***

Şvesiỳada türkmen dilinde ỳazyjy A.Welsaparyñ ”Kobra” atly romany neşir edildi. (ISBN 91-974397-0-3; 384 sahypa, tirajy 500 ex., daşy reñкli gaty kagyzdan, bahasy 200 kron)

 

”Kepjebaş” – gurrumsagy depesine çykaran adamlaryñ tragiki ykbaly barada kinaỳaly dilde ỳazlan romandyr. Romandaky wakalar garaşsyz ỳurtda ỳaỳbañlanỳar. Kitabyñ gahrymanlary-da garaşsyz ỳurduñ ỳaşaỳjylary. Ỳöne ỳurduñ bütin durkunda, onuñ dolandyrylyşynda, adamlaryñ özara gatnaşygynda, gylyklarynda ỳykylan imperiỳanyñ gorkunç keşbi ör-boỳuna galỳar. Biz döwlen aỳnanyñ gyỳçagynda öz ỳüzümizi görỳäris.

 

Romanyñ baş gahrymany – adam sypatyna giren okumyş ỳylan, onuñ garşydaşy – kommunistik pariỳanyñ milli respublikadaky düỳnki baş sekretary, dikme, ỳumuş oglany, bu günki gün – jenap ỳoldaş Prezident, çäklendirilmedik häkimiỳetiñ eỳesi…

1