NÄHAK GAN İERDE İATMAZ!

2006-03-13

 

Onlarça müñ adamyñ ganyna galan öñki ıugoslav diktatory Slobadan Miloşeviç 2006-njy ıylyñ 12-nji martynda Gaagadaky deslapky tussaghanada gümürtik ıagdaıda öldi. Häzirlikçe onuñ öz ajalyna öleni-de, zäherlenip öleni-de anyk belli däl. Eger zäherlenen bolsa, onda kimiñ zäherlänini biljek bolsañ, bu ganhoryñ suddan öñürti ölmeginiñ kime bähbitlidigine üns bermeli…

Öñki İugoslaviıadaky harby jenaıatlary derñemek boıunça döredilen Gaagadaky Halkara suduna Slobadan Miloşeviçiñ ölümi bähbitli däl. Halkara suduna-da, Bütin Halkara jemgyıetçiligine-de ganly diktator Slobadan Miloşeviçiñ üstünden sud edilse has bähbitlidi. Sebäbi Slobadan Miloşeviçiñ mysalynda Halkara sudy indiden eıläk hiç bir halky ejizliginden, harby taıdan gowşaklygyndan peıdalanyp, kemsitmeli däldigini, eger kimdir biri öz gara güıjüne daıanyp, azlykdaky halklary gyryp ıok etmekçi bolsa, onda Halkara jemgyıetçiliginiñ muña asla ıol bermejekdigini subut etmekçidi.

Geçen asyryñ 90-njy ıyllarynda öñki İugoslaviıanyñ territoriıasynda tutaşan ganly urşuñ ruhlandyryjysy we ıolbaşçysy Slobadan Miloşeviçdi, şonuñ üçinem ony Halkara derejesinde açyk sud etmek, ganly jenaıatyny boınuna goımak örän peıdaly boljakdy. Mundan beıläkki asyrlarda hiç bir diktatoryñ, hiç bir gedem kişiniñ gara güıjüne daıanyp, kesekiniñ başyna ahyrzaman indermezligi üçin Slobadan Miloşeviçiñ sud edilmegi örän möhümdi.

Emma ganhor Slobadan Miloşeviçiñ suda ıetmän ölmegi Serbiıadaky we Russiıadaky käbir milletçi toparlara örän bähbitlidi. Olar ilkibaşdan diktatoryñ Gaagadaky Halkara susuna berilmegine düıpgöter garşy bolupdylar, soñra-da onuñ deslapky tussaglykda saklanan 4 ıylynda yzygiderli protest bildirip geldiler. Biziñ pikirimizçe, eger kimdir biri Slobadan Miloşeviçi zäherläp öldüren bolsa, onda bu işi edenler hökman milletçi toparlardyr. Sebäbi olar Slobadan Miloşeviçiñ açyk sudda öz aıylganç syrlaryny açmagynyñ ahmaldygyny bilıärdiler. İugoslaviıanyñ ozalky kommunistik, häzirki sosialistik partiıasyna Halkara jemgyıetçiliginden gizlemäge syrlary kändi. Sebäbi olar geçen asyryñ 90-njy ıyllarynda ıüzlerçe müñ bigünä adamlary gyrdylar ahyry! Onsoñ ol ganhorlyklar üçin basym jogap soralmaly Slobadan Miloşeviçiñ, gapana gutarnykly düşendigini bilse, birentek elhenç syrlary açmajagyna kepilnama ıokdy. Serbiıadaky we Russiyadaky milletçi töwerekler hut şundan gorkıardylar.  

Slobadan Miloşeviçiñ tutulyp Gaagadaky Halkara tribunalyna berilmegi öz wagtynda örän progressiv ädim bolupdy. Halkara jemgyıetçiligi bu wakanyñ şaıady bolanda, ıeñillik bilen dem alypdy, ”Nahak gan ıerde ıatmaz!” diıipdi. Serb we rus milletçileri welin, ol gün ıas tutupdylar. Bu gün ”Dat, Miloşeviçi Halkara jemgyıetçiligi zäherläp öldürdi!” diıip, nadaralyk bilen gopgun turuzıanlar-da, ıene hut şolar. Tüıs şol, ogram özüni osar, orramsam diıleni-dä!..

Arman, gollaryndan gan sarkyp duran sowukganly diktator Slobadan Miloşeviç sud prosesi başlanmazdan öñ amanadyny tabşyrdy. Bu bolan iş gynanarça bar. İöne ganojak diktatoryñ öleni üçin däl, onuñ suda baryp ıetmäni üçin! Hut Slobadan Miloşeviçiñ gizlin görkezmesi bilen Bosniıada we Gersegovinada, Horvatiıada onlarça müñ ynsan: garrylar, aıallar, çagalar, ıetginjekler rehimsizlik bilen öldürildi. Diñe bir Sreberenisa şäherinde eli ıaragsyz 8 müñ erkek göbekli faşistlere mahsus wagşy sowukganlylyk bilen ıok edildi!

Srebrenisada bigünä öldürilen adamlaryñ gany üçin Slobadan Miloşeviç jogap bermelidi. Sebäbi Radovan Karadjiçiñ we Radko Mladiçiñ goşuny hut şonuñ gizlinlikde beren ıaraglary bilen parahat ilaty gyrypdylar. Slobadan Miloşeviç Belgradda oturan ıerinden Radovan Karadjiçe we Radko Mladiçe ıarag berip, olary Horvatiıanyñ we Bosniıanyñ grajdan ilatynyñ üstüne sürüpdi. Eger Slobadan Miloşeviçiñ ynsaby päk bolsa, onda ol bu iki ganhora ıarag bermezdi, olara arka durmazdy, gaıta olaryñ gan dökmeginiñ öñüni alardy.

Emma Slobadan Miloşeviçe adamlara deñ göz bilen garamak ıatdy, ol adamzady dos-dogry iki topara bölıärdi: serbler we serb däller. Añry gitse: provaslavlar we provaslav däller. Özüniñ bu nejis milletçilginde, jynsparazçylygynda oña arka tapmak kyndy. İöne ol serb milletçilerinden we rus şovinistlerinden arka tapyndy. Provaslav dinine uııan ıurtlardan diñe Russiıa ony goldady. Rus milletçileri meıletinçilerden toparlary düzüp, olary Balkandaky urşa iberdiler. Rus häkimiıetleri bolsa, öz territoriıaralarynda serbleriñ başga milletleriñ garşysyna alyp barıan ganly urşuna ıardamçy toparlaryñ düzülmegine gözıumdular (www.ej.ru, 2006-03-13). Balkanlarda uruş barıarka ”Moskovskiı komsomolec” gazeti Russiıadan ıeñil gezıän zenanlaryñ uly toparynyñ serb esgerlerine garymlarda hyzmat etmek üçin ol ıere gidıänmdigi hakda ıazypdy. Diñe şunuñ özi-de ol başlanan urşuñ nähili hapa urşdugyndan habar berıärdi.

İöne Serbiıanyñ özünde-de ynsaply adamlar, demokratik düşunjeli kişiler Slobadan Miloşeviçiñ tutaşdyran bu ganly urşuna garşy durdular. Olaryñ arasynda ganly diktatoryñ rejimine oppozisiıada duran Zoran Djindiç, Vuka Draşkeviç ıaly mert adamlar bardy. Emma Slobadan Miloşeviçe İugoslaviıada birnäçe ıyla çeken gyrgynçylykly urşy tutaşdyrmak başartdy. Munuñ üçin ol ilki bilen serb milletinde milletçiligi oıardy, serbleriñ uly toparynda slovenlere, horvatlara, bosniıalylara we soñra-da kosovoly albanlara garşy ıigrenji öjükdirdi. Ol İugoslaviıany böldürmän, şonuñ esasynda beıik Serb döwletini döretmekçidi. Öz şovinistik we näsag ideıasyny amala aşyrjak bolup, ”Balkan gassaby” adyny alan ganhor Slobadan Miloşeviç, halkara metbugatynyñ tassyklamagyna görä, iñ azyndan 300 müñ adamynyñ ganyna galdy. Emma adam jany, adam gany onuñ üçin hiç zatdy.

Iş ıüzünde Slobadan Miloşeviçiñ rehimsiz syıasaty ıurduñ territorial bütewiligini berkitmän, gaıta onuñ dargamagyny tizleşdirdi Netijede Sloveniıa, Horvatiıa, Bosniıa, iñ soñunda-da Kosovo İugoslav imperiıasyndan bölünip aıryldylar.

Milletçiligi we özge halklaryñ garşysyna ıigrenji ıarag edinen Slobadan Miloşeviçiñ we onuñ pikirdeşleriniñ tutaşdyran urşy Balkanlarda Ikinji Jahan urşundan soñ ıüz beren iñ aıylganç gyrgynçylyk boldy: ıüzlerçe müñ adam öı-öwzaryndan, janyndan jyda düşdi. Gülläp oturan obalar, şäherler ıumruldy, ıüz müñlerçe çagalar ıetim galdy. Beıik Serbiıany döretmek hakdaky näsag ideıanyñ gurbany edilen bendeleriñ jesetleri häzire çenli-de ıaşyryn gömlen ıerlerinden tapylmagyny dowam edıär..

Slobadan Miloşeviçiñ, Radovan Karadjiçiñ, Radko Mladiçiñ we olaryñ ıaranlarynyñ etniki arassalamalary zerarly öldürilen bigünä adamlaryñ ıadygärligi, Srebrenisada wagşylarça gyrlan 8 müñ bosniıaly ynsanlaryñ gany jellatlardan berk jogap soralmagyny talap edıär! Şol jogaby tizara okamaly boljagyny duıan birehim diktator Slobadan Miloşeviç düın Gaagadaky tussaghanada gümürtik ıagdaıda öldi. Bu örän syrly ölüm. Bu gün ”Miloşeviçi Gaaga türmesinde öldürildi” diıip hiç bir subutsyz bogaz ıyrtıanlar düınki gün onuñ ganhor syıasatyny goldapdylar. Ahlaksyz milletçiler adamzadyñ umumy geljegine ynananoklar. Olar bu dünıäde diñe öz milletlerinden ıa-da dindeşlerinden ybarat imperiıany döretmegi arzuw edıärler. Olaryñ bu islegi Gitleriñ akmak ideıalaryny ıatladıar. Gitler hem german milleti aga, beıleki milletler-de oña gul bolmaly diıen näsag ideıa gulluk edipdi. Slobadan Miloşeviçiñ, Radovan Karadjiçiñ, Radko Mladiçiñ we olaryñ gizlin ıaranlarynyñ pikiri-de Gitleriñkiden kän bir tapawut edip duranok. İöne adamzat jemgyıeti gumanistik ideıalara gulluk edıärkä, milletçilere we jynsparazlara öz hapa arzuwlaryna ıetmek ıok.

Goı, olar bu gün öz serdarlary Slobadan Miloşeviçiñ suratlaryny gujaklap aglabersinler, ol suratlary ıatyp ıalasynlar (şeıle edıän adamlaryñ bardygyny bu gün televizoryñ ekranyndan görse bolıar!), ıöne indi olar ıugoslav we sovet imperiıalaryny dikeldip bilmezler. Asyrlap gulçulukda saklanan halklar hemişelik azatlyga çykdylar!

Slobadan Miloşeviç suda ıetmän ölse-de, onuñ adam ganyna suwsan wagşy egindeşleri Radovan Karadjiç bilen Radko Mladiç entek ele düşenoklar. İöne indi olaryñ tutulmagy has-da zerurlyga öwrüldi. Olar hökman tutulmaly we sud edilmeli. Goı, olar bilelikdäki etmişleri üçin öz halypalaryna derek Halkara sudunyñ öñünde jogap bersinler! Geçen asyryñ 90-njy ıyllarynda öñki İugoslaviıanyñ territoriıasynda öldürilen 100 müñlerçe bigünä adamlaryñ gany muny talap edıär! Nähak gan ıerde ıatmaly däldir! Slobadan Miloşeviçiñ ıaranlary bu gün näçe bogaz ıyrtsalar-da, Halkara jemgyıetçiligi başlanan adalatly işi ahyryna çenli ıetirmelidir! Şonda adamzadyñ umumy ıagty geljegine bolan ynam has-da artar we bu ozalky SSSR-iñ territoriıasyndaky Saparmyrat Nyıazov tetelli ownuk diktatorlara-da sapak bolar.

TÜRKMENISTANYÑ “AGZYBIRLIK” DEMOKRATIK HALK HEREKETINIÑ DAŞARY İURT BÖLÜMI