ADAM MERTEBESINIÑ BAHASY NÄÇE?

Ogulsapar Myradovanyñ türkmen türmesinde wepat bolmagynyñ bir ıyllygyna

 

Käte adam mertebesi onuñ şirin janyna deñ! Mesele şirin jana dirände, mert bilen namart saılanıar… Kimsi ”meñem ıaşasym gelıär" diıip, namartlyga ıüz urıar, kimsi-de namysyny, mertebesini, durmuş ornuny gorap, janyny pida edıär.

Ogulsapar Myradova söz azatlygyny, adam hukuklaryny, özüniñ hem iliñ mertebesini gorap, wepat boldy. Üç çaganyñ enesi, adam hukuklaryny goraıjy türkmen zenany Ogulsapar Myradova öz şahsy mertebesini belent tutdy. Ol jurnalist hökmünde öz daşary ıurtly kärdeşlerine Türkmenistan hakda dogruçyl maglumatlary ıygnamaga kömek edeni üçin 2006 ıylyñ 25-nji awgustynda 6 ıyl möhlet bilen türme tussaglygyna höküm edildi. Şondan bary-ıogy iki hepde geçensoñ, 14-nji sentıabrda hem maşgalasyna onuñ tussaglykda hamana öz ajalyna ıogalandygy habar berildi.

Ogulsapar Myradova türmede şeıle añrybaş gümürtik ıagdaıda wepat bolsa-da, ondan bäri dogry bir ıyl geçenligine garamazdan, türkmen häkimiıetleri henize bu güne çenli onuñ ölüminiñ sebäplerini derñäp, halka hakykaty ıetirenoklar. O.Myradovanyñ gümürtik ölümi bilen bagly hatda jenaıat işi-de açylmady. Üç çagaly enäniñ ömrüne we ölümine şeıle parhsyz garaıan hukuk goraıjy edaralaryñ jogapkärleri eıse öz ömürlerine beri sarpa goııarlarmyka?

Nämüçin Türkmenistan döwleti öz grajdanlarynyñ öñünde mukaddes borçlaryny ıerine ıetirenok? Ogulsapar toslama aıyplama bilen türmä atyldy. Netijede ol formal taıdan öz grajdanlyk hukuklaryny wagtlaıynça ıitirdi. Adalatly sud edilip, günäsizligi gaıtadan sudda subut edilıänçä, gynansagam, ol öz grajdanlyk hukuklaryndan mahrumdy. Emma bu onuñ ähli hukuklaryndan hemişelik jyda edilendigini añladanok ahyry! Tussagyñ hem öz hak-hukuklary bar. Meselem, sud kimdir birini günäkärläp, jeza çäresini bellänsoñ, türmede hiç kesiñ oña sütem etmäge, suduñ bellän jezasyndan artyk jeza bermäge haky ıok. Tussag edilip, suduñ kararyna görä wagtlaıynça öz grajdanlyk hukuklaryny ıitiren adamlary rehimsiz çemeleşmeden goramaly hem döwletiñ hut özi. Döwlet tussaglaryñ ıaşaıyşa bolan hukugyny doly möçberde üpjün etmeli! Bu onuñ gönüden-göni borjy.

Galyberse-de, Ogulsaparyñ özi suduñ karary esasynda grajdanlyk hukuklaryny wagtlaıynça ıitiren-de bolsa, onuñ ıakyn hossarlary, ıüzlerçe garyndaşlary Türkmenistanyñ grajdanlary bolup galıarlar. Diımek, olaryñ Ogulsaparyñ türmede nädip we näme sebäpden wepat bolandygy dogruda döwletden hasabat soramaga doly haklary bar! Bu hukugy olara Türkmenistanyñ döwlet Konstitusiıasy berıär.

Resmi häkimiıetler Ogulsaparyñ näsaglykdan ölendigini öñe sürıärler. Muña ynanmak kyn. Sebäbi Ogulsapar 2006 ıylyñ 25-nji awgustynda toslama aıyplama bilen 6 ıyl türme tussaglygyna höküm edilıär. Şondan bary-ıogy iki hepde gowrak geçensoñ, ol gümürtik ıagdaıda aradan çykıar. Türme sakçylary ol hamana öz ajalyna öldi diııärler. Türkmen häkimiıetleri tussagyñ ölüminiñ sebäplerini derñemekden boıun gaçyrıar we diımek sakçylaryñ tarapynda durup çykyş edıär. Emma häkimiıetler beıtmek bilen özleriniñ nämäni tassyklaıandyklaryny bilıärlermikä? Eger türkmen türmesinde adam iki hepdede öz ajalyna ölıän bolsa, onda türmedäki şertler nähilikä? Muny hatda göz öñüne getirmek hem kyn!

İöne welin, öz ajalyna, keselden ıogalan adamynyñ bütin endamynda gök-dalak yzlaryñ (gematoma) bolmagy türkmen häkimiıetleriniñ hakykaty gizleıänliginden habar berıär. Ogulsaparyñ tussaglykda saglygy ıaramazlaşyp, oña öz wagtynda zerur dermanlar berilmedik bolsa, onda bu hem türme sakçylarynyñ jenaıaty we tussagyñ hukuklarynyñ gös-göni bozulmasydyr. Sebäbi Halkara kanunlaryna görä, tussag zerur halatynda degerli medisina kömegini hökman alyp bilmeli. Eger Ogulsaparyñ bu hukugy bozulyp, şol hem onuñ biwagt ölümine sebäp bolan bolsa, onda ıene-de onuñ jogapkärçiligi hukuk goraıjy organlaryñ we häkimiıetleriñ üstüne düşıär.

O.Myradovanyñ saglyk ıagdaıy agyr bolsa, nämüçin ol bada-bat türme kamerasyna salnypdyr? Halkara kanunlaryna görä, ol ilki türmäniñ syrkawhanasynda bejerilip, diñe şondan soñ tussaglaryñ saklanylıan kamerasyna eltilmeli. Eger-de bu düzgün bozulan bolsa onda tussagyñ ölüminiñ jogapkärçiligi ıene-de gös-göni häkimiıetleriñ boınuna düşıär!

Netijede haısy ugurdan tutsañ-da, Ogulsapara türmede sütem eden (syrkawa wagtynda zerur kömegi bermezlik hem sütemiñ bir görnüşi!), onuñ ölümine sebäp bolan adamlaryñ hereketi Türkmenistanyñ Jenaıat kodeksiniñ maddalaryna gabat gelıär. Günäkärlere çäre görmek Türkmenistan döwletiniñ borjy. Çäre görmek üçin, elbetde, ilki derñew işleri geçirilmeli. Eger bu iş häzire çenli ıerine ıetirilmedik bolsa, türkmen oppozisiıasynyñ we Halkara hukuk goraıjy guramalaryñ  Ogulsaparyñ tussaglykda öz ajalyna ölendigine şübhe bildirmeklerine geñ galyp oturasy iş ıok!  

Ogulsapar  Myradova tussaglykda gümürtik ıagdaıda wepat bolandan soñ Türkmenistanda prezident çalyşdy. Täze prezidentiñ döwründe entek nähak adam gany dökülenok, bu hem ıurduñ geljegine ıagşy umyt döredıär. Emma eli ganly, ikiıüzli diktator Saparmyrat Nyıazovyñ döwründe ıüz beren jenaıatlar derñelip, günäkärler degerli temmisini almasa, onda ozalky elhenç jenaıatlaryñ geljekde täzeden gaıtalanmajakdygyna hiç kim kepil geçip bilmez. Bu, elbetde, juda howsalaly ıagdaıdyr…

Ogulsapar öz sözüne, ynamyna, durmuş ornuna, dünıägaraışyna wepaly bolup, gaıduwsyzlyk görkezdi. Ol başizm döwründe halkyñ nähili agyr ıagdaıda gün görendigini daşarky dünıä ıetirmek işine öz goşandyny goşdy. Bu islendik ıurtda jurnalistleriñ adaty işi. Türkmenistanyñ döwlet Konstitusiıasynda-da türkmen jurnalistlerine ıurtdaky bolup geçıän bidüzgünçilikleri tankyt etmegi, şol sanda zerur faktlary daşary ıurt metbugatyna ıetirmegi gadagan edıän madda ıok. Beıle madda bolubam bilmez! Eger şeıle madda Türkmenistanyñ Baş kanunyna giriziläıse, onda bu BMG-niñ we beıleki Halkara hukuk goraıjy guramalaryñ berk tankydyna uçrar! Türkmenistanyñ dolandyryjy töwerekleri halkara jemgyıeti tarapyndan ıazgarylar, masgaralanar. Baş kanunynda beıle gödek madda bar ıurt BMG-niñ we beıleki Halkara guramalaryñ agzasy-da bolup bilmez!

Diımek, O.Myradovanyñ hereketlerinde kanuny bozma ıa-da jenaıatyñ düzümi ıok. Bu uly ile-de, şol sanda ıurduñ hukuk goraıjy guramalaryna-da belli. Şol sebäpdenem ol toslama aıyplamalar bilen türmä atyldy. Belki-de, ozalky häkimiıetler ony öz aıyplaryny ıapmak üçin ıok edendirler?

Ganhor diktator ölüp, häkimiıet başyna täze prezident gelensoñ, ıurtda ençeme üıtgeşiklikler bolup geçdi. Ozal ıol berlen adalatsyzlyklaryñ käbiri düzedilip başlandy. Meselem, orta we ıokary okuw jaılarynda okuwlaryñ möhleti halkara standartlaryna golaıladyldy. ”Türkmenistanyñ prezidentiniñ ıanynda hukuk goraıjy edaralaryñ işi boıunça grajdanlaryñ arzasyna garaıan Komissiıa” döredildi we ol başizm döwründe goıberilen adalatsyzlyklary derñemeli edildi. Ozal diktatoryñ janyna kast etmek synanyşygynda aıyplnan adamlaryñ birnäçesiniñ günäsi geçildi.

Gepiñ gysgasy, Türkmenistan adam hukuklaryny goramak ugrunda käbir aladalary edip, ozalky diktatoryñ günäsi bilen uçran halkara çetleşdirilmeden çykmaga synanyşıar. Prezident Gurbanguly Berdimuhammedov bilen duşuşyga Europa ıurtlarynyñ käbirinde gysyklanma bildirilmegi, onuñ sentıabryñ ahyrynda BMG-niñ Baş Assambleıasynda çykyşynyñ we ABŞ-yñ döwlet sekretary Kondoliza Raıs bilen duşuşygynyñ planlaşdyrylmagy – ıaş türkmen döwleti hem täze prezident üçin oñyn faktlardyr. Emma bu başlangyç üstünlikler ıurtda demokratik özgerişler geçirilip, çynlakaı işler bilen berkidilmese, onda olaryñ ömri gysga bolar.

Bu üstünlikleriñ tizleşmegi üçin özgerişleriñ has giñ gerime eıe bolmagy, geçmişde goıberilen adalatsyzlyklaryñ, hukuk goraıjy guramalaryñ eden-etdilikleriniñ doly we düıpli paş edilip, günäkärlere degişli temmi berilmegi gerek. Diñe şeıle edilende halk öz döwletinden gorkmasyny goıup, döwleti özüniñki hasap eder. Diñe şonda halk kyn günde ıurdy gorar, öz döwletine arka çykar. Diñe öz halkynyñ hakyky söıgüsini gazanan baştutan özüni öz ıurdunda howpsuz duıup biler. Diñe ıurdy düzgün boıunça dolandyran prezident wagty gelende gorkman, çekinmän pensiıa çykyp, ahyr ıaşynda agtyk-çowlugyna guwanyp, öz ilinde arkaıyn ıaşap biler.

Prezidentiñ hem ıokary wezipeli döwlet çinovnikleriniñ öz ertirki günlerine bil baglap bilmekleri üçin ilki bilen halk öz geljegine ynanmaly. Halkda bu ynam diñe ıurtda adam hukuklary gyşarnyksyz berjaı edilen halatynda, adalat dikeldilen ıagdaıynda dörär. Munuñ üçin bolsa Ogulsapar Myradova ıaly başizm döwründe nähak aıyplanan, tussag edilen adamlaryñ hemmesiniñ aklanmagy, olaryñ ıagşy atlarynyñ gaıtarylyp berilmegi zerur. Nähak öldürilenleriñ maşgalalaryndan ötünç, olaryñ ganyna galanlardan berk hasap soralmaly.

Ogulsapar Myradovanyñ tussaglykda gümürtik ıagdaıda wepat bolmagynyñ bir ıyllygy bilen baglanyşykly men onuñ ölüminiñ sebäpleriniñ çynlakaı derñelmegini, onuñ işine gaıtadan açyk sudda garalmagyny, diñe bir özüniñ däl, eıse uly iliñ mertebesini gorap, janyny gurban eden türkmen enesiniñ adynyñ doly aklanmagyny örän möhüm hasaplaıaryn!

Türkmeniñ halkara jemgyıetçiliginiñ gözüniñ öñünde ıere salnan milli abraıynyñ gaıtadan dikeldilmegi örän zerur. Prezident G.Berdimuhammedovyñ bu ugurda etjek düıpli işleri onuñ geljekdäki syıasy ykbalyny kesgitlär. Onuñ häzir adalatly işlere baştutanlyk edip, Gaıgysyz Atabaı, Nedirbaı Aıtak, Şaja Batyr ıaly türkmeniñ gerçek ogullarynyñ hataryna goşulmak mümkinçiligi bar. Bu mümkinçilik her ıolbaşça diñe bir gezek berilıär, ony elden gidermek – başyña gonan ak guşy uçurmakdyr.

Başizm döwründe nähak günälenen, öldürilen, horlanan adamlaryñ aklanmagy, halkyñ depgilenen hukuklarynyñ, söz, metbugat azatlygynyñ dikeldilmegi Türkmenistanyñ täze baştutanynyñ ıurdy garañkylykdan alyp çykmakda ilkinji çynlakaı ädimleri bolup bilerdi.

A.Welsapar, ıazyjy, adam hukuklaryny goraıjy
2007-09-13