanda höküm sürıän diktatura biziñkä meñseş!

 

Yslam Kerimov bilen Saparmyrat Nyıazovyñ ykbaly, terbiıesi, dünıägaraışy meñzeş. Sebäbi olaryñ ikisiniñ-de geçen ıoly deñ: ıetimçilik, irgözünden kompartiıa agzalyk, SSSR döwründe agalyk ediji ideologiıa, häkimiıete aıratyn golaı duran milletiñ wekilinden bolan maşgala öılenmek, ıokary partiıa mekdebi, partapparatyñ dar çarçuwa salıan we şahsyıetiñ ösüşini belli bir ugra gönükdirıän iş…

 

Yslam Karimov bilen Saparmyrat Nyıazovyñ ikisiniñ-de ykbaly düzüwli gutarmaz. Sebäbi olar adam hukuklaryny, demokratik döwlet dolandyryşyny inkär edıärler. Şonuñ üçinem olaryñ pensiıa çykyp, aıagyny uzadyp öz ıurdunda dynç alyp bilmejegini öñünden çekinmän aıtsa bolar. Diktatorlar öıünde ölüp, dulunda süınmeıärler…

 

Häzir Andijanda gozgalañ turdy. Kimsi oña ”yslamcylaryñ”, kimsi-de ”demokratlaryñ” gozgalañy diııärler. Bularyñ haısy bolanda tapawudy näme? Gozgalañ – gozgalañdyr-da! Haısy görnüşde turup bilse, şol görnüşde baslanar! Esasy zat – gozgalañ turan bosa, diımek, halk öz arzyny häkimiıetlere arkaıyn ıetirip bilen däldir! Halk öz isleg-arzuwyny, täsirini syıasata, döwlet gurluşyna kanuny ıollar bilen ıetirip bilmese, şonda gozgalañ turıar.

 

Eger rejim demokratik güıçlere ıol bermese, onda rejimiñ özüne ideologiıasynyñ zabunlygy taıdan ıakyn güıçler öñe çykıarlar we iru-giç inisiativany ele alıarlar. Biziñ regionymyzda, elbetde, bu yslam dinidir. Yslam dini guramaçylyk taıdan avtoritar-totalitar rejimi döredıän ideologiıa çalymdaş, ruhy taıdan oña ıakyn. Şonuñ üçinem yslam ideologiıasyny ıarag edinen güıçler iru-giç gozgalaña galıarlar we ıeñıärler. Sebäbi demokratiıanyñ ejizliginden göwni galan adamlaryñ uly topary gysga wagtyñ içinde yslamçylaryñ tarapyna geçıär. Eısem, başga nähili bolsun?

 

Netijede ıagyşdan gaçyp, damja uçralıar… Diktaturanyñ yzynda ikinji bir diktatura, haos we eden-etdilikli rejim döreıär.

 

Yslam Karimov häzir Andijandaky gozgalañy basyp ıatyryp biler. Döwletiñ harby güıçleri üçin bu bir uly mesele däl. İöne bu turan gozgalañ bir zady aıdyñ görkezıär: islendik avtoritar-totalitar rejim içinden çüıreıär… Depede oturan diktator ony duıman galıar. Özbegistandaky rejimiñ gününiñ sanalgydygy bu gün uly ile aıdyñ boldy.

 

Türkmenistandaky başisti rejimiñ-de mundan hiç bir üıtegşikligi ıok. Turkmenbaşizmiñ-de güni sanalgy. ”Agzybirlik” Demokratik Halk Hereketiniñ agzalarynyñ sanynyñ soñky döwürde ıurduñ içinde we daşynda tiz ösmegi-de muña şaıatlyk edıär. S.Nyıazovyñ we Y.Kerimovyñ primitiv, doñıürek rejimleriniñ taryhyñ tozanyna garylyp ıitip gitjek wagty golaılaıar.

 

A.Welsapar, ıazyjy