MAGTYMGULYNYÑ POEZIA GÜNI

MAGTYMGULY DIİSEÑ – TÜRKMEN, TÜRKMEN DIİSEÑ-DE – MAGTYMGULY GÖZ ÖÑÜNE GELİÄR. ŞAHYR ÜÇIN ŞUNDAN BELENT DEREJE İOKDUR.

2006-05-18
 

BU GÜN DÜNİÄ TÜRKMENLERI ÜÇIN ULY MILLI BAİRAMÇYLYK – MAGTYMGULYNYÑ POEZIİASYNYÑ GÜNI.

MAGTYMGULYNYÑ ÖLMEZ-İITMEZ GOŞGULARY TÜRKMENLERIÑ UMUMY MILLI BAİLYGY, MILLI GUWANJY, GÖZÜNIÑ GÖREJIDIR.

MAGTYMGULY DÜNİÄ TÜRKMENLERINIÑ HEMMESINIÑ RUHY ŞAMÇYRAGY, İOLKÖRKEZIJISI, UMUMY KÖÑÜL BAİLYGYDYR.

MAGTYMGULY POEZIANYÑ GENISIDIR. ONUÑ ADY NOWAİY, NYZAMY, PUŞKIN, LERMONTOV, SAADY, FERDÖWSI, RUDAKY, BAİRON, GEİNE, ŞILLER, GETE İALY BEİIK ADAMZAT GENILERINIÑ DEÑINDE TUTULİAR.

MAGTYMGULYNYÑ ŞAHSYİETI, DÖREDIJILIGI BIR HAKYKATY SUBUT EDİÄR – DÜNİÄDE KIÇI MILLET İOK, DIÑE KIÇI ADAMLAR BAR. MAGTYMGULY ÖZ BELENT ADAMKÄRÇILIGI, AJAİYP ŞYGYRLARY BILEN AGLAK DÜŞEN TÜRKMENI KYN GÜNDE BIR GEZ BEİGELTDI, ADAMLARYÑ İÜREKLERINDE ERTIRKI GÜNE ÖÇMEJEK YNAM OİARDY.

TÜRKMENIÑ BELENT ADAMKÄRÇILIKLI GUMANISTIK RUHUNDAN, ONUÑ BAİ, DÜİPSÜZ EDEBI GORUNDAN ÇOGUP ÇYKAN BU DANA ŞAHYR ÖZ HALKYNYÑ ADYNY ARŞA GÖTERDI.

MAGTYMGULY ÖZ ÖLMEZ-İITMEZ ESERLERI BILEN TÜRKMENIÑ MILLI MEDENIİETINI, RUHUNY, DILINI, ONUÑ MILLI FILOSOFIASYNY SÜNNÄLÄP, İOKARY DEREJELERE İETIRDI.

MAGTYMGULY DIİSEÑ – TÜRKMEN, TÜRKMEN DIİSEÑ-DE – MAGTYMGULY GÖZ ÖÑÜNE GELİÄR. ŞAHYR ÜÇIN ŞUNDAN BELENT DEREJE İOKDUR.

MAGTYMGULYNYÑ GOŞGULARYNY OKAP, ONDAN MANY ALYP BILİÄN ADAMLARA DIÑE BELENT IŞLER İARAŞAR.

MAGTYMGULYNY MAGTYMGULY EDEN ZAT – ŞAHYRYÑ ÖZ ILINIÑ ODY BILEN GIRIP, KÜLI BILEN ÇYKANLYGYDYR.

MAGTYMGULY TÜRKMENLERI BEİIK IŞLERE ÇAGYRYPDYR. OL TÜRKMENIÑ GOWY GYLYKLARYNA GUWANYPDYR, İAMANYNA İANYPDYR.

TÜRKMENLERE HER BIR IŞDE MAGTYMGULA GARAP İAŞAMAK, ONDAN GÖRELDE ALMAK DOGRY BOLARDY. SEBÄBI MAGTYMGULYNYÑ BEİIK ADAMKÄRÇILIGI, ARASSA YNSABY, AHLAGY, MERTLIGI, DÜRDÄNE AKYLY, DANA PAİHASY HER BIR TÜRKMEN ÜÇIN EBEDI KÖNELMEJEK NUSGADYR.

MAGTYMGULA GOLAİLAŞSANDA, TÜRKMEN ÖZÜNE GOLAİLAŞİAR, MAGTYMGULYDAN DAŞLAŞANDA, ÖZÜNDEN DAŞLAŞİAR.

Ak Welsapar, ıazyjy