|
SOZULMAZ POLAT BOLMAZ! |
|
Ýazyjy Hudaýberdi Hally 60 ýaşady! 2007-04-17 |
|
Bu gün belli türkmen ýazyjysy Hudaýberdi Hally 60 ýaşyny doldurýar. Hudaýberdi Hally öz ömrüni bihal ýaşan adam däl. Ol düşünjeli ömrüniñ abyrsyz bölegini Türkmenistanda adalatyñ dabaralanmagy ugrundaky göreşe bagyşlady. Ýazyjynyñ edebi döredijiligi bilen tebigy suratda sepleşen bu göreş onuñ adyny külli türkmene belli etdi. Elbetde, Söz azatlygy, Adam hukuklary we Demokratiýa ugrundaky göreş ýazyja diñe bir abraý getirmän, ony dowamly synaglara hem uçratdy. Hut şol göreş zerarly onuñ agyr kötekleri iýmeli bolandygyny bu günki dabaraly günde-de ýatlamazlyk mümkin däl. Sebäbi bu zatlaryñ hemmesi indi 60-y arka atan ýazyjynyñ terjimahalaynyñ aýrylmaz bölegi. Türkmenistanda höküm sürýän adamkärçiliksiz rejim ýazyjyny diñe bir gödek ýanamalara, yzarlamalara sezewar edip oñman, hatda onuñ garşysyna has gödek çäreleri-de ulanyp gördi. Başyçylyk rejim ýazyjyny urup-ýençmäge çenli baryp ýetdi. Emma polady ýumşak bolsa-da, käte rejimiñ güýjünden ýaý bererli görünse-de, Hudaýberdi Hally hiç haçan öz ýolundan dänmedi, kyn synaglardan geçip, gaýtadan özüni dürsäp, ýene-de Söz azatlygy, Adam hukuklary, Demokratiýa ugrundaky göreşini dowam etdirdi. Ata-babalarymyzyñ biraz degişmeräk äheñde: ”Sozulmaz polat bolmaz” diýişleri ýaly, rejimiñ sütemine döz gelmän, sozulsa-da, rejime ony döwmek, göreşden çykarmak başartmady. Hudaýberdi Hally edebi döredijilikde-de edil durmuşdaky ýaly elmydama öz hakyna jürdi. Ol edebiýatda-da hiç haçan uly zatlara darkaş etmändi, öz ýuwaştap hekaýalary bilen orta çykdy. ”Edebiýat we sungat” gazetinde geçen asyryñ 70-nji ýyllarynda çap edilen ilkinji hekaýasy bolan ”Bir apbasydan”, soñ Hudaýberdi Hallynyñ ady metbugatda yzygiderli duşup ugrady. Onuñ ”Beýik namys” atly hekaýasy meniñ aýratyn ýadymda galdy. Hekaýa çap edilensoñ, Hudaýberdi bilen ýüzbe-ýüz gabat geldik. Men oña seniñ şol hekaýañdaky gahrymanyñ hakyky türkmeniñ obrazy, onda çyn türkmen gylygy bar diýdim. Şeýle hekaýalrynyñ höwrüniñ köp bolmagyny arzuw etdim. Ol hem: ”Şu wagt jaýsyzlykdan kösenýän. Daryşganlykda okajagyñy okap, ýazjagyñy ýazmak kyn. Saglyk bolsa, jaý meselesi çözülse, onsoñ ymykly oturyp işlejek” diýdi. Ýazyjynyñ jaý meselesi, elbetde, biraz soñra çözüldi. Ýöne Hudaýberdi ”indi meniñ hemme zadym üpjün, ilem näme bolsa, şol bolsun” diýip oturyp bilmedi. Ýurtda ýagdaý üýtgäp, azda-kände hakykaty ýazmak mümkinçiligi dörände, Akmyrat Şir, Bapba Gökleñ, Aman Goşa ýaly beýleki ýazyjylar bilen birlikde türkmen halkynyñ mertebesi ugrundaky göreşe başlady. 1989 ýylyñ 1-nji sentýabrynda Aşgabadyñ ”Bilim” jemgyýetiniñ zalynda SSSR Ýokary sovetiniñ deputaty Geldi Akmämmedov bilen bolan duşuşyk şu günki ýaly ýadymda. Ol duşuşyk, häkimiýetleriñ gonjuna gor guýdy. Sebäbi duşuşyk başlan badyna ozaldan bellenen çäkden çykdy. Zähresi ýarylan häkimiýetler Geldi Akmämmedova duşuşygyñ gutarýanlygyny yglan etdirdiler. Emma bu ýere ýygnanan türkmen intelligensiýasynyñ wekilleri dargamakdan ýüz dönderdiler. Ýagdaý minutsaýyn ýitileşip başlady. Şonda biz bu ýagdaýy ozaldan döretmäge synanyşyk edilip ýören Formal däl bir jemgyýeti döretmek üçin peýdalandyk. Häkimiýet wekilleri deputaty gorkuzyp, öñlerine salyp äkidensoñlar, adamlar nämeden başlajaklaryny bilmän, birsalym eglendiler. Hiç kimiñ zaldan çykyp gidesi gelenokdy, adamlar nämedir bir zada garaşýardylar. Şonda men ýygnanyşygyñ dowam etmegi üçin zerur bolan Prezidiumy saýlamagy teklip etdim we Prezidiuma Nazar Gullany, Hudaýberdi Hallyny, Aman Amangeldini we ýene-de birnäçe belli intelligensiýa wekillerini görkezdim. Ady tutulanlar Prezidiuma saýlanyp, öñe geçensoñlar, ýygnagyñ dowam etmegi üçin zerur şert emele geldi. Şonda ilkinji bolup, ýazyjy Hudaýberdi Hally çykyş etdi. Onuñ: ”Niçezar türkmen aýal-gyzlary, biziñ enelerimiz, uýalarymyz ellerini kesewi, saçlaryny saman edip, kolhoz meýdanlarynda ertirden agşama billerini bükmeli? Biz niçezar bu ýagdaýa çydap gezmeli?!” diýen hyjuwly sözleri häzirem ýadymda. Şondan soñ alym Nazar Gulla, kinostudiýanyñ işgäri Setdar Garaja we beýlekiler çykyş edip, Saparmyrat Nyýazovyñ şondan biraz öñ Moskvada Halk deputatlarynyñ gurultaýynda öñe süren ikidillilik syýasatyny ýazgardylar we Türkmenistanda türkmen diline döwlet statusynyñ berilmegini talap etdiler. Häkimiýetleriñ ýygnagy dargatjak bolup eden synanyşyklary başa barmady. Netijede şol gün TÜRKMEN DILINIÑ MERTEBESINI GORAMAK BOÝUNÇA DIL JEMGYÝETINIÑ düýbi tutuldy we ol jemgyýet soñra ”Agzybirlik” Demokratik Halk Hereketine öwrüldi. *** Eger ”Sabryñ çägi” povestini we ýene-de birki sany eserini hasap etmeseñ, onda Hudaýberdi Hallyny hekaýaçy ýazyjy diýip kesgitli atlandyrsa bolar. Çünki ol özüniñ başdan saýlap alan döredijilik janryny we ýoluny soñam kän üýtgetjek bolmady, ol ne badyhowa täsirlere kowalaşdy, ne-de badyhowa janrlara. Öz ýuwaştap hekaýalaryny we durmuşy obrazlaryny döretmegini dowam etdirdi. Hudaýberdi Hallynyñ hekaýalrynyñ esasy gahrymanlary oba adamlary. Ol öz eserlerinde belet obrazlaryna ýapyşýar. Munuñ sebäbi-de özi obada önüp-ösensoñ, ol oba adamlarynyñ gylygyna ýetik. Her bir millete mahsus düýp ahlak binýadyny-da jazyjy hut şol oba adamlarynyñ arasyndan, şolaryñ gylygyndan gözleýär. Onuñ soñky ýyllarda döredijilik portretlerini ýazmaga ýykgyn etmeginiñ sebäbini-de gylygyna belet adamlary hakda ýazmagy halaýanlygyndan diýip düşünirse bolar. Dogrusyny diýseñ, döredijilik portretleri Hudaýberdi Hallynyñ ökde ugurlarynyñ biri. Ýazyjy-şahyrlaryñ döredijilik portretlerini döretmek gaty irnik iş, bu işde gyldan sähel gyşarsañ, uly dawanyñ, garşylygyñ üstünden barmagyñ ahmal. Şonuñ üçinem kärdeşleriñ ömrüne we döredijiligine eserdeñ hem aýawly çemeleşmeli, subýektivlikden daşda durmaly. Başga biriniñ ömri hakynda ýazyp, onda özüñi baş gahryman edip görkezseñ, onda ol kesekiniñ döredijilik portreti däl-de, eýse öz awtobiografiýañ bolýar. Bu bolsa eýýäm düýbünden başga janr. Garaz, gepiñ keltesi, bu janrda subýektivlikden näçe daş dursañ, şonça-da abraýly. Hudaýberdi Hallynyñ Halyl Kuly, Hydyr Derýa, Gurbandurdy Gurbansähet, Kerim Gurbannepes ýaly türkmen ýazyjylarynyñ döredijilik portretlerini ýazyşyndan çen tutsañ, ol galamdaşlarynyñ ömrüne we döredijiligine aýawly çemeleşmegi başarýar. Hudaýberdi Hally ýazyjy hem adam hökmünde durmuşda hemişe eglişiklere taýyn. Ýöne bu eglişikleriñ öz çägi bar, ýagny Hudaýberdi Hallynyñ ”Saprynyñ çägi” bar. Oña gysyş, basyş görkezip, bet işlere ýaran edinmekçi bolýanlar şuny unudýarlar, şonuñ üçinem hiç haçan olaryñ hasaby jem çykanok. Polady ýumşak Hudaýberdi adalatsyzlyga uzak çydap bilmeýär, ol adalatsyzlyga garşylyk görkezip başlaýar. Onuñ bu gylygyny äsgermedik nyýazovçylyk rejimi-de, ýazyjy dogduk topragy mejbury terk edip gaýdansoñ, daşary ýurtda ony işe alan, soñra-da onuñ üstünden höküm sürjek bolan haýsydyr bir radionyñ baştutany-da öz degerli almytlaryny aldylar. Hudaýberdi Hally Saparmyrat Nyýazovyñ rejiminiñ garşysyna baş göterişi ýaly daşary ýurt radiosyny eklenjiñ çeşmesine öwrüp, onda diktatorlyk rejimi döreden ahlaksyz adamlaryñ toparynyñ garşysyna-da açyk baş göterdi we öz ynsabynyñ goragyna çykdy. *** Ykbaly owadanlap bolmaýar. Ol adamynyñ ýaşan günleriniñ jeminden döreýär. Bu gün 60 ýaşy arka atan Hudaýberdiniñ ykbaly endigan däl, göreşlerden, ýeñişlerden hem ýeñlişlerden ybarat. Gepiñ keltesi bu – ýazyjynyñ ykbaly. Döredijilik adamsyna şondan uly bagt ýetdirip hem duranok. Hudaýberdi, 60 ýaşyñ gutly, janyñ sag, galamyñ ýiti bolsun! A.Welsapar |