Ak Welsapar, ıazyjy

KÖNE TÜRKMEN İAZUWY

Türkmenler soñky müñ ıylyñ dowamynda arap elipbiıinden peıdalanypdyrlar. Arap elipbiıi bize din bilen bile gelipdir. Sovet häkimiıeti gurlandan soñ türkmen hat ıazuwy ilki 1928-nji ıylda latyn elipbiıine, soñam 1940-njy ıylda kirill-rus elibiıine geçirilıär.

Bu ıerde bellemeli zat – latyn elipbiıine türkmenler Gaıgysyz Atabaıyñ we Nedirbaı Aıtagyñ ıolbaşçylygynda meıletin geçen bolsalar-da, kirill-rus ıazuwyna geçmäge mejbur edilıärler. Bu meselede halkyñam, intelligensiıanyñam pikiri soralmandyr. İokardan buıruk gelipdir, şonuñ bilenem – gep tamam! Töwerek-daşda tut-ha-tutluk gidip durka, öñe çykan agyzly adamlar atylansoñ, atylmadyklary-da Sibire sürgün edilensoñ, Moskvadan gelıän buıruga boıun egäımekden başga çäre galmandyr. Diñe türkmenler däl, türki dilli sovet respublikalarynyñ hemmesi-de bu buıruga sessiz-üınsüz boıun bolupdyrlar. Elbetde närazyçylyk bolupdyr, ıöne gurmamçylykly garşylyk görkezip bilen bolmandyr.

SSSR ıykylandan soñ, geçen asyryñ 90-njy ıyllarynda Türkmenistan ıene-de latyn elipbiıine dolandy. Indi 10 ıyldan gowrak wagt bäri orta mekdeplerde, orta we ıokary okuw jaılarynda, metbugatda, radioda, televideniıe-de, döwlet edaralarynda latyn elipbiıi ulanylıar. Goı, bu biziñ halkymyzyñ taryhynda elipbiıiñ soñky gezek üıtgedilişi bolsun! İene-de birki gezek elipbiı çalşygy bolaısa, türkmen dilinde okamaga höwesegem tapdyrmazmyka diııän. Her gezek elipbiı çalşanda Türkmenistanda ylym-bilim derejesi görnetin pese gaçıar, elbetde bu başgaça bolubam bilmez. Öwreneişikli ıazuwdan ıüz dönderip, täze, hasam beter nätanyş ıazuwa geçilende bu halkyñ sowatlylyk derejesine uly zarba bolup urulıar. Ençeme onıyllyklar çap edilen kitaplar, gazetler, jurnallar sandan çykıar. Olary soñ diñe spesialistler okap, peıdalanyp bilıärler, halk köpçüligi üçin olar peıdasyz perişdä öwrülıär.

Eısem nämüçin biziñ halkymyz taryhda ençeme gezek hat ıazuwyny üıtgetmäge mejbur bolupdyr? Eısem türkmenleriñ öz doga elipbiıi ıokmy? Eger bolan bolsa, ol elipbiı haısy döwürlerde ulanylypdyr? Ol elipbiıde ıazylan ıazgylar biziñ dörümize gelip ıetipdirmi? Biziñ doga elipbiıimiz haçan we nähili ıagdaılarda ıitirilipdir? Ine, şu soraglara jogap tapmak örän derwaıys hem gyzykly işdir.

Türkmenleriñ öz doga elipbiıiniñ bolandygy dogrudaky maglumata biz iñ ilkinji gezek XVIII asyr türkmen klassyk şahyry Şeıdaıynyñ eserinde duşıarys. Bu barada sovet döwründe zehinli türkmen alymy, aramyzdan ir giden Ahmet Bekmyrat ilkinji bolup ıazypdy. Ahmet Bekmyrat klassyky şahyrymyzyñ eserine salgylanmak bilen köne türkmen elipbiıiniñ türkmen halylarynyñ göllerinde, keçä salynıan güllerde, türkmen taıpalarynyñ mallaryñ gulagyna basıan tagmalarynda, tamdyrlara bezeg hökmünde salynıan nagyşlarda saklanyp galandygyny belläpdi. Doga ıazuwymyzyñ ıitmezligi üçin gadym döwürde Oguz hanyñ türkmen elipbiıiniñ harplaryny öz ogullaryna paılap, olary tagma hökmünde ulanmagy wesıet edendigini, türkmen tire-taıpalarynyñ-da ol harplary biziñ döwrümize çenli ulanyp gelendigini öñe sürüpdi.

Şeıdaıynyñ ”GÖZEL İIGRIM BÄŞ” atly goşgusynda biz, dogrudanam, örän täsin bir taryhy maglumata gabat gelıäris. Bu goşguda türkmenleriñ köne döwürde öz doga elipbiıiniñ bolandygy barada habar berilıär. Goşgy şeıle başlanıar:

Şeıle gulaga ıakymly,
Sözledim, gözel ıigrim bäş.
Niçe owazy çekimli,
Yzladym, gözel ıigrim bäş.

Bu setirlerden çen tutsañ, Şeıdaıynyñ haısydyr bir elipbiıden, harplardan, ol harplaryñ añladıan seslerinden gürrüñ açıandygyny añlamazlyk mümkin däl! Soñra şahyr bu elipbiı dogrusynda has anyk maglumatlary bermäge girişıär: ”Niçe owazy çekimli…” Bu setiri okanyñda eserde özge zat hakda däl-de, eısem diñe elipbiı, hat ıazuwy hakynda gürrüñ edilıändigine göz ıetirıärsiñ. Sebäbi bu kontekstde ”çekimli” hem ”çekimsiz” diıen sözler diñe elipbiı barada gürrüñ gidende ulanyp boljak grammatiki terminler!

”GÖZEL İIGRIM BÄŞ” goşgusyny okadygyñça bu goşguda, dogrudanam, diñe elipbiı dogrusynda gürrüñ gidıändigine ikirjiñlenmäñ azalıar. Bu meselede ikirjiñlenmäge asla düıbünden ıer galanok. Sebäbi klassyk şahyrymyz agzalıan elipbiıde jemi näçe harpyñ bardygyny, olaryñ näçesiniñ çekimli, näçesiniñ-de çekimsiz sesleri añladıandygyny gös-göni aıdıar:

İedisinden owaz çykyp,
On sekizin tartar çekip.

Diımek, Seıdaıynyñ şaıatlyk etmegine görä, yslamdan öñki köne türkmen elipbiıinde jemi 25 harp (muny gosgynyñ ady-da görkezıär!) bolup, olaryñ ıedisi çekimli, on sekizisi-de çekimsiz harplardan ybarat bolupdyr!

Şahyryñ käbir setirlerinden çen tutsañ, agzalıan elipbiı Şeıdaıynyñ döwründe entek ulanylyp ıörlen bolmaly. Şahyr ony şeıle tassyklaıar: ”Şeıle gulaga ıakymly, Sözledim, gözel ıigrim b五. Diımek, entek XVIII asyrda türkmenler arap haty bilen parallel ıagdaıda agzalıan elipbiıde-de ”sözläp”, ıagny ıazyp we okap ıören ekenler. Aıratyn bellemeli zat: bu ıazuwyñ harplary arap elipbiıi bilen deñäñde, türkmenleriñ gözüne owadan, ol harplaryñ añladıan owazy, sesleri bolsa, türkmenleriñ gulaklaryna has ıakymly eşidilipdir. Köne türkmen elipbiıi dogrusynda gürrüñ açyp, şahyr turuwbaşdan onuñ artykmaçlygyny ıörite nygtaıar: ”Şeıle gulaga ıakymly”...

Agzalyp gecilen setirler biziñ doga elipbiıimiz baradaky bahasyna ıetip bolmajak örän gymmatly maglumatdyr! Doga elipbiıimizde ıazylan taryhy ıadygärlikleriñ entek ele salynmadyk ıagdaıynda halkymyzyñ geçmişde ulanan elipbiıi dogruda mundan anyk, mundan gönümel maglumaty göz öñüne getirmegem mümkin däl! Onda-da goşgy setirlerine salnan maglumaty!

Klassyk şahyrymyz ”GÖZEL İIGRIM BÄŞ” eserinde doga elipbiıimize degişli ıene-de käbir maglumatlary berıär. Meselem, şahyr türkmenleriñ öz gadymy ıazuwyny örän uzak döwürleriñ dowamynda ulananyp gelendikleri habar berilıär:

Üç müñ ıaşda ömrüñ ıakyp,
Bozladym, gözel ıigrim bäş.

Doga türkmen elipbiıine üç müñ ıyllyk ıaş berende, Şeıdaıynyñ nähili taryhy çeşmelere daıanandygy bu gün biz mälim bolmasa-da, klassyk şahyrymyzyñ sözlerini heñe gelmejek zat hökmünde ıüzugra inkär edip goıbermäge-de bizde aıratyn bir esas ıok. Sebäbi ”GÖZEL İIGRIM BÄŞ” goşgusy ıazylandan soñ 250 ıyla golaı wagt geçipdir. Ondan bäri doga elipbiıimiz ıitirilipdir. Elipbiıiñ özi bilen bilelikde onuñ dörän döwri baradaky XVIII asyrda Şeıdaıa mälim bolan gymmatly taryhy maglumatlaryñ-da ıitirilen bolmagy ahmaldyr. Çünki çeper söze ussat klassyk şahyrymyzyñ bu gymmatly maglumaty haısydyr bir taryhy çeşmelere daıanmazdan ıüzugra aıdyp goıberjegine ynanmak kyn.

Elbetde, köne türkmen eelipbiıiniñ ıaşynyñ barmak basyp sanardan has uzakdygyny, onuñ taryhynyñ iñ köne döwürlerden gaıdıandygyny nygtamak üçin Şeıdaıynyñ öz goşgusynda çeper eserlere mahsus edebi tär bolan giperbolany, ıagny edebi ulaltmany ulanan bolmagy ahmaldyr. İöne häzirlikçe bu bize belli däl. Köne türkmen elipbiıiniñ üç müñ ıyl ıaşynyñ bolandygy baradaky şahyryñ goıan maglumaty edebi ulaltmamy ıa-da anyk taryhy çeşmelere daıanıan faktmy – bu belli däl. Bu soragy aıdyñlaşdyrmak dilçi, taryhcy alymlarymyzyñ geljekde öñünde duran hormatly iş.

Şeıdaıynyñ ”GÖZEL İIGRIM BÄŞ” goşgusyndaky indiki setirleri okanyñda-da doga türkmen elipbiıi barada bir tarapdan käbir goşmaça zatlary anyklasañ, beıleki tarapdan käbir duıdansyz soraglar hem döreıär…

Matam, mersiıe, Şakandy
İazyp geçmiş niçe bendi,
Okyp ıat ederler şindi,
Gözledim, gözel ıigrim bäş.

Şahyr bu setirlerde özünden öñ ötüp giden ıene-de bir türkmen şahyry Şakandynyñ (Şakendiniñ) adyny tutıar. Eısem bu nämüçinkä? Şeıdaıynyñ:

”Matam, mersiıe, Şakandy
İazyp geçmiş niçe bendi…

diımesine eısem nähili düşünmeli? Kyssa diline geçireñde bu setirleriñ manysy şeıle: ”Şakandy-da matam baglap, ençeme goşgulary, goşgy bentlerini ıazyp geçdi” Eısem Şakandy türkmeniñ doga elipbiıi barada ıazyp geçipmi ıa-da öz eserlerini doga türkmen elipbiıinde ıazyp geçipmi? Bularyñ haısysy dogry? Sebäbi: ”Matam, mersiıe, Şakandy, İazyp geçmiş niçe bendi…” diıen setirleriñ yzyndan gelıän:

Okyp ıat ederler şindi,
Gözledim, gözel ıigrim bäş.

diıen setirler kanuny ıagdaıda ıañky soraglary döredıär! Bu goşguda başdan-aıak diñe anyk bir zadyñ – köne türkmen elipbiıiniñ gürrüñiniñ gidıändigi üçin onda agzalıan islendik adam adynyñ, maglumatyñ hökmany suratda gozgalıan meselä gös-göni baglanyşygy bolmaly. Diımek, Şeıdaıydan öñ, çen bilen XVII asyrda ıaşap geçen klassyk şahyrymyz Şakandynyñ ıa-ha köne türkmen elipbiıi barada anyk maglumat berıän goşgulary bolupdyr ıa-da – bu-da bolup biläıjek zat! – Şakandy öz eserlerini arap elipbiıinde däl-de, köne türkmen elipbiıinde ıazypdyr?!

Sebäbi Şeıdaıynyñ ”Okyp ıat ederler şindi” diımesi diñe şeıle pikir etmäge itergi berıär. Diımek, Şakandynyñ goşgularyny okap, XVII-XVIII asyr türkmen okyjylary DOGA TÜRKMEN İAZUWYNY ıat edipdirler, onuñ ulanyşdan galyp barıandygyna ıürekden gynanypdyrlar, ıas tutupdyrlar.

Bu çaklamany ”GÖZEL İIGRIM BÄŞ” goşgusynyñ jemleıji setirleri-de aıratyn tragizm bilen tassyklaıar:

Şeıdaıy diır, bar beterler,
Seniñ üçin ıas tutarlar,
Bu wagt kem-käs tutarlar,
İiter sen, gözel ıigrim bäş!

Türkmenleriñ öz doga elipbiıiniñ, ıazuwynyñ bolandygyny, biziñ halkymyzyñ ony niçik gowy görendigini, köne elipbiıimiziñ ıitip barıandygy üçin halkymyzyñ ıüregini nähili gyıdyrandygyny eısem şundan aıdyñ, açyk hem gönümel nädip aıtjak?..

Gynasak-da, XVIII asyrda doga türkmen elipbiıiniñ altyn şöhleli Güni ıaşypdyr. Bu ahwaly gören klassyk şahyrymyz Şeıdaıy ıüregini hem döwet galamyny agladypdyr:

Bu wagt kem-käs tutarlar,
İiter sen, gözel ıigrim bäş!

Bu setirleri okanyñda bir gussaly ahwala göz ıetirıärsiñ… Şeıdaıy öz döwründe doga türkmen ıazuwynyñ eııäm kem-käs tutulıandygyny, ıagny kem-käs ulanylıandygyny aıtmak bilen onuñ ”hä” diımän ıitip gitjekdigini uly gynanç bilen belläpdir. Şahyr bu gabahatçylygyñ sebäbiniñ nämedigini-de gizläp durmandyr. Ol ”SAİRAN DILLERIM” atly goşgusynda bu hakda gypynç etmezden, gös-göni şeıle ıazypdyr:

Arap, Ajam her bir zada goşuldy,
Sanly düzgün bilen saıran tillerim.
Kem-kem özün çekip, ıoga daşyldy,
Indi din öıünde haıran tillerim.

Bu setirlerden belli bolşuna görä, şahyryñ pikiriçe, XVII-XVIII asyrlarda türkmen diliniñ erkinligini, doga türkmen elipbiıiniñ gerimini arap dili we arap elipbiıi gitdigiçe gödek basmarlap, olaryñ ıaşaıyş giñisligini gün-günden daraldypdyr. Şeıdaıynyñ janygyp öñe sürıän ideıasy gysgaça aıdanyñda şundan ybarat: türkmen diliniñ erkinligi doga türkmen elipbiıi bilen gös-göni we aırylmaz baglanyşykly! Ol özünden ep-esli öñ ıaşap gecen klassyk şahyrymyz Şakandynyñ-de hut şeıle pikirde bolandygyna şaıatlyk edıär.

Klassyk şahyrymyz Şeıdaıy yslam dininiñ türkmen jemgyıetini, türkmen edebiıatyny, medeniıetini, türkmençiligi gitdigiçe holtumyna dolap alyp, bürüp gidip barıandygyny gussa bilen belleıär. İönekeı halkyñ dörän ıagdaıdan razy däldigini, ıöne zamananyñ gulagyna öz tankydynyñ ıakmaıandygyny aıdıar:

Hiç milletiñ gulagyna ıokanok,
Dogry diısem, zamanama ıakanok,
Kemin ıazsam, doly many çykanok,
Güñ bolupdyr, şindi saıran tillerim.

Şahyryñ ”zamana” diııäni şol döwürde jemgyıetçilik pikirini döredıän we oña gözegçilik edıän molla-müftüler, ahunlar bolsa gerek? Arap elipbiıi, ol elipbiıde wagyz edilıän dini takallar milletiñ gulagyna ıakmasa-da, zamananyñ tankydy götermeıänliginden zeırenipdir. Şonuñ bilen bir hatarda-da, ”GÖZEL İIGRIM BÄŞ” şygrynda doga türkmen ıazuwynyñ artykmaçlyklaryny, onuñ owazlylygyny, gözeldigini taryplan şahyr bu gosgusynda doga elipbiıimizi ädimme-ädim gysyp, onuñ ıerini giden-gitdi alyp barıan arap elipbiıiniñ kemçiliklerini görkezipdir: ”Kemin ıazsam, doly many çykanok”. Türkmen diliniñ ses baılyklaryny arap elipbiıiniñ doly berip bilmeıändigini, arap elipbiıinde ıazsañ, türkmen sözlerinden doly many çykmaıandygyny, manynyñ ıoıulıandygyny gussa bilen belläpdir:

Çistan bilen bir dilegi içerde,
Goıup ıazsam, anda açylmaz perde,
Dilim ıaralydyr, galmyşam derde,
İene-de gelermiñ her ıan tillerim.

Bu ıerde Şeıdaıynyñ öz döwründe mugallymçylyk edendigini, onuñ ”okuw açyp”, türkmen çagalaryna sowat öwredendigini tassyklaıan maglumat-da göze ilıär.

Näler sanyñ aldym jüzler dolduryp,
Okuw açyp, her millete bildirip,

Emma türkmen diliniñ ıagdaıynyñ agyrdygyny, nätseñ-de onuñ geriminiñ daralyp gidip barıandygyny, bu ıagdaıyñ esasy sebäbiniñ-de dindigini gizlejegem bolup durmandyr:

Bu gün indi pelek seni öldürip,
Kuranyñ astynda çüırän tillerim.

Şonuñ üçinem şahyr öz goşgusyny tragiki äheñde jemläpdir:

Şeıdaıy diır, kelam, mantyk eıesi,
Indi ony hiç kim gelmez diıesi,
Arap dili boldy diller güıesi,
Dartyşyp dört ıana süırän tillerim

Öz döwründe türkmenleriñ syıasy-ykdysady ıagdaıynyñ juda pese düşendigini gören we muña gije-gündiz janyny ıakan Şeıdaıy ”TÜRKMENIÑ AHWALY” goşgusynda nazaryny taryhyñ çuñluklaryna aılaıar:

Kyrk şäherden hyraç aldy,
Oguz ili äleme doldy,
Çoh döwran geldi, sowuldy,
Kany onuñ däbi, ıoly?

Biz hem makalamyzyñ dowamynda XVIII asyr klassyk şahyrymyz Şeıdaıynyñ umyt bilen göz aılan, gaıtadan dolanyp gelmegini islän, doga türkmen elipbiıiniñ dörän we ulanylan döwürlerine göz aılarys…