NÄHAK GAN İERDE İATMAZ!
TÜRKMENISTANYÑ ”AGZYBIRLIK” DEMOKRATIK HALK HEREKETINIÑ DAŞARY İURT BÖLÜMINIÑ RESMI BEİANNAMASY

 

Türkmenistany dolandyrıan adamhor rejim ıene-de bir agyr jenaıata ıüz urdy: adam hukuklaryny goraıjy we ”Azatlyk” radiosynyñ ştatdan daşary habarçysy Ogulsapar Myradova tussaglykda kümsüklik bilen öldürildi. Üç çaganyñ enesi, batyr ıürekli ıönekeı türkmen aıaly Ogulsaparyñ öz ajalyna ölmänligini güman etmäge bizde doly esas bar.
 

1. Tussaglykda öz ajalyna ölen adamynyñ ”öldi” habary onuñ ıakyn hossarlaryna resmi düzgün boıunça öz wagtynda habar edilmeli. Türkmen häkimıetleri Ogulsaparyñ ölümini birnäçe gün gizläp, diñe 14-nji sentıabrda merhumyñ çagalaryna goñşularynyñ üsti bilen ıetiripdirler. Gözli şaıatlaryñ berıän habarlaryna görä, Türkmenistanyñ hukuk goraıjy edaralarynyñ jogapkär işgärleri bu meselede özlerini ıurduñ kanuny häkimıetiniñ wekilleri däl-de, eıse jenaıatçy toparlar ıaly alyp barypdyrlar.

2. Ogulsaparyñ çagalaryny bu iş bilen bagly öılerinden alyp gidenlerinde, häkimıet wekilleri munuñ hakyky sebäbini gizläp, ”sizi polisiıa äkidıäris” diıipdirler. Soñra-da olary morga, meıit saklanıan jaıa eltipdirler. Öz wezipesini dogruçyl ıerine ıetirıän adamlara tilki sapalagyny atmagyñ nämä geregi bar? Tussagyñ ölüminde öz eli ıok edara onuñ maşgalasyna bu ajy habary nämüçin resmi suratda ıetirmeli däl? Tussag – bu grajdan hukuklary elinden wagtlaıyn alnan adam. Hemişelik däl. Eger-de jesediniñ yzyna berilmeli däldigi jezanyñ häsiıetine görä, Jenaıat kodeksinde göz öñünde tutulmadyk we hökümde ıazylmadyk bolsa, onda tussag ıogalan halatynda häkimıetler muny öz wagtynda merhumyñ ıakyn hossarlaryna habar bermäge we onuñ jesedini-de gep-gürrüñsiz hossarlaryna gaıtaryp bermäge kanun taıdan borçly! Emma degişli edaralar Ogulsapar gümürtik ıagdaıda ölenden soñ merhuma goımaly iñ soñky hormaty goımandyrlar. Belki-de, öz garaşsyzlygynyñ 15 ıyllygyny bellemäge taıynlanıan Türkmenistanda henize çenli-de türmede ıogalan tussagyñ hossarlaryna bu habary ıetirmegiñ we merhumyñ jesedini hossarlaryna gowşurmagyñ kabul edilen resmi düzgünleri ıokdur? Beıle bolsa ol nähili döwlet bolıar?

3. Ogulsapar Myradovanyñ aldaw ıoly bilen meıit saklanıan jaıa eltilen gyzlary Maral bilen Sonadan ejeleriniñ jesedini alandyklaryny tassyklaıan resmi hata jesedi görkezmezden gol çekdirmäge synanyşyk edilipdir. Haçanda olar mundan boıun gaçyranlarynda, grajdan eşikdäki adamlar bu kagyza gol çekmeseler onda ejeleriniñ jesedini soñra asla berilmejekligini aıdyp haıbat atypdyrlar. Bu haıbatdan adamzadyñ garşysyna diılip hasap edilıän iñ aıylganç jenaıatyñ ysy gelıär! Beıle jenaıata ıüz uran rejim, rejimiñ buırugyny ıerine ıetiren adamlar iru-giç Halkara derejesinde sud edilmäge mynasypdyrlar!

4. Mernumyñ kämillik ıaşyndaky çagalary Maral bilen Sona meıit jaıyna girip, öz ejeleriniñ jesedini gözden geçrenlerinde, onuñ mañlaıynda urgudan galan ullakan ıara yzyny, endamynda urgudan gögeren ıerleri, boınunda bogulmakdan galan gök tegmilleri we iki sany kesigiñ yzyny görıärler… Hut şu sebäbe görä-de, garaşsyz sud medisina barlagy geçirilmezden, Ogulsapar Myradovanyñ türmede öz ajalyna ölenligine ynanmak kyn.

5. Merhumyñ kämillik ıaşyna ıeten çagalary onuñ jesedini sud medisina barlagyndan geçirmegi we ölüminiñ sebäbini anyklamagy talap edenlerinde, häkimıet wekilleri mundan kes-kelläm boıun gaçyrıarlar. Soñra-da Ogulsapar Myradovanyñ jesedini öıüne zor bilen ugradıarlar.

6. Bu işleri eden hukuk goraıjy guramalaryñ grajdan eşigindäki işgärleri, ıagny häkimıet wekilleri öz atlaryny we wezipelerini aıan etmekden boıun gaçyrıarlar. Häkimıetiñ adyndan hereket edıän adamlaryñ öz atlaryny, wezipelerini gizlemegi häkimıetiñ Ogulsapar Myradovanyñ biwagt ölüminde hökman eliniñ barlygyny subut edıän iñ degerli faktlaryñ biridir!

7. Ogulsapar Myradovanyñ jesedini öıune ugratmaga gatnaşan daşary ıurt ilçihanasynyñ jogapkär işgäri merhumyñ mañlaıynda haısydyr bir demir predmet bilen edilen urgudan galan ullakan ıara yzynyñ bardygyny tassyklaıar.
 

Agzalan sebäplere görä we adam hukuklaryny goraıjy, jurnalist Ogulsapar Myradovanyñ ilkibaşdan toslama aıyplamalara esaslanyp türme tussaglygyna höküm edilenligini göz öñünde tutup, biz bu merdana aıal tussaghanada Türkmenistanyñ resmi häkimıetleri tarapyndan wagşylyk bilen öldürilendir diıen netijä gelıäris.
 

Türkmen rejiminiñ Ogulsapar Myradovany tussaglykda öldürmeginiñ ähtimal sebäpleri:

1. Türkmenistanda halkyñ kagyz ıüzünde däl-de, hakykatda nähili ıaşaıanlygyny açmak, bu hakykaty ıurduñ daşyna çykarmak gadagan. Türkmenistanda halkyñ agramly bölegi hor-homsy ıaşaıar, ıurtda iñ ıönekeıje adam hukuklary-da berjaı edilmeıär. Çalasowat diktator tarapyndan baştutanlyk edilıän terrorçylykly aıylganç diktatura häkimıeti elden bermejek bolup, bütin ıurdy tussaghana öwürdi. Ogulsapar Myradova birnäçe ıylyñ dowamynda Türkmenistandaky bu real ıagdaı barada, halkyñ agyr gün-güzerany, adam hukuklarynyñ her ädimde bozulyşy dogruda Halkara guramalara we daşary ıurt metbugatyna batyrgaılyk bilen yzygiderli habar berip geldi.

2. Toslama aıyplamalar ıöñkelip, tussag edilende, Ogulsapar Myradova ejizlemedi ”namartja olam – sagja olam” etmedi! Ol özüne ıöñkelen toslama aıyplamalaryñ hemmesini ret etdi. Rejimiñ ganhor jellatlarynyñ öñünde dyza çökmedi.

Hut şu iki sebäbe görä-de Ogulsapara Myradova başistik türkmen rejimi tarapyndan tussaghanada wagşylarça urlup öldürilendir diıip hasap edıäris.

Türkmenistanyñ Demokratik Halk Hereketi ”Agzybirligiñ” daşary ıurt bölümi Ogulsapar Myradovanyñ tussaglykda rehimsizlik bilen gynalyp öldürilmegi bilen bagly Türkmenistanyñ hökümetine we ıokary ıolbaşçylygyna aıgytly protest bildirıär! Eger hukuk goraıjy, jurnalist Ogulsapar Myradovanyñ ganyna galan adamlar tapylyp, olara degişli çäre görülmese, bu işi Saparmyrat Nyıazovyñ hökümetiniñ we onuñ hut özüniñ jenaıaty diıip hasaplajaklygymyzy Türkmen hökümetiniñ dykgatyna ıetirıäris!

TÜRKMENISTANYÑ ”AGZYBIRLIK” DEMOKRATIK HALK HEREKETINIÑ DAŞARY İURT BÖLÜMI

Stockholm, Moskva, Istanbul, Washington, Kiev, Montreal, Paris

2006-09-14