Hudaıberdi Hally, ıazyjy
 

“BIBIGÜLÜŇ AİDYMY” HAKDA

 

Bu örän aıylganç maglumat. Ynanar ıaly däl, ıöne adamdan her hili wagşylygyň çykıandygyny nazara alsaň, bolup bilıäıjek zat. Sebäbi şeıle waka hemme döwürlerde, dürli halklaryň arasynda bolupdyr. Ol meselä garaıyş hem dürli bolupdyr. Olary ıeke-ıeke ıatlamak üçin, “İuwaş Don” ıaly hakykaty beıan edıän çeper edebiıatdan başlap, Mukaddes Töwraty täzeden sahypalap çykmak gerek. Pikirimi dargatman,  men öz garaışym barada aıtsam, adam mertebesini kemsidıän islendik herekete garşy berk göreşmegiň tarapynda. Elbetde, men aklawjy ıa-da garalawjy däl. Meniň göreşmeli diııänim, owaly bilen bolan wakany açyk hem anyk aıan etmek.

Bu agyr meselede bir zat diımekden men ejiz. Bu ıerde meniň üçin köp zat düşnüksiz. Muny diňe hukuk ugrundan ıörite bilimi bolan tejribeli spesialist derňäp biler.

İöne her nähilem bolanda, bir agyr jenaıatyň üstüne ikinji bir jenaıaty artdyrmak bolmaz. Diňe hukuk ugrundan spesialist bilen maslahatlaşyp hereket etmeli diıen pikiri goldaıaryn. Durmuşda örän seırek duşıan bu ıaramaz waka barada başga näme diıjegimi bilemok.

2005-12-23